mandarin
22.09.2023 09:44

Ölemsoñ gerekdäl daşyma gűmmez.

Meni  garyp görip, űstűmden gűlmäñ.


Her iki gűrlänä gadyrym bolmaz .

O pespäl edebim, könelmez solmaz.


Tanşym köp bor jűbim bolsa galyñjak

Oduny bar, käsi menden ýylanjak.


Sada diýseñ dili doly gañyrçak 

Şu döwűrde ile  nädip ynanjak


Ýűz bermedim herbir dosdum diýene

Alla besrin, namarda zar  eýleme. 


Bagtymy ber  bu dűnýäde egleme

Şan şöhradym  ýuwaş-ýuwaş beýgeler

55
189
mandarin
09.09.2023 12:29

Söýűp başarmadyñ, nämedi derdiñ.


Bilýäñmi? Dűnýämem, berip bilerdim.


Öñűmden çykaýsañ, gaçmaz o keýkim


Ýeriñ aýratyn däl, meñ űn herkim.



Sen belkide görmegeýsiñ gözelsiñ.


Ýöne bilgin görkezenñem görersiñ.


Aldama sadany goýma göwinsiz.


Maslahatym toba etde dűzel sen.



awtor: mandarin (kesha)

64
392
mandarin
08.09.2023 08:13

Tűrkmen nakyllary öwrileni.



Ýigide műñ hűnär hem azdyr🙂.


Gyzlara műñ problema hem azdyr😁



Ýigit howlugar tudana wagtynda bişer🙂


Gyzlar huwlugar ýöne bir işem çalt bitmez😁



Gyzym bar uzum bar biri gelse näzim bar.🙂


Gyzym bar.azgyn bar. biri gelse alp git diyen sozim bar.😁😂🤣.



başgada kän welin gyzlar öýkeläýmesin😁😁😁

58
447
mandarin
07.09.2023 12:46
Hergűn çeken, zarlarymy gördűñmi ?

Özűñi   ýerime,      goýup bir gör sen.

Men ýaly ýűregiñ,  hasrat çekdimi?

Sensiz, sessiz, dertli halym bir bilseñ.


Görmesem didaryñ demim tutular!

Ýetmedimi göwniñ, aýtgyn utanma.

Saña berjek söýgim, çäksiz gutarmaz!

Ant içernem ,sözlerim hak bir bilseñ.


Men näderin, gitseñ birden daşlaşyp.

Ýűregim islemez, senden başgasyn.

Bir ynan sen, bolmaz bizde hoşlaşyk.

Ömirlik ýanyñda  boljak bir bilseñ.


Senä bägűl,  menem ugruñda bilbil.

Haýsy kararda sen, gursadyñ diñle!

Il gepine gidip,  köpelse diller.

Dűnýä  iki gelmejegimem bir bilgin..


awtorski:🍊
55
255
mandarin
05.09.2023 01:22
Gaýtalap öwipler, ýazypdym adyñ.
Eje sen dűnýede, gymmatly zadym.
Öljegni bilsede umytda adam .
Waspyñ gutarmajak bir edebýatdyr.

Gymmat saýdym, ýöne nyrh berilmez.
Ýylgyr eje hiçem göwne degilmez .
Hudaýdan soñ, saña dyzlam epiljek.
Giñ kenar sen...
ol ýaşlygmyz..
.... joşan bolýan deñizle.

awtor:🙋‍♂️
56
118
mandarin
24.08.2023 12:34

Keyik dogan uzak yaşy dileýän

Seni dogan täze  aýa deñeýan

Agzybir ojagyñ  mährem gelni sen

Bagt size gelsin, gaýgy gelmesin.


Meni kiçilikde, ulaldanam sen

Terbiýeler berip, uýaldanam sen

Umydyñy űzme, ulydan al dem.

Eden arzuwlaryñ hemmesi geler.


Ýygrylyp däl uýam, yylgyryp gezgin

Allajan eçilese ekizden berer.

Her demiñde, her dilegde  dilewer.

Sizde-de  mähirli çagajyk bolar.


Kabul et gutlagy, jigiñ adyndan

Eden ýagşylyklar çykmaz ýadymdan.

Garrylyk däldir hic 30 ýaşyñda .

