king_tm
12.08.2023 20:14

Hoz (Juglans regia) – hozlar maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 20-25 metre çenli ýetýän bir ýa-da köp sütün emele getirýän wekili. Sütüniň gabarasy 150-250 sm barabar. Ýapragy uly uzynlygy 20-45 (55) sm. Gülleri aýry jynsly, ownuk. Miweleri – ýalan şänik ýa-da «hoz» . Daragt adatça aprel-maý aýlarynda gülleýär. Miwesi sentýabr-oktýabr aýlarynda ýetişýär. Hozuň watany Merkezi we Kiçi Aziýa bolup, «grek hozy» diýen adyň dakylmagynda Russiýa Gresiýadan getirilmegi sebäp bolupdyr. Hozuň dünýäde 40-dan gowrak görnüşi bar.


Hoz tohumyndan we töňňeden çykýan ösüntgilerden kemala gelýär. Amatly şertlerde aýry-aýry agaçlar 300-400 ýyla çenli ýaşaýar.


Hozuň ýapragynda 2250-4500 mg % çenli mukdarda С, P, B1 witaminleri, 0,33 mg % karotin, 0,01-0,03 % efir ýaglary, 3-5 % eý maddalary, kwersetin giperozid we kemiferol flawonidler, hinonlar, fenol-karbon turşulyklar, reňk beriji ýuglon saklanýar.


Hozuň maňzy – örän gymmatly önüm, düzüminde 75 %-e çenli ýag, 20 % töweregi beloklar, 7-16 % uglewodlar, 30-50 mg % C witamini, 0,3 mg % B1 witamini, karotin we E, P witaminleri, şeýle hem demiriň we kobaltyň duzlary bar.


Hoz melhemlikleri


Hoz agajynyň 3-4 nahar çemçe (45-75 g) gury owradylan ýapragyny ýarym litr (500 ml) suwa atyp, içi syrçaly gapda haýal ýanýan otda gaýnatmaly. Hasadan geçirip, deri kesellerinde, iriňli ýaralarda ýapgy ýa-da çalgy görnüşinde haýyrlanmaly.


Hozuň 1 kg ter ýa-da guradylan ýapraklaryny 10 litr suwa atyp, agzy mäkäm ýapylýan gapda pessaý otda 30 minut gaýnatmaly. Taýýar bolan pet bilen iriňli dömme çişlerine ýolugan çagalaryň, mäzleriň limfatik kesellerine uçran syrkawlaryň endamyny ýuwmaly.

23
96
king_tm
11.08.2023 08:28

Kros­sow­ka ba­za­ry­nyň 18%-ni eýe­le­ýän “Ni­ke” kom­pa­ni­ýa­sy öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ri­dir. Bu ba­ra­da Ger­ma­ni­ýa­nyň ba­zar we sarp edi­ji­le­riň mag­lu­mat­la­ry bo­ýun­ça ýö­ri­te­le­şen “Sta­tis­ta” kom­pa­ni­ýa­sy ha­bar ber­ýär.

Ikin­ji orun­da “Ni­ke”-yň eýe­çi­li­gin­dä­ki we ba­za­ryň 11%-ni eýe­le­ýän “Jor­dan” bren­di dur­ýar. “Adi­das” 9% bi­len üçün­ji, “Skechers” we “Vans” 7% bi­len dör­dün­ji we bä­şin­ji, “MoonS­tar” bren­di 5% bi­len al­tyn­jy orun­da dur­ýar. “Ni­ke”-yň eýe­çi­li­gin­dä­ki “New Ba­lance and Conver­se” ba­za­ryň 4%-ini eýe­le­di.

“Sta­tis­ta”-nyň bi­ler­men­le­ri hä­zir­ki wagt­da kros­sow­ka ba­za­ry­nyň möç­be­ri­niň 75 mil­liard dol­la­ra ba­ra­bar­dy­gy­ny çak­la­ýar­lar. 2028-nji ýy­la çen­li, tak­my­nan, 100 mil­liard dol­la­ra ýe­ter diý­lip ga­ra­şyl­ýar.

