ilhano_va
19.12.2023 11:25
Göwün guşum,
Galgat, hany, ganatyň!
Ýadanyňam bilýän,
Irenligiňem.
Men özümi aldap,
Gurra, pal atyp,
Uçjak bolýan,
Ýöne süýrenjilige
Ýakynlaýar süňňüm,
Umydym sensiň.
Bilýän, göwräm agyr götärden göge,
Sypyr synalarmy,
Ruhumy tensiz
Galdyr,
Goý, salsynlar jesedim göre...
Ýa-da mensiz goşul guşlaň hatarna,
Eglenme, uç göz ýeterden belende.
Söz ýeterden ýokarda bol,
Atarlar...
Menem bir gün uçaryn-da ölemde...

Orazmyrat Myradow
23
38
ilhano_va
18.12.2023 19:42
Käte şeýle bolýar,keýpsiz oýanýaň,
Aýna bakyp gülen bolýaň ýalandan.
Çünki gowluk bilen başlanýan günüň
Gowluk bilen gutarjagna ynanýaň.

Şol gün ähli işiň kenarda goýup,
Öz-özüňe ýaranmaga jan edýäň.
Belki aýlar,belki ýyllar geçensoň,
Hut şol gün wagt tapyp oňa jaň edýäň.

Sagatlaň geçenni duýman galarsyň,
Bir-biregiň halyn-ahwalyn sorap.
Çünki şunça wagt soňra ýene-de
Ulgamda seň bilen şol öňki joraň.

Ne sen bilýäň,ne ol bilýär sebäbin,
Şunça wagt habarlaşman oňanyň.
Hany bir wagtlar oňup bilmezdiň,
Artyk weli,kem-ä däldi dogandan.

Soňra şol gün çykyp bir çola ýere,
Öz-özüňe sorag berýäň näme üçin?!
Ýa-da zenan maşgalalar toýdan soň,
Noldan başlamalymyka durmuşyn?!

Meňli Aşyrowa
31
55
ilhano_va
18.12.2023 15:08
Dam damja. Damja-damja dam.
Her demim, her günüm, her ýyl,
Her ömür bir damja. Her döwür.
Bir damjadym menem.
Senden inen bir damja,
Ýüzümi Özüňe öwür.

Yhlasym artypdyr, gözlerim görýär.
Görmän bilmeýän.
Bilmeýän görmän.
Görenimi gördürme,
Diňe görenini gören kördür.
Daşymy gurşady goýazy ümür
Allahym, kör etme meni,
Ýüzümi Özüňe öwür.

Ädim-ädim ädilýär ädimlerim,
Maňa ýol gerek, men ýola gerek.
Höwesim köplüge gitmek.
Köplüge gidýän.
Köplükde galmagal,
Köplükde gowur…
Köplükden gidýän.
Men kime gerek?
Dünýämi tersine çöwür,
Ýüzümi Özüňe öwür.

Ýaşaýarkam Güneşi ber,
Ber maňa Aýy.
Gündizlerim ýagty bolsun.
Ýatmasyn gijelerim.
Men bir bijeli men.
Näme düşüpdir bijäme,
Altynmy, kümüşmi, mismi
Ýa kömür?
Sensiz men ýok.
Ýerem ýok, gögem,.
Güneşem ýok,
Ýaşypdyr gijämiň Aýy…
Ýüzümi Özüňe öwür.

Damjalap ýagyş ýagyp dur, gubur üstüne,
Başym üstüne.
Güneşsiz gijäm üstüne.
Dostam ýok, agladyp goýdular ýary.
Hany gyşyň gary?
Diňe sowugy bar hem gara gabyr.
Didelemden syrygýar ýaş,
Ömürem ýok, ýaşam ýok.
Ýagyşam ýok…
Gözýaşym damja-damja…
Utanjymdan ýalbarýaryn çalaja:
«Şindem bolsa, giç hem bolsa,
Ýüzümi Özüňe öwür»

Ylýas Amangeldi
26
56
ilhano_va
18.12.2023 12:03
Özümden azaşyp uzak bir ýerde,
Wagtyñ aýak sekmedik, ýyllarynda men.
Dagdan daş tapamok, çöldenem çäge,
Zöhrä çekilmedik ýollarynda men.

Ýyldyz ýere gaçsa sypaýar başym,
Ýeken, gamyş ýaly yranyp ýörşüm,
Kemşeren çagajyk aglanda,
Bolşum,
Ýaşyñ gözbaş alan köllerinde men.

Iki gaşyñ arasyn ýyldyrym çakýar
Ýüzümde galmandyr ýylgyryp bakma,
Ol ýylgyrşy ýitiripdim bir çaklar,
Umytda henizem, gözleginde men.

Aperin, aperin!
ker bilen körüñ,
Düşünişip baryşlaryn bir görüñ!
Meniñ bolsa ruhum bilen heýkelim,
Bir birine mynasyp dällerinden men.

Özüme duş geldim atdym zibile,
Ýene birin doñsyn diýip, Sibire,
Okladym.
men, özümi gutarma nire?
Ädime çolaşýan kän-lerinden men.

Enem ýüzärlikli ikiýan baka,
Tütedip diýýär:
-özüñi okat,
Gelnimiñ garaýşam, soñy köp nokat,
Täzeje bäbejik ýanlarynda men.

