king_tm
20.09.2023 17:29

Gündelik durmuşda, resmi iş şertlerinde wajyp orun eýeleýän zatlaryň biri hem goldur. Gol çekmek düzgüni özüniň taryhyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, biziň şu günki günlerimize çenli öz güýjüni ýitirmän gelýär. Goluň asyl maksady, gozgalan meseläni geçmişe degişli etmek, ony dolulygyna tamamlamak, has düşnükli dilde aýdanymyzda, soňuna  nokat goýmak bolup durýar. Gol çekmegiň dürli usullary bar. Häzirki döwürde adamlar öz at-familýalaryna golaýrak bolan gollary saýlap alýarlar we ony özlerine mahsus, özleri üçin oňaýly bolan usulda çekýärler. Psihologiýa ylmynyň has ösmegi  bilen, adamlaryň gollary arkaly olaryň häsiýetlerini ýüze çykaryp bolýandygy anyklanyldy. Geliň, gollaryň käbir alamatlary, olaryň aňladýan manylary baradaky maglumatlar bilen tanyş bolalyň:

*Gol ýazuwdan tapawutlanmaýan bolsa, goluň eýesiniň häsiýetinde hiç hili ýasamalyk ýokdur. Setirden çykman göni çekilýän gol bolsa, adamyň durnukly häsiýetini aňladýar. Göwnüçökgün kişileriň golunyň soňy aşak düşýär, ruhubelentleriňki tersine.

*Goldaky harplar iri hem arasy açyk bolsa, adamyň ähli zady tiz wagtda isleýändigini görkezýär. Bu adamlar hiç wagt özünde bar bolan zatlar bilen kanagatlanmaýarlar.

*Eger-de goluň başynda familýanyň baş harpy goýulsa, onuň eýesiniň kiçigöwünli, sypaýy hem kanagatly häsiýetiniň barlygyny aňladýar.

*Goluň birinji harpy eýesiniň adynyň baş harpyna gabat gelýän bolsa, onda ol adamyň jogapkärçilikli, işewür, oýlanşykly häsiýetini görkezýär.

*Goluň birinji harpy çylşyrymly, düşnüksiz bolsa, beýle gol adamyň ýapyk, içi pikirli häsiýetiniň bardygyna şaýatlyk edýär.

*Egri çyzyk görnüşinde çekilen gol örän hyjuwly, bir ýerde oturyp bilmeýän işeňňir adamlara mahsus bolýar. Olar şähdaçyk häsiýetli bolýarlar.

*Goluň harplary çendenaşa iri bolsa, onda bu  adamyň özi hakda özgelerde ýalan pikiri döretmäge çemeleşýändigini görkezýär. Goldan soň nokat goýulan bolsa, ol eýesiniň kesirligini we juda seresaplylygyny görkezýär.

32
273
king_tm
19.09.2023 08:48

Oňat ýaşamagyň sungatyny öwredýän ynsan


•Mugallymlar okuwçylara oňat ýaşamagyň sungatyny öwredýärler.


Arzuw seni geljekki belentliklere alyp barýan mugallymyň saňa bolan ynamyndan  başlanýar.


Ortatap mugallymlar sapagy gürrüň berýär. Gowy mugallymlar düşündirýär. Has ökde mugallymlar temany açyp görkezýärler. Beýik mugallymlar bolsa, okuwçylary ruhlandyrýarlar.


Mugallymyň kimdigi onuň näme okadýandygyndan has wajypdyr.


Men geljegi duýýaryn. Sebäbi men — mugallym.


Hakyky mugallymlar kitapdan däl-de, ýürekden öwredýärler.


Müň gün kitaby yhlasly okanyňdan, beýik mugallym bilen bir güni geçiren ýagşydyr.


Zehinli mugallymlar edil zehinli lukmanlar ýaly seýrek duş gelýärler.


Men — mugallym. Mugallym adamlary öňe ilerledýärler. Bu ýerde hiç hili jadygöýlük ýok. Men suwuň ýüzünden ýöremeýärin. Men deňziň bir bölegi däl. Men diňe çagalary söýýärin.


