moonlight
04.08.2023 18:18

35 ýaşyna garamazdan hemmeleriñ alkyşyna mynasyp bolup bilen ägirt şahyra "Söýüñ meni ýürek söýgi küýseýär, Şeýle bir küýseýär ýok çaky çeni" diýdiren zady bilesim geldi. Jemgyýetde abraýyñ bar, maşgalañ bar ýöne şonda-da nämedir birzadyñ kemligi oña söýüñ meni diýdirýär. Kitaplaryny çap etsegem, ýygnaklar gurnap goşgylaryny okasagam, her üýşmeleñde adyna alkyş aýtsagam "Ýekeje adama ýeterlik söýgi, Bilen bir pursatjyk söýüñ siz meni" diýen wesýetini ýerine ýetirdigimiz bolarmydy bilemok. Sebäbi bu zatlar ol dirikäde hatda şu goşgusyny ýazmanka-da belli bir derejede edilip gelinýän zatlar dälmidi.


Onda oña näme gerekdi?

"Maña kän zat, uly bir zat gerek däl,

Eliñizi ýüregñize goýuñ siz" diýip özüne gerek bolan söýginiñ iñ päk görnüşini bize öwredipdi. Ellerimizi jübilerimize urmagymyza ýa-da birbirine urup alkyş tutmagymyza, ýa-da ejize urup güýçli bolmagymyza garaşýan adamlara garamazdan ol bize ýüregimizi diñlemegimizi ündäpdi. Wyźdanyñ sesiniñ bir gün ýok bolup gitjegini duýan ýaly "Biziñ hoş sözlere mätäç günlere gözüm düşdi" diýen ägirt, ýene şobir zady ündäp eliñizi ýüregiñize goýuñ diýýär.


"Size söýgi bilen ýüzlenýän günlem

Sözlerimi kesä çekmän söýüñ siz."


Elini ýüregine goýup, wyźdanynyñ sesini diñläp, sözlerini okajaga garaşypdy. Biziñ düşünjämize görä biz onuñ sözlerini kesä çekmändik, alkyş tutduk, okadyk, ýat tutduk. Ýöne bularyñ barysy eddil hakyky manysy bilen kesä çekmekdi. Ol biziñ sözlerine alkyş aýtmagymyzy däl-de, ýüregimizi elimize goýmagymyzy isleýärdi. Durmuşymyzyñ her ädiminde ündewlerini ýatlap ýaşamak ony ugur edinmek ýerine iñ añsat ýol bolan ýylda iki gezek ýatlap alkyş aýtmagy saýladyk, şeýle etsek borjumyzy berjaý etdigimiz bolýandyr öýtdük.


"Söýüñ meni, ähli erki hem durky

Bilen size tarap ýollar çekeni

Ýeke özüñ söýüp ýörseñ elmydam

Birazajyk agyr düşjek ekeni"


Goşgularynda hemme kişiniñ ýüregine barjak ýollary çekipdi. Bizem o ýollaryñ kartasyny çyzdyk, kähalatlar bir iki ädim ýöräbem gördük, ýöne hiçhaçan ýüreklere melhem bolmak üçin ulanmaga çalyşmadyk. Il derdine, "halas ediñ"lere ýetişmek üçin örän jaý yollar çekipdi, biz bolsa diñe onuñ kartasyny çyzmak bilen çäklendik. Olam ýeke özi "halas ediñ"lere, "hatardan galan durna"lara, "sary ýapraklara" gynandy ýördi. Bizem olara gynanan bolduk, ýöne asyl gynançly ýagdaýda galanyñ özümizdigine düşünmedik. Beýle düşünjeli bolsak goşgusyna düşünerdik.


"Söýüñ meni siziñ sadyk guluñyz

Soñra menden size galar şeýle paý.

Men size bahasyz serpaý ederin.

Şalaryñ elinden gelmejek serpaý."


