mokono
10.05.2024 22:41
Düýn boksçydy, bu gün bolsa maýyp. Nädip birje söweş ýaş çempiýonyň durmuşyny üýtgetdi?

Şol wideony internet uögamynda görmedik adam ýok bolsa gerek. Bu professional boksçy Priçard Kolon. Ol nädip bu ýagdaýa düşdi?

Mundan 9 ýyl öň zehinli Priçard Kolon amerikaly Terrell Uilýams-a garşy söweş geçirdi, şondan soň koma düşýär we şondan bäri düşekde ýatyr. Biz Wirjiniýadaky şol söweşiň gorkunç podrobnostlaryny ýatlalyň we professional sport dünýäsi näderejede howpludygyny ýene bir gezek belläp geçeliň. Dogry, professional sportda gonorar ýokary bolmagy mümkin, ýöne şoňa görä ýaşaýşyňyzy uly hop astyna salmagyňyza mejbur bolýarsyňyz.

Priçard özüniň professional ýoluna 2013 ýylda başlaýar we muňa çenli yzly-yzyna bäş gezek Puerto Riko ýempiony bolýar. Kolon professional debýutynda nokaut bilen ýeňiş gazanýar. Soň yzly-yzyna ringe çykýar hemde olaryň köpüsi wagtyndan öň gutarýar.

Ýeňlişe uçrap görmedik boksçyň karerasy tizlik bilen ýokary göterilýär we Pritçardyň 17 professional tutluşygynda şol waka bolup geçýär. Söweşiň birinji minutlaryndan başlap Uilýams garşydaşynyň kellesiniň arka tarapyna (ýeňsesine) urgular geçirip başlaýar, emin bolsa müňa üns bermeýär. Bu urgular "towşan urgulary" diýlip atlandyrylýar. Adatça fermerler şu tehnikadan peýdalanýar, gymmatbahaly derisine zyýan ýetirmezlik üçin towşanym kelleiniň arka tarapyna güýçli urgy berip öldürýärler.

Emma, boks ringinde bu urgular hadagan edilen. Sebäbi ýönekeý- ol örän howply we olardan peýdalanmak göniden-göni diskwalifikasiýa alyp gelýär. Emma şol söweşde emin Uilýamsy doskwalifikasiýa etmekden geçen, hatda ondan açko hem aýyrmaýar.

Pritçard emine garşydaşynyň gadagan urgylary ulanýandygyna yşarat edýär, emma ol hiç hili reaksiýa bildirmeýär. Soň Kolonyň gahary gelip ar almak niýetinde garşydaşynyň bilinden aşaky bölegine urgy geçirýär. Pritçartdan derrew iki oçko alyp taşlanýar.

Diňe ýedinji raundda emin Uilýamsy ýeňsä yzly-yzyna urgular geçireni üçin jezalagy ýüregine düwýär. Şeýle-de Kolon lukmana başynyň aýlanýandygyny yşarat edýär, ýöne söweşi dowam etdirýär. Dokguzynjy raundda öň hiç wagt nogdaunda uçramadyk Priçard üç minudyň içinde iki gezek nokdaunda gidýär. Kolon ýerinden turup öz burçyna yarap gidýär. Olýerde onuň topary söweş duruzyldy- diýip pikir edip, boksçyň elliklerini çykarmaga başlaýarlar. Emma beýle bolmady we ýeňiş Uilýamsa ýazylyp, Pritçart diskwalifikasiýa edildi.

Gahrymanymyz eşik çalşylýan otaga gelip, lukmanlara we toparyndakylara özüni erbet duýýandygyng aýtýar we özünden gidýär. Boksçy beýnisi şikeslenen halda keselhana eltilýär we operasiýa edilýär. Şundan soň ol koma düşüp, alty aýdan köpräk wagt palatada ýatýar. Kolon hiç zady duýmaýan adam bolup komadan çykýar. Bir wagtlar ringi sandyradan boksçy binäçe ýyl bäri normal geplemek we hereket etmek ukybyndan mahrum bolup, düşekde ýatyr.

Gynandyrýan ýeri, bu ýagdaý boksda ýeke-täk waka däl we bu bolan ýagdaýlary üýtgedip bolmaýar. Boks resmileri bu hili aýylganç netijelere alyp gelýän ähli ýagdaýlary hasaba almaklary we sporty howpsuzrak etmek üçin hereket etmekleri gerek.



*Arada wideosyny gördüm şu boksyň. Göz-görtele ýeňsä urgy geçirýärdi Uilýams. Emin sebäpli maýyp boldy 92-nji ýyl oglan.
22
102
mokono
07.05.2024 22:13

Döwlet ýolbaşçylary bilen bagly her hili täzelik hemme üçinem gyzykly. Täze hödürlenýän maglumatlar hiç kimi biparh galdyrmaýar.


Mysal üçin ABŞ (öňki) prezidentine degişli häli hiç ýerde yglan edilmedik fakt: Prezident (öňki) Дональд Трамп okean aňyrsyndaky 268 firma we obýektlere öz adyny dakan.

Aşakda öňki prezidentleriň şuňa meňzeş syrlaryny okap bilersiňiz.


Transparency International guramasynyň maglumatlaryna görä, Indoneziýanyň öňki prezidenti Муҳаммад Сухарто ýurduň gaznasyndan 15-35 milliard dollar puly özleşdiren eken.

Си Цзиньпин hytaýly 1 376 049 000 adama ýolbaşçylyk edýär. Bu planetamyzyň ilatynyň 18,72 göterimi diýmekdir.

1971 ýylda Gaitida geçirilen referendumdan soň atasynyň ornyna prezident bolan Жан-Клод Дювалье bary-ýogy 19 ýaşdady. "Raýat Франсуа Дювалье raýat Жан-Клод Дювалье'ni respublikanyň ömürlik prezidenti wezipesine mirasdüşer hökmünde saýlady. Bu saýlaw siziň islegiňize masmy?” diýen sowala gaitilileriň hemmesi "hawa" diýip jogap beripdir.

4166 sany türkmenistanlylar ýurduň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kompozitorlyk eden aýdymyny bir gezekde aýdýarlar. Bu bolsa Ginnesiň rekoertlar kitabyndan ýer aldy.

Merhum Фидель Кастро häkimiýeti 52 ýyl dolandyrdy. Häzirki prezidentleriň arasynda rekord Теодоро Обианг Нгема Мбасого degişli bolup, ol Ekwatorial Gwineýany 37 ýyldan bäri dolandyryp gelýär.

Urugwaýyň öňki prezidenti Хосе Мухика her ýyl aýlygynyň 90 göterimini haýyr-sahabata sarplapdyr. Häzir ol fermada üç otagly öýde ýaşaýar, suwy bolsa guýydan daşaýar.

ABŞ öňki prezidenti Авраам Линкольн 17 gezek täzeden depin edilýär.

Ýylda 400 000 dollar – Barak Obamanyň prezident döwründäki ýyllyk aýlygy takmynan şunçady.

19
46