Remezan Mammetgurbanow
24
53
ilhano_va
18.12.2023 00:45
Kalbymda ruhuňy duýmak isledim,
Gözünde gözümi görmek isledim.
Ol gözlerin durmuşuň aýnasy maňa,
Ömrümiň arzuwuny saňa besledim

Aýdymdan💙❤️
22
40
ilhano_va
17.12.2023 22:17
Meni köpler satsalar-da,
Satyn alyp bilmediler. . .
29
49
ilhano_va
17.12.2023 13:47
Üzüldügini anlamayan seni mutlu edemez. . .

Cemal Süreya
24
26
ilhano_va
16.12.2023 14:35
Duýgular goşgy ýaz diýip,
Zol yrsaraýar.
Kellede sowuk pikirler gar deý syraýar,
İçimdäki "men" bolsa,
Şahyrsyraýar.

Ýok, han ogul,
Hetdiňi bil, wagt kän entek!
Hazir ruhuň agsak,
Galamyň peltek.

Tutup bileňok mäkäm,
Içiňdäki içýany.
Aňzak pikirleri eredenok ýüregiň.
Sebäbi, ýanýar ol alys obada,
Gazy haýal barýan peç ýaly.

Arman, howluda güýz bar, çyg çeken baglar...
Oktýabr!
Bolmasa ýazmazdym,
Irden ýagyş ýagdy, häzir ikindi.
Goňşulara nana çagyrja,
Gidip barýan täze gelin dek,
Guşlaryň sesleri şaňňyrdaýar daşarda.

Nähili bolýar?!
...Ýa maňa hemme zat aýan,
Ýa men bu dünýäden ýadyrgaýan.



Musa Ýusup
25
33
ilhano_va
16.12.2023 00:10
Aýdym bolup düşerin men ýadyňa,
Şonda meni aýdyp bilmän aglarsyň.
© Mukam Muhamow

Dat-perýada guşlar goşsa aýdymyn,
Dañ ýyldyzy ýere gaçar-gaçar-da,
Haçan-da?
Ýer gujagyny açanda,
Şuglasyny öçürende Aý dymyp,
Agramyny berse Günüñ dogmasy,
Asman derläp, ýere damdyrsa sowuk,
Kyn bolanda gepe söze añmasy,
Adam dile düşmezden, ýüzlerin salyp,
Biraz gybat bolsa, "çüşt" berse biri.

Hyzmata gaýym bolsa goñşyñam,
Ökünjini gözlerinden dökenleñ,
(Käsi bilen bolanokdy oñuşubam)...
A sen,
Hih diýip içiñ çekersiñ.
Bozularda ýatlamalañ gaýmagy,
Ýüregiñden menli damar üzüler
Gözleriñden gözýaş bolup düzüler.
Bugaranda ýatlamalañ gaýnagy,
Ýatlamañdan gözläp meniñ keşbimi,
Has-da artyp seniñ lapykeçligiñ,
Öz ýoldaşyñy,
gujaklap göni,
Şonuñ keşbi bilen ýatlarsyñ meni.

Remezan Mammetgurbanow
27
47
ilhano_va
15.12.2023 21:50
Arzuwym o diýen ullakan zat däl:
Altyn däl, maşyn däl, ýa uçar däl,
Owadan jäjek däl, ýasama at däl,
Ilkinji dilegim — kemlikden sakla.

Hemmejämiz adam — özümiz deň däl,
Kimiň düýbi çuňňur, kimiňki çuň däl,
Danadan öwrenmek beýlekä geň däl
Şeýle bolsun: gyradeňlikden sakla.

Çagalygyň hözirinden aýyrma,
Ata ýurduň huzuryndan aýyrma.
Ömrümboýy emma emläp doýurma,
Wagt geleninde emzikden sakla.

Ene-de, ata-da bir gün gitmeli,
Soň özümiz olaň ornun tutmaly.
Gözýaşdanam halas etseň et, weli,
Ýalbarýan, ýüregi doňlukdan sakla.

Işim rowaçlanyp ugrugan ýerde,
Ýolukdyrma hernä bolgusyz derde.
Asly ýeke, özi çäkli ömürde
Başganyň üstünden gülmekden sakla.

Öz ýolumda ýoldaşyma ynanman,
Ýaşamaly etmäweri, eý aman!
Owal-başda öz sazyňa guwanman,
Özgäniň sazyny çalmakdan sakla.

Bu owadan dünýä — guwanjym meniň,
Ygtybar dostlarym — daýanjym meniň.
Mukaddes baýdagym — ynanjym meniň,
Del baýdaga tagzym kylmakdan sakla.

Yzyňa göz aýla: nähili bolup
Geçdiň agyr döwrüň jahyly bolup.
Indem uly iliň şahyry bolup
Biarzy, bigadyr bolmakdan sakla.

Bir adam deregine alsalar sana,
Bolubilýär, eýsem, armanym näme?
Özgä öwüt berip danadan dana,
Soňundanam tarap çalmakdan sakla.

Başym bir, ýüzümem bolmasyn iki.
Özümi daraýyn hemmeden ilki.
Märekä baş etseň, etmäweri gülki,
Aşa ýüki arka almakdan sakla.

Garaşly etmeseň özümçe ýoga,
Taýýardyryn her dem sag bol diýmäge.
Ygtyýar ber, gazanjymy iýmäge.
Azan duş etme, emgekden sakla.

Är dek çekip näme gelse başyňa;
Güýzüňden golaýlap barýaň gyşyňa...
Ýüküň bolsa ur ýene-de gerşime,
Oňa derek nähak ýumrukdan sakla..

Berdinazar Hudaýnazarow
27
75