1964-nji ýy­lyň 25-nji ýan­wa­ryn­da Fil Naýt ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ry­lan “Ni­ke” kom­pa­ni­ýa­sy baş­da “Blue Rib­bon Sports” diý­lip at­lan­dy­ry­lyp­dyr. Bu brend 1978-nji ýyl­da “Ni­ke” ady­na eýe bol­dy. Kom­pa­ni­ýa hä­zir­ki wagt­da “Ni­ke” bren­di we “Ni­ke Golf”, “Ni­ke Pro”, “Ni­ke +”, “Air Jor­dan”, “Ni­ke Bla­zers”, “Air Force 1”, “Ni­ke Dunk”, “Air Max”, “Fo­am­po­si­te”, “Ni­ke Ska­te­bo­ar­ding”, “Ni­ke CR7”, “Hur­ley In­ter­na­tio­nal” we “Conver­se” brend­li ha­ryt­la­ry­ny sat­ýar.

19
128
king_tm
10.08.2023 07:47

🍉Garpyz tomus paslynda özüne çekiji tagamy bilen beýleki miwelerden tapawutlanýar. Türkiýeli iýmit we berhiz hünärmeni Nur Ejem Baýdy garpyzyň sarp ediliş wagtyndaky käbir düzgünleriň berjaý edilmelidigini, şeýle-de, garpyzyň süýji keseli we böwrek üçin çynlakaý howp döredip biljekdigini duýurýar. Hünärmen bu babatda möhüm duýduryşlary we teklipleri berdi:

●Gije iýmäň! Tomus aýlarynda nahardan soň iýilýän garpyz, metabolizma agram salýar. Şonuň üçin beýleki miweleri, esasanam tomus möwsüminiň aýrylmaz iýmiti bolan garpyzy, agşam däl-de, gündiz iýmäge üns beriň. Çünki gije iýilýän miweler bagyr we süýji keseli ýaly keselleriň döremek howpuny ýokarlandyrýar.

●Gabygyň ýanyndaky ak bölegi taşlamaň! Gabyga ýakyn bolan garpyzyň ak bölegi beden üçin diýseň peýdaly bolup, onuň düzüminde köp mukdarda bioaktiw maddalar bardyr. Esasanam ýürek-damar saglygyny goramakda täsirli aminokislotaly sitrulini öz içine alýandygy sebäpli, ýürege ýakymly aýratynlygy özünde saklaýar. Şol sebäpli garpyzy kesip, ak bölekleri öz içine alýan görnüşde kesip, peýdasyny has-da artdyryp bilersiňiz. 

●Garpyzy peýnir bilen iýiň! Garpyzyň diňe özi iýilende, gysga wagtdan soň ajykmagyňyza sebäp bolup biler. Onuň öňüni almak üçin garpyzy peýnir bilen iýip bilersiňiz. Sagdyn we orta agramly adamlar wagtal-wagtal 2 dilim garpyz we 2-3 dilim peýnir bilen 60-90 grama laýyk nahar iýip bilerler. Şeýle-de bolsa, ony hemişelik endik etmekden saklanmalydyrlar.

●Kesmezden ozal elmydama ýuwuň! Garpyzyň gabygyndaky palçyk we tozan ýaly galyndylar kesilende garpyzyň iýilýän böleklerine pyçak arkaly bakteriýalar geçip biler. Bu galyndylardan dynmak üçin garpyzy kesmeziňizden ozal garpyzy suwuň aşagynda goýup gowy edip ýuwuň. Ýuwmak, gabygyň üstündäki kesel döredýän bakteriýalardan arassalanmagy üpjün edip bilmez. Şonuň üçin garpyzy kesmezden ozal sirke suwuna batyrmak hem maslahat berilýär.


🍋Limon we şekeriň täsiri bilen ýüzüňizdäki islenilmeýän gyllardan dynyp bilersiňiz. Limon kähalatlarda peýdaly bolup, şeker bolsa köplenç zyýanly hasaplanýar.