Ol hiç haçan şalar ýaly bolmagy arzuw etmedi. Biz bolsa ony şalary söýşümiz ýaly söýdük. Şalaryñ bizden garaşýan zatlaryny hödür etdik. "Çüýrük merdiwana çykarlar" diýip durka şalara hödür eden çüýrük merdiwanymyzy, alkyşymyzy hödür etdik. Ol bolsa ömür men halkymyñ guly diýip gezipdi. Aslynda bizede halkyñ guly bolmagy ündeýänine düşünjegem bolmadyk. Sebabi oña düşünmek diýmek Ezizowyñ çeken agyr ýüküni çekmek diýmek. Ýöne edil şol bir wagtda onuñ serpaýyna laýyk bolmak diýmek. Şalaryñ elinden gelmejek serpaý diýmek goşgularyndaky erkinligi, dogruçyllygy, wyźdany diñlemegi, söýgini, gaýraty we ýene niçe ägirt hazynalary ýeriñ astyndan çykaryp ýüreklere ornatmak diýmek. Entägem giç däl, belki serpaýyña ýeteris.


GALAMKESH



Ýene kimler Ezizowyñ goşgularyny söýüp okaýar))?

26
56
moonlight
04.08.2023 14:53

Hiç zat diýmek islämok.

"Eliniň" bu peýnirini diňe synlaň,

edil maşgala albomyndaky gadym suratlary synlaýyşyňyz ýaly.


SSSR-i görenler özlerine tanyş bir simwol görerler.

SSSR-i görmedikler belki, ullakan bir zat görmezler...


Öňem meşhur aýdymçylaryň biriniň diýişi ýaly: "ýekeje ýerini üýtgetseň, eýýäm ol ogurlyk bolanok..."

Hawa. Nämede bolsa, ol meşhur belginen "SSSR" sözüni aýyrypdyrlar.




İkinji Suratda: arkasyna "SSSR Döwlet Hil belgisiniň/Государственный знак качества СССР" simwoly oýulyp basylan saç.

26
198
moonlight
03.08.2023 23:59

Arada bazarda geň birini gördüm. Öz-ä bir horja, egninde-de köneje eşigi. Ol her geçeniňem alkymyna dykylyp barýar, mümkin hyzmatyny hödürleýändir-dä. Her kim oňa: “Özümkini nätjegimi bilemok” diýýär-de deňinden geçiberýär. Käbiri-hä: “Bar, göläňe dogra” diýibem azgyrylýar. Her kimiň derdi özüne ýetik, her kim ondan elli bizar. Ahyry ol ýoluň gyrasyna geçip, lapy keç oturdy. Oňa nebsim agyrdy. Näçe gündir, içinden ýyly geçene meňzänok, bolmanda göwünlik bererin. Göwnüm ýetse garnynam doýursam doýuraýaryn diýip pikir etdim. Baryp başyny sypalap, “Näme beýle gamgyn görünýäň? Näme derdiň bar?” diýdim. Ol elini salgady-da: “Sen geçiber. Saglar menden bizar, Däli meni başyna ýapsynmy?” diýdi.

-Beý diýme, how. Dälide-de göwün bar. Men-ä saňa dözmän geldim. Saňa kim diýerler?

Ol başyny galdyrdy. Bäh, onuň gözleriniň çuň hem mähirlidigini.

-Men Akyl. Iň köp hem iň gyt, iň halanmaýan, hem iň gözlenýän zat men.

-Şondanmy akylyň köp-de, akyllynyň azlygy?

Bu sowalyma Akyl görgüli bozuldy.

-Ýalňyz galdym. Her kim meni süňk duşmanydyr öýdýär. Näçe akmak bolsaň, nadan bolsaň şonça-da bu dünýede ýaşamak aňsat diýen düşünjä uýýarlar.

-Dagy näme ýalanmy? Akmaklykdan geçip däli bolsaň dagy hasam hezil.

-Seň bu gürrüňiň kör bolsaň hezil, seni idekleýärler, barjak ýeriňe äkidip getirýärler, iýjegiňi bişirip öňüňde goýýalar, hat-da köçedenem geçirip göýberýärler diýen ýaly bolýar. Emma, gel, beýle hezil bolsa gözüňi oýaýyn diýseň bir kişem etmez.

-Gözlüligiň nämedigini köre düşündirersiň, ýöne akylyň nämedigini akmaga nädip düşündirjek?

Nädersiň Akyl bu sowalyma jogap tapyp bilmän başyny aşak sallap duruberse. Däliň akyldan döwi güýçli diýildigi şu bolýandyr-da. Ýöne dogrymy aýtsam bu “ýeňşimden” hoşal-a bolmadym. Akyla nebsim agyrdy.