Hakyky mugallym okuwçylary öz şahsy täsirinden goraýar: ol onuň öz-özüne bolan ynamyny artdyrýar, okuwçylaryň göreçlerini özünden öňürti ruhuna gönükdirýär.

24
69
king_tm
18.09.2023 20:30

Trend –bu islendik zadyñ wagtlaýyn  meşhur bolmagy, wajyplygy, döwrebaplygy.

Alymlaryñ we  analitikleriñ  aýtmagyna  görä,  trendde bolmak üçin elmydama döwrebaplyk, täzeçillik, möhümlik, zerurlyk gerek.

Mälim bolşy ýaly, egin-eşikleriñ hem öz trendy bar. Harytlaryñ  trendy  her  ýyla görä  üýtgäp  durýar. Mysal üçin:


2001- nji ýylda  Jimmy Choo aýallaryñ aýakgaby trendde boldy.


2002- nji ýylda Diane von Furstenberg  aýallaryñ  köýnegi has meşhurdy.


2007-nji ýylda  jinsy egin-eşikleri has tanymal boldy.


2013-nji ýylda Bembi atly multfilm has meşhurlyga eýe boldy.


2018-nji  ýylda  hakyky deriden dikilen Gucci bil bagy meşhurlyga eýe boldy.


2020-nji yylda  Botlega Venta  horjuny  tanymal boldy.


 

P.S: Häzirki  wagtda  saglygyñy gorap  saklamak  esasy  trend.

2021- nji ýylda  pandemiýa  bilen baglylykda, adam saglygyny gorap saklamak  esasy aktual  mesele bolup durýar.  Peýdaly  iýmitlenmek, sport  bilen  meşgullanmak, saglygyña  gözegçilik etmek, fiziki-psihiki  taýdan  özüñi  gowy  duýmak, dynç almak…

Howa  şertleriniñ  üýtgäp durmagy,  sowuklama  keseliniñ  ýüze  çykmagyna getirýär. Pasyl çalşygynda  dürli witaminli gök önümlerinden  iýmitlenmek  maslahat berilýär. Bu bolsa  dürli  kesellerden  goraýar  we  adam bedenini berkleşdirýär.  Geliň, saglygymyzy  gorap  saklalyñ! Biziñ baş baýlygymyz  saglykdyr!

39
231
king_tm
17.09.2023 21:07

«Ýapon bagy» — bir pasylda dört reňk (fotogalereýa)



•Dürli reňkdäki agaçlary, ösümlikleri we balyklary öz içine alýan «Ýapon bagy» tebigy gözelligi bilen hemmeleri geň galdyrýar.

•Türkiýäniň Kaman etrabynda ýerleşýän «Ýapon bagy» her möwsümde aýratyn reňkli bolýar. Ýapon arheologlary tarapyndan Ýaponiýadan getirilen ösümlikler Kirşehirde döredilen tebigy landşafta gözellik goşýar.

•Esasanam, güýz möwsüminde «Ýapon bagy» dürli reňkleri özünde jemleýär. Käbir agaçlar ýaşyl ýapraklaryny saklaýar, beýlekileri sary, mämişi we gyrmyzy ýaprakly özboluşly peýzaž döredýär.

•Agaçlaryň ýapraklarynyň gaçmagy hem bagyň gözelligini artdyrýar. Sumeru dagynyň kiçi görnüşini özünde jemleýän bu bagda kiçi şarlawuk we köp sanly ösümlik, agaç we howuz bar.

•Arhitektura we şäher dizaýny boýunça Ýewropa sungat öwreniş merkezi we Çikago kitaphanasy tarapyndan «Iň oňat ýaşyl dizaýn» baýragy berlen ýapon bagy Ýaponiýanyň daşyndaky iň uly botanika baglaryndan biridir.

