ilhano_va
01.02.2024 18:32
Ibirt-de-zibirt girip çykýan adamlaryň köplüginden ýaňa, işigiň agzyndaky köwüşlerem başly-barat. Hol aňyrrakda, köwşüni taýlap, tertipläp çykaryp goýanlar-da bar. Asyl häzir, eliboş bolup synlap otursaň, köwüşleriň çykaryp goýluşyndan olaryň eýeleriniň häsiýetlerini hem okabermeli. Häzir hemme köwşi tertipläp çykaýsadyň! Üýşmeleň uludan tutulansoň märeke-de ýetik, köwşem. Boýun alyk halda gyra geçip, köwşümiň ildirgijini ýazdyrmak üçin egildim. Onýança-da, eglip duran ýerimden gözüm edil aňrymda bir-birinden honha zyňlan köwüşlere gözüm düşdi. Köwşümiň ildirgijine güýmenen bolup, olary bir-birine süýşürdim. Soňam ymykly taýlap goýdum. Göwnüm ynjalaýdy. Hamana diýersiň, iki sany birek-birege mätäç ynsany tapyşdyran ýaly ýüregim giňäp gitdi...
Teý göwnüme jaý däl. Ýogsa «köwüşdir-dä» diýip geçip gidibermeli ýaly. Bitaý ýa her taýy bir ýerde ýatan köwüş görsem, ýüregim jigläp gidýär. Öýde-beýlekide bolsa, olary haýdan-haý ýerbe-ýer goýmak bilen bolýarsyň welin, köpçülik ýerinde bolsaň, ber habary! Üýşmeleň öýde edilse, elbetde, gapyň agzyndaky köwüşleriň tertipli durmajagy belli. Şonda-da olary tertipläp goýasyň gelip durýar. Ýöne haýsy birini?! Bir ujundan başlaberseňem boljak, ýöne onam geň görjekler.Düşünmejeklerem düşnükli. Şonda-da, öz köwşümi çykaramda eglenen kişi bolup, başardygymydan daşyma bildirmän golaý-goltumdaky köwüşleri jüpläp goýjak bolup heläk bolýan.
Bitaý ýa hersi bir ýanda ýatan köwüşler maňa biri-birine gowşup bilmeýan adamlary ýatladýar. Saý-sebäp bilen ene-atasyndan aýra düşen perzentmi, bir-birini görmäge zar doganlarmy, didar aýraçylygyndaky dost-ýarlarmy...garaz, eger men bir köwşi taýlap goýsam, bir ýerlerde iki sany ynsan wysala gowşup, tapyşaýjak ýaly. Belki, bu halys hyýalylykdyr, belki-de, beýle-de däldir?!..
Men bu gylygymy öz hyýaly dünýäme berkidip goýaýjakdym welin, ýadyma meşhur «Zoluşka» multfilmi düşäýýär. Eýsem, şol multfilmiň gahrymany Zoluşka-da öz bagtyna hut köwşüniň üsti bilen ýetmeýärmi näme?! Başdan-aýak gyzykly wakalardan doly multfilm Zoluşkanyň ilki köwşüniň taýyna, şonuň netijesinde bolsa öz taýyna gowuşmagy bilen jemlenýär. Multfilmde Zoluşkanyň naşyja köwşüni onuň öweý uýalarynyň aýaklaryna geýdirjek boluşlary-da täsirli. Uly adam bolsaňam, birden köwüş olaryň aýagyna bolaga-da, Zoluşka bagtyna gowuşman galaýmasyn diýen gorky hem döremän duranok. Ýöne öz eýesine wepaly köwüş başga aýaklarda ýerlemän, eýesineçenli ýetip, ony bagtyna duşurýar.
...Durmuş bi. Munda bihal zat asla bolmaýar. Aňrysyna ne akyl, ne aň ýetibiljek dünýäde daş-töwregiňi gurşaýan zatlara biperwaý garamak – gözüňi ýumup ýaşamak ýaly bir ýagdaýa meňzeş. Şol sebäpdenem, «köwüşdir-dä» diýip geçibermän, ony taýy bilen deňläp goýsak, köwüş dil açyp, sag bol aýtmasa-da, eýesiniň hoş boljagy-ha magat. «Herekete–bereket» diýlişi ýaly, ýa-da munuň aňrysynda has agramlyrak manynyň bar bolmagy-da mümkin. Kim bilýär?!...
Aýgül Garaýewa
17
51
ilhano_va
01.02.2024 11:54
Dünýäde iň soňky goşgy ýazylar,
OL: «Bes!» diýäýse.
Dünýäde iň soňky aýdym aýdylar,
OL: «Bes!» diýäýse.
Iň soňky saz üçin nota düzüler,
OL: «Bes!» diýäýse.
Zemin öz okundan sypyp, üzüler,
OL: «Bes!» diýäýse.
Iň soňky adamzat gider dünýeden,
OL: «Bes!» diýäýse.
