2022-nji ýylyň hasabyna görä 7151 diliň barlygy, 142 sany dil maşgalalarynyň şolardan ýer ýüzüniň 3/2 bölegi bary ýogy şonuň 40 dilinde gepleşýändigi anyklanyldy.
BMG-nyň resmi dilleri diýlip hasaba alnan bary ýogy 6 sany dil bar. Olar: iňlis, arap, ispan, hytaý, rus we fransuz dilleri. Dünýä dilleriniň owadanlygy barada aýdanymyzda bolsa filologlaryň pikirine görä iň owadan diller: türk, arap, portugal, koreý, hytaý, ukrain dilleri hasaplanýar. Iňlis dili takyk, anyk, rus dili bolsa talaba laýyk dil hasaplanýar. Käbir alymlaryň pikirine görä hindi, pars, gruzin dilleri owadan diller hasaplanýar. Söz baýlygy ýa-da ulanylýan sözleriniň köplügi boýunça grek dili 5 mln-dan gowrak sözi bilen dünýäniň iň baý dili hasaplansa, iňlis dilinde bary-ýogy 500 müň söz ulanylýar. Dünýäde iň köp ulanylýan we öwrenmesi aňsat dil hem iňlis dilidir. Edil şonuň ýaly dili öwreniji alymlar tarapyndan öwrenilmesi iň aňsat dilleriň sanawy degişlilikde: iňlis, ispan, italýan, fransuz, portugal, pol, grek dilleridir. Bu bolsa Ýewropa sebitiniň käbir sözleriniň meňzeşligi umumy ulanylýan sözlerdigi bilen düşündirilýär.
Ýer ýüzüniň ilatynyň:
1.1,452 mlrd adamy – iňlis dilinde,
2.1,2 mlrd adamy – hytaý dilinde,
3.602 mln adamy – hindi dilinde
4.534 mln adamy – ispan dilinde
5.372 mln adamy – arap dilinde gürleşýärler.
ashgabat.in