king_tm
02.09.2023 12:26

Häzirki zaman tehnologiýanyň tagallasy esasynda, ekstrim sportlaryň (X-Sports) köp görnüşleri döredi. Kuwwatly enjamlaryň kömegi bilen biz fiziki başarnygymyzy has-da ösdürip bilýäris. Ýörite ýyrtylmaýan ýa-da döwülmeýän materiallar bizi howply ýagdaýlarda goraýarlar. Ýöne her näme bolsa-da, biz beýiklige ýa-da tizlige garşy durup bilmän gorkymyza ýeňilýäris. Emma gorka ýol bermän sportuň bu görnüşleri bilen meşgullanýan adamlar unudylmajak pursatlary başdan geçirip bilerler.

Zorbing (Zorb Sferasy)

Zorb – bu diametri 3 metr bolan çişirilýän sferadyr (şardyr). Onuň içinde ýüzlerçe neýlon taýajyklary bilen daşky sfera birikdirilen şar bolup, ol adamyň içine girmegi üçin niýetlenen. Zorbanawtlar (zorbyň içindäki adamlar) beýiklikden togalanyp gaýdanlarynda deňagramlygy ýitirmezler ýaly ýüp bilen bedenleri berk daňylýar.

Tigirli batbörek

Uly batbörekleriň kä halatlarda uly adamlary hem howa galdyryp bilýär. Sürüjiniň aýaklary tigirçege daňylýar. Tizlik we öwrüm diňe batböregi dolandyrşyňa we gapdala agram berşiňe bagly bolup durýar.

Köçe Lugasy

Beýiklikden pese düşýän ýerde sürülip, 115km/s tizlige çenli ýetýän skeýtbordyň (tigirli tagtaň) görnüşine köçe lugasy diýilýär. Lugany ýatan ýeriňde bir gapdala agram berip öwrüp bolýar. Luganyň tizligini peseldip biljek şemalyň garşylygy adamynyň aerodinamiki duruşyna bagly bolup durýar.

Super aýaklar

Super aýaklar adama 3m beýiklige çenli bökmäge we 30km/s tizlige çenli ylgamaga mümkinçilik berýär. Bu tehnologiýa ylham beren itergi kengurularyň aýaklary bolup durýar. Çünki Super aýaklar hem adama özüniň aýna süýmli pružiniň kömegi bilen kengurular ýaly ylgamaga ýa-da bökmäge mümkinçilik berýär.

Banjidan Böküş

Banji – lateks rezin bolup, ol reziniň berk, süýnme derejesi uly bolan, iň berk rezindir. Banjidan böküji aýagyny köprüden asylan lateks rezine daňyp dik aşaklygyna bökýär. Haçan-da banji süýnende ol edil pula oralýan reziniň inçelik derejesine çenli ýetip, böküjini yzyna çekýär. Haçan-da böküşiň tizligi iň soňky derejesine ýetende, ol bir az salym saklanyp, täzeden aşak-ýokaryk birnäçe gezek ýygrylyp ýazylýar.

24
129
king_tm
26.08.2023 14:33

Haýwanat dünýäsi dürli geň-taňlyklara baýdyr. Ýer şarynyň faunasynyň käbir geň wakalary bilen sizleri tanyşdyrmak isleýärin.


Žirafalar suwsuzlyga düýeler ýaly çydamlydyr.


Mawy reňki saýgaryp bilýän ýeke-täk guş baýguşdur.


Ary ýarym kilogram bal ýygnamak üçin 2 million güle gonýar.


Piller böküp bilmeýärler.


Garagum sährasynda duş gelýän süýrenjileriň iň ulusy zemzendir. Uzynlygy 1,5 metre ýetýän bu haýwany «çöl krokodili» diýip hem atlandyrýarlar.


Bürgüdiň gözi iki gabak bilen gurşalyp, birinji gabak onuň gözlerini howa akymlaryndan we daşky howplardan goraýar. Ikinji dykyz gabak bolsa oňa uklan wagtynda gözlerini ýummak üçin zerur.


Hameleon bir wagtyň özünde bir gözi bilen öňüne, beýleki gözi bilen yzyna seredip bilýär.


Syrtlan öz güýçli äňi we dişleri bilen pilden başga ähli haýwanlaryň süňküni owradyp bilýän ýeke-täk haýwandyr.