Şol wagtam aňyrdan goşarlary tüýlek bir daýaw pyýada geldi-de ýaňky biçäräniň berdi eňeginiň aşagyna. Görgüli ýere ýazylyp gitdi. Dälem bolsam meňem tas ýüregim ýarylypdy. Ejiz bijäre ýene dikeldi. Dikeleni bilen ýaňky doňýürek paýyş sögüp, ony ýene-de urdy. Akylyň agzy-burny gara-gan boldy. Sary giden köneje köýnegi ganyna boýaldy. Ol şonda-da ýene dikeldi.

-Men saňa näçe diýdim, şutaýlarda görünme diýip. Näme meň müşderilerimi elimden aljak bolýaň. Gepe düşmez haýwan.

Men durup bilmedim. Akyly bu ýyrtyjynyň elinden aldym.

-Ýör, how, gideli bu ýerden. O seni öldürýär ýogsa.

-Dagy näme?! Öldürerin, ýene bir gezek elime düşäýse öldürerin.

Akyl sesini çykarman meniň yzyma düşdi.

-Kim-aýt, o ganhor?

-Nadanlyk.

-Aý, goýa. Bolasy, ýüzi tanyş göründi-le.

Men gaňrylyp-gaňrylyp nadanlygyň ýüzüne seretdim. Göräýmäge ony beýleki adamlardan tapawutlandyrar ýalam däl. Onda birhili nadan sypat ýokdy. Onuň gyzyl dişleri, mahabatly ýöreýşi, ýakymsyz gülküsi bardy. Hem özünden juda hoşaldygyny aýdyp duran gözleri sowukdy. Näme-de bolsa ondan daşyrak duran ýagşy.


Soň men horlugyndan süňk bolup galan biçäre Akylyň ganyny ýuwup, nahar-şor berdim. Ol gaýta-gaýta: “Maňa sag dal, däli hossar çykar diýip asla pikirem etmeýärdim. Özüm Akyl bolsamam şoňa aklym ýetmändir” diýip, göwresine geliuşmeýän gazan kellesini ýaýkaýardy.

-Ýaňky waka düşünmedim-le, sen nadanlykdan ýeňiläýdiňmi?

-Häzirlikçe ýeňildim. Ýöne Sowat diýen diýen dostum bar, şol gelsin. Oň ýanynda nadanlygyň demi çykmaz.

-O dostuň häzir nirede?

-Düýn turistik syýahata gitdi.

-Şoň gidenini bilip, ýaňky Göroglylyk satýarmy, onda?!

Akyl başyny atdy-da soňam: “Senem Däli bolsaň däliligiň bilen geziber. Däliden sorag ýok. Däli halyňa akyllysyrap ýörme, ýogsa…” diýdi-de dymdy. Ol sözüni gutarmansoň, näme diýjek bolanyna düşünmedim. Bir akylly zad-a aýtjak boldy, ýa-da aýtdy welin, däli kelläm düşünmedi.

Soňam Akyl meniň bilen hoşlaşdy-da öz ýoluna gidiberdi. Dagy, daliň ýanynda akyl uzak durarmy diýsene. Käwagt ony şeýle bir göresim gelýär. Köçe-köçe enteýän, ýöne oňa hiç duşup bilemok. Sowat dosty syýahatda köp eglendimi, ýa-da onuň özem gezelenje ötägitdimi, bilmedim. Birden duşsaňyz maňa habar bereweriň. Onuň bilen ýamaşgan oturasym, ondan köp zatlar sorasym gelýär.


Hydyr AMANGELDI

30
164
moonlight
03.08.2023 12:41
Dymyşlygyñ içinde men soñky wagt

Ne hä gürleýärin ne-de diñleýän.

Ähli zatlar öñden tanyş görünýär

Ga:lyp barýar täsin zady geñlemäm...


Birda düýşde ýaly hyýalym duman

Birde-de huşumda düñle däli men.

Hut şu wagtam gussa batyp otyryn

Özüm undup gülüpdimem häli men.


Soñky wagtlar maña bir zada bolýar

Göýä ýüregime batyp dur diken.

Ak garany saýgarjagam bolamok

Durmus goýubersin goşalap ikem


Ejizlikmi ýa-da halys irmekmi

Diýjeklerim doñup galdy agyzda.

Bil baglamok ýakynyma ýadyma

Bar umydym galamym hem kagyzda.


Ynamlarym geçen günleñ ýagşysyn

Kösençlikde geljegime daşaýar.

