melhem
30.03.2024 07:55
Il agzy halta däl dañdyrmaz hijem, Diýseler diýsinler, ak ýa-da gara.
Öz eliñ, öz ýakaň, öz bolşuň bolup, Ýaşaber her kimiň bolşuna görä.

Açlykda galdyrmaz bendesin Hudaý, Şükürli ýaşasaň düşürmez gedaý, Berse-de kynçylyk synagdyr öýdäý, Kanagat kyl rysgyn berşine görä.

Sagynda, solunda duşman kän dostdan, Tanap gez, gorangyn haramdan, "otdan". Sogapdyr, galmagyn toý bilen ýasdan, Señkä-de gelerler barşyña görä.

Han bolup dynç alar,gul bolup işlän. Arkaýyn ýatyandyr,halaldan dişlän. Çözgütsiz jedelde adyllyk işlär.
Her kimiñ hasaby garşyna görä.

Manysy ýaşamak bu ýagty Dünýäñ,
Hiç kimi ynjytmañ, hiç göwne degmäñ. Aglaýan gyt bolsun, köp bolsun gülýän. Gözellik her zatda görşüñe görä.

Amangeldi Nurgeldiyew
26
49
melhem
29.03.2024 03:34
Eger-de öz gylyk-häsiýetiňizi, öz-özüňizi tanamak isleseňiz, bu sowallara jogap bermäge synanyşyň! Bu soraglar size öz-özüňizi açmaga kömek eder. Hany, synanyşyp görüň!

1.Siziň ýantorbaňyz hemişe…

a)Kitap-depderden, kagyz-galamdan dos-doly.

b)Kitap-depderden başga artykmaç zatlar hem bar.

ç)Ýeňiljek.

2.Siz üçin esasy zat…

a)Belli bir hünäriň, käriň eýesi bolmak.

b)Özüňi ykrar etdirmek.

ç)Wezipe, iş.

3.Siz ýöräniňizde…

a)Howlukman, endigan ýöreýärsiňiz.

b)Diýseň çalt ýöreýärsiňiz.

ç)Elleriňizi galgadyp, howlukmaç ýöreýärsiňiz.

4.Siz dost-ýarlaryňyz bilen

a)Ýygy aragatnaşyk saklaýarsyňyz.

b)Iş, sebäp bolmasa kän bir gatnaşyk saklamaýarsyňyz.

ç)Hemişe jogapkärli bolýarsyňyz.

5.Siz…

a)Kimdir biri bilen bile işleşmegi gowy görýärsiňiz.

b)Özbaşdak işlemegi halaýarsyňyz.

ç)Işleri töweregiňizdäkilere tabşyryp, olara gözegçilik etmegi halaýarsyňyz.

6.Siz öz işiňizde…

a)Maksada okgunly.

b)Haýal-ýagal, oýlanyşykly.

ç)Howlukmaç, çalt.
23
42
melhem
29.03.2024 00:23
Bir esger çöl bilen barýardy. Ýol uzakdy. Ol ýolda atyny, polatdan tuwulgasyny, söweş enjamlaryny ýitirdi. Elinde diňe gylyjy galdy. Ol açdy, teşnelik heläk edýärdi. Birden ol uzakdan bol suwly köli gördi. Esger barja güýjüni jemläp, suwa tarap topuldy. Köle ― dirilik çeşmesine ýetiberende bolsa onuň kenarynda üç kelleli aždarhanyň oturandygyna gözi düşdi. Esger soňky güýjüni toplap, gylyjyny syryp, aždarha bilen başa-baş söweşe girdi. Olar iki gije-gündizläp söweşdiler. Esger aždarhanyň kelleleriniň ikisini kesdi. Üçünji gün aždarha halys güýçden gaçyp ýykyldy. Onuň gapdalyna-da ysgyn-mydarsyz, gylyjyny götermäge-de mejaly galmadyk esger ýykyldy. Şonda aždarha barja güýjüni jemläp:

― Esger, eýsem, seniň näme islegiň bardy? ― diýip, ondan sorady.

― Suw içjekdim.

― Içjegiň suw bolsa, içibermeli ekeniň-dä!..
24
50
melhem
28.03.2024 16:01
Ak öýüň beýleki jaýlardan artykmaçlyklarynyň biri — gyşda ony guran badyna içinde ot ýakybermelidigi. Öýüň şekiliniň pelteli çyra çüýşesine meňzeş bolmagy oduň tüssesiniň göni ýokary göterilmegine şert döredýär. Öýüň tegelek şekilli bolmagy amatlylyklaryň ýene biridir.

