kamil
27.01.2024 23:15
Uky gelmeýänligi sebäpli ýatylanokmy, ýa-da ýatmak islemeýänligimiz üçin uklamyzok?

Haýwanlary söýüjiler adamlaram söýýämikä?

Söýgä ynanmaýanlar belki iň köp ynanlardy.

Baý oglana gyz saýlamagam kyn...

Adalaty diňe özüň üçin isleseň, senem iň "adalatlylardan"

Durmuşymy üýtgetjek diýýäňmi? Ilki şol düşünjäňi üýtget.
17
88
kamil
18.12.2023 22:04

Hеr bir аkly ýеrindäki uly аdаm şu zаtlаry islеýär:

1. sаglyk wе ömür

2. iýmit,

3. uky,

4. pul wе pulа sаtyn аlyp bolýan zаtlаry,

5. ol dünýädäki ýaşаýşy,

6. jyns gаtnаşyklаry boýunçа kаnаgаtlаnmаny,

7. mаşgаlа аbаdаnçylygyny,

8. şаhsy аbrаýy.

29
62
kamil
16.12.2023 23:20
Audio kitaplar adaty kagyz kitaplaryndan birnäçe artykmaçlyklara eýedir. Olardan käbirlerini bellesek:
Amatlylyk . Audio kitaplary islän wagtyňyz we islendik ýerde diňläp bilersiňiz. Syýahat, sport bilen meşgullanmak, öý işlerini etmek ýa-da diňe dynç almak bilen hem olary diňläp bilersiňiz. Bu, edýän işleriňize ünsüňizi jemlemäge we okamakdan lezzet almaga mümkinçilik berýär.
Wagt tygşytlamak . Audio kitaplary kagyz kitaplaryny okamakdan has çalt diňläp bolýar. Sebäbi başga zatlar edeniňde-de olary diňläp bilersiňiz. Mysal üçin, işe barýarkaňyz ýa-da nahar taýýarlanyňyzda audiokitap diňläp bilersiňiz.
Elýeterlilik. Ses faýllaryny aýtdyryp bilýän islendik enjamda audiokitaplary diňläp bolýar. Diýmek, olary smartfonyňyzda, planşetiňizde, kompýuteriňizde ýa-da adaty bir pleýerde hem diňläp bilersiňiz.
Maýyplygy bolan adamlar üçin elýeterlilik. Audio kitaplar, görüş kynçylygy bolan ýa-da okamagy kynlaşdyrylan beýleki maýyplygy bolan adamlar üçin gowy usuldyr.
Indi udiokitaplaryň peýdaly bolup biljekdiginiň käbir anyk mysallaryna seredeliň:
Köp syýahat etseňiz, audiokitaplar ýolda wagt geçirmek üçin gowy usuldyr. Uçarda, otly ýa-da awtobusda syýahat edeniňizde olary diňläp bilersiňiz.
Täze dil öwrenmek isleseňiz, audiokitaplar başarnygyňyzy ösdürmegiň ajaýyp usulydyr. Daşary ýurt dilindäki sözleýiş düşünjäňizi ýokarlandyrmak üçin olary asyl nusgasynda diňläp bilersiňiz.
22
34
kamil
12.12.2023 13:44
Türkmen dilinde iň gowy biznes we şahsy kämillik üçin kitaplar:
1. Wawilonyň iň baý adamy
2. Men we Pul
3. Ferrarisini satan kesiş
4. Oýlan hem baýa
5. Millioneriň syry
6. Dosty neneňsi gazanmaly we adamlara nädip täsiriñi ýetirmeli
(Sanawy dowam etdirip bilersiňiz)
23
44
kamil
07.12.2023 20:34
Salam, hormatly agzalar. Kitabyň şahsyýeti kemala getirmekdäki täsirini-hä bilýänsiňiz. Siziň pikiriňizçe in gowy türkmençe 5 kitap saýlamaly bolsa haýsylar bolardy? ( daşary ýurt dillerindäkileri hem goşmaça ýazyp bilersiňiz)
21
136
kamil
01.09.2023 21:32
#Hemme zat hemişe gowulyk bilen gutarýar, eger erbet gutaran bolsa, ol häli doly tamamlanmady.

#Durmuşymyzdaky iň esasy sözleri biz dymyp aýdýarys.