Ýöne men bilýärin menden uzakda

Bu duýguny ýene biri ýaşaýar.


Nurekowa Gülnäz
25
85
moonlight
01.08.2023 11:08
Söýgi bu birek-birege kim köp bagt bermek ýaryşydyr..
19
75
moonlight
31.07.2023 17:18
Señ gaharly wagtyñ, gaharly menem,
Sen ýylgyran wagtyñ, ýylgyryş dogýar,
Eger pikirlermiz çapraz geläýse,
Dymýan,
Kä ýöneje ýylgyryp oñýan.

Sende mähirem kän, mertligem kän,
Gepleri diñlemek seniñ deñiñ däl,
Bir zat päsgel berýär, olam owaldan,
Gyz bolup dogulan ejizligiñ-dä.

Çözüm kän ykbala siñe garasañ,
,,Çykalga ýok" diýme, dertdeşiñ men,
Köp zat niýetiñe, päliñe görä,
Ýeñilme durmuşyñ şertlerinden.

Sen ýene müzzerýäñ, sähelçe söze,
Seret! Bahyllaryñ sen boljak bolýar,
,,Gorkynyñ gözüne seredip ýaşa"
Gussaly sazlara heñ boljak bolman.

Umyt bar öýkende dem barka entek,
Sen ýeke däl, daş:a itme golaýyñ,
Eger-de isleseñ, ynamym baglap,
Bir ömürlik ýürekdeşiñ bolaýyn.

Seniñ tukat wagtyñ garalýar älem,
Eger ýylgyraýsañ ýagtylýar pany,
Ruhum mähriñ bilen iýmitlenip dur,
Kem-kem azalyp dur gussamyñ sany.

Men seni özüme meñzedip ýörün,
Ýüregimiz meñzeş, pikirmiz meñzeş,
Boşadyp kineleñ ornaşan törün,
Adaty durmuşda şükürmiz meñzeş.

,,Owarram" diý, geçip gitsin deñiñden,
Iñ ajap duýgyny duýup ýaşaly,
Kemlileriñ kem gözlemän keminden,
Ýigrenip däl, diñe söýüp ýaşaly!...

®Baýram BEJIDOW
24
154
moonlight
30.07.2023 13:53
Täsin surat..
35
191
moonlight
29.07.2023 12:00
Ylham Gurbanaly..
17
47
moonlight
28.07.2023 17:07
Dogrumy?)
24
68
moonlight
27.07.2023 13:32
Uniwersitetin hasabyýet bölüminde okayardym. Ol gün sapaga giç gelemson, tagtadaky iki meselani öy yumşudyr öydüp, depderime göçürdim. Agşam meselani çözmage synanyşyp otyrkam, munun professorymyzyn şol wagta çenli beren in kyn yumşudygyna göz yetirdim.

Gijanin bir wagtyna çenli gezekli-gezegine bu iki soragyn üstünde birnäçe sagatlap işledim. Kesirligimi edipdim, sowallary çözman yatmazlygy öz önümde şert edip goydum. Ertesi gün çözgütleri uniwersitete akitdim. Professor olary partasynyn üstünde goymagymy sorady. Partanyn üstünde kagyzdan kiçenrak depejik emele gelipdi. Munça kagyzyn arasynda menin çözgüdimin ayratyn üns çekip durmajakdygy barada oylanyp, gamgyn ýagdaýda partama geçip oturdym.

Alty hepdeden son, bir dynç güni, saher wagty gapymyzyn kakylyandygyny eşidip oyandym. Gapyda professorymy görüp, donup galdym. Ol: “Meseleleri çözüpsin!” diýip, begençli seslendi: “Men: “Hawa, çözdüm. Ol sowallar öy yumşy dalmidi?” – diýip, soradym. Professor tagta yazylan ol iki soragyn öy yumşy daldigini, dünyanin tanymal hasabyýetçilerinin şu çaka deniç çözgüdini tapyp bilmedik iki belli meselesidigini aytdy. Bir gijanin içinde ikisini birden çözendigime ynanyp bilmeyardi.

Kimdir biri mana dünyanin in meşhur hasabyýetçilerinin hem çözüp bilmedik iki meselesidigini aydan bolsa, megerem, olary çözmage synanyşmazdymam.

27.04.2013
Çeşme: "Ylym" programmasy
21
59