•1993-nji ýylda Ýaponiýanyň Ýakyn Gündogar medeni merkezi tarapyndan Şazada Takahito Mikasanyň Kalehöýük gazuw-agtaryş işlerini ýatlamak we sebitiň ýaşaýjylary üçin dynç alyş meýdançasyny döretmek üçin döredilen bu seýilgäh her möwsümde özboluşly gözellige eýedir. Seýilgähde jemi 3 000 uly we 14 000 kiçi agaç bar.

•Türkiýede syýahat etmek isleýänlere «Ýapon bagyna» baryp görmegi hökman maslahat berýäris. Bu bag, elbetde, ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlar.

27
91
king_tm
16.09.2023 20:19

ÇAGALARDAN ÖWRENELIŇ!


Biz hemmämiz şatlyk üçin doguldyk,

Şoň üçinem geçdik, ine, şunça ýol.

Şat günleriň köp bolmanna gynanma,

Şat günleriň bolanyna monça bol. — Gurbannazar Ezizow.


1.Begenmek.

Çaga ýaly ýürekden begenip bilmek. Eýsem dünýäde çaga gülküsinden päk  gülki barmyka?!

Eger çagajygyň eline süýji ýa-da kiçiräk oýunjak berseň çagajygyň begenjinden diriň-diriň böküşini görersiňiz. Biz bolsa, durmuşuň bize eçilenlerini az görýäris. “Onda ulag bar, olaryň jaýy biziňkiden owadan…” Eýsem biz näme üçin elmydama özümiziňkiden owadan,  gowy zady bolanlara seredýäris?  Ata- babalarymyz “Beýigi görde pikir et, pesi görde şükür et” diýmeklerem ýöne ýerden däl bolsa gerek?! Geliň, çagalardan begenmegi öwreneliň. Elimizdäki bar bolan zada şükür etmegi öwreneliň. Şonda durmuşymyzyň her bir güni reňkli ýatlamalardan dolup, has-da gözelleşer.

2. Bagyşlamak

Syn edip gördüňizmi? Çagalar uzak gaty görüp, öýkeleşmeýärler. Derrew ýaraşýarlar. Düýn sögüşen ýalydyrlar welin, eýýäm bu gün  gülüşip, oýunjaklaryny paýlaşyp oýnap ýörler. Biz näme?  Iki-üç ýyllap gaty görüp gezýän mahallarymyzam kän bolýar. Ýüregimizde şol öňki öýke-kineleri göterip ýörüs. Ne özümiz bagyşlaýarys ne-de bagyşlatdyrýarys?! Biz göwnümize degen adamlary bagyşlaman, aslynda diňe özümizi jezalandyrýarys. Içimizdäki agyr ýüki göterip gezmäge özümizi mejbur edýäris. Bagyşlasak bolsa, olara ýagşylyk etdigimiz diýip pikir edýäris. Aslynda bolsa, olary bagyşlamak biziň özümize eden ýagşylygymyzdyr. Çagalardan öwrenmeli esasy zadymyz hem şu bolsa gerek?!

3. Kömek etmek

Çagalara oýunjak ýa-da süýjijik berip görüň, çaga üçin senden gowy adam ýok.

“Gel köşegim şuny al, gel ejeňe kömek edäý “ diýseň ylgaşlap, näme diýseň edip ýörendir. Eýsem biz näme üçin kömek etmeli däl?

27
134
king_tm
16.09.2023 08:32

Matematika – akylyň gimnastikasy



Matematikanyň ýokary bilim berijilik güýji bar, ol okuwçylaryň akyl ukyplaryny ösdürýär.

Dmitriý Pisarew.

Matematikanyň düşünilip okalan on sahypasy ýat tutulyp we düşünilmedik ýüz sahypasyndan gowudyr.

Djon Ýung.

Matematika maňa esasan hem pikir ýöretmeleriň dogrulygy we açyklygy üçin ýarady.

Rene Dekart.

Matematiki şekilleri we ululyklary deňeşdirmek oýun üçin we paýhas öwrenmek üçin serişde bolup hyzmat edýär.

Genrih Pestalossi.

