kicijiksazada
27.03.2024 08:02
I
A lty ýaşymdakam, bir ýola men heniz adam aýagy sekmedik tokaý barada gürrüň berilýän «Bolan wakalar» atly kitapdaky ajaýyp bir surata gabat geldim. Suratda mähnet ýylanyň bir ýabany haýwany ýuwudyşy şekillendirilendi. Ine, şol surat:
Kitapda: «Bu ýylan öz pidasyny çeýnemän, bitewüligine ýuwudýar. Şondan soň ol gymyldabam bilenok, awyny mazaly siňdirýänçä, ýarym ýyllap ukuda ýatýar» diýlip ýazylandy. Menem sümme jeňňelliklerde duş gelip biläýjek howp-hatarlar barada oýlana-oýlana, reňkli galamlarymy alagada, ömrümde ilkinji suratymy çekdim. Ine, ol şeýle:
Öz döreden ajaýyp işimi uly ýaşly adamlara görkezip, suratymyň olary gorkuzýanyny-gorkuzmaýanyny soradym. Olar bolsa: «Şlýapanyň nämesi gorkunç?» diýip, gaýta özüme sorag berdiler.
Yöne men suratda şlýapany şekillendirmändim ahyry. Munda-ha pili ýuwudan Boa atly ýylan şekillendirilen! Şeýlelikde, uly ýaşlylara düşnükli bolar ýaly, şol ýylanyň içini çekdim. Nätjek, olara mydama bar zady düşündirmeli bolýar. Ikinji çeken suratym, ine, şeýle:
Ulular maňa şol ýylanyň suratyny içindenem, daşyndanam çekip ýörmän, gowusy, geografiýa, taryh, matematika ýaly ylymlardyr dürs ýazuw kadalaryny öwrenmek bilen köpräk gyzyklansam peýdaly boljagyny maslahat berdiler. Şeýdibem, alty ýaşap- ýaşamankam, özüme üstünlik getiräýjek nakgaşlyk ýaly ajaýyp kärden el ýuwmaly boldum oturyberdim. Birinji hem ikinji çeken suratlarym bilen bagly şowsuzlykdan soň, birhili, bu sungata höwesim gaçan ýaly boldy. Ulularyňam özünden bilip düşünjek gümanlary ýok, çagalar üçin bolsa, olara bar zady aýdyp-diýip, düşündirip ýörmek halys ýüregedüşgünç.
Şeýlelikde, başga käri saýladym — uçarmanlygy öwrendim. Dünýäniň çar künjüne diýen ýaly aýlanyp çykdym. Dogrymy aýtsam, geografiýanyň maňa kän nepi degdi. Birje görenimden, al-asmandan Hytaý bilen Arizonanyň suduryny tapawutlandyrmagy başarýardym. Gije ýoluňdan azaşaýsaňam, bu ylmyň peýdasy degýär eken.
Ömrümde kän-kän atly-abraýly adamlar bilen gabatlaşdym. Uly ýaşlylaryň arasynda köp ýaşadym, olary içgin tanadym. Yöne, barybir, olar baradaky pikirim welin, öňküligine galdy.
Akyllydyr, düşbüdir öýden ýaşuly kişime duşan halatym, aýap saklaýan hem hemişe ýanymda göterip ýören birinji suratymy görkezýärdim. Uly ýaşly, epeý kişiniň, hakykatdanarn, bir zatlar bilýänligine ýa bilmeýänligine göz ýetiresim gelýärdi. Ýöne sataşan adamlaryň barysam: «Bu-ha şlýapa» diýşip, ýer depdi durdy. Şondan soň olaryň ýanynda ýylandyr, adam garasyny görmedik tokaý ýa-da ýyldyzlar barada söz açmamy bes edäýdim. «Ýoldaşyň kör bolsa, gözüňi gyparak» diýişleri ýaly, şolaryň öz düşünjelerine göräräk boluberdim. Men olar bilen brij, golf oýunlary hakda, syýasat hem-de ýakabag barada gürrüňleşdim.
Uly ýaşlylaram, hamala, meniň bilen tanşanlaryna öz ýanlaryndan monça bolan bolýardy.
Birinji bölümiň soňy.
Ikinji bölüm indiki postda goýlar.
16
105
kicijiksazada
26.03.2024 17:31
Ilki bilen hemme öwrenmeli agzalyryna Salam. Men size ilkinji postumda iň halaýan gahrymanym "Kiçijik şazadany" siziň bilen tanyşdyrjak. Umyd edýärin siz meniň goýan bu postymy halarsyňyz 😁
«Kiçijik şazada» — beýik fransuzýazyjysy Antuan de Sent-Ekzüperiniň iň belli eseri- dir. Ýazyjy bu powestini 1943-njiýylda Nýu-Yorkda ýaşapýörkä ýazýar we şolýylam eser ilkinji gezek neşir edilýär.
2011-njiýyla çenli dünýä dilleriniň 180-sine terjime edilen, umumy çapdan çykan nusgalygy 80 milliondan geçen, esasynda birnäçe sahna oýunlary goýlan, multfilmler hem kinofilmler düşürilen, şanyna onlarça aýdymdyr saz ýazylan, dünýäniň Ýaponi- ýadyr Fransiýa, Ukrainadyr Gürjüstan, Orsýetdir Amerika ýaly ýurtlarynda eseriň baş gahrymany — Kiçijik şazada heýkel dikilen bu allegorik powestiň, eýse, üýtgeşikligi nämedekä?
(Powest) Ýazaryň hut öz. eli bilen çeken suratlary bu eseriň gadyryny has-da artdyrýar. Ýazy- jynyň ömrüni we döredijiligini öwrenýän adamlaryň aýtmagyna görä, ýaşajyk Antuan uzak gijelerine ýyldyzlary synlap oturmagy halaýar eken. Çaga kalby ak kagyz. Oňa näme ýazylsa, aňsat-aňsat pozulmaýar. Bu eser ýazyjynyň çirksiz çagalyk arzuw-hyýalla- rynyň önümi.
Eseriň gahrymanlarynyň biri Tilkiniň: «Adamlaryň, hatda bir zatjagaz öwrenerýalam wagtlary ýok. Olar taýyn zatlary dükanlardan alaýýarlar. Ýöne dost söwdasyny edýän dükanlar ýok ahyry. Şonuň üçinem adamlaryň dostlary ýok...» diýen sadaja pelsepesi bilen ylalaşmazlyk kyn. Eser bilen ýakyndan tanşan okyjynyň ondaky özboluşly gahry- manlar bilen ömürlik dostlaşjakdygyna ynanýarys...
Bu hekaýanyň gysgaça düşündirişi. Indiki postlarymda her bölümini size aýdyp berjek. Goldawlaryňyz üçin hemmäňize sagbolsun aýdýan.
27
100