ilhano_va
03.01.2024 14:06
Bir gün iki gujak hasrata duşdum,
Eziz dostum bilen des-deň paýlaşdym –
Dostuma bir gujak, maňa bir gujak
Hasratdan ýetdi.

Soň bir gün bäş gujak şatlyga duşdum,
Eziz dostum bilen des-deň paýlaşdym –
Dostuma bäş gujak, mana bäş gujak
Şatlykdan ýetdi.

Goşgymyň manysy: 2-dir 2-em
Hemişe 4 bolup durmajak eken.

Kerim Gurbannepesow
21
64
ilhano_va
03.01.2024 09:43
Goý, ýazsynlar gussa çekýäň kän diýip,
Näme, ýürek kada garap durmaýar.
Serediň çalymtyl, beýikden-beýik
Asmany gulaçlap ötýär durnalar.

Güýz ýene endikli elleri bilen
Ýolupdyr şahadan ýapraklaň baryn,
Tankyt ediljegmi bilsem-de, ýene
Güýz bilen oturyp gussa çekýärin.

Bu gussa durlaýar, saplaýar meni,
Ähli geçenime nazar aýlaýan.
Seredip otursam, şeýle gussada
Geçen ýoluň görner eken has aýan.

Ýüregime ýassyk edip gussany,
Geçen hakda oňa sorag berýärin.
Her halda ýaşlygym güňläp geçipdir,
Men muňa sähelçe ökünmeýärin.

Günleriň şat gülküsini bölüşip,
Aglana teselli berip ýetişdim.
Aýly gije uly aýyň gaşynda
Aý jemally ýarym bilen öpüşdim.

Gördüm menem ýigrim bäşiň içinde:
Güýz gelýär — ýapraklar,
meýdanlar solýar»
Ýöne iň beýik zat: adam durmuşyn,
Kalbyny beýgeldýän eserler galýar.

Häzir bolsa, bu paýhasly güýz bile.
Ýumşak gussa çekýäs, sözsüz sözleşip.
Ýaşasyn adamyň hem tebigatyň
Arasynda güňläp duran sazlaşyk!

Gurbannazar Ezizow
17
31
ilhano_va
03.01.2024 00:22
Sen barada galp setir
çyrşamak jenaýatdyr.
Sen öwretdiň galp sözüň,
çyn sözüň yslaryny.
Beýik ene dilimde
(diýmek, Seniň diliňde)
Paýlapdym il-günüme
sözleriň rastlaryny.


Seniň diliňde gepläp,
iliň gaşyna çykdym,
Şol dil bilen ýazgardym
biweçleň köstlerini.
Şol dil bilen pyşyrdap,
Baş söýgimi syzdyrdym.
Şol dil bilen göterdim
mukaddes tostlarymy.


Bu gün meniň ýüregme
ne tost, ne Söýgi gerek,
Içine giren biler
bagrymyň seslerini.
Häzir meniň ýüregme
uly bir derýa gerek
Giňeltmäge öýüni,
ýuwmaga poslaryny.


Müňläp ýasy görsem-de,
beýle ýasy görmändim.
Atdyň Sen gerdenime
ýaslaryň ýaslaryny.
...Bu gün ýüzläp adamy
myhman edip duzuma,
Öz Ajalyň bilen hem
köpeltdiň dostlarymy.


Kerim Gurbannepesow
20
29
ilhano_va
02.01.2024 22:43
Üstümde asmanyň bereketi dur,
Şükür bilen geçip barýar gün-aýym.
Bir gyrada hyýal ýaly del sudur
Gözün süzüp, gaşyn kakar şelaýyn.

Bazary sowlansoň ýalan hödüriň,
Azgyn siller hanasyna çekildi.
Emaý bilen aýryp büdür-südürin,
Aňymda heýkel deý ýondum şekilňi.

Munuň üçin göge elim açmaryn,
Ikibaşdan haýyr etmez dogalar.
Garaňkyny wada beren saçlaryň
Ogurlyk aýdym deý ýadymda galar.

Kaýdan-kaýan barýanymy unudamda,
Pikirlem bulanyp, gagşanda süňňüm.
Uludan dem alyp, gözüm ýumdum-da,
Göçme hyýallaryň läbigne çümdüm.

Deňzi holtumuna tartar tüweleý,
Dagyň bir bölegi gaýdar opurlyp.
Haçana çen dowam eder şüweleň
Her bakyşyň bolup durka ogurlyk?!

Goý, bu bolsun erkek kimin gaçdygym
Üç eşege bergim bolsun dört eşik.
Ir-u giç karolyň ýalaňaçlygyn
Bir gün ile ýaýar myrtar ördejik.