Matematika logiki pikirlenmä oňat başarjaňlyk berýär, häzirki wagtda we has irden bäri hem ol uly hormata eýe bolupdyr we has akylly adamlar ony beýleki ylymlardan has ileri görüpdirler.

Anri Sen-Simon.

Tebigaty has çuň öwrenmek, matematikanyň ajaýyp açyşlarynyň çeşmesidir.

Jozef Fure.

Tebigatda bar zatlaryň ählisi ölçeglidir.

Nikolaý Lobaçewskiý.

Matematika — munuň özi pikirlenmegiň kanunlaryny, geometriki jisim baradaky düşünjeleri ulanmak diýmekdir.

Nikolaý Çernyşewskiý.

Matematika dürli zatlary bir at bilen aýtmagyň sungatydyr.

Puankare.

Matematika tebigaty öwrenmekde has oňat we hatda ýeke-täk mümkin bolan girişdir. Geometriýasyz we algebrasyz mehanikany öwrenmek mümkin däl, geometriýasyz algebrasyz we mehanikasyz astronomiýany öwrenip bolmaýar, geometriýany, algebrany, mehanikany we astronomiýany öwrenmezden fizikany we fiziki geografiýany öwrenmek mümkin däl.

Dmitriý Pisarýew.

19
183
king_tm
14.09.2023 21:01

Poçerkine seret, häsiýetini bil!


Golýazma (poçerk) bilen islendik adamyň tebigatyny kesgitlemek kyn däl. Golýazmany derňäň we golýazma berjek ballaryňyzyň sanyny jemläň.


Harp ölçegi


örän kiçi – 3;


kiçi – 7;


orta – 11;


uly – 20


Keseligi


çepe keseligi – 2;


biraz çepe keseligi – 5;


saga keseligi – 14;


sag tarapa uly keselik – 6;


göni keselik – 10


Harp görnüşi


tegelek – 9;


ýiti, burçly – 19;


şekilsiz – 10


Hatyň ugry


setirler ýokarlanýar – 16;


setirler aşak süýşýär – 1;


göni, tekiz tekst – 12


Basyş


ýeňil – 8;


ortaça – 15;


güýçli – 21


Birikdirilişi


birikdirilen harplar – 11;


biri–birinden aýratyn harplar – 18;


garyşyk stil (erkin golýazma) – 15


Umumy görnüşi


tertipli golýazma – 13;


düşnüksiz, biperwaý golýazma – 4;


göni däl golýazma, käbir sözleri okamak kyn – 9.


Netije

38 – 51 bal. Saglygy pes adam, ähtimal — garry adam. Bu golýazma 80 ýaşdan uly adamlarda bolýar.

52 – 63 bal. Özüne ynamy bolmadyk, utanjaň, kynçylyklaryň öňünde boýun egýän adam, häsiýetiň görnüşi boýunça — flegmatik.

64 – 75 bal. Nepis, ýumşak, biraz türkana, ejiz ynsan. Onda häsiýetde tutanýerlilik we berklik ýok.

76 – 87 bal. Maşgalasyny gowy görýän adam, wepaly we ynamdar dost. Yhlasly, dogruçyl, aragatnaşyk üçin açyk, ýakymly adam.

88 – 98 bal. Durnukly psihikasy we ýokary intellektual ukyby bolan dogruçyl we hormatlanýan adam. Aýgytlylygy bilen tapawutlar.

99 – 100 bal. Şeýle adamlar beýlekileriň pikirinden garaşsyz, elmydama isleýşi ýaly hereket edýärler, aýdyň indiwidualist bolup durýarlar. Olar gaharjaň häsiýetli, çalt reaksiýa we tiz wagtda hemme zady ele almak ukybyna eýe

18
295
king_tm
13.09.2023 07:45

Beýnimiz barada köp eşidilýän, ýöne sebäbi bilinmeýän käbir gyzykly maglumatlar:

Gujaklaşmak peýdaly. Öňler diňe ýakynlaň bilen gujaklaşmak peýdaly hasaplanýanam bolsa soňky wagtlarda özüňe ýakymly hasaplaýan islendik adamyňyz bilen gujaklaşmagyň beýnä gowy täsir edýändigi bilermenler tarpyndan ýüze çykaryldy. Şeýtmek bilen söýmek we baglanmak duýgulary sizde peýda bolar. Mundan başga-da, gujaklaşmak immuniteti ýokarlandyryp, nerw sistemasyny rahatlandyrýar.

