milaya_mm
29.06.2024 00:29
Bir adamyň geçirimlilik etmegi, onuň gowşaklygy däldir, ýumşaklygydyr.
✏️✏️✏️
Hakyky baýlyk emlägiň köplügi däldir. Hakyky baýlyk kalbyň baýlygydyr, ýagny, baryňa şükür, kanagat edip bilmekdir.
✏️✏️✏️
Geçýän zat wagt däldir, ömürdir.
✏️✏️✏️
Nesibäňde bar bolsa, kynam bolsa, hemme ýollar açylar.
✏️✏️✏️
Adam öz ýakynyna kömek etdigiçe, Allatagalla hem ol adama kömek eder.
✏️✏️✏️
Diliňe terbiýe bermezden öňürti ýüregiňe terbiýe bermeli, çünki, söz ýürekden gelip, dilden çykar.
✏️✏️✏️
İslänim bolanok diýip gynanma, ýa has gowusy bolar, ýa-da haýyrlysy şodyr.
✏️✏️✏️
Adamy owadan edýän daşky görnüşi däldir, adamkärçiligidir.
16
45