mandarin
20.07.2023 12:35
😁😂🤣
78
409
mandarin
19.07.2023 20:04
Pikir etdim ençe , durmuş nämeke.
Agzym açyp añalypdyryn märekä.
Bű gűn maña berlen, gowy sözlerem.
Ertirem başgaça gidýär gűrrűñim.

Bilmedim dûnýani dostdanam tanap.
Işi düzelse dost, soñ zordan salam.
Aýdanok  bardygyn ýűzimde garañ.
Özine aýtsam  kemin, öýderler galat.

Gyzdan söz alyndy, görmedim wepa.
Dosta azap etdik, yza gelmedi jepa.
Aslynda bu dűnýä sebäpkär dälkä!
Ýalançy diýilýär, näme űçin käte?
68
429
mandarin
18.07.2023 22:00
Söýgi soramayar ýer hem ýaşyñy,
Ahal,Mary Lebap ýokdur tapawut.
Alym çykyp gűrleseler asylly,
Ýűrek söyse beyni etmez tapawut.

Söz azaşyp birgűn açylsa ara.
Kem kemden dörarmiş soluñda  ýara.
Emini gözleseñ, tapmasañ çäre.
Derdiñem dermany   ýaryñda bara .

Gűnä onda bolsa birje bagyşla.
Daşlaý diyìp başgasyna çalyşma.
Söýgiden gecilmez ýeke ýalñyşda.
Başarsaña söýgiliñi taşlamañ.
66
216
mandarin
18.07.2023 09:06
Söwilipdim  barça ýokdan.
Pul soradym, barly  dokdan .
Kän ýadadym boş bir dosdan
Eşden sözim bar git ýokbol.

Ýaşlygym bir kyn gűnimdi
Birje haýyş kyn görildi.
Husyt bermänem öwindi.
Bil garyp göwnem göwindi.

Şűkir etdim oýa batdym .
Diñe derdim Haka aýtdym.
Açgözlere gelýär haýpym.
Indi garyp kimkä aýdyñ
60
117
mandarin
17.07.2023 20:33
Eýle bolma beýle bol dost.
Ýyksalaram turda gal dost.
Ahyr birgűn beýge galsañ
Edilenler ýada sal dost.

İşli bolsañ gűýçli bolsañ.
Bir hűnärli başly bolsañ.
Ýöne käwagt boşrak bolsañ .
Bir salama gelip dur dost
66
103
mandarin
14.07.2023 00:32
Hökmany gerekdäl damak kesmegem .
Meni alyp çykar, göwin pesligim.
Gulagmy gabartman, gybat etseler.
Erkek bir söz diýer,boş gepler öler.

Ýaşatsa Allajan duşurar  bagta.
Garañky ýollarym öwriler ýagta.
Dűnýäde beýik zat, Ene hem Ata.
Imanly gezerin , alyp ak pata.

Bilýäris älemde, hemme däl baky.
Bűgűn hassa bolan, dűýnjigem sagdy.
Adam dermana däl, hoş söze zardy.
Ajal aýdyp gelmez, gezmäliñ arly
76
165
mandarin
12.07.2023 22:56
Ösişleriñ sepgidinde
          Götererler namysyñ.
Emma birden ýykylañsoñ,
          Diýen bolmaz barmysyñ.
Şo pursatda dem alsañam,
          Öziñ  jansyz  ýalysyñ.
Medet dile Bir Alladan..
          Kabul eder nalyşyñ.
Başa gelen ýöne synag,
          Hudaý  sizi  söýse synar.
Käte gatar ýeñse damar,
          Sabyrly bol, barzat bolar.
Bagtam geler, paýam ýeter.
          Birini söý jennete elter.
Ajatsalar  sűyje beter,
          Dűnýe ýaşanyña deger.


awtor:🍊🍊🍊🍊🍊
73
277
mandarin
11.07.2023 22:50

Içime dert saldym, agladym niçe.

Maña şaýat bolan, bir aýly gije. 

Söýibem ynandym, çykmady bije

Ynsan bir köýensoñ,  gorkysy gűýjär.


Çyrpynyp urundym, gyýyldy  Ejem.

Menä garamañlaý, sen akja geçi.

Zat bolmadyk ýaly, deñimden  geçäý.

Öleñsoñ men hakda, nä jogap berjek.


Giden gelsin diýip,  edemok  dileg.

Baglaram gurasa,  miwesin keser.

Bagyşla sözlerim,  ýůregiñ diler.

Indi ol söýgimiz,  taryha geçer

65
258
mandarin
10.07.2023 21:51
Ejemjan şanyña, ýazaýyn şu gűn .
Men diýip ençeme, çekensiñ şöwűr.
Bizi doýrup öziñe, galdypdy göwűn.
Mydama gűlip gez, ýaşartsyn döwir.
69
184
mandarin
09.07.2023 15:30
Göwin berip söýenim,
Ýeke jaña geçmedim.
Maña birzat bolaýsa,
Göziñden ýaş seçmegin.

Bu wagt hemme gereklisiñ,
Sűýji sowuk çeşmesiñ.
Çölde teşne galsamam.
Sen suwyñdan içmerin.

Ömriñe gezersiñ, gaýgyñy gizläp.
Saña jañ etmerin, ýenede dözmän
Setirler ýaraly ýűregiñi duzlar.
Indi ol bagtyñam özgeden gözläý
64
323