kyya
11.06.2024 12:05
Sen meniň Şährizadam

Sag-aman ördüňmi?
Ýatmadyňmy ýa?!
Öten agşam men-ä uklap bilmedim.
Gündizki gürrüňleň agdaryp her ýan,
Hyýalymda ýene seni diňledim.

Sen gürle oýundan, ýalandan-çyndan,
Alnymda oturyp otar erteki.
Bu dünýe diýeniň ybarat şundan,
Şu gün söýşüp, ökünmeris ertesi.

Nähili ýakymly gürleýşiň, sesiň,
Owadan keşbiňe gelişýän owaz.
Göz öňüme gelse belendiň, pesiň,
Süňňümi bir süýji galpyldy gurşar.

Görküň bilen kalbymda yşk oýaryp,
Sesiň bilen essim aýyp gidensiň.
Diňläýin men misli Şähriýar bolup,
Diňläýin,
ruhum bir hezil edinsin.

Haý-höwesden çykarmy bir netije,
Barmyka panynyň ähdi-wadasy?!
Erteki gürrüň ber bir müň bir gije,
Sen ömrümiň ýalňyz Şährizadasy.

Şygryýet şährim

Uludan dem alsam — adyň tutdugym,
Soň içimden gaýtalaýan uzak gün.
Gözüm ýumsam — seň ýanyňa gitdigim,
Gözüm açsam,
«Gel...» diýp, eliň uzatgyn.

Dür seçiler gunça agzyň açylsa,
Suwsan kalbym owazyňa teşnedir.
Ruhum çöplär diliň bir söz gaçyrsa,
Sende ahyr gözläp ýören eşretim.

Öň başa barmadyk hyýallaň jemi,
Zeleli ýok, goý, bitmese bitmesin.
Sesiňe döneýin,
şu sesden meni,
Şu bagtdan bir Taňrym mahrum etmesin.

Saýrak guş diliňe gurban bolaýyn,
Güleňde, gürläňde açylýar şähdim.
Sen alysda ýaşap ýören golaýym,
Eý, yşkdan ybarat şygryýet şährim.

Aý, bolýar…

Men pelege gargap barýan içimden,
Pikirlem bulaşyk,
duýgulam dury.
Gyzgyn kofäň howry gidip kem-kemden,
Boşapdyr kalbymyň arzuw bulgury.

Jaň etsem almadyň. Gaty gördüňmi?
Seni näme diýip öýkeletdimkäm?!
Ýa bir sözi aýtman göwne degdimmi,
Ýa yşka meşgulmyň? Ýeri, ol kimkän?

Aý, bolýar, bolmasa bolmajagydyr,
Başyň esen bolsun, gijeleň mahmal.
Mensiz oňýan bolsaň durmuşyň şowdur,
Bagtly bolmasaňam,
rahatsyň, ahmal…

Bu ömürde bar umydym söýgüdi,
Ony-da boş geçen ýyllar apardy.
Meni hiç kim isleýşimçe söýmedi,
Diňe enem pahyr çyndan öperdi.

Bir şahyra nirden indi diýsene,
Munça söýgi, munça niýet, munça päl?!
Sen ýanymda bolsaň, edil şu dünýe,
Gyzgyn kofe bolsa oňuşmazça däl…

© Seýitmyrat GELDIÝEW

Çeşme: nesil gazeti 08.06.2024ý. yazyjy.ucoz.net
4
24