Aslynda, limon + şekeriň birleşmeginden ajaýyp peýdalary alyp bolýar.

Käbir hünärmenler bu usuly bilse-de, ony hiç kim bilen paýlaşmaýarlar.

●Limon we şekeriň garyndysyndan emele gelýän bu melhem ýüzümizdäki gyllary aýyrmak üçin ulanylýan täsirli usuldyr. Bir limonyň suwuny bir gaba gysyp soňra oňa bir nahar çemçesi şeker goşuň. Garyndyny ýüzüňize çalyň we 15 minut saklaň. Soňra ýüzüňizi ýyly suw bilen ýuwuň. Bu usuly hepdede iki gezek gaýtalap bilersiňiz!

27
162
king_tm
09.08.2023 08:40

Woleýbol oýny ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda döräpdir. Geliok şäheriniň bedenterbiýe kollejiniň mugallymy Wilýam Morgan öz işleýän ýerinde top bilen oýnalýan ýönekeýje bir oýny döretmegi maksat edinipdir. Ol öz iş ýerinde kollejiň ykdysady tarapyny hem nazarda tutup, çykdaýjysy azrak, köp serişde sarp etmezden geçirip boljak top bilen oýnap bolaýjak oýun barada köp pikirlenipdir. Käbir maglumatlarda Amerikanyň ýangyn söndüriji işgärleri 2 sütüniň arasyna ýüp çekip, rezinden ýasalan içgini tarapma-tarap biri-birine oklaşyp oýnapdyrlar hem diýilýär. Ýene bir maglumata görä-de, Wilýam Morgan oýny ýaş telekeçiler üçin tennis toruny 197 sm ýokardan asyp, her tarapda oýunçylaryň sanyny çäksiz edip döredipdir diýip hem aýdylýar. Ilki başda bu oýnuň adyna “mintonet” diýip at berlipdir. 1896-njy ýylda bolsa, “mintonet” oýny Springfilt şäherinde tomaşaçylara görkezilip başlanýar. Oýnuň esasy maksady topy el bilen urup, toruň üstünden geçirmek bolandygy üçin professor Alfred T.Halsted bu oýnuň adyny üýtgedip, “wolleýbol” ýagny, iňlisçeden terjime edilende “uçýan top” diýen ady goýupdyr.  Wagtyň geçmegi bilen Alfred T.Halsted woleýbol oýnamagyň düzgünlerini düzüp ony kämilleşdirip başlapdyr.

Wilýam Morgan woleýbol ýaryşyny geçirmegiň düzgünlerini kesgitläninden soňra, 1896-njy ýylda tomaşaçylaryň öňünde iki topar bolup bu oýny oýnap görkezipdirler. Ilkinji gezek Springfilt şäherinde geçirilen bu ýaryş tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekipdir, munuň özi bolsa Morgana örän ýakymly täsir edipdir. Soňra ol özüni gyzyklandyrýan bu oýnuň düzgünini anyk kesgitlemegi ýola goýupdyr. Woleýbolyň ilkinji düzgüni 1897-nji ýylda Wilýam Morgan tarapyndan girizilipdir.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 1992-nji ýylda XII Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna woleýbol oýnuny hem goşmaly diýen teklip bilen çykyş edipdir. Bu teklipden soň woleýbol oýny dünýäniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly giňden ýaýrap başlapdyr hem-de meşhurlygy artyp ugrapdyr. Şeýlelik-de, Ýewropa ýurtlarynda woleýbol oýny boýunça birinjiligi almak ugrundaky duşuşyklar, ýaryşlar hem çekeleşikli ýagdaýda geçirilipdir. 


Ýörite woleýbol üçin niýetlenilen ilkinji top 1896-njt ýylda Spalding tarapyndan ýa-da 1900-nji ýylda döredildi. Senesi häzir hem jedelli bolup durýar.


Erkekleriň arasydaky woleýbol boýunça birinji dünýä çempionaty 1949-njy ýylda boldy.


Ortaça woleýbol oýunçysy bir oýnuň dowamynda 300 gezek böker. 