Şonda, hatda, ýigrenjimem dözmerin,
Jogaplaryn tapman geçsin sowallar!
Tümlüge çagyrýan gara gözleriň
Ogurlyk aýdym deý ýadymda galar.



Sungat Gurbangeldi
21
39
ilhano_va
02.01.2024 18:59
Beýgelmek üçin däl —
dag boljak boldum
Barha köp synladym dagyň ýüzüni.
Çünki, ol uzakdan ýetirdi maňa
Bir bendäniň: «Halas ediň!» sözüni.

Kim ol bende?
Haýsy darda asylýar?
Bogýar ony haýsy deňziň buzlary?
Ýatsam-tursam rahatlyk berenok
Ýüregimde: «Halas ediň!» sözleri.

Gözlerimi açdy asyryň güýzi,
Haýyram, şer işem açdy gözümi.
Meniň galamymam antenna meňzäp,
Tutdy durdy «Halas ediň!» sözüni.

Bagtly boluň, bagtly boluň, adamlar,
Ýöne bagt gözüňizi tutmasyn.
Şindi känkä «Halas ediň!» ýaňlary,
Bagt sizi körem,
Kerem etmesin.

Şu jedelde goýup biljek başymy,
Şol ýüregi ýag baglandyr bireýýäm,
Eşitmeýän bolsa «Halas ediňi!»
Bu çetinden,
O çetinden bu dünýäň!

Halas boluň, esgilerden, doklukdan.
Şum adamdan, köçeleriň itinden.
Halas boluň, ähli artykmaçlykdan,
Ýöne halas bolmaň «Halas ediňden!»


Gurbannazar Ezizow
27
49
ilhano_va
02.01.2024 15:41
Öz-özümi köseýän,
Söýen gyzyň yşgynda.
“Razy” sözün küýseýän,
Gözel gyzyň yşgynda.

Gül ýüzi ýalkym saçýar,
Ýanyna barsam gaçýar,
Günler juda tiz geçýär,
Gözel gyzyň yşgynda.

Otly köýnek geýdim men,
Päk ýürekden söýdüm men,
Bagtlydygym duýdum men,
Hak söýgüniň yşgynda.

Maýyl men her sözüne,
Zar men gara gözüne,
Erkim ýetmez özüme,
Gözel gyzyň yşgynda.

Ýakýar ýüregim ýakýar,
Näzli ýylgyryp bakýar,
Gözlerimden ýaş akýar,
Şol gözeliň yşgynda.

Otursam, şol, tursam, şol,
Haýsy ýana barsam şol,
Beýle bolmandym ozol,
Bir gözeliň yşgynda.

Duýguly dünýä düşdüm,
Ömür bagtyma duşdum,
Goşgy gazallar goşdum,
Hak söýgüniň yşgynda.

Süleýman Tekaýew
24
55
ilhano_va
02.01.2024 12:37
Geň görseň geň göräy,ya-da gaharlan,
Men-ä käte ayralyga garşy däl.
Ogurlaýan eken wagt söygini
(olam hereketde,şol bir bolşy däl).
Özüň yanymdakaň söygiň alysda,
Uzakdakaň weli göryäň has eziz.
Yetilen söýgüni süýjetmek üçin
Aýralyga yüz urmaly bolýas biz.
Adamzadyň tebigaty şeýleräk
Gazanylan zadyň gadry kemelýär.
Şeýdibem söýgüniň ganym duşmany-
Biparhlyk deňzine özüni urýar.
Şonuň üçin dogry düşün,geňleme
Ýanymdakaň sowuklygyňy duýamdan,
Daşdakaň mähriňi duýasym gelýär
Hemem ýetilmedik arzyman ýaly
Söý meni,söý meni diýesim gelýär.

Meñli Aşyrowa
21
49
ilhano_va
02.01.2024 00:41
«Meniň, nä işimmiş bu zatlar!» diýýäs.
Ol ýalňyşýar. Diýýäs: «Meniň nä işim!»
Ol ýaňraýar. Diýýäs: «Meniň nä işim!»
Ol aldaýar. Diýýäs: «Meni aldanok,
Illeri aldaýar, Meniň nä işim!»

Görünmeli ýerde görünmese-de,
Görünmesiz ýere irinmese-de,
Goýalmaly ýaşda goýalmasa-da,
Uýalmaly ýaşda uýalmasa-da,
Ýene-de diýýäris: «Goýalman geçsin,
Goý, uýalman geçsin. Meniň nä işim!»

