mgm
05.01.2023 00:03
Bu wideony gorup bu alemde nahili kicijek yer tutyanyma goz yetirdim...
34
166
mgm
04.01.2023 23:04
Bu suratda bir bars bar.Ony tapdynyzmy?
Barsy tapyň
(Surat açyldymy🤔)
Inede jogaby


29
239
mgm
03.01.2023 23:03
Resul alaýhyssalam aýtdy: Adam dört dürlüdir. Kerim, sahy, bahyl we leýim. Kerim oldur - Özi iýmez, diňe özge kişä berer. Sahy oldur - özi hem iýer, başga kişä hem berer. Bahyl oldur - özi iýer emma, kişä hiç zat bermez. Leyim oldur özi hem iýmez, kişä hem zat bermez. Kerim bilen sahy jennete barar. Bahyl bilen Leyim dowzahda bolar.
Hadys
30
224
mgm
02.01.2023 21:40
Bal arylary 40 günden az ýaşaýarlar. Olar ýaşan döwründe azyndan 1000 sany güle gonýarlar we 1 çaý çemçesinden az bal ýasaýarlar.Biz üçin ýönekeýje 1 çaý çemçesi bal arylar üçin bolsa bir ömür.
Sag boluň bal arylary!!!
35
238
mgm
31.12.2022 09:44
- Her bir Täze ýyl, aslynda, başymyza gonan bagt guşudyr. Ondan islän köňül küýseglerimize gowuşmak özümize bagly. Täze ýyl arzuwlaryňyzy hasyl edýän ýyl bolsun! 🎉☃️🎄🎁🎆

Maysa
34
64
mgm
24.12.2022 14:49
TEST (akyl ýaşyňy bilmek üçin)
1) şu reňklerden haýsysy sana ýakyn
a)gara,mele,goňur(10)
b)älemgoşar reňkleri(20)
c)janly reňkler(30)
d)neon reňkler(40)

2)Şu wagt şu aşakdaky naharlardan haýsysyny iýmek islärdiň
a)Deňiz önümleri(10)
b)Hamyrly naharlar(30)
c)Fast food(40)
d)Çorba(20)

3)Inni naharyň ýanyndan näme içmek islärsiň
a)Kola we şm gazly suwlar(40)
b)Aýran(20)
c)Alkogolly içgiler(10)
d)Sok(30)

4)Naharyňy iýip bolup telewizory açdyň näme görmek isleýäň
a)Gepleşik(10)
b)Multi film(40)
c)Sport programmalary(30)
d)Film(20)

5)Bolýar,süýji önümleri hakynda näme pikir edýäň
a)Halaýan(40)
b)Bolsada bir bolmasada(30)
c)Ol çagalar üçindir(20)
d)Saglyksyz(10)
6)Facebook,Instagram,Twitter,tiktok ýaly programmalar hakyndaky pikriň näme
a)Ulanmana gowy(30)
b)Wagt ýitirmek(20)
c)Gaty gerek şonsuz durmuşy göz öňüme getirip bilemok(40)
d)Bilemok(10)

7)Akylly telefonlar hakyndaky pikriň nähili
a)Ulanmana gowy(30)
b)Hökman gerek(40)
c)Kelle agyry(10)
d)Gereksiz we gymmat(20)

8)Inni doglan günüňizi nähili bellärdiniz
a)Doglan günler çagalar üçindir men bellämok(10)
b)Maşgalam bilen agşam nahary(20)
c)Dostlarym bilen uly edip bellärin(30)
d)Uly tort kesip soňam dürli oýunlar oýnap.(40)

9)Klassika aýdymlary halaýanmy
a)Rahatlandyryjy(20)
b)Ýigrenýän(40)
c)Halaýan (10)
d)Bolsada bir bolmasada (30)

10)Bolýar,10 günlik uzun bir dynç alyşa gitmeli. Nirä giderdiň
a)Parklar we ş.m.(40)
b)Deňize ylgaryn(30)
c)New york,Italiýa ýaly trustlik ýerlere(20)
d)Täze mediniýetler öwrenmek üçin ýörüte gurnalýan gezelenclere(10)
Beren jogaplaryňyzyň yzyndaky sanlary goşuň we teswirlerde belläň.


Eğer 10 soraga jogap bereninizden sonra balynyz 350 - 400 arasynda bolsa akyl yaşynyz 4 we 9 yaş arasynda. Bu bolsa sizin henizem ulalmadygynyzy, kiçi we ýönekeýje zatlarada begenýäniňizi aňladýar.Siziň yüregiňiz şeýle päk hem arassa.

Eğer 10 soraga jogap bereninizden sonra balynyz 300 - 340 arasynda bolsa akyl ýaşyňyz 9 we 16 arasında üýtgemekde. Bu bolsa akyl yaşynyzyn has ýaşdygyny görkezýär.Ýagny siz intek gaty ulalmadyk we käbir jemgyýetçilik kanunlaryna garşy gelip bilersiňiz.