Demirgazyk deňiz guşy bolan kaýra awunyň yzyndan kowup ýetmek üçin 180 metr çuňluga çenli çümmäge ukyplydyr.


Gara garga şol bir adamy islendik eşikde hem tanamaga ukyplydyr.


Gara ganatly kebelekler Günüň şöhlesiniň kömegi bilen bedenleriniň gyzgynlyk derejesini artdyryp, uçmaga goşmaça energiýa alýarlar.

25
42
king_tm
25.08.2023 15:48

Ispaniýanyň zenanlar milli ýygyndysy futbol boýunça dünýä çempionatynyň finalynda Angliýanyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňip, taryhynda ilkinji gezek çempion boldy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň Awstraliýa bilen Täze Zelandiýanyň bilelikde gurnan zenanlar arasyndaky futbol boýunça dünýä çempionaty tamamlandy. Final duşuşygy Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Awstraliýa stadionynda geçirildi.

Final duşuşygynyň ýeke-täk goluny 29-njy minutda Olga Karmona öz adyna ýazydyrdy. Ispaniýanyň hem-de Angliýanyň milli ýygyndylary ilkinji gezek finala çykmagy başardy.

Ispaniýa ABŞ, Norwegiýa, Germaniýa we Ýaponiýadan soňra FIFA tarapyndan geçirilýän dünýä çempionatynda çempion bolup, arzyly kubogy gazanan ýurt boldy.

Dünýä çempionatynda üçünji orny Şwesiýa eýeledi.

Finalda çempion bola milli ýygynda 10 million dollar pul baýragy berildi. Ikinji orny eýelän Angliýanyň pul baýragy 7,5 million dollara deňdir.

Zenanlar arasynda her 4 ýylda bir gezek geçirilýän dünýä çempionaty ilkinji gezek 1991-nji ýylda geçirilip başlandy. Zenanlaryň arasyndaky çempionatda ABŞ-nyň ýygyndysy 4 gezek çempion boldy.

ABŞ-nyň ýygyndysy 1991-nji, 1999-njy, 2015-nji we 2019-njy ýyllarda çempion boldy. 1995-nji ýylda Norwegiýa, 2003-nji we 2007-nji ýyllarda Germaniýa, 2011-nji ýylda Ýaponiýa çempion bolmagy başarypdy.

Bu gezekki dünýä çempionatynda FIFA tarapyndan 110 million dollar milli ýygyndylaryň arasynda paýlandy.

28
84
king_tm
20.08.2023 07:26

Arkadag şäherim bar

Alyp Arkadag patasyn, hyýallary çyna öwrüp,

Gurup mermerden binasyn, binýadyny çuñdan örüp,

Ýaşanyña degýär Watan, ýürek galkar şährin görüp,

Her gün täzelikden doly, bir buşlukçy säherim bar,

Dünýä ýüzün haýran eden, bu Arkadag şäherim bar.

 

Gatbar-gatbar binalary lowlap duran mähek ýaly,

Ýollary bar güller bezän, ak şährime jähek ýaly,

Toý-baýramsyz güni geçmez, her bir güni sähet ýaly,

Waspyn edip soñlap bolmaz, bir bakylyk eserim bar,

Ýörsem messan, dilde dessan, bu Arkadag şäherim bar.

 

Seýle çyksañ seýilgähler, gujak açar güller bilen,

Owazasy dünýä dolan, ýakyn-ýatdan iller geler,

Garşy-alar duz çörekli, hoş söz, güler-ýüzler bilen,

Yklymlary aşyk eden, baky pasly baharym bar,

Myhmanlarna gujak açan bu Arkadag şäherim bar.

 

Akyllydyr her bir öýi, täze dünýäñ ülñesinde,

Beýle eşret ýokdur entek, döwletleriñ özgesinde,

Açyşlarña, ösüşlerñe haýran dünýäñ gözi sende,

Sanly ulgamda ýetilen sansyz ösüşleñ jemi bar,

Geljekden şu güne habar, bu Arkadag şäherim bar.

 

Bu berkarar döwletimiz, eýýamlarda galkyp barýar,

Ýeñiş bilen dogýan günler, göz-görtele artyp barýar,

Arkadagly Serdar bilen, bagta eziz halkym barýar,

“Öñe, öñe, diñe öñe” döwletli bir pähimiň bar,

Ýüreklere ylham bolan, bu Arkadag şäherim bar.