...Ol bolsa:
«Hemme zat meniň öz işim,
Nädemde illeriň nä işi?» diýip,
Maýkasyny çermäp göbegne çenli,
Dyzyndan geçmeýän jalbaryn geýip,
Edil dik garşyňda kofehanada,
Çigit çakyp otyr hüžžerdip döşün.
Sen bolsa diýýärsiň: «Goý, daş gemirsin,
Goý, ýalaňaç gezsin,
Meniň nä işim!»

...Ol ogurlyk edýär. «Meniň nä işim,–
Diýýärsiň – wagt geler, jezasyn çeker».
Ol myjabat ýapýar. «Meniň nä işim, –
Diýýärsiň – hakykat lowurdap çykar»,

Emma jezasynyň gelýänçä wagty,
Lowurdap çykýança hakykatymyz –
Juda çökder düşýär parhlylygymyz.
Juda gymmat düşýär kanagatymyz.

...Ol adamyň eden etmişi uly.
Ol-a ilden bezgek, il ondan bezgek.
Ýygnakda şol hakda sowal goýulýar,
Ýetýär geplemäge saňa-da gezek.

Sen onuň kimdigne bolsaň-da belet,
Ýa çekinip, ýa-da hormatlap ýaşyn,
Geplemek deregne aşak seredýäň:
«Goý, iller geplesin,
Meniň nä işim!»

Soň bir gün düşülýär seniň üstüňden,
Ýaňky gezek alyp hemmeden ozal,
Kiçijik günäli göreçleriňe
Eýmenç ýigrenç bilen aýlaýar nazar

Hem diýýär: «Günäsi juda ullakan.
Jenaýatkär. Suda bermeli işin!»
Sen bolsa şondan soň bilip galýarsyň
Niçiksi zat eken –
«Meniň nä işim!»

...Sen uly aýlykly ullakan işçi.
Emma pul diýleniň üýşüp ýatanyn
Göreňok sen. Nika ýüzükden başga
Ne-hä kümüşiň bar, ne-de altynyň.

Başga biri bolsa haram bagtynyň
Ugrunda hallanlap, otuzki dişin
Ýonduryp, gyzyldan gapladyp otyr.
Sen ýene-de diýýäň: «Menin nä işim!»

Altyn dişli kişi gün-günden azýar,
Ili hem azdyrýar. Güjeňläp dişin,
Bir ajap maşgalaň başyn aýlaýar.
Sen ýene diýýärsiň: «Meniň nä işim!

Aýlasa aýlasyn. Maňa degenok...»
Ol bolsa kem-kemden gaýşardyp döşün,
Seniň duluňa-da ätläp başlaýar.
Soň weli diýeňok:
«Meniň nä işim!»

Gurhanda: «Magşarda gopup harasat,
Asman-ýer çöwrüljek!» diýilýämişin.
Ýer çöwrülmez. Birden çöwrüläýse-de,
Ýeri çöwürjek zat:
«Meniň nä işim!»


Kerim Gurbannepesow
24
52
ilhano_va
01.01.2024 23:52
Çykanmyzda obamyzyň çetine,
Al şapakdan ot alypdy bar zemin.
Men özümiň nirdedigim bilemok —
Barýaryn seň bilen birleşen kimin.

Üşedýändir öýdüp çyg damjalary,
Otlar seniň aýagyňa dözenok.
Assa öwsüp geçýär duşuňdan şemal,
Timar beren saçlaryňy çözenok.

Begres donuň nagyşlary enaýy.
Gara saçyň örümi deý keşde ýok.
Nurlanyp barýarsyň elwan şapakdan,
Gül gülmi, sen gülmi — bilip bilemok.

Ýer ýermi, biz ýermi — bilip bilemok,
Çüňki hemmeje zat şeýle bir gözel.
Göwnüňe bu şapak, arassa dünýä
Sygmajak bolup dur dumanly göze.

Biz ikiçäk bütin ýeriň ýüzünde,
Eýýäm gündogardan gün göge galýar.
Aramyza düşse düşsün adamzat,
Ýöne ýeke adam düşmese bolýar

Gurbannazar Ezizow
19
55
ilhano_va
01.01.2024 20:48
Itiñ aýagynda damja görünse,
Sen ony suw diýip içýän halatyñ,
Ýalñyzlykda ýürek sünjüliberse
Asmandaky hyýallardan ne peýda,
Ýöremäge bolmanyn-da rowgatyñ,

Jesedimi süýräp ýören ruhymyñ,
Goýup gitmek rugsady hem berilmän,
Endige öwrülen erksiz gylygym,
Öz saýasyna-da gorkup yranýar.

Ýaşap ýör, gyrmyldap ölemden bäri,
Ýük bolup öz omzumuñ üstüne,
Tussaglykdan boşamaga umyt ýok,
Gün-günden garylyp barýaryn tüme.

Remezan Mämetgurbanow
25
61