İň eý görýän adamyňyz barada
Düzme ýazyň diýdi mugallym
Hemmeler düzmesin tabşyrdy gitdi
Bir ulu kylasda bir özüm galdym
Eýläk beýläk gezmeleýär mugallym
men bolsa söz başam tapamok şindi
kagyza damanda gözümiň ýaşy mugallym ýagdaýyma düşundi
ol ýuwaşluk bilen çykdyda gitdi
gözümi süpürdim nemlendi ýene
şeýdip ağlap uly kylasda saňa goşgy
goşdum mähriban enem
Bolýan işe seret ýaňky düzmäme
mugallym şonda da goýupdyr bäşlik
ilkinji goşgyny şeýdip ýazdyrdy
ezizin elinden aldyran ýaşlyk
Berdinazar Hudaýnazarow