 

Aman Döwletow

16
53
king_tm
19.08.2023 23:23

Iň az talapnama: Eýranyň ýygyndysy - DÇ-2022-ä 26 däl-de, 25 futbolçy beren ýeke-täk topar.


DÇ-2022-de iň gysga boýly futbolçy - Marokkonyň ýygyndysynyň ýarym goragçysy Ilýas Şair (158 santimetr).


DÇ-2022-de iň uzyn boýly futbolçy - golland derwezebany Andris Noppert (203 santimetr).


Hany seniň Watanyň? Talapnamalardaky 137 futbolçy DÇ-2022-de öz doglan ýurduna wekilçilik etmeýär. Şeýle oýunçylaryň iň köpi  Marokkonyň toparynda (14 adam).


2022-de ilkinji gezek (!) dünýä çempionatyna baş eminler hökmünde zenanlar bardylar: Stefani Frappar (Farnsiýa), Salima Mukansanga (Ruanda) we Ýosimi Ýamasita (Ýaponiýa).


Iň gymmat düzüm - Angliýanyň ýygyndysynda. Jemini goşaňda - 1,26 mlrd ýewro!


Bahasy boýunça iň ýönekeýi - Kataryň ýygyndysy. Hojaýyn-topara bary-ýogy 14,9 mln ýewro nyrh kesilýär.


Legionerleriň ýygyndysy: Senegalyň topary - DÇ-2022-de düzümi 100% legionerlerden ybarat ýeke-täk topar. Ýagny, oýunçylaryň hersi bir liganyň wekili bolup, hiç biri öz ýurdunyň çempionatyna wekilçilik etmeýär.   


Debýutant: Kataryň ýygyndysy - DÇ-2022-de bu - taryhynda birinji mundial bolan ýeke-täk topar.


DÇ-2022-ä talapnamadaky iň ýaş futbolçy - nemes hüjümçisi Ýussufa Mukoko. Şu turnirdäki ýeke-täk 17 ýaşly futbolçy. Dogry, turniriň açylyşy güni onuň 18 ýaşy dolýar, Germaniýanyň ýygyndysynyň birinji oýny güni  bolsa onuň doglanyna 18 ýaş 3 gün bolýar. 


DÇ-2022-ä talapnamadaky iň ýaşy uly futbolçy - Meksikanyň ýygyndysynyň 40 ýaşly derwezebany Alfredo Talawera.


Assist-adam: DÇ-2022-ä ugradylan futbolçylaryň arasynda dünýä çempionatlarynda iň köp pas beren - Tomas Mýuller (alty pas).


Lionel Messi - DÇ-2022-ä ugradylan oýunçylaryň içinde dünýä çempionatlarynda oýnan oýunlarynyň sany boýunça rekordsmen. Argentinaly türgen geçen dört turnirde 19 oýna gatnaşdy. 


DÇ-2022-niň iň ýaş topary - Gananyň ýygyndysynda. Futbolçylaryň ortaça ýaşy - 24,7 ýaş.


DÇ-2022-niň iň uly ýaşly topary - Eýranyň ýygyndysynda. Futbolçylaryň ortaça ýaşy - 28,9 ýaş.


Bu dünýä çempionaty 32 topar oýnajak çempionatlaryň iň soňkusy bolar. Indiki turnirden başlap, final bölümde 48 ýygyndy çykyş eder. 


DÇ-2022-ä iň köp futbolçyny "Bawariýa" ugratdy - sekiz ýygyndyda 17 oýunçy.


DÇ-2022-de iň ýaş tälimçi - Lionel Skaloni, ol 44 ýaşynda. Argentinanyň ýygyndysy onuň baş tälimçi hökmünde işleýän birinji toparydyr. 


DÇ-2022-de iň ýaşy uly tälimçi - gollandlarda. Lui wan Gal eýýäm 71 ýaşady.


Goleador: DÇ-2022-ä ugradylanlaryň içinde turnirleriň taryhynda iň oňat bombardir - nemes türgeni Tomas Mýullerdir (10 gol). Onuň watandaşy Miroslaw Kloze tutuş taryhyň dowamynda rekordsmen bolmagynda galýar (16 gol).

22
95
king_tm
18.08.2023 00:00

Alymlar adamzadyň iň uly syrlaryndan biri hasaplanýan düýşler barada ençeme ýyl bäri dürli gözlegler geçirip gelýärler. Bu gözlegler üçin öndürilen emeli aňly tehnologiýalar häzirki wagtda giňden ulanylýar. Şeýlelik bilen, düýş görmek bilen hakyky durmuşyň arasyndaky baglanyşyk ýüze çykýar we düýşleriň hakykata täsir edýändigi baradaky soraga jogap gözlenýär.