Ahyry jan berer näzik gülbeden,
OL: «Bes!» diýäýse.
Asmana ot düşüp, bulutlar erär,
OL: «Bes!» diýäýse.
Ruhumyz Arş üzre şeýlebir kepär,
OL: «Bes!» diýäýse.
Görer gözler iň Mukaddes KEŞBINI,
OL: «Hoş!» diýäýse.
Behişt seper iň muhabbet müşkini,
OL: «Hoş!» diýäýse...
Gurbanmyrat Saryyew
22
96
ilhano_va
01.02.2024 01:44
Ony her kim özüçe düşündirmek isledi,
düşürmek isledi derejesine,
göçürmek isledi görşüne görä,
gaçyrmak isledi,
uçurmak isledi, emma...
Ol olaryň görüşinden başgady.
Ýürek gerek - ýüz görmezek,
Oňa düşünmek üçin,
Düşürmek üçin,
Göçürmek üçin,
Gaçyrmak üçin,
Uçurmak üçin...
25
61
ilhano_va
31.01.2024 19:20
Heý, meniň deý ýadap görüpmidiňiz?!
Haýdap gördüňizmi
Meniň ýaly, heý?!
Her günde bir ýola ölüpmidiňiz?
Dirilipdiňizmi
Içip ajy meý
Deý ajy kofeni,
Täzeden jana
Gelip gördüňizmi,
Gözler ýalpyldap?!
Ýürek galpyldap,
Ýarylyp gördümi çydaman gussa?!
Argynlygyň agras daryndan sallan
Tanaba çolaşyp, bogulyp tüssä,
Asgyryp janlanyp,
Soň ölüp pallap,
Gämik deý gögerip,
Dogulyp assa,
Howlugyp ajala görüpmidiňiz?
Nesimä, Hallaja, Meşrebe meňzäp,
Aýdyň, siz şu gün, heý, ölüpmidiňiz?!
Nädip ýaşaýaňyz ölmän, heý,
Geň zat!
Orazmyrat Myradow
17
47
ilhano_va
31.01.2024 11:18
Gözlerim ýetmedi duýgularyňa,
Sözlerim bilenem aýdyp bilmedim.
Beletsiň belki-de meň gylygyma,
Tenim içre tüweleý deý düwledim.
Ýülmedim ne gözel arzuwlarymy,
Serhetden geçmäge gurbum çatmady.
Uzakda şagallaň uwlamalary,
Ot berdi gursaga
Ahyr çatlady.
Emr edere ne erk galdy, ne ýürek,
Ýarym aý dek bir bölegim hüýt gara.
Şu hal gelip alyp gitse batbörek
Sesim çykmaz gökde bürgüt tüýtse-de.
Bir bişowyň bijesi men, gözgyny
Boýny burlan hyýallaryň ýesiri.
Ýöne bagtlylaryň nesibi bolup,
Asla gama batyrmaryn bu ili.
Bir goşgy ýazaryn, okap bererin,
Diňläp ýylgyrarsyň, ýöne köýmersiň.
Meni özüň bilen äkitmersiň hiç,
Hem hiç haçan özüme-de goýmarsyň.
Alakjap ulukjyn açaryn ýolda.
Şagal däldir bir uwwuldy eşitseň.
Gözlerim ýetmedi duýgularyňa,
Nädeýin söz bilen aýdyp bilmesem.
Maksatmyrat Çaryyew
24
56
ilhano_va
31.01.2024 02:16
Aýralyk ajymy, süýji?
Saňa-da ýetdimi güýji?
Kalbyňy dörjeläp ünji,
Dyrmalap, paralap, sünjüp,
Zar bolup, küýsäňde gelgin,
Ölendir öýdüp, ölmeseň, ölüme suwsaňda gelgin!
Iň ejiz närsedir göwün,
Çözmesi aňsat hem kyn düwün.
Döwülse, alyp bir döwgün,
Bir asyra çekip bir gün,
Asyrlar aglanda gelgin,
Kalbyňdan ganly ýaş dömüp, gözlerňi baglanda gelgin!
Öýkäm bolsa, ýazlyşaryn,
Günäm bolsa, ýaraşaryn,
Ölemsoňam garaşaryn,
Ezilip gara, ýagyşa!
Sen ölmi örtäňde gelgin,
Ýakarça ýanyp bilmeseň, tüm bolup tütäňde gelgin!
Ýakyn ýat çykarar ýatdan,
Diňe sudur galar atdan.
Geçilip bar eziz zatdan:
Arzuwdan, maksat, myratdan,
Ynsapdan ätläňde gelgin,
Dünýe bilen meni bölüp, dünýäni otlaňda gelgin!
Heserim bar yşkdan ýakyn,
Şolam boldy ömür gorkym;
Sensiz — ýaman, seň bilen — kyn!
Seň üçinem bolup mümkin,
Pikirleň daganda gelgin,
Diwana deý, aklyň üýtgäp, duýgulaň dalanda gelgin!
Çary Ataýew
24
40