leýtim
06.04.2023 20:00

Durmuş


Näme üçin gün günden ýagşylaň sany.

Kemäp barýar ýamanlyga öç bolup.

Şeýtandanmy, nebisdenmi bilmedim.

Ne sebäpden diýdiler ýör aç bolup.


Bir birege sylag hormat nirede.

Nirede her sözi kasam ýigitler.

Dost diýeniň tilkiden pis çykyp dur.

Artan eýesine topulýan itler.


Utanyp diýemde ol utanmasa

Üşäýme gyz ýubka dälde köýnek geý.

Gahar gazap bilen batly ses bilen.

Birje jogap berdi olam bolsa eýýý.


Garaz düzeder diýip ýalňyşyn aýtsak.

Begenmäň ýerine duşmany öýder.

Soň kimdir kimlerdir oňa seretmez.

Dilini uzadyp depäňden Haýdar


Indi gürlemänjik gezäýsemmikäm.

Ondada gürle diýip dürtülermikäm.

Ýa menem özlerine göräräk bolsaň.

Sen adam bolmarsyň diýilermikäm.




Şirnazar Taganow.

2
8
leýtim
04.04.2023 05:11
Bir eneden ak süýt emen doganlar
Bir birini söýmese ol kime gerek
Bir ojakda önüp ösüp gelenler
Bir birini görmese ol kime gerek

Dogan dogan üçin janyn sarp eder
Durmuş gurup her kim bir tarap gider
Soňundanam dogan gybatyn eder
Gybat edýän dogan ol kime gerek

Söýjekmi doganyň ýürekden söýgün
Iýýän nanyň ýarsyn doganyňa bergin
Baýlygyň bolanda kemsitmän gezgin
Doganyn kemsitýän ol kime gerek

Saglyk baýlyk ölüm her gapyn kakar
Baý bolsaň görüpler ol seni çakar
Şeýdibem dogandan arany açar
Gepe gidýän dogan ol kime gerek
8
24
leýtim
03.04.2023 20:46
Ol kime gerek.

Bir eneden ak süýt emen doganlar
Bir birini söýmese ol kime gerek
Bir ojakda önüp ösüp gezenler
Bir birini görmese ol kime gerek

Dogan dogan üçin janyn sarp eder
Durmuş gurup her kim bir tarap gider
Soňundanam dogan gybatyn eder
Gybat edýän dogan ol kime gerek

Söýjekmi doganyň ýürekden söýgüni
Iýýän nanyň ýarsyn doganyňa bergin
Baýlygyň bolanda kemsitmän gezgin
Doganyn kemsitýän ol kime gerek

Saglyk, baýlyk, ölüm her gapyn kakar
Baý bolsaň görüpler ol seni ýakýar
Şeýdibem dogandan arany açar
Gepe gidýän dogan ol kime gerek.

5
7