Beýni öwrenýärkä ulalýar. Täze öwrenilýän her bir başarnyk üçin beýni özünde ýer boşadýar diýsek has dogry bolar. Meselem, braýlda okap bilýänleriň beýnisinde şol başarnygyň ýerine ýetirilýän böleginiň has ulalýandygy subut edilendir.

Beýnimiziň iki ýarymşary aýry-aýry işlemeýär. Kähalatlarda hatda ýönekeýje hereketi ýerine ýetirmek üçin hem beýnimiziň birnäçe bölegi şol bir wagtda herekete geçmeli bolýar. Mysal üçin, kitap okalýan mahalynda beýniniň görüş we kabul ediş, maglumatlary işläp, olary gysga wagtlyk ýada goýýan bölekleri bilelikde işleýär.

Adrenaliniň täsiri zyýanly. Dartgynly ýagdaýlarda bedende stress garmonlary bolan – noradrenalin we adrenalin peýda bolýar. Olar bedeni gaçmaga we gaýtawul bermäge taýýarlaýar. Ýöne munuň bilen birlikde, gan basyşy hem aşa ýokarlandyrýar.

25
248
king_tm
13.09.2023 07:40

Meşhur «Forbes» neşiri dünýäniň iň gymmat sport klublarynyň reýtingini yglan etdi. Bu sanawda 7 sany futbol kluby orun aldy.

Top-15 iň gymmat klublar:


“Dallas Kovboys” (NFL) – 9 mlrd dollar;


“Nyu-York Yankis» (MLB) – 7,1 mlrd dollar;


3-4. “Golden Steyt Uorriors» (NBA) – 7 mlrd dollar;

3-4. “Nyu-Inglend Petriots” (NFL) – 7 mlrd dollar;


“Los-Anjeles Rems” (NFL) – 6,9 mlrd dollar;


“Nyu-York Jayents» (NFL) – 6,8 mlrd dollar;


“Chikago Bears” (NFL) – 6,3 mlrd dollar;


“Las-Vegas Reyders” (NFL) – 6,2 mlrd dollar;


9-10. “Nyu-York Niks» (NBA) – 6,1 mlrd dollar;

9-10. ”Nyu-York Jets” (NFL) – 6,1 mlrd dollar;


“Real Madrid” (La Liga) – 6,07 mlrd dollar;


“Vashington Kommanders” (NFL) – 6,05 mlrd dollar;


“Manchester Yunayted” (APL) – 6 mlrd dollar;


“San-Fransisko Forti Nayners” (NFL) – 6 mlrd dollar;


“Los-Anjeles Leykers” (NBA) – 5,9 mlrd dollar.


“Barselona” futbol kluby 18-nji oruny (5,508 mlrd), “Liverpul” 20-nji oruny (5,288 mlrd), “Manchester Siti” 23-nji oruny (4,99 mlrd), “Bavariya” 24-nji oruny (4,86 mlrd) va “PSJ” 36-njy oruny (4,21 mlrd) eýeledi.

19
72
king_tm
12.09.2023 13:16

Hindistanda näçe gün galmaly?

Eger-de siz, Hindistana gezelenç edip, ähli ýerlerini görmek isleseňiz, bir ömür hem ýeterlik bolman biler. Ýöne syýahatçylaryň Hindistana syýahaty näçe gün dowam etmeli? Siz hem bu sorag bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda jogap bereliň. Syýahatyňyz üçin 2 hepde ýeterlik bolar.

Hindistana gezelenç etmek üçin haçan gitmeli?