Ak öýi guranlarynda ylma esaslanypdyrlar. Çarwa zenanlaryna ak öýüň tärimi ik egirmek, ýüp örmek, oňa tow bermek üçin mydama taýýar enjam bolup hyzmat edipdir. Ak öýüň sag tarapyndaky gap böwürde hereket edýän öý bikesiniň ýüzi hemişe günbatara tarap bolupdyr.

Maşgalada ýaş gelin bar bolsa, öýüň gap böwür tarapyndan ak tuty tutupdyrlar. Ony, esasan, gelin iýip-içýän, dynç alýan wagty ulanypdyrlar. Zerur wagty şol böwürde iki tärimiň arasyndan sallançak hem gurlupdyr.

Ak öýüň ortarasynda ojak ýerleşipdir. Girelgäniň garşysynda diwaryň uzynlygyna geýim-gejim üçin iki sany çuwal, ownuk-uşak zatlara niýetlenen torbalar asylypdyr. Girelgäniň sag tarapy gap böwür bolup, tekjeler görnüşinde ýasalan telärde çäýnek-käse, gap-gaçlar goýlupdyr. Sandygyň üstünden ýorgan-düşekler galdyrylypdyr. Gapa ýakyn ýerde çemçe we duz torbalar asylyp, aşagynda, tekjeleriň üstünde suw hem beýleki azyk önümleri, aşhana enjamlary goýlupdyr. Gapynyň çep tarapynda maldarçylyk esbaplary, zähmet gurallary, ätiýaçlyk üçin goýlan azyk önümleri ýerleşdirilipdir. Ortadaky ojagyň daşyna aýlanan sag we çep gonjy bolan ojakbaşy düşegi düşelip, ol keçe, haly görnüşinde bolupdyr.

Halydyr palaslar, keçeler bilen bezelen ak öýlerde türkmeniň owadan kalby, sazlaşykly durmuşy öz beýanyny tapypdyr.

Arzuw RAHMANOWA
24
20
melhem
28.03.2024 09:53
Ýaşyňyz ulaldykça genetiki we daşky gurşaw faktorlaryna baglylykda deriniň aşaky gatlagyndaky ýag dokumalary we kollagen peselip başlaýar we ýüz myşsalary gowşaýar. Ýüz ýoga, myşsalaryň dartylmagyny ýokarlandyrýar we has ýaş we deriniň has berk bolmagyna mümkinçilik berýär.

Deriniň we gözelligiň hünärmenleri ýüzüň ýoga bilen birnäçe aýyň içinde ýeňil ýüzüň ýyrtyklarynyň açyljakdygyny we ýüzdäki çuňňur gyrmalaryň wagtynda açyljakdygyny aýdýarlar. Mundan başga-da, ýüz ýoga diňe bir gyrmalar üçin däl, eýsem deriňizi ýaşartmak üçin hem peýdalydyr. Galkynylan deri diňe bir berkitmek bilen çäklenmän, düwürtikleriň döremeginiň we yzlarynyň hem öňüni alyp biler. Elbetde, täsirli netije üçin ony adaty etmek gaty möhümdir.

Dodaklaryň, dodak töwerekleriniň, gaşlaryň, gözüň, maňlaýyň, eňegiň we boýnuň gan aýlanyşyny ýokarlandyrýan ýüzüň ýoga hereketleri bar. Ine, ýaş deriniň bolmagy üçin ädimler …

1-nji ädim

Maňlaýyňyzdaky inçe çyzyklar we gyrmalar: Ilki bilen iki eliňizi ýumruklaň. Barmaklaryňyzy size görkezip, orta barmaklaryňyzyň düwmelerini maňlaýyňyzyň ortasyna goýuň. Elleriňizi maňlaýyňyzyň iki gapdalyndan ýuwaşlyk bilen süýşüriň, we orta basyş ediň. Bu maşky 6 gezek gaýtalaň.

2-nji ädim

Göz gabaklary: Iki eliňiziň görkezijisini we orta barmaklaryny ulanyp, V belgisini ediň. Orta barmaklaryňyzy gaşlaryňyzyň içki gyrasyna we görkeziji barmaklaryňyzy gaşlaryňyzyň daşky gyrasyna goýuň. Orta basyşy ulanyň we çekiň. 8 gezek gaýtalaň.

3-nji ädim

Agzyň we dodaklaryň burçundaky çyzyklar: Kelläňizi birneme yza çekiň. Dodaklaryňyzy berk gysyň we öňe itekläň. Göýbermezden ozal bu pozada 10 sekunt durandygyňyza göz ýetiriň. Maşky 5 gezek ýerine ýetiriň.

