Käbäñ ýatyr keselhana-da dertli,
ýygýan döwrü geçdi bugdaý hoşasyn
Lukman ömrün saklap bilayjek....şertli,
Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn.
Bir ýyl ýaşatmana umut bar ýaly,
Operasiya talap edip dur jany
Gerek bolsa satyp bar dünýe maly
Pul ber oglum ejen bir ýaşasyn
Elli müñ dollar bes ýeke ýyl ömre
Puluñy ejeñden sen eziz görme,
ýaýdanma perzendim,sen boýnuñ burma
Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn.
On ýyl ýygnasamam pensiýam ýetmez
Karz alsam üzmane ömrüm ýetmez.
Bir ýyl başyñ sypar hiç zyýan etmez
Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn.
Ynha otuz ýyldyr öýden gaýdanyñ
Bizi ýeke goýdun etmän aýdanym,
Wah dert tapaýdy-da ýaşar öýdenim,
Pul ber oglum ejeň bir ýyl ýaşasyn.
Otuz ýyldyr soramadyk bir şaýlyk
Pensiyamyza iydik,ýyrtyjak geynip
Ummasyz pul tapman öñüñde eglip
Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn.
Diydi ogul "mende pul barmy näme"
Münýän Mercedesiñ altmyş müñ däne.
Maşyna dözeniñ dözmediñ jana,
yöne bir janam dal Eje ol Käbe.
Gynanýan pul söýmek öwrülýär däbe
Atañ bu haýyşty uçdy asmana,
"Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn"