kizz
27.11.2023 14:30
Suratda näme görýärsiňiz?



Optiki illuziýalary bolan wizuallar adamlaryň häsiýet aýratynlyklaryny ýüze çykarmakda aýratyn orun oýnap biler. Ine, şeýle wizuallaryň biri bolan ýokardaky suratda atlar, guşlar we zenan bar. Bu üç şekiliň haýsy ilki bilen siziň ünsüňizi çekdi? Saýlan şekiliňize görä, şahsyýet aýratynlyklaryňyz:


Guşlar. Eger-de suratda ilkinji gören şekiliňiz guş bolsa, bu siziň hyjuwly we çylşyrymly adamdygyňyzy aňladýar. Köplenç, ikitaraplaýyn pikir alyşmalara alyp barýan ynamyňyz bar. Mundan başga-da, bu şekili gören adamlar parahatçylykly we duýgur şahsyýetlerdir.


Atlar. Suratda gören şekiliňiz aýalyň saçyna meňzeýän atlar bolsa, bu siziň içiňizde deňagramlylygy saklaýan, ýöne gapma-garşylyklary bolan adamdygyňyzy aňladýar. Özüňiz iň gowy görnüşe eýe bolmak bilen, yzygiderli öňe ädim ädersiňiz. Bu adamlar daşyndan gaty görünse-de, olar diýseň rehimlidirler.


Zenan. Ilkinji gezek seredeniňizde, zenan ýüzüni gören bolsaňyz, onda siz durmuşyň geljegini görüp bilýän seýrek adamlardan biri. Köplenç, ýerine ýetirýän işiňizde üstünlik getirýän guramaçylykly gurluşyňyz bar. Şeýle-de ünsli we tertipli şahsyýet aýratynlygyňyz bardyr.
36
280
kizz
26.11.2023 09:54
Suratda näme görýärsiňiz?!






Eger-de, siz bu suratda gojany gören bolsaňyz, onda:

Durmuşyňyzdaky ähli zada rehimdarlyk edýän duýgudaş şahsyýetsiňizdir. Daş-töweregiňizdäki dünýäniň gözelligini we reňkini hemişe görýän ýokary döredijilikli adamdygyňyz üçin beýniňiziň sag tarapyna bil baglaýarsyňyz. Bu oňynlygy asla ýitirmäň!

Ýa-da bir zenan gören bolsaňyz:

Beýniňiziň çep, analitiki tarapy sizi herekete getirýär. Dünýäni gara ýa-da ak reňkde görýärsiňiz. Daş-töweregiňizdäki çal spektrlere köplenç üns bermeýärsiňiz. Hakykaty has köp görmek üçin aňyňyzy we ýüregiňizi açyk saklamaga synanyşyň. Durmuşyňyzda başgalaryň pikir-garaýyşlaryny dogry kabul etmeklik siziň dünýäňizi has gowulaşdyrar.
30
285
kizz
26.11.2023 01:13
Gahar — duşman, paýhas — dost.

Goňşyň toý etse, sen-de gapyňy açyp goý.

Ýa dostuň çanagyna bar, ýa çanagyňy dostuňa elt.

Ýüregiň çekýän ýerine ýol alys däldir.

Ýagşy goňşy — baýlyk, ýagşy hatyn —behişt.

Ekine şärik bolmasaň, öwme-de, syndyrma-da.

Nätanyş ýeriň çukury kän.

Şaly üçin haşal otlar hem suwarylýar.

Baýlyk baýlyk däl-de, agzybirlik baýlykdyr.

Bir ýyl tut eken ýüz ýyl hasyl ýygnar.

Müň garga bir daş ýeterlik.

Köp gezenden däl-de, köp görenden sora.

Egri agaç düzelmez.
24
44
kizz
25.11.2023 07:18
Sarymsagy dyrnagyňyza çalsaňyz näme bolar?
Häzirki wagta çenli dyrnaklaryňyzy uzaltmagyň birnäçe usullaryny synap gören bolsaňyz gerek. Ýöne käbir usullarda üstünlik gazanyp bilmedik bolsaňyz, bu usuly hökman synap görüň! Sarymsagy dyrnaklaryňyza çalmak gudratlar döredip biler. Dyrnaklaryňyzyň ösmezliginiň köp sebäbi bolup biler. Ilki bilen bu meseläniň çeşmesini tapmaly. Ganazlyk, gowşak immun ulgamy we ýeterlik iýmitlenmezlik ýaly ýagdaýlarda dyrnaklaryňyz kadaly ösüp bilmez.

Eýsem, bu usuly nädip taýýarlamaly?

– Sarymsagyň birnäçe gabygyny eziň;

– Kesilen sarymsagy dyrnagyňyza çalyň;

Dyrnagyň reňkini açanyňyzda sarymsagyň ysy gelýär. Ýöne alada etmäň, ony ulananyňyzda sarymsagyň ysy bolmaz.
22
29
kizz
23.11.2023 14:44
Nädip stress kesele sebäp bolup bilýär?

Stress bize dürli görnüşde we dürli güýç bilen täsir edýär – hem fiziki, hem emosional taýdan.

Stress durmuşymyzda elmydama bar, we kämahal ol oňaýly täsir hem edip bilýär. Ol bizi has ünsli we aýratyn ýagdaýlarda bize has gowy öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Ýöne ol diňe dowamly däl bolanda oňaýlydyr. Eger stressly ýagdaý uzak wagtlap dowam etse ondan pozitiw täsir bolmaz, gaýta tersine, oňaýsyz (negatiw) täsiri has köp bolar.

 
◾Stress näme?

Stress – adaty däl basyş duýgusy. Ol biziň gündelik durmuşymyzyň dürli taraplaryndan gelip bilýär. Meselem, okuwdaky aşa köp talaplar, ýetginjeklik döwri, maşgaladaky dawalar, pul ýetmezçiligi we şuňa meňzeşler.

Şeýle ýagdaýlarda durmuşymyzyň adaty akymy bozulýar, we biziň bedenimiz stress reaksiýany döredýär – oňaýsyzlyga reaksiýa berýär. Ol dürli fiziki alamatlara sebäp bolup bilýär, özüňizi alyp barşyňyza täsir edip bilýär we has güýçli emosiýalara getirip bilýär.

 

◾Näme üçin stress geçenok?

Stressi dürli stressorlar döredýär – beýnimizde stress –reaksiýany başladýan obýektler, ýagdaýlar ýa-da wakalar,

Her kimiň stressory dürli. We kämahal biz onuň bilen elmydamalyk çözülşip bilemzok. Meselem, barlag işine/ekzamene taýýarlyk, gaharjaň klasdaş, jogapsyz galan söýgimiz, pul ýetmezçiligi, kesel we ş.m.

Şeýle ýagdaýda dowamly stress hroniki stresse öwrülýär – biziň bedenimiz stress-reaksiýa ýagdaýyndan özbaşdak çykyp bilenok, ol elmydama şol ýagdaýda bolýar. Ol ýagdaý bedeni çökerýär.

 

◾Hroniki stress haýsy kesellere getirip bilýär?

Stressiň diňe gysga we gaýtalanmaýan ýagdaýynda peýdalydygyny gördük. Artykmaç ýa-da uzaga çekýän dowamly – hroniki – stress ýürek-damar kesellerine (basyşyň üýtgäp durmagy sebäpli gan damarlary çalt “könelýär”), immunitet bilen bagly kesellere (stress immunitety pese düşürýär), aşgazan-içege ulgamlarynyň kesellerine, newrologiki we psihologiki kesellere (alada, depressiýa, ýokary duýgurlyk/gaharjaňlyk we ş.m.).

◾Stressiň giňden ýaýran fiziki alamatlary:

▪️çalt ýürek uruşy

▪️ukysyzlyk (adrenalin uklamaga ýol berenok)

▪️aşa derlemek (myşsalar ýokary derejede gyzyp durýar)

▪️işdäniň üýtgemegi, ýürekbulanma, iýmit siňmezlik (aşgazan-içege ulgamlary basylan, iýmit siňdirmäge ýetişenok)

▪️kelle agyry, başaýlanma (ýokary gan basyş)

▪️myşsa basyşy we agyry


◾Stressiň giňden ýaýran özüňi alyp baryş we emosional alamatlary:

▪️bimaza bolmak

▪️gaharjaňlyk

▪️özüňe pes baha bermek, daşky gurşawa gatyşmazlyk

▪️dowamly aladalar

▪️pikirleriň tiz gelip gitmegi

▪️şol bir zatda ýa-da hereketde durup galmak

▪️tiz gaharlanmak

▪️aggressiwlyk

Köplenç fiziki we özüňi alyp baryş alamatlary birek biregiň üstüni doldurýar we ýagdaýyň erbetleşmegine getirýär – siz soň öz ýagdaýyňyzyň erbetleşmegini hem alada edip başlaýarsyňyz. Ýagdaý bejerilmese gutarnyksyz dowam edip durýar.

 

◾Hroniki stress ýagdaýyndalygyňyzy nädip bilmeli?

Herkim stress başdan geçirip bilýär. Ýöne herkim bu ýagdaýdan baş alyp çykmagy başarmaýar. Nämä üns bermeli?

▪️Üznüksiz biynjalyklyk ýagdaý

▪️Ruhy çökgünlik duýgusy

▪️Ünsi jemläp bilmezlik

▪️Keýpiň tiz üýtgäp durmagy

▪️Gaharjaňlyk ýa-da gyzmalyk

▪️Dynç alyp bilmezlik

▪️Depressiýa

▪️Özüňe pes baha bermek

▪️Adaty ýagdaýdan has köp ýa az iýmek

▪️Uky endikleriňiziň üýtgemegi

▪️Alkogolly içgilere, çilime ýa-da gadagan edilen narkotiki serişdelere ýykgyn etmek

▪️Agyry, esasan hem myşsa agyrysy

▪️Iç geçme ýa-da iç gatama

▪️Ýürekbulanma ýa-da başaýlanma duýgulary

▪️Jyns gatnaşyklaryna bolan höwesi ýitirmek

Üns beriň! Eger ýokarda sanalan alamatlary uzak wagtyň dowamynda özüňizde duýýan bolsaňyz, olaryň siziň adaty durmuşyňyza täsir edýändigini bilseňiz, öz ýaşaýan ýeriňize degişli saglyk öýüne ýüz tutuň, öz maşgala lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň!

 

◾Stress bilen nädip göreşmeli?

Üns beriň! Bu maslahatlar – umumy. Siziň takyk ýagdaýyňyzda takyk bir bejergini maslahat almagyňyz üçin – lukmana ýüz tutmagyňyz zerur!

Adaty bolmadyk ýagdaýy başdan geçirýän bolsaňyz:

◾Gymyldy-hereket ediň. Sport, tans, gezelenç, sallançak uçmak, ýoga – islendik hereketler stressi ýeňilleşdirýär. Beýni hereket etmegiňizi talap edýärmi? Siz hereket edýäňiz. Bedene endorfinler bölünip çykýar, basyşa garaşýan myşsalar özüne gerek agramy alýar.

◾Pikirleriňi aýtmak. Sosial kadalar biziň beýnimize howply görünýän zat bilen söweşe girmäge ýa-da ondan gaçmaga ýol berenok. Emma howpdan goranmagyň jemgyýetdäki kabul edilen görnüşini ulanyp bileris – ýagny gürleşip bileris. Kanagatlandyrmaýan zat barada aýdyň. Kompromis (iki tarap üçin kabul ederli çözgüt) tapjak boluň. Işi soňuna çenli getirjek boluň. Mylakatly we dogruçyl boluň, emma öz pikiriňizden dänmäň. Bimaza edýän zat bar bolsa, siz ol barada gürleşip bilýärsiňiz.

◾Tagamly, emma ýeňiljek birzatlar iýiň. Aşa köp iýmekden saklanyň – iýmit siňdiriş ulgamyňyz stress ýagdaýynda işjeňlige ýetişmeýär. Emma süýjüje birzat iýseňiz, beýniňizi biraz sowmaga ýardam eder. Çünki siziň ömrüňize howp abanan ýagdaýynda siz süýjüje birzat iýmek bilen meşgullanmarsyňyz gerek? Ýa-da suw içiň.

◾Dynç alyň. Gürrüňdeşlikde – bir minut. Sapakda – bir sagat. Proýektde – bir gün. Säginiň. Ol barada pikir etmäň, gürrüňini hem etmäň, okamaň. Beýniňizi öçüriň. Özüňize dynç beriň. Özüňize özbaşdak wagtlaýyn dynç berseňiz, soňundan depressiýa düşmezlik üçin kömek eder.

◾Özüňize ünsli boluň. Öz ýagdaýyňyza serediň, üýtgeşmelere ünsli boluň: dörän biynjalyklyga, ukysyzlyga, ünssizlige we keýpsizlige. Iň gowusy soňundan netijeler durmuşyňyza erbet täsirini ýetirende göreşmegiň ýerine alamatlara başda üns bermekdir.

◾Ukyňyzy alyň. Uky näsazlyklary – stressden ejir çekeniňizde adaty ýagdaý. Ýeterlik derejede dynç almaga synanşyň. Uky gigiýenasyna üns beriň – ümsümlik, garaňkylyk, salkyn we öňünden şemalladylan ýer.

◾Özüňize ýowuz bolmaň. Işiň/wakanyň geljekgi ýagdaýyna serediň. Ahyr soňy, hemmämizde hem erbet günlerimiz bolýar. Esasy zat, olaryň soňy bar. Erbetlikler hökman gutarýar.

 

◾NETIJE

Stressden gaça durmak mümkin däl. Olar kämilleşmäge we mümkin däl ýaly görünýän zatlary işleri amala aşyrmaga iterýär.

Stress durmuşyňyzyň mydamalyk ýakymsyz bölegine öwrülmezligi üçin olar bilen göreşmegi we stress yzygiderligini jemlemegi öwreniň. Eger bu ýagdaýa eýýäm düşen bolsaňyz, tizräk bu ýagdaýdan baş alyp çykjak boluň.
27
174
kizz
23.11.2023 03:31
SIZ BAGTLYMY?!
«Iň soňky gezek haçan...» diýip başlanýan ähli soraglara jogap berip, özüňiziň nädereje bagtlydygyňyzy bilip bilersiňiz.

Indi bolsa eliňize kagyz we ruçka alyň. Test örän ýönekeý. Her bir soraga pikirlenip, dogry jogap bermegiňizi sizden haýyş edýäris. Synagdan soň her bir soragyň jogaplary üçin ýörite bal berilýär we olaryň jemi siziň näderejede bagtlydygyňyzy kesgitleýär. Her soragy okap, aşakda görkezilen jogaplary saýlaň.

a) 1 hepde öň;

b) 1 aý öň;

ç) 1 ýyl ozal;

d) birnäçe ýyl ozal.

Indi bolsa psihologik testimize başlaýarys.

Iň soňky gezek haçan gül suwardyňyz?

Iň soňky gezek haçan öý haýwanyny sakladyňyz?

Iň soňky gezek haçan Günüň dogup gelýän ýa-da ýaşyp gelýän pursatyny synladyňyz?

Iň soňky gezek haçan siziň gadyryňyz bilindi ýa-da özüňize mynasyp baha berildi?

Iň soňky gezek haçan sowgat berdiňiz?

Iň soňky gezek haçan muzeýe ýa-da sergi zalyna baryp gördüňiz?

Iň soňky gezek haçan roman okadyňyz?

Iň soňky gezek haçan kompýuteri we telewizory öçürip, öýde maşgalaňyz bilen wagt geçirdiňiz?

Iň soňky gezek haçan asmandaky Aýy synladyňyz?

Iň soňky gezek haçan oýun oýnadyňyz?

Iň soňky gezek haçan uzak wagtlap görmedik dostuňyz bilen ýüzbe-ýüz duşuşdyňyz?

Iň soňky gezek haçan agladyňyz?

Iň soňky gezek haçan garyp adama kömek etdiňiz?

Iň soňky gezek haçan özüňizde bar bolan zatlara şükür etdiňiz?

Iň soňky gezek haçan ýalňyz galyp, özüňizi diňlediňiz?

Iň soňky gezek haçan durmuşyňyzdaky adaty zatlary terk edip, üýtgeşik bir zat etdiňiz?

Iň soňky gezek haçan tebigatda dynç aldyňyz?

Iň soňky gezek haçan ýakyn adamyňyza garaşylmadyk sowgat etdiňiz?

Iň soňky gezek haçan gorkduňyz?

Iň soňky gezek haçan ýasamalygyňyzy taşlap, hakyky özüňiz bolduňyz?

Balymyzy nädip hasaplamaly?

Her jogabyňyz üçin aşakdaky ballary beriň we ählisini goşuň. Siziň balyňyz näçe ýokary bolsa, siz şol derejede bagtlysyňyz.

A jogap — 8 bal, b jogap — 6 bal, ç jogap — 4 bal, d jogap — 2 bal.

Balyňyz pes bolsa, näme etmeli?

Siziň işiňiz örän ýönekeý. Ýokardaky 20 maddany mümkin boldugyça durmuşyňyza ornaşdyrmaly. Janly tebigat bilen dostlaşyp, dünýäňiziň gözelliklerini açyp bilersiňiz. Dostuňyza baryp ýa-da halaýan adamyňyza garaşylmadyk sowgat alyp, ýakynlaryňyzy begendirip bilersiňiz. Kalbyňyzy arassalamak üçin aglap bilersiňiz.

Sözsoňy: Testiň ylmy esaslary ýok. Bu synag bagtlylyk hakda habardarlygy ýokarlandyrmak üçin taýýarlandy.
16
152
kizz
22.11.2023 14:55
Ýer togalagynyň ähli ýerinde tanalýan adam

Walt Disneý – belli amerikan režissýory hem-de senaristidir. Ol 1901-njy ýylyň 5-nji dekabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Çikago şäherinde eneden dogulýar. Ol çagalygyndan okamagy, ýazmagy kynlyk bilen öwrenipdir. 1920-nji ýylda ilkinjileriň hatarynda film dünýäsine aralaşýar. Onuň döreden çekilen filmleriniň köpüsi birnäçe gezek meşhur «Oscar» baýragy bilen bir hatarda başga-da ençeme baýraklara mynasyp boldy. Walt Disneýe has meşhurlyk gazandyran multifilm bolsa «Mickey Mouse» -dyr. Ýöne ünsi çekýän zatlaryň biri-de, Walt Disneýiň syçanlardan gorkýandygy.

Onuň işleri multiplikasiýanyň taryhynda uly yz galdyrdy. Döreden çekilen filmleriniň toplumy ýarym asyrdan-da köp wagtlap, tehniki özgertmäniň ýokary derejesi hasaplanypdyr. Bu usul filmi döretmegiň birnäçe bölege bölünmegine esaslanandyr. Şeýlelik-de, filmi döretmek üçin suratkeşleriň uly topary işläp, filmiň çalt döremegine mümkinçilik beripdir. Onuň ilkinji döreden «Alisa täsinlikler dünýäsinde» atly filmleri şowsuzlyga uçrapdyr. Muňa garamazdan, onuň «Mickey Mouse» atly syçanjyk gahrymany gysga wagtyň içinde uly meşhurlyga eýe boldy.

Disneý –filmde esasy zat çekilen surat ýa-da hereket däl-de, gahrymanyň psihologiki keşbi diýip, belleýär. Hut şonuň üçin hem onuň filmleriniň gahrymanlary adam hereketleri hem-de sesi bilen bezelendir. Awtorlar öz gahrymanlarynda, ilki bilen, haýwanlaryň hereketlerine, özlerini alyp baryşlaryna üns berip şekillendirýärler. Soňra bolsa, artistlere olary adam sesi bilen janlandyrmagyň usullaryny görkezýärler.

1939-njy ýylda Disneý öz filmlerini döretmek üçin ýörite kinostudiýasyny döredýär.
16
32
kizz
21.11.2023 16:16
Çagalar üçin müşk

Dünýäniň meşhur fransuz kompaniýasy bolan «Dior» çagalar üçin ýörite müşki hödürledi. Bonne Étoile çüýşesiniň eýesi bolmak üçin, ene-atalar 230 dollar tölemeli bolarlar diýip, «pikabu.ru» saýty habar berýär.

Kompaniýanyň döredijilik müdiri Frensis Kurkjýan tarapyndan döredilen kompozisiýanyň düzüminde alkogol ýok we armydyň, itburunyň we ak muskusyň notalaryny saklaýar. Aslynda Bonne Étoile geçen asyryň 70-nji ýyllarynda önümçiligi bes edilen hoşboý ysyň täzeden janlanmasydyr.