4-nji ädim

Gözüň aşagyndaky haltalar we gaşlar: Elleriňizi ýüzüňiziň gyralaryna we ýüzük barmaklaryňyzy gaşlaryňyzyň ujuna goýuň. Deriňizi uzatmak üçin ýumşak basyş ulanyp, elleriňizi ýokaryk süýşüriň. 4 gezek gaýtalaň.

5-nji ädim

Boýun we eňegiň sakmasy: Boýnuňyzy berk saklamak üçin kelläňizi birneme yza çekiň. Aşaky dodagyňyzy çişirip, dartgynlygy güýçlendiriň. Barmaklaryňyzy boýnuňyzyň iki gapdalynda goýuň we tekiz hereketlerde kentlewük süňküne tarap süýşüň. 5 sapar gaýtalamaly we her sapar boçnuňyzdan başlamagy ýatdan çykarmaň.

Soňky ädim

Derini ideg etmegiň täsirli nemlendiriji kremleri bilen eden ähli hereketleriňiziň tertibini dolduryň. Derini ideg etmegiň täsirli usuly sebäpli deriniň çyglylygy doýýar we deriniň çeýeligi ýokarlanýar.
24
25
melhem
27.03.2024 08:13
Düwmeli egin-eşikleriň gelip çykyşynyň uzyn taryhy bar. Hünärmenleriň pikirine görä, X asyryň başynda zenanlaryň we erkekleriň eşiklerinde dürli berkitmeler giňden ýaýrapdyr. Şeýle-de, düwmeleriň aýratyn tapawudy bolup: zenanlaryň eşiklerinde çep tarapa, erkekleriň eşiklerinde bolsa sag tarapa tikilipdir. Eýsem, munuň sebäbi näme?

Maglumatlara görä, Germaniýada ilkinji düwmeler öndürilipdir. Ol düwmeler süňkden, agaçdan, demirden, merjenlerden, gymmat bahaly daşlardan, kümüşden hem-de altyndan ýasalypdyr. Ilkibaşda düwmeler gymmatly zat hasaplanýar. Çünki düwmeler diňe eşikleri berkitmek üçin däl-de, bezeg hökmünde hem ulanylypdyr. Düwmeler adamlaryň jemgyýetçilik ýagdaýynyň we statusynyň alamaty hasaplanýar. Şol günden bäri zenanlaryň we erkekleriň eşikleriniň düwmeleriniň dürli taraplarda bolmaly diýen karar edilýär.

Erkekleriň eşiklerindäki düwmeler, harby däp-dessurlara baglylykda sag tarapda ýerleşdirilipdir. Sebäbi şol döwrüň esgerleriniň köpüsi ýaragy çepde göteripdirler. Bu ýagdaý bolsa sag tarapdaky düwmeler egin-eşige degmän ýaragy çalt taýýarlamaga kömek edipdir.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, gadymy döwürlerde düwmeler gaty gymmatly zatlardan biri hasaplanýardy. Hut şonuň üçin düwmeleri diňe gurply zenanlar satyn alyp bilýär eken. Asylly zenanlaryň elmydama hyzmatkärler tarapyndan geýinýändigi bize mälim bolsa gerek. Çünki çep tarapdaky düwmeleri düzeltmek hyzmatçylara iş prosesini çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berýär diýen teoriýa bardyr.

Nurgözel ANNAÝEWA
29
22
melhem
27.03.2024 00:02
Ata çagasyny ýaşlykdan bibaş edip ýetişdirse, ýazyk çaga-da däl atadadyr.
Ýusup Balasagunly
***

Çaga ýaly bolmak – şübhesiz kämillikdir. Beýik kişiniň çaga ýaly bolmasy kiçilik däldir.
Jelaleddin Rumy
***

Saglyk ýaly dost, hassalyk ýaly duşman, çagaň söýgüsi ýaly söýgi ýokdur.
Hindi nakyly
***

Eger ulular terbiýeli bolsalar, çagalaryň özleri hem terbiýelenerler.
Luiza Heý
***

Çaga terbiýelemegi başarmak durmuşy giňden bilmegi talap edýän beýik işdir.
M.Gorkiý
***

Eger çaga ýaşaýan öýüniň oňa-da degişlidigini duýmasa, ol köçäni öý ediner.
Nadin de Rotşild
***