Bagtlysyñ hemem ýaryñ ýanyñda.


awtor:🍊 haýyştlar boýunca

Doglan Gűniñiz gutly bolsun suratdaky ýaly çagajyklarñyz bolsun...🤭🙂

63
296
mandarin
22.08.2023 11:38

Ynanaý bir seni göresim gelýär

Gelyärde ýűregim berenok karar

Ýanyña baraýsam dilem tutular.

Bilmedim nädip señ, göwnűñe ýararyn .


Ilkinji duşuşuk, ilkinji söýgi.

Nähili  aytsamkam ilkinji sözmi.

Kömek et ýaşlygym,

                  Kömek ber söýgi.

Seni bir görmesem, bor maña  görgi.


Ahyr gűlűm, gűlű alyp  ugradym

Şonda bir eştsediñ,  kalp urgusun.

Aýtmaly arzuwlam, çensiz ummasyz

Ykbal  bizi hicem, ýeke goymasyn.


Billeriñ incejik elleriñ näzik

Allam beyle gözel, döredi nädip

  Duygulary umman, ol atyn balyk

Şeýle bir gudraty söýmäýin nädip

68
292
mandarin
20.08.2023 00:49

Jorajan gutlaýan onýedi ýaşyñ

Onýedi gezegem onýedi ýaşa. 

Şonça ýaş içinde  etjek arzuwum

Bir sekunt ýitirme, ýylgyryp  ýaşa.


Iñ ýakyn jorañdan bir anyk jogap.

Bagtdan ýeke  paýyñ gitmesin sowap.

Ýalançy gepçileñ içlerin duzlap .

Olara ýylgyryp söndirip ýaşa .

 

On altyny aldyñ, indem onýedi.

Indiki ýyl etsin, talyplyk nesip.

Şol uly okuwyñ lentasyn kesip.

Aljak bilimiñe buýsanyp ýaşa.


Şu gűnde aýdylan hoşgowy sözler.

Jan joram adyña ýűrekden dűzűlen.

Egerde damjadan aýlansa gözleñ.

Diñe gűlki bilen şatlykdan agla.



Gűl maşgalañ ìñ körpeje gyzy sen.

Näzli jorañ syr saklaşyan uzy sen.

Entek bir ýigidiñ çekjek nazi sen.

Mähirden dolup gez joram Mähriban.


awtor:🍊

...haýyştlar boýunça

65
360
mandarin
16.08.2023 10:25

Iki gyzyñ  her ganatyñ.

Biz aglasak  sen agladyñ 

Eklediñ hemde armadyñ

Ýaşyñ uzak bolsun eje


Ejem ejem janym ejem

Dűnýe jennet ýanyñ ejem

Señ  şatlygyñ bagtym ejem.

Ýaşyñ uzak bolsun  ejem.


Ilki sözim boldy näne

Suwam basyp iydik nana

Tarypyña azdyr nama.

Uzak ýaşa dana ejem


Il icinde bar  abrayyñ

Ýere çalmars gyz abraýym.

Toýumda gyýylyp aglasañ .

Galan wagt ýylgyr eje

71
221
mandarin
16.08.2023 05:59
Bir bahana  basar  gider ýűzűme
Soñunda  duryan bir zenan görmedim.
Her gůrlände gulak goýdym sözűne .
Gepinde tapylan erkek görmedim.

Hemme arzuwlarym. bar gözel göwnim
Göreşdim her demde, ýaşajyk  döwrim.
Hemme arzuwlarym, bir çyna öwren.
Manatsyz açylan, gapy görmedim.

Garyplygym gorapdymy beladan .
Ya baý bolup edilmeli  gűnäden .
Içilen antdan, geçlen gűwäden
Ajy sűýji hic bir, tagam duýmadym.

Dana-da  gűrleýä bir uzyn sakal .
Aýbyny aydaysam dillerim sakaw.
Haramy halala öwirip ýapan.
Şol gojañ ýűzinde iman görmedim.

Kerim aýdar kemim ýok diýjekdäl.
Beýik saýyp ili pesde duýjakdal.
Ýykylaýsam  galdyrandan, gűljek kän.
Ölinçäm adamda gadyr görmedim.

Awtor🍊🖋
69
154