#Düşündirmek üçin wagt sarp etmäň, adamlar diňe eşidesi gelýän zadyny eşidýär.
16
64
kamil
24.08.2023 19:03
Haçanda kiçijek wagtyň senem beýleki çagalar ýaly kesellänsiň. We haçan-da lukman: \" Seniň niräň ýa-da nämäň agyrýar\" diýip soranda, sen ejeňe seredensiň, ol jogap bereri ýaly. Sebäbi seniň duýýanyňy ejeňiň hem duýýandygyna doly ynamlydyň. Indi özbaşdak bolanyňyzdan soň, olaryň aladasyny unutmaň...

Çeşme: Imo
32
94
kamil
21.08.2023 22:01
Tans et - seni hiç kim görmeýän ýaly, aýdym aýt - seni hiç kim eşitmeýän ýaly, söý - hiç ikilik edilmedik ýaly, ýaşa - Ýer şary jennet ýaly.
# Mark Twen

Başdan geçirmelere seredip, men bir garry barada şeýleräk hekaýany ýatladym, ol ölüm ýassygynda durmuşynyň birnäçe ýaramazlyklardan doly bolandygyny gürrüň berdi, ol ýaramazlyklaryň aglabasy bolsa aslynda hiç bolmandy.
#Winston Çerçill
26
113
kamil
15.08.2023 22:16
Görmekçidim bagtymy.
Gyş gunüdi. Guşlukdy.
Gyşda Söýgiň wagtymy?
Ah, ýaşlykdy, ýaşlykdy!

Ne gyş, güýzi bilýär ol,
Ne gündizi bilýär ol.
Diňe gyzy bilýär ol.
Giden göwni hoşlukdy.

Saldyň başa nä gün, gyz?
Nirä gaçýaň? Sägin gyz!
Bägül gabak bägül gyz
Göz ümledi, daş çykdy.

Ýene gyňyr bakmady.
Myhman diýip çaklady.
– Ýumurtgaňyz ýokmudy?
– Wah, ketegmiz boş çykdy.

Çyn aşykdym, höçjetdim.
Şol gyz diýip ötjekdim.
Ýumurtgany nätjekdiň?
Kisäňem-ä boşlukdy.

«Ýokmy?» diýip eglendim.
Ýokdugyna begendim.
Bir garypja oglandym.
Bar baýlygym Ýaşlykdy.

Diýdim: «Ertir... nemede...
Geläýerin ýene-de...»
Öýden çykdym. Kümede
Gara gözler gaş kakdy.

Hatym berdim Geregme.
Aram girdi ýüregme...
Agşam iýjek çöregmem
Peşgeş berdim.Açlykdy.

Nan – iň uly sowgatdy.
Tutdurmazak tez atdy.
...Gije geçdi. Daň atdy.
Şol – iň belent buşlukdy.

Çykmalydyk kenara.
...Geldi meňzäp çynara.
Näm bolduka ýanwara?
Tokaýlykdan gyş çykdy.

Görejine garadym.
Alynsaçyn daradym.
...Üç aý geçdi aradan
– Gyzyň ýeri boş çykdy.

...Şahyr, sesiň kes indi.
Söndi otly kesindi.
Ýaňrap ýörme, bes indi.
Agtygyňa diş çykdy.


Tanamadyk bamyka awtoryny?
23
108
kamil
13.08.2023 23:21
Söýgi, kesgitlemesi kyn bolan çylşyrymly duýgydyr. Bu köplenç başga birine çuňňur mähir, alada we hormat duýgusy hökmünde suratlandyrylýar. Söýgi romantik, platoniki ýa-da maşgala söýgüsi bolup biler. Ol sözler, hereketler, sowgatlar we wagt ýaly dürli usullar bilen beýan edilip bilner.


Hemmesine laýyk gelýän söýginiň ýekeje kesgitlemesi ýok. Şeýle-de bolsa, söýginiň käbir umumy alamatlary şulardan ybarat:


Başga birine çuňňur mähir we alada duýgusy.

Onuň bilen wagt geçirmek islegi.

Daş-töweregiňde bolanda bagt we kanagat duýgusy.

Berýän howpsuzlyk we goldaw duýgusy.

Ony bagtly etmek islegi.

Söýgi durmuşymyza köp tarapdan täsir edip biljek uly güýçdir. Bizi has bagtly, sagdyn we has üstünlikli edip biler. Şeýle hem bizi has rehimli, düşünjeli we sabyrly edip biler.


Söýgi gadyrly, gymmatly sowgatdyr. #Durmuşyňyzda söýgi tapan bolsaňyz, ony gadyrlaň we nädip söýýändigiňizi ýatdan çykarmaň.
21
90