Ruhanylar, suratkeşler, alymlar adamzadyň ilkinji gününden bäri müňlerçe ýyllap, adamlaryň görýän düýşlerini öwrenýärler, teoriýalary döredýärler we täsirli gatnaşyklaryny bilmäge synanyşýarlar. Uzak wagtlap üýtgeşik manylary berýän düýşler, ylymyň ösmegi bilen başga bir ugurda öwrenilip başlandy. Düýş bilen hakyky durmuşyň arasyndaky arabaglanyşyk biziň pikir edişimizden has ýakyn bolup biler.

Düýşler baradaky ylmy esasly gözlegler bary-ýogy ýüz ýyldan bäri dowam edýär. Täze ösüş bu ylmy gözleglere täze bir ölçeg getirdi, ýagny – emeli aň. Durmuşyň ähli ugurlarynda kem-kemden peýda bolup başlaýan we has giňden ýaýran emeli aňyň kömegi bilen alymlar düýş görmek we hakyky durmuş bilen düýşleriň arabaglanyşygy, gatnaşygy ýaly gyzykly soraglar barada has jikme-jik we takyk jogaplary tapmagy başarýarlar.

Geçirilen barlaglar düýşler hakykata täsir edýär. Aslynda, düýşler hakyky durmuşy görkezýän aýnadyr. Şonuň üçin düýşler, her bir jemgyýetiň üns bermeli we öwrenmeli ugry bolup durýar.

16
104
king_tm
16.08.2023 14:45

Braziliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Neýmar Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” klubundan “Al-Hilala” geçdi. Bu barada saud klubunyň “Twitterinde” habar berilýär diýip, rsport.ria.ru belleýär.

HBS-iň maglumatlaryna görä, iki ýyllyk şertnama boýunça ol tas 160 mln ýewro gazanar, “Pari Sen-Žermen” bolsa bonuslary hasaba almazdan transfer üçin 90 mln ýewro aldy.

“Al-Hilalda” Neýmaryň watandaşy, Peterburgyň “Zenitiniň” öňki futbolçysy Malkom çykyş edýär. 

2017-nji ýylda Neýmar rekord 222 mln ýewro “Barselonadan” “PSŽ-e” geçdi. Hüjümçiniň şertnamasy 2025-nji ýylyň tomsuna çenli niýetlenipdi. Ol parižlileriň düzüminde bäş gezek Fransiýanyň çempiony boldy, üç gezek ýurduň Kubogyny we Super kubogyny gazandy.

21
196
king_tm
15.08.2023 13:39

Türkmenistan ýylyň başyndan bäri Russiýa baryp gören jahankeşdeleriň sany boýunça ilkinji bäşlige girdi. Ýurdumyz Russiýanyň Syýahatçylyk Operatorlary Assosiasiýasy tarapyndan düzülen reýtingde dördünji orny eýeledi. Jemi 14,1 müň türkmen raýaty ýylyň birinji ýarymynda Russiýa Federasiýasyna bardy.

Ilkinji üçlüge Hytaý, Türkiye we Germaniýa girdi. 2023-nji ýylyň başyndan bäri Russiýa Federasiýasyna baran syýahatçylaryň sany boýunça Türkmenistanyň, hatda Russiýa bilen serhetleşýän goňşy Gazagystandan hem geçip bilendigi bellärliklidir.

Hasabat döwründe dünýäniň dürli künjeklerinden 7,2 milliondan gowrak syýahatçy Russiýanyň şäherlerine baryp gördi. Diňe syýahatçylygy däl, eýsem, saparyň ähli maksatlary bilen gelenleriň sanyny göz öňünde tutsak, bu ýerde birinjilik Özbegistana degişlidir, bu ýurduň raýatlarynyň 1,7 milliony bardy.

Umuman, Russiýa syýahatçylaryň akymy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 130% ýokarlandy. Syýahatyň gyzgalaňly döwri aprel-iýun aýlary aralygynda hasaba alyndy. Russiýa Federasiýasynyň dynç alyş pudagy üçin iň meşhur ýerleri Russiýanyň iň uly şäherleri - Moskwa we Sankt-Peterburg bolmagynda galýar.

