mandarin
29.11.2023 20:34
Salam gůler ýűzli eziz agzalar men bir aytmaly gorkyan zadym  bar. Şu adamda gorky nadip doreyanni aydyp bereýin.😌 Seret meselem men 1 ýaşdan 5 ýaş aralykda dogtarlardan gorkýadym👩‍⚕️. Öziñiz bilýänizä özleri caga bolmadyk ýaly elimi gara gan😭 edip goýberýadiler. Aý bor 5 yaşdan soñam hezillik yok hemmamiz habarly mekdep 🏢diýip birzat bardygyny aytyardylar onnada mollumdan👩‍🏫 gorkulya namcun diýmañ . Näce \"Taýaklaryñ döwűlmegne sebap bolan\"👑 diplomumam bar. 10 ýaşdan soñ hezil mollumlar özûműziñki.  Aý onnañ bir balamutlyk😈 başlanýa . Meselem Kakam yatyrka masyn ogurlamana ýurek❤ bar yone şu bir \\Papakly, ala hasasy yere degmeyan\\\"👮‍♂️daýydan baý cekinýädimä. 18 de prawa alansoñam gorky galanok  Onnañ reski gulluk 😀otaýdada oglanlar  habary bardyr Kamandirden 👨‍✈️gorkyşyn yaly daglardaky yolbarsdanam gorkulanok. 100 gezek atźimanya bn arañ nali . Ay bolya gullukdan gelyañ ... 3gun myhman . Onnañ işe işdede elbetde başlyk👨‍💼2 sagat durman işleseñ bilýan yok, yone 5min telfon oyna reska jañ gelýä nadip gorkmajak onnañ. Inni bir mesele bar  öýlenmek onsañam ömrűñ soñuna cenli👰 gorkup gezmeli sebap bir dostum yadyma dűşdi..borlaý diýesim gelip dur.😁😂🤣 dowamy kän...

Oglanlaryñkam añsat däl mert boluñ.
63
404
mandarin
27.11.2023 00:48
Öñűmden çykaýsañ saña gepim ýok.
Asla ýamanlygym gara netim yok
Yöne şol pursatlar  galypdym demsiz.
Bagtyñy dileýän gideniñe degsin.

Geçmişi dolamak gury bir hyýal
Özűñe öműrlűk, saýla söwer ýar.
Saña ýűrek berdim, edipdiñ zyýan.
Indi ýollar aýra, herimiz birýan
74
905
mandarin
24.11.2023 06:08
Şeýle pursat geçip gitdi başymdan.
Bir göri görmedim, juwan ýaşymda.
Toýuma gatnaşyp gelen dostlarym.
Birje haýyşt kyn görildi ýasymda.

Ýekelik näme zat şonda bilinýa.
Adam gözi bilen göreninden soñ.
Çyn merdiñem göz ýaşlary dökilýa.
Umytlary birden tükelenden soñ.

Aslynda sagboluñ tananym üçin.
Kyn günde gyrada garanyñyz üçin.
Indi gerek bolsam, kömegim degmez.
Diñe sylagymbar, Salamyñyz üçin.

Açyldy şeýdibem taze öwűşgûn.
Herģun yeke kynçylykda göreşdim.
Men illere iş dűşende hantama.
Mätäj duýgym duz sepdiñiz paltalap
128
772
mandarin
04.11.2023 23:06

Meselem; Siz kimdir birini doly tanamak isleseñiz, şo kişä Öwrenmelä girmegi maslahat beriñ. Şeýtseñiz ony Ejesindenem has gowy tanarsyñyz. Sebabini soramañ bärdäkileñ bilýanini Adwokatlaram bilenok. Doglanyndan başlap şu wagta çenli bilinýä Kimlere degişlikä diýmañ menem şeýle ( gep űsti) bilen...😁😂🤣

56
478
mandarin
04.11.2023 14:12

Seniñ törűñ bilseñ janymyñ içi

Başga biri bolmez synanşsa niçe.

Ikimize ýeter  bir öy hem keçe.

Agzybirje bolsak kynçylyk geçer


awtorski🍊

57
203
mandarin
02.11.2023 22:46

Iñ agyr ýűkleri ýaşlyk göterýär.

Műñläp pikir, iki eginiñ űstűnde

Duýmakañ duydansyz, dertler kőpelýär.

Ýaşlyk seni artyk goýar kesbiñden.