Eğer 10 soraga jogap bereninizden sonra balynyz 250 - 290 arasynda bolsa sizin akyl yasynyz 16 ile 21 arasynda. Dusunjeli we akylly hereket edyan adamsynyz. Emma nirede hacan we nahili özüni alyp barmany bilyan hem bolsanyz wagtyňyzy lezzetli gecirmani hem bilyarsiniz.

Eğer 10 soraga jogap bereninizden sonra balynyz 200 - 240 arasynda bolsa akyl yasynyz 21 ile 29 arasyndadyr. Yagny bu bal sizin bir yetisen yagny kamildiginizi gorkezyar. Nirede nahili ozunizi alyp barmany oran gowy bilyarsiniz we oran akyllysynyz.

Eğer 10 soraga jogap bereninizden sonra balynyz 150 - 190 arasynda bolsa sizin akyl yasynyz 29 ile 55 yaş arasynda. Bu ballar sizin edil bir uly adamdygynyzy we oran zehinli akyllydygynyzy gorkezyar. Bu hem sizi sada, aňly düsunjeli we pespal gorkezyar.

Eğer 10 soraga jogap bereninizden sonra balynyz 100 - 140 arasynda bolsa sizin akyl yasynyz 55 we yokary diymekdir. Şeýlelik bilen siz doly kamillesdiniz we ownuk zatlardan lezzet alyp başladyňyz. Şeýle-de bolsa, akyl ýaşyňyz garry bolsa-da, häzirki zaman tehnologiýasy sizi gaty biynjalyk edenok.


40
612
mgm
21.12.2022 19:47
1)Gözümde kiçelen adamlar bilen uly "HASAPLAŞYKLARYM"bolmaz hiç.🤟

2)Şul minutdan başlap sende ýel tursa mende ýapragam hereket etmez.😐

3)Bolýar,men erbet seň gözünde.Emma sen hem pikirlen men gözümde näçe köplüklik adamdygyňy.😎

4)Ýok, men özümi yokarda göremok.Ýöne gereksiz adamlar ücin pese düşemok.👻

5)Islesem çäre bolmasa bahana taparyn sen arkaýyn boll.😏

6)Eger beýniň bar bolsady...belki,howply bolup bilerdiň.🤪

7)Ýüz berip adam edenlerimi 0-a köpeldip yok ederin😝

8)Burnuma ýanyk bir zadyň ysy gelýär.Bagtlylygym kimiň içini ýakýan bolsa.Beter bolsun💥

9)Men ynanýan käbir adamlary çagakalar 3 gezek ýokaryk zyňyp 2 gezek gapypdyrlar😂

10)Maňa ýol bermäni pikirlenme ilki sen saňa beren ýolumdan ýöremäni başar.🍃

38
175
mgm
17.12.2022 23:51
Kimdir birine palçyk zyňmankaň pikirlen,
Sebäbi ilki öz elin hapalanar.
#Manyly sözler
33
76
mgm
13.12.2022 19:33
Bahanajyk tapsam goni galardym😁
Sapagy aytmanjyk bäşlik alardym💯
Okasym gelenok diyip nalardym😫
Ýatlamadan doly okuwcy dowrüm👩🏻‍🏫

"Mekdebe telefon getirme"diýdi📵
"Sapakda zat iýip oturma" diýdi🚯
"Ruçkaňy börügňi ýitirme"diýdi⚠️
Gülküli şowhunly okuwcy döwrüm👩🏻‍🏫

Jaňyň sesi gulaga hoş ýakýardy🔔
Direktor ýüzüme nejis bakýardy🙄
Geýnişimden bir kemçilik tapýardy🤨
Şonnada hezillaý okuwçy döwrüm
37
367
mgm
12.12.2022 20:37
Türkmenistanda bu gün
Bellenýär şanly sene
Türkmen ilim gutlaýan
Bitaraplygy bile!

Eýsem,näme sebabi
Bitarap ýurt diýmegiň?
Dünýäde üç ýurt Bitarap
Buýsandyrýar bilmegem

Bu gün Bitaraplyga
27 ýyl dolýar
Eziz Türkmenistanym
Uly bir toý toýlaýar.

Bitaraplyk erkanalyk
Asyda asman diýmek
Bitaraplyk bu älemde
Agzybir bir halk diýmek

Türkmenistan erkana
Garaşsyz hem Bitarap
Muňa buýsanýar dünýä
Gutlaýar bizi her tarap

Bu goşgujygy Bitaraplyk baýrama ýazdym bolmaýan ýerlerini aýtsaňyz özümi kämilleşdirerdim.😊
🎉🎉🎉HEMMÄŇIZIŇ ÝETIP GELEN BITARAPLYK BAÝRAMYNY GUTLAÝAN🎉🎉🎉
38
118