Bonne Étoile-niň kiçijik çagalar üçin niýetlenendigine garamazdan, onuň bahasy gymmat bolup, moda öýi bu täze ysyň öz muşdaklaryny kynçylyksyz tapjakdygyna ynanýar.
15
12
kizz
20.11.2023 23:38
Kompýuteriň syçanjygy – kursory dolandyrmak we kompýutere dürli buýruklary bermek üçin ýasalan enjamdyr. Kursor syçanjygy stoluň ýa-da ýörite halynyň üstünde hereket etdirmek arkaly dolandyrylýar. Düwmeler we syçanyň tekeri käbir hereketleri ýerine ýetirmek üçin gerekdir. Mysal üçin: belli bir obýekti işjeňleşdirmek, kontekst menýusyny çagyrmak, web sahypalary dikligine we keseligine aýlamak, operasion ulgamyň penjirelerine we elektron resminamalara girmek üçin ulanylýandyr.
Kompýuteriň syçanjygy şahsy kompýuterlerde grafiki ulanyjy interfeýsleriň peýda bolmagy sebäpli giňden ýaýrady. Şyçanjyklardan başga-da, şeýle  maksatlary ýerine ýetirmek üçin beýleki giriş enjamlary hem giňişleýin ýaýrandyr. Syçanjyk öz hereketini hereket etdirilýän tekizlikde duýýar we bu maglumatlary kompýutere geçirýär. Syçanjygyň hereketine jogap hökmünde kompýuteriň kursory dürli taraplara we dürli uzaklyklara hereket edýär.
Syçanjygyň hereketlendirijisinden başga-da, bir ýa-da birnäçe düwmeler, şeýle hem goşmaça dolandyryş bölekleri bardyr. Syçanjygyň dolandyryş komponentleri köp babatda akord klawiaturasynyň ideýalarynyň beýanydyr. Ilkibaşda akord klawiaturasynyň goşundysy hökmünde döredilen syçanjyk ony çalyşýar. Käbir syçanjyklarda goşmaça garaşsyz enjamlary hem bolýandyr (sagatlar, kalkulýatorlar).
Kompýuteriň syçanjygynyň hem özüniň döredilişiniň taryhy bardyr. 1968-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Kaliforniýada geçirilen interaktiw enjamlar sergisinde kompýuter syçanjygy hödürlendi. Duglas Engelbart bu iş üçin 1970-nji ýylda patent aldy. Syçanjygy öz içine alýan ilkinji kompýuter 1981-nji ýylda hödürlenen Hegox810 Star Information System minikompýuteridi. ,,Herox’’ firmasynyň ýasan syçanjygynyň üç sany düwmesi bolup, bahasy 400 dollara ýetdi. 1983-nji ýylda ,,Apple’’ kompaniýasy ,,Lisa’’ kompýuterleri üçin bir düwmeli syçanjygy hödürlediler, onuň bahasy 25 dollara çenli arzandy. Häzirki wagtda hem islendik kompýuterler üçin dürli görnüşli syçanjyklar ulanylýar.  
16
10
kizz
19.11.2023 09:15

Sorag


Ýadama sen,

aladaňy men etjek,

Ýapraklary sübseleme ýel bilen.

Gijelere çyn syrdaşyň men barkam,

Ümmüldeşme del bilen.


Meň gysganýanymy bildirýär sözlem,

Gabanýanymy-da aýdýandyr gözlem.

Wah, geregem däl-le, bu zatlar hakda

Aýdan bolup ýörmek, gör, üzlem-üzlem…


Çözlem-çözlem bulupdyr-a kalbymda,

Pynhan söýgim, gyşa çenli göterýän.

Men gyşda-da seniň Zemine taşlan

Ýapraklarňy ýatlap güni ötürýän…


Göýä ýapraklarda aryň bar ýaly,

Alynmadyk söýgiň üçin öçli sen.

Alynmadyk söýgiň sapak bolupdyr,

Hut şoň üçin güýçli sen!


A men gijelerňe syrdaşyň bolup,

Ýeňletjek bolýaryn seniň derdiňi.

Aýtsana, bu derdi beren jenan kim,

Aýsana, güýz, ony Hudaý berdimi?


***


Kitaplaryň gatlaryny sermeseň,

Tapyp bolýar näçe diýseň pelsepe.

Ýöne durmuşyňdan orun bermeseň,

Akylyňam paýlap ýörseň her kese,

Her kesden garaşsaň akyl almaga

Ýetişmersiň hiç bir zady öwrenip.

Guran pikirlerňe bakna bolmaga,

Barýaňmy buýsanjaň başyňy egip?!

Sen dälmi ol agşam düýşüme giren,

Sahawatly kitabyňy sahaplap…

Ýorgudyna düşmez düýşlermiň birem,

Bozulyp otyryn bolşuňy ýatlap…


Aýjahan Annabaýewa

18
30