Iñ agyr sőýgűni ýaşlyk göterýär.

Juwankañ dűşűlýä, söýgi gapana

Dady-peryat edip, däli-diwana.

Hemem sada bolup, gezýäs armanda.



Iñ agyr geplerem ýaşlyk göteryär.

Her bir aýdylana ýylgyrýas çala 

Biderek zatlara wagtam gidirýäs.

Soñam oýa batyp, ýetilýär daña.


Iñ sűýji gűnem bar , käte utanýañ.

Ýaşlyk döwrűñ, alawlaýan hupbatlañ

Käte-kätelerem demiñ tutulýa.

Ýatdan cykmaz, ot syçraýan pursatlañ.


Şeýdibem ýaşlykdan alynya sapak.

Kimlerä akylny,  kim bagt tapar. 

Indi ýola dűşdůñ, geçirme parhsyz.

Ol geçen ýaşlygam, gelmez hiç haçan.

57
94
mandarin
12.10.2023 21:59

Öwrenmeli adyñ,  kän öwretyäniñ

Täsinlikler doly,  bir döwlet ýaly.

Adym ýoga diýip,  göwűn etmäliñ.

Goşgymy halana,  sarpam ýetýändir.


Birgűn gamly bärde, birde şatdyryn.

Kime tanyş kime geñje atdyryn.

Űns etdiñmi? progda ýeser zatdygym.

Bilip bolar okap, goşgym datsañyz.


Diñe men däl, hemmelerem űýtgeşűk

Bal űstűnde gider  postda bäsleşik   Gőrűşmänem boldyk, misli kärdeşem 

Köpűñ dogan saýdym, köpűñ syrdaşym .

 

Hezil geçer munda, girseñ gűndelik.

Girmeseñem ýöremez ol gűnleriñ.

Ýatdan çykmaz, ýazyşan ol sözleriñ.

Siziñ űçin, täzelik bor gözlegim...



awtor: ýene-de(🍊)

80
392
mandarin
01.10.2023 20:37

Köpűni berip azyny aldyñ

Aýdym aýtsam , sazyny çaldyñ.

Urlyp gelsem arymy  aldyñ.

Kä wagtlaram ,  basdaş dogan.


Ejem  ýokka hökim etdiñ

Çaga döwrim gaty  betdim

Oýnamaga aýtman gitdim .

Gygyrlanam sendiñ dogan.


Maşgalada deñ ekenik.

Bir janu bir ten ekeniñ.

Oý etsem doñup dikilip

Dertleşenim uýam bolan.


Aý aýlanar,ýylam geçer.

Ene-atamyz baky behişte uçar.

Dost ýar, yokka gyssa içim.

Bir ýylgyryp dogan geler.


awtorski🍊

55
128
mandarin
30.09.2023 19:26

Her gezek jennete, gidipdim eje

Hepde-de bolmasa,ayda bir gezek.

Dűnyäden  yadasam, yekesiresem.

Mazaryñ gujaklap, ýatypdym niçe.


Her gezek dűýşűmde, göripdűm eje

Seniñ ýatan ýeriñ,  aý'danam ýagty.

Gözlerim gamaşyp, damagym doldy.

Nurdan doly daragt, bardy ýekeje.


Her gezek-de ýetjek bolup men eje.

Ýöredim ädimläp, daşlaşlaşdyñ çete.

Basmana bagryña, irräkmi entek?

Ýada ha men mynasyp däl jennete!


Dűýşűñ bir ýerinde, tisginip turdum .

Garañky gijede,  gara der bolup

Ýalançy dűnyade  imanly bolman.

Ol jennete gireýin, men kim bolup.


Geldim soñ özime bildim birzady

Bela beterlerden gorar ekeniñ

Şeýtana uýugyp azaşsam birden

Halyma asmandan aglar ekeniñ.


Menä öljek bolup dűýşde başagaý

Aslynda mydama sen bar ekeniñ

Her okan namazym dileg-dogamda

Ruhuña bir aýat islär ekeniñ.

54
108
mandarin
26.09.2023 21:31

Ine gecdiñ dogtar yigrimdördede.


Başyñ dik tut geçmişiñi dörmede.


Her gűnűñ bagt bil saglyk ýörelge.


Bol halkyña gereklenýän görelde.



janyñ sag bolsyn uzak ýaşa gijiräk eştdim.🙂

53
155