Dünýädäki iň uly meýdany bolan ýurtlaryň birine syýahat etjek bolsaňyz, nirä barýandygyňyza jogap tapmaly. Hindistana haçan gitmeli?


Syýahatçylaryň aglabasy Hindistana gitmek üçin meşhur festiwallaryň bolýan wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.


Hindistanda tomus aýlarynda musson ýagyşlary we suw joşmalary has köp bolýar. Syýahatçylar şonuň üçin iýul-oktýabr aýlary aralygynda Hindistana syýahat etmekden saklanýarlar.


Hindistanda howa iýun aýynda iň ýokary temperatura ýetip biler. 45 dereje-de dynç almak islemeýän bolsaňyz gezelenjiňiziň wagtyny öňünden tertipläň.


Hindistana gitmegiň iň amatly wagty mart hem-de noýabr aýlarydyr. Hindistanda bu aýlarda howanyň temperaturasy gezelenç etmek üçin örän amatly hasaplanýar. Mundan başga-da, bu iki aýyň dowamynda Hindistanda iň meşhur festiwallar hem bellenilýär.


Dünýäniň dürli künjeklerinden adamlary birleşdirýän festiwallar geçirilýär. Olardan iň meşhurlary: «Diwali», «Holi», «Dussehra», «Nawratri» we «Durga Puja». Hindistanyň iň uly iki festiwaly barada birnäçe maglumatlary belläp geçeliň.

Iň meşhur hindi festiwaly: Diwali

Ýagtylygyň baýramçylygy bolan Diwali, hindi ynançlaryna görä ýagtylygyň garaňkylygy ýeňip geçýän gününi alamatlandyrýar. Noýabr ýa-da dekabr aýlarynda Hindistanyň her künjeginde bellenilýän Diwali, buddizmiň mukaddes gahrymanlaryndan biri bolan Ramanyň 14 ýyl sürgünden soň doglan Aýodha gaýdyp gelmeginiň baýramçylygydyr.

Diwali döwründe Hindistandaky ähli jaýlar dürli reňkler bilen boýalýar, Feýerwerkler ýurduň her künjegindäki garaňkylygy yşyklandyrýan ýaly asmany reňkler bilen boýaýar. Diwali döwründe hindiler adaty eşiklerini geýýärler we paýhas hudaýy Lakşminiň öýlerine gelmegine garaşýarlar.

Hindistanda bahar reňk bilen bellenilýär: Holi festiwaly

Adamlar ýüzlerini reňkli boýag toplary bilen boýap, biri-birine boýag toplaryny zyňyp, tans edip, aýdym aýdyp şatlanýarlar. Her ýyl ýaz paslynyň ilkinji doly aýynda bellenilýän Holi festiwaly hindi mifologiýasynda möhüm orun eýeleýär. Rowaýata görä, şa Hiranyakaşipu Brahma hudaýy tarapyndan ölmezlik bilen sylaglanypdyr. Wagtyň geçmegi bilen ulumsy adama öwrülen Hiranyakaşipu hemmeleriň özüne boýun bolmagyna garaşypdyr, ýöne onuň ogly Prablah ilkinji nobatda oňa garşy çykanlaryň biri bolýar. Ogluny öldürmek kararyna gelen Hiranyakaşipu, şowlulygyny birnäçe gezek synap görýär. Emma Wişnu hudaýy Prablany hemişe goraýar. Iň soňunda oglunyň uýasynyň gujagynda goragsyz ýatan ogluny tutmagy we ýakmagy meýilleşdirýän Hiranyakaşipu, aýal dogany Holikanyň oda çydamlylygy sebäpli şowsuzlyga uçraýar. Prablah diri galýar, ýöne Holika aradan çykýar. Bu ýagdaýa gahary gelen Wişnu Hiranyakaşipuny öldürýär. Onuň ýerine ogly Prablahy geçirýär. Şondan bäri hem hindiler Holi festiwalynda özüni pida eden Holikany hormatlaýarlar.

