karasevda
10.09.2023 22:37

Ogul poemasyndan halan setirlerim.


Arslan, Ýolbars diýip at dakdyk bir gün

(Şoňa mynasypdy ekizje oglan).

Ýöne on sekizden ötüp-ötmänkä

Biri tilki boldy, birisi şagal.


Ýene iki çaga at dakdyk bir gün.

Öňkä şükür etdik. Bu onça-da ýok:

Geçi bolup çykdy Serdar dakanmyz,

Batyr dakanymyz towşança-da ýok,


Ikisi-de gaçdy enesin taşlap:

Biri işden gorkdy, biri okuwdan

Birisi mäläp ýör Sibirde gagşap,

Beýlekisem agaç çapýar tokaýdan.


Onsoň iki gyza at dakdyk bir gün.

Ikisi-de çykdy adyndan arzan:

Misden arzan çykdy Merjen dakanmyz,

Altyn hem – bir gujak odundan arzan.


Doly görnüşi


Ogul


(Ogul toýundan soň dörän goşgy –

poema)


I


Ogul boldy. Çapyp gitdi çagalar.

«Buşluk!» sözi gapy-gapy aýlandy.

Üç çagany uçrum eden sallançak

Bu gün ýene bir çagalyk agraldy.


Gözjagazyn ýumup ýatyr çagajyk –

Bu dünýäniň ahwalyndan bihabar,

Asmanyňdan, ýaragyndan, urşundan,

Haramyndan, halalyndan bihabar.


Ol diňe enäniň ak süýdün bilýär.

Şondan başga zada ýetenok akly.

Ýöne onuň eýýäm adam ady bar –

Ýaşamaga hakly, iýmäge hakly.


Aglamaga hakly, gülmäge hakly.

Aglaýar çagajyk (bolsa-da erkek!),

Erkekleriň aglamaly däldigin

Bilenok köşejik, bilenok entek.


Häzirlikçe goý, aglasa aglasyn,

Çagalara agy üçin temmi ýok.

Olar oňat düşünýärler bir zada –

Aglamasaň – wah,

emme ýok, memme ýok.


II


Bilemok, adyna näme dakdyňyz –

Ajap atlar köpdür, ýene-de köp bor:

Ýöne at dakynmak aňsat-da bolsa,

Olara eýelik etmekde gep bar.


Arslan, Ýolbars diýip at dakdyk bir gün

(Şoňa mynasypdy ekizje oglan).

Ýöne on sekizden ötüp-ötmänkä

Biri tilki boldy, birisi şagal.


Ýene iki çaga at dakdyk bir gün.

Öňkä şükür etdik. Bu onça-da ýok:

Geçi bolup çykdy Serdar dakanmyz,

Batyr dakanymyz towşança-da ýok,


Ikisi-de gaçdy enesin taşlap:

Biri işden gorkdy, biri okuwdan

Birisi mäläp ýör Sibirde gagşap,

Beýlekisem agaç çapýar tokaýdan.


Onsoň iki gyza at dakdyk bir gün.

Ikisi-de çykdy adyndan arzan:

Misden arzan çykdy Merjen dakanmyz,

Altyn hem – bir gujak odundan arzan.


Dakyň çagaňyza iň ajap ady,

Seçiň-saýlaň täzesinden täzesin.

Ýöne çagamyzy at bezäp bilmez,

Goý, çagamyz öz adyny bezesin...


III


Ogul boldy. Çapyp gitdi çagalar,

«Buşluk!» sözi gapy-gapy aýlandy.

Üç çagany uçrum eden sallançak

Bu gün ýene üç müň gram agraldy.


Gramlar toplanyp, ulaşsyn puta.

Dag dek eginlerne ýetmesin ýorgan.

Ýöne weli, näçe ulaldygyça,

Watanyň gerşine düşmesin agram.


Il-günüň boýnuna hopba bolmasyn,

Il-gününi etsin boýnuna hopba.

Özi hakda iki sagat oýlansa,

On sagat oýlansyn il-güni hakda.


Gözüniň üstünde baýdak edinsin

Enäniň, atanyň mukaddesligin.

(Olar ölüm bilen deň görermişin

Gyz haýasyzlygyn,

Ogul pesligin).