24
123
king_tm
14.08.2023 20:45

“QS World University Rankings” sanawynyň 2024-nji ýyl üçin sanawy belli boldy. Mälim bolşy ýaly her ýylyň başynda  Türkmenistanyň Bilim ministrligi  tarapyndan  Halkara guramalaryň (“Academic Ranking of World Universities”, “QS World University Rankings”, “Три миссии университета” we “The Times Higher Education World University Rankings”) resmi internet sahypasyndan alnan maglumatlara laýyklykda, daşary ýurt bilim edaralarynyň öňdeligini düzýän okuw mekdepleriniň sanawy hem-de Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň hem-de ýokary hünär biliminiň taýýarlygynyň ugurlarynyň we hünärleriniň Döwlet klassifikatorlarynda görkezilen jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlary boýunça maglumat taýýarlanylýar hem-de hemmeleriň dykgatyna ýetirilýär. Ine şu sanawlardan “QS World University Rankings 2024″ sanawy halk köpçüligine ýetirildi.

Jemi 104 ýurtdan 1500-den gowrak ýokary okuw jaýynyň giren QS World University Rankings  sanawyna bu ýyl täze 85 uniwersitet goşulypdyr. Olaryň aglabasy Aziýa sebitinden bolup,  Bangladeş (11), Indoneziýa (5). Hindistan (10), Malaýziýa (5) we Gazagystanyň  (4)  uniwersitetleri iň köp täze uniwersitet goşan ýurtlardyr.

Biz bu habarymyzda sanawa giren dünýäniň iň abraýly ilkinji 10 uniwersitetiniň sanawyny ýetirýäris. Ýakynda  bolsa, Türkiýeden bu sanawa giren uniwersitetleri aýry habar görnüşinde Size ýetireris.

Bellemeli zat, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bu we ýokaryda bellenen beýleki  sanawlaryň esasynda diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetleriň sanawyny taýýarlaýar. Biz beýleki sanawlar hem belli bolan wagty Size ýetireris.

Dünýäniň iň abraýly 10 uniwersiteti 

1) Massachusetts Institute of Technology (MIT) -ABŞ

2) University of Cambridge -Beýik Britaniýa 

3) University of Oxford –Beýik Britaniýa 

4) Harvard University -ABŞ

5) Stanford University  -ABŞ

6) Imperial College London –Beýik Britaniýa 

7) ETH Zurich – Swiss Federal Institute of Technology -Şweýsariýa 

8) National University of Singapore (NUS) – Singapur

9) University College London (UCL)  – -Beýik Britaniýa 

10) University of California, Berkeley (UCB)  -ABŞ

20
60
king_tm
13.08.2023 22:00

Alymlar tarapyndan iň gadymy matematiki eser Swazilendde tapylýar.


Ilkinji aýal matematik Aleksandriýaly Gipatiýadyr. Ýagny, şol döwürde diňe erkekler alymdy. Şol wagtlar aýallar hatda okamagy hem bilmeýärdiler.


XVI asyryň ortalarynda Angliýaly matematik Robert Rekord tarapyndan ilkinji gezek ,,=’’ (deňdir) belgisi ulanylýar. Robert Rekord her gezek ,,=’’  belgisi deňlemelerde “deň” sözüni ýazmakdan ýadanlygy sebäpli ulanýar.


«π» (Pi) belgisini miladydan öňki VI asyrda hindi matematigi Budhaýan tarapyndan oýlanyp tapylýar.


Kwadrat deňlemeler hindi matematigi tarapyndan biziň eramyzyň VI asyrynda döredilipdir.


Goşmagyň we aýyrmagyň ilkinji alamatlary 500 ýyl gowrak mundan öň edebiýatda ýüze çykdy.


Häzirki wagtda iň uly san sentilliondyr. Bu birlik we alty ýüz noldan durýar.


“Matematika” sözi grekçe “matemadan” gelip çykyp, bu “öwretmek”, “ylym”, “gözleg” manylaryny aňladýar.


Bütindünýä matematika güni 6-njy martda bellenilýär.


Taý dilinde 5-nji belgä “ha” diýilýär, käbir taýlar klawiaturasyna 555 ýerine “ha ha ha” diýip ulanylýar.


Rim sanlarynda ýazyp bolmaýan ýeke-täk san ,,0’’ – dyr. Gadymy rimliler ,,0’’ sanyň ýerine “nulla” sözüni ulandylar.

26
92