Holi we Diwali, hindi medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmak isleýänler üçin iň amatly döwürdir.

Hindistanda nirelere gezelenç edilmeli?

Hindistanda gezelenç etmek üçin diýseň köp ýer bar. Hindistana bir hepdelik syýahat etmegi meýilleşdirýän bolsaňyz, Delä, Agra we Jaipur şäherine baryp bilersiňiz. Dynç alyşyňyzy has uzak möhletli meýilleşdirýän bolsaňyz, Hindistanyň ýüregi diýlip atlandyrylýan Madhýa-Pradeş ştatyny Mumbay, Kerala, Waranasi, Amritsar, Goa, Udaipur ýaly şäherlerine hem baryp bilersiňiz.

Hindistanyň haýsydyr bir bölegine baryp göreniňizde özüne çekiji gurluşa duş gelmegiňiz gaty ähtimal. Bu ýurt diňe bir reňkleriň we ritmleriň ýurdy däl-de, eýsem, ybadathanalaryň hem ýurdy hasaplanýar. Hindistanyň ybadathanalary, belki, dünýäde görüp boljak iň täsirli gurluşlardyr. Hindistanda gezelenç etmeli ýerler adamlary gadymy döwürlere alyp gidýär.

Täçmahal

Yslam binagärliginiň iň görnükli eserlerinden biri bolan Täj-Mahal, Jahan şa tarapyndan ýaş wagtynda aradan çykan aýaly Mumtaz Mahal üçin döredilen ajaýyp eserdir. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Täj-Mahal, Hindistana baryp görmeli ýerleriň sanawynyň başynda öz ornuny tapýar. Täj-Mahal – arassa mermerden ýasalan eserdir.

Amber galasy

Amber galasy  XVI asyrda gurulan bina bolup, ol mermerden, çäge daşlaryndan ýasalypdyr. Diňe bir daşky keşbi bilen däl, eýsem, içerki keşbiniň ajaýyp ussatlygy bilen haýran galdyrýan taryhy eserdir. Bu ýere piller bilen gezelenç etmek gyzykly hasaplanýar.

Çarminar

Dört minarany aňladýan Çarminar, Hindistanyň Haýdarabat şäherinde ýerleşýän ajaýyp yslam ýadygärligidir. Ýurduň paýtagty

Golkonda şäherinden Haýdarabat şäherine göçürilenden soň, Kutb-Şahlar neberesiniň soltany Muhammet Kuli Kutb Şah tarapyndan 1591-nji ýylda gurlan bu ajaýyp gurluş görenleri özüne haýrana galdyrýar.

Altyn ybadathana

Päkistanyň serhedinde ýerleşýän Amritsar şäherinden geçseňiz, altyndan ýasalan ybadathana size garaşýar. Asyl ady «Harmandir Sahib» bolan bu ybadathana, Syh dininiň iň mukaddes ýerlerinden biri hasaplanýar. Hindistanda gezelenç etmeli ýerleriň arasynda altyn öwüşgin bilen haýran galdyrjak ýer görmek isleseňiz, ilki Amritsar şäherine, soňra bolsa Altyn ybadathana baryp görüň.

Lotus ybadathanasy

Lotus gülüniň anatomiýasy esasynda gurlan Lotus ýa-da Bahaý ybadathanasy 1986-njy ýylda gurlup, dünýäniň dürli künjeklerinde Bahaýy ybadathanalarynyň iň soňkusy diýen ada eýe boldy. 9 girelgesi bilen 9 dini alamatlandyrýan Lotus ybadathanasy Nýu-Delide binagär Fariborz Sahbanyň ady bilen tanalypdyr.

Kutub minarasy

Delide iň ajaýyp yslam ýadygärligi bolan Kutub minarasy hem bar. XIII asyrda ýeňiş ýadygärligi hökmünde gurlan Kutub minarasy, Täç-Mahal gurulýança Hindistanda iň beýik minara bolupdyr.


KIM HINDILERI HALAÝAR ????

21
145