Kim woleýbol oýny halaýar...?

29
451
king_tm
07.08.2023 17:19

Amerikanyň Birleşen Ştatlar demirgazykda Kanada, günortada — Meksika bilen araçäkleşýär, şeýle hem ol deňiz arkaly Russiýa bilen serhetleşýär. Onuň kenarlaryny günbatarda Ýuwaş okean, gündogarda bolsa Atlantik okean ýuwýar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Demirgazyk Amerikada ýerleşýän döwletdir. ABŞ-nyň resmi taýdan döredilen ýyly 1776-njy ýylyň 4-nji iýuly hasaplanýar.

Ýurduň paýtagty Waşingtonda Kapitol binasy (paýtagtyň iň beýik binasy hasaplanýar), Ak Tam – ýurduň döwlet baştutanynyň resmi kabulhanasy, Waşingtonyň ýadygärligi (152 m), Pentagon (Goranmak ministrliginiň jaýy) we Federal aňtaw edarasy, Arlington hatyra gonamçylygy, Milli sungat galereýasy, Kongresiň kitaphanasy, Smitson institutynyň muzeýi, ABŞ-nyň öňki prezidentleri Jorj Waşingtonyň, Jeffersonyň hem-de Abraham Linkolnyň (Abraham Lincoln) memorialy ýaly köp sanly taryhy ýadygärlikler, muzeýler ýerleşýär.

Nýu-Ýork şäherinde bolsa Azatlyk statuýasy ýaly owadan ýerler bar. Şeýle hem Amerikanyň Florida ştatynda Ewergleýds Orlando milli goraghanasy we oňa degişli „Uolt Disneý dünýäsi“ şatlyk-şagalaň bagy bar. Maýami-Biç kurort sebiti jahankeşdeleriň iň bir gelim-gidimli ýeri hasaplanýar.

Esasy baýramçylyklary 19-njy fewral - Jorj Waşingtonyň doglan güni, 4-nji iýul - garaşsyzlyk güni, 11-nji noýabr - weteranlar güni, sentýabr aýynyň birinji duşenbesi - zähmet güni, noýabr aýynyň dördünji penşenbesi - Şükranalyk baýramçylygy(thanksgiving day).

 Alýaska we Gawai adalaryny hem öz içine alýan ABŞ-nyň umumy tutýan meýdany 9 million inedördül kilometrden geçýär. 

Ilki başlarda Birleşen Ştatlaryň düzümindäki ştatlaryň sany 13-den 36-a çykýar. Soňra ol 50-ä ýetýär.Alýaska ýurduň 50 ştatynyň meýdany boýunça iň ulusydyr. Ýurduň günortasyndaky Tehas bolsa bu ugurda ikinji orunda durýar.Ýurduň Paýtagty Waşington.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary ykdysady taýdan güýçli ösen ýurt. Ýurduň magdan, himiýa, ýeňil we maşyngurluşyk senagaty has ösen. Atom we kosmos pudagy hem çalt depginlerde ösýär. Oba hojalygynda ekerançylyk pudagyna uly üns berilýär. Syýahatçylyk pudagy hem ýurduň iň girdejili pudaklarynyň biri hasaplanýar.

ABŞ-da Jemi 46 Prezident saýlandy iň soňky 3 prezindentler:

44) BarakObama(1961)20.01.2009-20.01.2017

45)

DonaldTrump(1946)20.01.2017-20.01.2021

46)

Joe Biden (1942)20.01.2021-

19
73
king_tm
04.08.2023 22:11

Myhmançylykda aýdylan tost


Entek sadalykdan zyýan çeken ýok,

Sada bolsun ogulyňyz, gyzyňyz.

Geçsin ýazlaryňyz hereket bilen,

Bereketli gelsin tylla güýzüňiz.


Törüňizde hemişelik guralan

Ýumşak sallançagyň ýatmasyn bady.

Saçagňyzda çörek, duz haltada duz,

Sönmesin ojakda ojaryň ody.


