mehri05
12.10.2023 09:15

Gitme!

Sen gidäýseň, ýitirip ýolum,

Azaşmakdan korkýan, başynda ömrüň.

Gitme!

Sen gidäýseň, göýdük galaryn,

Gülüp, ýaýnap, döwran sürmeli döwrüm.


Bogar meni söýgiň nalasy,

Gitme!

Onsuzam horlukdan, horluk çekýärin...

Bu söyginiň azaplary gizlenen,

Gowak ýaly oýlarynda çekgämiň.


Gitme!

Gitmeklige ýokka zerurlyk,

Gum-gukluga atyp, şatlykdan saplap...

Söýgi bilen tutan näzik ellermi,

Goýbermek netim ýok gam-gussa gaplap

Kerim Hallyýew

11
15
mehri05
11.10.2023 21:26

Pişikler ömrüniň ýarysyndan gowrak wagtyny uklap geçirýärler.


Towugyň iň uzyn uçuşy 13 sekunt dowam edip biler.


Ladoga köli Ýewropadaky kölleriñ iñ iň ulusydyr.


Ýer öz okundyñ daşyndan 23 sagat 56 minut 4 sekuntda doly öwrülişik edýär.


Adamyň sag öýkeninde çepden has köp howa bar.


Fobiýany bejermekde iň kyn, gorky gorkusydyr.


Sygyr basgançaklara çykyp biler, ýöne aşak düşüp bilmez.


Ördekler 6 metr çuňluga çümmäge ukyply.

19
49
mehri05
10.10.2023 23:20

Bana Koymaz Senin Başkasına SevgiLi OLuşun , Ama Sana Çook Koyacak Benim Başkasına Baştacı OLuşum .! ;))diyip onki soygulim mana ugradypdyr...Sizem ugradyn onki soygulinize nerwina oynap bolian ekeni ...😁😅


Dünýäde her hili adam bar. Käsi bagtly käsi bagtsyz ýöne olaryň içinde iň owadan iň ajayyp gözellige eye bolan bir adam bar. Ol häzir şu ýazgyny okaýar we ýuwaşjadan ýylgyrýar.😉


Ejesi:

- Oglum ýüzüňe näme boldy?

Ogly:

- Ary çakdy

Ejesi:

- Beter çişipdir uly arymy?

Ogly:

- Ýoklaý ary çakyp otyrka kakam aryny lapatka bilen öldürdi.😂


Erkekleriň

"Senden başgasyny söýmeýän"

diýen gepi alkaşyň

"indi içmeýän"

diýen gepine meňzeýär.(dogry😅)


Ogly:

- Kaka meni bäbek wagtym ogullyk aldyňyz gerek

Kakasy:

- Ýok how oglum nähili gürrüň etýaňay, ogullyk alsam seni saýlar öýtdiňmi.😂😂😂

23
174