Çagany söýmän adamzady söýüp bolmazdy.
F.Dostaýewskiý
***

Çagalar hiç zat etmeseler-de, bir zada güýmenýändirler.
Mark Tulliý Siseron
***

Çagalar bilen mylaýym gürleşiň, sebäbi käýemek olary doňýürek eder.
Şarl Lui Monteskeýe
***

Haçan-da çagany gorkuzsalar, ursalar, onda ol özüni kiçilikden ýeke duýup başlaýar.
Dmitriý Pisarew
***

Her bir çaganyň özboluşly dünýägaraýşy, pikirlenişi bar. Olaryň dünýägaraýyşlaryny özüňkä görä üýtgetmeklik akmaklykdyr.
Žan Žak Russo
***

Çagalar ululara ynanyp, olaryň göreldesine eýerip ýaşaýarlar.
Lýudwig Witgenşteýn
***

Çagany terbiýeleýärkäň, gowusy ony duýdurmazlykdyr.
Oskar Uaýld
***

Çagalar biziň garrylygymyzydyr. Dogry terbiýe – bu biziň bagtly garrylygymyz, erbet terbiýe bu biziň geljekki gaýgymyz, gözýaşymyz we beýleki adamlaryň öňündäki günämizdir.
A.S.Makarenko
32
58
melhem
26.03.2024 08:02
Eger-de sen ýagdaýy üýtgedip bilmeseň, oňa bolan garaýşyňy üýtgetmegi başar. Ana, şol ýagdaýda durmuş başga bir tarapa üýtgär!

Bir obanyň ýaşuly enesi elmydama aglap, alada-da ýörer eken. Onuň iki gyzy bolup, biri saýawan söwdagärine, beýlekisi bolsa aş satýan ýigide durmuşa çykypdyr. Şonuň üçin gyzlaryň ejesi, haçan-da, howa yssy bolsa: «Daşarda Gün çykýar, beýle gowy howada gyzymyň dükanyndan hiç kim saýawan satyn almaz» diýip, aglap zeýrener eken. Howa bulaşyp, ýagyş ýagsa: «Beýle howada gyzymyň aşlary çyglanyp, ony hiç kim satyn almaz» diýip, gözleri ýaşa dolarmyş.

Şeýdip, ol her howada gynanyp, bir-de uly gyzy, bir-de kiçi gyzyna gynanyp aglapdyr. Günlerde bir gün enäniň aglap oturan sesini eşiden bir ýaşuly onuň deňinde saklanyp, näme üçin aglaýandygynyň sebäbini soraýar. Ene ähli arzyny gürrüň berip bolandan soňra ýaşuly mylaýym ýylgyryp: «Sen howanyň ýagdaýyny üýtgedip bileňok, gowusy sen öz pikiriňi üýtget. Gün çykanda sen uly gyzyň saýawanlary barada pikir etme-de, kiçi gyzyň aşlary barada oýlan. Gün çykyp dur. Diýmek, meniň gyzymyň aşlary gowy gurar-da, olaryň söwdasy köp bolar diýip pikir et» diýýär. Haçan-da, ýagyşly howa bolsa: «Beýle howada ähli adamlar saýawana mätäç bolarlar-da, ony uly gyzymyň dükanyndan satyn alar» diýen pikiri ýöret.

Ene ýaşulynyň beren ündewlerine begenip, ýaşula minnetdarlygyny bildirdi. Şeýlelikde, ol gynanyp aglamagyny goýdy we gyzlarynyň işlerine guwanyp başlady.

Terjime eden: Gunça HAMEDOWA
31
27
melhem
26.03.2024 00:00
Küşt oýny «Çaturanga» diýen sözden gelip çykyp, «dört bölek» diýmegi aňladypdyr. Şol dört bölek bolsa — pyýada goşuny, atly goşuny, pili we arabany özünde jemleýändir.

Küşt ýaryşlarda ulanylýan ilkinji mehaniki küşt sagady 1933-nji ýylda Tomas Wilson tarapyndan oýlanyp tapylýar.

Käbir maglumatlara görä küşt ilki Hindistanda, gupta döwründe döräpdir.

Eplenýän küşt tagtasy taryhynyň belli bir döwründe küşt oýnamaklygy gadagan edileni üçin, ony oýnamaklygy aşa gowy görýän ruhany tarapyndan oýlanyp tapylýar. 1125-nji ýylda küşt tagtasyny kitap ýaly görkezmek üçin ony eplemäge mejbur bolýar.

Küşt oýnamak üçin ilkinji kompýuter programmasy bolsa 1951-nji ýylda işlenip düzülýär. Alan Turing tarapyndan döredilen bu programma birbada ýörgünli ulanylmaýar. Sebäbi şol wagtlar bu programmany saklamaga kompýuterleriň ýady kemterlik edýär eken.

