kralinkizi
17.08.2023 19:15
Gyzlar nähili oglana durmuşa çykmaly?


Gyzlar, birinjilik bn ozunizden bashlan, siz akyllymy, asyllymy, ozunize gownuniz yetyarmi, gowy gelin we eje bolup bilersinizmi? Eger hawa diyseniz, sizin ozunize gora oglana durmusha chykmagynyz gerek.
Birinjidena baylygyna seretman. Elbetde baylyk hich gyzada päsgel bermez, yone baylygy in esasy zat diyip pikirlenman.
Ikinjidenem, owadanlygyn yzyndan ylgaman. Owadan erkegin yzynda bashgalaram ylgayandyrlar, shonun uchin ozuniz yoldashynyzdan owadan bolsanyz, ozunize gowy. Ol sizi garagullar, siz ony dälde :-)
Üçünjiden, oglan ya okuwly (diplomly), ya eli hünärli (mehanik, elektrik we ş.m), ya ishli (aylykly) bolsun. Eli bosh, gunuzyn ishsiz sümsünip yoren bezdelnikden gachyn!
Dordunji, oglanyn ene-atasy bn bolan aragatnashygyna üns beriñ. Ene-atasyny, mashgalasyny sylasa, soyse, hormat goysa, oz mashgalasynada sheyle sereder.
Bäşinji, dostlaryna seredin. Biderek adamlar bn dost bolsa, hokman sholaryn biri sizin gununizi kynlashdyrar. Gynansakda kabir turkmen oglanlarymyz oz dostlarynyn gepine gidip, soygulileri bn aralaryny bozayarlar. Durmushdan bir waka: Bir gyz dayzasynynka baryanyny oglana aydanda, olam ay bolyar diyip tel-de gurrunini tamamlanson, halki oglanyn dostlary öjükdirip oglany:”Ey sen oz aydanyny etdirip bilenokmay? Otursyn oyunde, dayzasynynkyda name ishi bar?” diyenlerinde, ol samsyjak oglan (27 yashynda, Malayziyany gutaryp gelen kompyutershik, akylyn yashyna ya bilimine görä däl diyilyanlerden :-D) soygulisine jan edip, yzyna oyune git diyip abay bn gyzyn gownune degyar. Halki gyzam munun bn arasyny bozyar. Ol garamanlay oglan onson oz samsyklygy ucin 1 aylap gyzyn podyezdinde it bolup uwlayar, ahyr yarashyarlar. Shu zatlaryn onuni alyp bolardy, hachanda shol oglan oz kellesini ishleden bolsa, dostlarynyn gepine gitman. Yene-de siz oglanyn dostlary bn köp ygyp yorenini gorseniz, bulam size bir signal: oyuniz kompaniya bolar, dostlary kop gelip yurege dusher. Elbetde yilda 2-3 gezek kompaniya bolsa erbet dal. Yone her aydan oyune gelip, yurege dushup dursalaram gowy dal. Yene-de ozuniz gije chenli nahar bishirip gara gune dushersiniz.
Altynjy, size hormat bn seretyarmi? Siz bn mylakatly, medeniyetli gurleshyarmi? Ya size abaylanyp, elini galdyryarmy? Shol zatlara seredin, chunki shol zatlar siz mashgala bolanynyzda, chagalarynyzyn gorjek zatlarydyr. Oglan gaharlananda, sabyrly bolup, gyza adam yaly yagdayi dushundirmeli, chunki mashgalada urushlar bolup durar. Eger gyz akmak bolsa, oglanyn oz gunasi, akylly gyza oylenmeli ekeni. Siz gyz bolup, hatda soygulinizi biraz gahar testdenem gechirip bilyaniz. Gaharyny getirip gorun we reaksiyasyny gorun. Gahary gelende, hakyky yuzuni gorersiniz.
Yedinji, soyyan oglanynyz sizin chagalarynyzyn yzynda ylgajak adama menzeyarmi? Ya dine dogurdyp, bar aladany sizin ustunize yapjaga menzeyarmi? Mekdepde yignak bolanda, yignaga gitjek kakamy ya sadige chagasyny irden akitjek kakamy? Shol zatlarada uns berin.
Sekizinji, sizin mashgalanyza hormat goyjak oglanmy? Ya-da, seninkiler we meninkiler diyip gurlejeklerdenmi? Gayin tarapyna nahili garar, shol zatlaram wajyp.
Dokuzynjy, derejaniz, dushunjaniz, dunyagayshynyz den gelyarmi? Deñ gelmese, siz shol oglan bn nadip omrunizin sonuna chenli yashamagy plan edyaniz?
Onunjy, babnik dal oglanlaram kan, yone babniklerem kop. Shol oglanyn size wepaly bolup biljegine goz yetirin. Gozi oynap duran, ona muna seredip duran birzat bolsa, toydan sonam duzelmez. Shonun uchin agrasyrak, asylly, akylly bir oglana barjak bolun.
33
215