Duluňyzdan gelin baksyn Aý bolup,

Tüýnügňizden gelin bolup Aý baksyn.

Ýaman niýet bilen işikden giren —

Ýagşy niýet bilen işikden çyksyn.

30
89
king_tm
17.07.2023 00:40

WESÝETLER BOÝUNÇA


Çagakak «Aglamak utanç!» diýdiler.

Jahylkak «Aldamak utanç!» diýdiler.

Şeýdip endik etdik aglamazlyga.

Şeýdip endik etdik aldamazlyga.

Diýdiler: «Köplükde gägirmek aýyp».

Diýdiler: «Köçede sygyrmak aýyp».

Diýdiler: «Meýlisde geçmäkäň töre,

Hakyň barmy? Törüň özünden sora!»


Ýene-de diýdiler: «Ulalyp ýaşyň,

Garaja gyl bilen basyrlar döşüň».

«Döşüňe bitýänçä şol gyl – diýdiler.

Günäňi geçerler, ogul!» diýdiler.

«Döşüňe bitensoň şol gyl – diýdiler,

Döşüňe mynasyp bolgul!» diýdiler.


Diýdiler: «Dünýäde nämedir gyt zat?»

Üç gezek diýdiler: «Ussat! Ussat! Ussat!»

«Näçe gyt bolsa-da ussat – diýdiler,

Çyn şägirt

ondanam gyt zat!» diýdiler.

«Öwrenip ilkinji harpy – diýdiler,

Gomalar şägirdiň galpy!» diýdiler.

«Galp şägirtden boluň hüşgär!»

«Emer-de,

emjegňi dişlär!» diýdiler.


Ýene-de diýdiler: «Ulamy-kiçä,

Öljegňi bilseň-de, ýalbarma kişä!»


«Diňe bir adama ýalbar!» diýdiler.

Onuňam adyna dilber diýdiler.

«Aýyp däl näzini çekmek – diýdiler,

Näzden ýüzün sowan – akmak!» diýdiler.


«Ýene iki merde ýalbarmak bolar –

Diýdiler – ene hem atadyr olar».

«Ataňa ýalbarsaň – galkynar ruhy».

«Eneňe ýalbarsaň – kemeler ahy»,

«Kim etse şolara tagzym – diýdiler,

Işi rowaç, ýaşy uzyn!» diýdiler.


...Ene kän edepleň tutdular adyn.

Diýdiler: «Gabanma özgäň şöhratyn!»

«Gabanma zehiniň ezelligini!»

«Gabanma öz joraň gözelligini!»

«Gabanma öz äriň gerçekligini!»

«Gabanma öz gelniň alçaklygyny!.

Ne näzlerin, ne-de sözlerin gaban,

Diňe oýnaklatsa...

gözlerin gaban!»


Diýdiler: «Erkekden belentdir aýal!»

«O nämüçin?» diýip berdiler sowal.

Jogabyn berdiler: «Gutaryp ömrüň,

Ýagty dünýä bilen hoşlaşsaň bir gün –

Aýal

är ojagyn saklar – diýdiler,

Söýgiňi müň kerem haklar!» diýdiler.

«Çagalaryn iýdir, geýdir – diýdiler,

Şeýdip ýaş ömrüni köýdir!» diýdiler.


«Emma beýdip bilmez erkek – diýdiler,

Bu babatda pesdir entek!» diýdiler.

«Altmyşdan, ýetmişden geçse-de saly,

Gözlerin ýumdumy eziz aýaly –

Ýatdan çykyp wepa, ygrar – diýdiler,

Ikinjiň gözlegne ylgar!» diýdiler.


...Diýdiler, diýdiler, diýdiler kän zat.

Käbirisi aňsat. Köpüsi kyn zat.

Aňsadyn – hemmeler başar – diýdiler,

Kynyn başarmakda iş bar – diýdiler.

Kyn hem bolsa,

Şudur wesýet – diýdiler.

Diňe kyn zat –

Şol mukaddes! – diýdiler.