Psihologlaryň bellemeklerine görä, küşt ýatkeşligiňi güýçlendirýän oýundyr. Çylşyrymly meseleleriň çözgüdini ýeňillik bilen tapmakda oýnuň ähmiýeti uludyr.

Dünýäniň, takmynan, 60.000 000 adamy küşt oýnunyň düzgünlerini bilýär.

Iň uzak dowam eden küşt oýny 5949 göçümden ybarat bolupdyr.

Küşt ussatlary bolan as-Suli we al-Lajlaj biziň eýýamymyzyň 900-njy ýyllarynda bu oýny oýnamagyň düzgünleri barada gollanma taýýarlapdyrlar.

Küşt güni her ýyl halkara derejesinde 20-nji iýulda bellenilýär. Bütindünýä küşt güni diňe bir halkara hyzmatdaşlygy, adamlaryň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmaga ýardam etmän, eýsem, parahatçylygyň ösmegine hem özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Meýlis SADYKOW
32
18
melhem
25.03.2024 07:37
Biz ukynyň nämedigini bilýäris, emma ukynyň nämä sebäp bolýandygyny anyk bilemizok. Uky – bu dynç ýagdaýy, ýagny huşsyz dynçdyr.

Haçan-da biz uklanymyzda, biziň bedenimiz gündelik işleriň netijesinde döreýän ýadawlykdan gutulýar. Gowy ukynyň netijesinde dynç alanymyzdan soň, biz ýene-de hüşgär we işjeň bolýarys. Şeýlelik-de biz günüň adaty işlerine taýýar.

Haçan-da irden turanymyzda, uklaýan pursadymyzda nämeler bolýandygyny hemişe ýatda saklamak mümkin däl. Biz diňe düýşi ýatlap bileris ýöne galan ukymyz hiç zat bolmadyk ýaly garaňky ýaly bolup görünýär.

Biz uklap ýatanymyzda bedenimizde birnäçe zatlar bolup geçýär.Has çuňňur ukyda, myşsalarymyz barha gowşaýar. Ýüregimiziň urmagy haýallaýar. Temperaturamyz we gan basyşymyz peselýär. Işjeň bedenimiz hem haýallaýar, şonuň üçin aňly pikir edip ýa-da hereket edip bilmeris. Emma biz düýş görýäris.

Oýananymyzda temperaturamyz we gan basyşymyz kadaly ýokarlanýar. Ýüregimiziň urmagy we dem alşymyz hem adaty bolýar we biz doly oýanýarys. Uklap ýatan wagtymyzdaky gören düýşlerimizi bolsa dolylygyna bolmasa-da, az-owlak ýatdan çykarýarys.

Düýş näme? Düýş – bu ukuda wagtymyzdaky bolup geçýän aňyň işjeňligidir. Käbir düýşler bolup biläýjek zatlar, beýlekileri bolsa bolmajak zatlar hakda bolup biler. Bu diýdigimiz, diňe düýşlerde bolup geçýän zatlaryň köpüsiniň ukudan oýananymyzda bolup biljekdigini, beýlekileriň bolsa bolup bilmejekdigini aňladýar.

Düýşler birnäçe sebäplere görä möhüm bolup görünýär. Şol sebäpleriň biri hem, düýş bize ses ýa-da beýleki päsgelçiliklerde-de uklamaga kömek edip biler. Meselem, sagat jyňňyrdaýar, ýöne biziň beýnimiz telefon ýa-da gapynyň jaňynyň jyňňyrdaýşyny we turup olara jogap berişimiz ýaly düýşler görmegimize sebäp bolýar.

Käbir lukmanlar, düýşleriň köplenç adamyň kynçylyklary barada köp zady açýandygyny we dogry düşünilse, şol meseleleriň çözgüdini tapyp biljekdigini anykladylar. Ýöne biz bir zady berk ýatda saklamalydyrys. Düýşleri geljegi aýtmagyň usuly hökmünde ulanyp bolmaz we olar hiç wagtam geljegi aýtmaýarlar.

Uky iň köp ýaýran tejribe, ýöne näçe adam hakykatdanam ukynyň täsinligi we güýji barada pikir edýärkä? Birnäçe şahyrlar hem uky barada owadan goşgular hem ýazypdyrlar.

 Çeşmesi: http://nсert.niс.in

                                    Iňlis dilinden terjime eden: Agajanowa Gülälek,

                                        Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň

                                         “Iňlis dili we edebiýaty” hünäriniň talyby
29
50