Säher turup, ilki atasyn görüp,

Onsoň garaždaky atyny görsün.

Eneden, atadan ak pata alyp,

Atynyň suwuny, otuny bersin.


Ine onsoň uçsun kanala tarap,

Saçlary ykjasyn iýul ýeline.

(Atanyň pendini alan goç ogul

Asla düşmezmişin GAI-iň eline).


Gözjagazyn ýumup ýatyr çagajyk.

WAI-sinden, GAI-syndan bihabar.

69-yndan, 24-inden,

Waziginden, gaýrysyndan bihabar.


Ýylgyrypjyk, dymyp ýatyr oglanjyk,

Gürrüňe, gybata goşulanok ol.

Özüni huwwalap, emdirip ýatan

Enäň diline-de düşünenok ol.


Zyýany ýok, bu gün düşünmese-de,

Ulalar, ýetişer, düşüner ertir.

Ýöne ol ertirem düşünmän dursa,

Ine, şol geň zatlaň üstünden getir.


Özüni döreden enesi bilen

Gepleşäýse terjimeçi arkaly –

(Men şeýle zatlaryň birine duşdum!

Ine gorkjak bolsak şondan gorkaly!)


4


...Meýmiräpjik myrlap ýatyr bäbejik,

Habary ýok süýşüp gelen obadan.

Bihabar ol reýhstaga gol çekip,

Segsen ýaşda çowluk gören babadan.


Sallançakda uklap ýatyr çagajyk,

Bady gaçan sallançakdan bihabar.

Içki jaýa ylgap giden eneden,

Ýasalmaly müň saçakdan bihabar.


Birdenkä-de «jäk-jäk» edip oýandy,

Gujakdan-gujaga geçdi aglajyk.

Diňe ene ysyn agtarýan ýaly,

Mälemesin bes etmedi owlajyk.


Onýança-da ýüpek gabak gaýtarma

Sozlup çykyp ýüz sonanyň içinden,

Gujagyna göterdi-de bäbegi,

Birje gezek sypalady saçyndan.


Şo bada-da tapba sesi kesildi.

Del gujakda rahat tapdy çagajyk.

(Gujaklaň gowsuny tanýan ekeniň,

Aý bäbejik – eý jögüjik, jögüjik!)


Barha göterilýär toýuň şowhuny.

Açylýar şampanlar. Bugarýar saçak.

Tarypçylar – bir-birinden göçgünli,

Gybatçylar – bir-birinden owunjak.


Her haýsy özüniň agramna görä

Guwanýa, ýaňraýa, öwünýä, gülýä.

Gerşin tutup, hemmesini diňläp dur

Hem gazaply

hemem arkaly Dünýä!


Ol Dünýä her kime bir ömür berýär,

Şol ömri synagdan geçirýär onsoň.

(Käte diri wagtyň ölä meňzedýär,

Kä dirä öwürýär merhumam bolsaň).


...Sallançakda gülüp ýatyr çagajyk,

Ýaman zatdan, ýagşy zatdan bihabar.

Gapdalynda gülüp duran göripden,

Ýalan tostdan,

galp şöhratdan bihabar.


Ýumrujagyn düwdi birden bäbejik,

Beýläk itdi agzyndaky emmesin.

Arkaýynja emiber sen emmäňi,

Düzederis ýaman zatlaň hemmesin.


O zatlaryň günäkäri özümiz,

Entek seniň çigit ýaly çirkiň ýok.

Hakyň bardyr ýumrujagyň düwmäge,

Ýöne entek göreşmäge hakyň ýok.


Ýürejigiň polat ýaly berkesin,

Döşleriň-de pes bolmasyn gapakdan.

Gürlän wagtyň – il aňk bolsun agzyňa,

Ýörän wagtyň – uçgun

çyksyn toprakdan.


Ine onsoň Ýalan bilen Ýamanyň

Aýagyna bile gurarys gapan.

Gaplaň dakjakmyşlar seniň adyňa...

Bu – olaň öz işi, Ýolbarsmy, Gaplaň.


Haýsy bolanda-da tapawudy ýok.

Şony isleýändir at dakan adam.

Ýöne Seniň adyň Aýy hem bolsa,

Adyňdan öňürti adam bol,

Adam!


Kerim Gurbannepesow

23
108