* * *

Gum hem özi üçin hasyl berenok,

Suw hem özi üçin berenok tagty.

Bulut hem öz-özün ýuwundyranok,

Gün hem özi üçin saçanok ýagty.

Hemmesiniň aladasy-gaýgysy –

Biri-biriniň bagty.


Hemmesi-de biri-birine aşyk.

Birisi suw berýär, beýlekisi nur.

Birisi gül açsa, beýleki joşup

Gülleriň üstünden seçelenip dur.


Birisi süpürse ýapragyň çygyn,

Beýleki şol çygdan ýasaýar bulut.

Ýene-de şol çygdan ýasalan bulut.

Dagdan aşak inýär bir derýa bolup.


Ýene-de derýadan döreýär bulut.

Ýene-de buludy ýaýradýar şemal.

Şeýdibem hemmesi bir hemra bolup,

Biri-birisine berýärler kemal.

Elmydama al sen şolardan mysal,

Hem mydama bol sen şolara mysal,

Ynsan.


Kerim Gurbannepesow

28
96
king_tm
15.07.2023 13:11

SENI SÖÝDÜM


Seni söýdüm. Söýüp bir gez beýgeldim.

Seni söýdüm. Has giňedi bu dünýäm.

Öz ýeňles gylygma gazaply boldum.

Öz durmuş ornuma indi düşünýän.


Adamlara has ynamly garadym

Ýeňiş bilen tamam boldy gözlegim.

Kyn pursatym medet berdi kalbyma,

Jadyly däl — seniň ynsan gözleriň,


«Kim men?» Jogap tapman

şu günlere çen,

Seni söýüp, kimdigimi bildim men,

Ýeňil gopdum başyňdaky öýme dek,

Diýdim: «Ejiz bu dünýäde söýmedik!»


Seni söýüp, göz ýetirdim bir zada:

Kynçylyk ýok,

Ejizlik bar dünýäde.


Gurbannazar Ezizow

30
63
king_tm
14.07.2023 00:17

SÖÝGI MUKAMY


Ýaşlygymda men bir gyza sataşdym,

Gözleriniň ody ýürekde galdy.

Gyz däldi-de, ýanyp duran ataşdy,

Garaýşy bu goşa garakda galdy.


Müň gyzyň içinden gözüňe iler,

Onki süňňüm bilen söýüpdim näler.

Ýazan hatlaryma şaýatdyr Şalar.

Içen antym duzda-çörekde galdy.


Bir tomus gijesi duşuşdyk pynhan,

Näme diýjek bolsaň diýiber ynha.

Ah! Aslynda ýygra bolmasyn ynsan,

Pyşyrdym goşa ak derekde galdy.


Garaluw gözleri ýyldyz ýalydy.

Alkymnyň aşygy gunduz ýalydy.

Dykyz bilekleri buýnyz ýalydy.

Jadyly gülküsi gulakda galdy.


Gözelleriň gözlerinde hümmet bar,

Gül gyzlaryň gujagynda jennet bar.

Şahyr bolan bolsam — şoňa minnetdar,

O ýyllar nähili uzakda galdy...



Berdinazar Hudaýnazarow

27
49
king_tm
10.07.2023 04:32

SABYR


Gün dogar, Aý dogar öz wagty bilen,

Öz wagty gelende süýjär almalar.

Başagaý durmuşda darykma, kalbym,

Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.


Bir ömürde müň alada-gaýgy bar,

Adamlaryň garasy bar, agy bar.

Şükür, ýöne ähli zadyň çägi bar,

Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.


Bugdaýa suw tutsaň, çaýyr-da ganýar.

Laçyna öýkünip, garga-da gaýar.

Çybyklar çüýreýär, töňňeler galýar,

Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.


Eşegiň yzyna tirkelen düýe

Namysdan ölenmiş öz etin iýe...

Urpak tozap gider, butnamaz gaýa,

Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.


Mydam bolup durmaz dokuzyň doly,

Başyňy belent tut, pesde tut päli.

Küşdüň mallarynyň dikilşi ýaly,

Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.

22
92