milanaaa
18.08.2024 15:54

Aýdaly bu gün meniň doglan günüm we siz maňa çep tarapyňyzda duran zady sowgat etdiňiz. Ol zat näme?

( Meselem: meň çep tarapymda çäýnek käse dur 😁)

17
165
milanaaa
16.08.2024 21:21

Salam, Öwrenmeliň agzalary) Bu gün sizden şeýleräk bir zatlar sorasym geldi. Ynha, 2024 hem gutaryp barýa, ýene 4 aýjyk galypdyr. Bu ýyl durmuşyňyza giren iň gowy adamlar kim? We iň bir ýatdan çykmajak ýatlamalar?

29
307
milanaaa
15.08.2024 21:48

Salam, öwrenmeliň agzalary. Öwrenmelini bir öý, agzalary hem bir maşgala diýip hasap edip her kim bir sözlem ýazsyn)

Meselem men: Meň duhymdan kim sepdi?

Gapyny kim açyk galdyrdy? ýa-da @plany seni ejeme aýdyp bererin! ...

Let's go😁

28
783
milanaaa
12.08.2024 23:30
"Menem post goýasammy ýa ýok" diýip pikirlenip otyrkam, post goýanymy bilman galypdyryn 😁.
Meniň post goýjak boluşym:
- Beee, haçan öwrenmelä girsem illerä trendan aýrylanok. Menem şu ilkinji postumda göni trenda galar ýaly bir temajyga tapmaly özä. Näme goýsamkam? 🤔
- Häzira diňe "banka ýapmak sezony", şo barada bir zatlar ýazan bolaýsammykam. Ýoklaý, köp agzalar ýaş, arasynda ýetginjekler, erkek adamlar bar, näme banka ýapýandyr öýtýäňmi şolar. (Içimdäki ses:Bu tema gyzyklanmak üçin ejeler gerek, ejeler!)
- Söýgi temasama erbet däl welin..(Içimdäki ses: Aýyrsanaý! Kommentariýada ýanan-köýenler köpelerdä. "Aýryldym"-da, "Aldatdy" diýşip...) Waý, köpelsin, bahanada kimiň kim bilen aşk-meşk bolýanyny bilerin😈.
- Eje hakda goýsam näme? Ýeri näme goýmaly, goşgymy, hekaýamy...köpräk like geler ýaly, "Ejesini söýýän bir like" diýibem ýazsammykam, imoda-ha her 3 story-nyň 1-i şu söz bn gutarýa. (Içimdäki ses: "Hawa, sen like goýup geçýädiňmi onsoň?!)
- Tapdym!!! Google-dan gyzykly maglumatlar alaýyn. Ne ýazyp ýadaýan, ne pikirlenip. Şeýle Google açýaň, gerek zadyňy ýazýaň, derrewjik çykarýa (set haýal bolsa azajyk garaşýaň), açýan saýt tapsaň senden bagtyýar adam ýok) (Içimdäki ses: Ogry!!!😑) A-how, tehnologiýany şeýle ulanmajak bolsak, nämä gerek, hämi😌 ? Ýöne bir gyzykly sorag, türkmen dilinde gözlemegiň-ä peýdasy ýok, dil bilmeseňem günüň kynaý. Başgarak zat tapmaly.
- Haýwanlar nätýä? *Birazdan soň* Aý, olam bidereklaý. (Içimdäki ses: Näme üçin?) Aý, häzir goýarsyň bir pişikli ýa-da güjüjekli tekst, owadanja surat bilen, gyzlar ýazyp ugrarda: ^planyyewa planjemal- Waý, muň gowja zatdygyny, edil meň pişigime/güjügime meňzeýä.
^planyýewa plangül-
@planyýewa planyjemal, Hawa, meňkem edddil şeýle. Garagol özem, plan etýä, pisgän etýä...
^planyýewa- @planyýewa planygül, waý, meňem pişijegim/güjüjegim garagol, adam planja/plandog...hihi
^planyýewa plangül- @planyýewa planyjemal, hakyky, hehe, hihi, wahaha...
___başlanar gep-gybat...🥴 (Içimdäki ses: Hymm, bäh)
- *Çekirtgäň çyrryldysy*...
- Hä-ä-ä, kakalar hakda goýaýyn😌. (Içimdäki ses: Ýykdyňaý walla, eje, kaka, dogan garyndaş...7 arkaňam goý, goýanyňa görä...) Aýow, başga zat tapmasam näme edeýinäý, bih...bar öz işiň bilen bolsana, mişaýit berýäň-ow maňa, ünsümi bölýäň-laý😠. (Içimdäki ses- Ökünersiň, garaş entäk)
*Birnäçe sagatdan soň*
- Eý, diňle! Şuny goýsam näme? *Elimde: "Söýgüliň bilen bolmajak temaň üstünde urş başlap, soňam 3 günläp blokda saklap, ahyr soňy oglanyň özüne etmedik işi üçin ötünç soratdyryp, ol hem işe ýaramansoň 101 samy gül bilen gije sagat 00:00-da gapyň öňünde serenadaly ötünç soratdyrmak" barada 12 tomluk kitabyň 1-nji tomy* (Içimdäki ses: Dälihanaň nomerini soramaga utanyaň gerek? )
- Bäh, näme goýjak diýsemem bahana baryny tapdyňlaý, goýjak däleý, gidip ýatjageý menem, geläýmegin yzymdan, gürleşemok, gaty gördüm...😒 (Içimdäki ses: Heh,1, 2, 3)... seret, şu temada erbet däl ýala...
😅🤷🏻‍♀️
13
108