Netije çykarmak üçin gowy tymsal :
Ýalňyz adada bir erkek kişi ýaşapdyr. Günlerde bir gün ol çalaja ýer yranýanlygyny duýupdyr. “Men nämedir bir zatlar etmegiň ugruna çykmaly
bolsam gerek” diýip ol adam oýlanypdyr. Ýöne adadaky sarsgyn sowlansoň, ol alňasaman, garaşmaly diýen netijä gelipdir. Tizara adanyň ep-esli bölegi suwuň astyna gidipdir. Adam biynjalyk bolupdyr. “Men nämedir bir zatlar etmegiň ugruna çykmaly bolsam gerek” diýip oýlansa-da, ol ýene garaşmaly diýen netijä gelipdir. Ol adanyň abat galan böleginde-de günemasyny aýlap biljek eken. Basym adanyň başga bir bölegi hem suwuň astyna gidip, ýitirim
bolupdyr. Adam howsala galypdyr. “Men nämedir bir zatlar etmegiň ugruna çykmaly bolsam gerek” diýip oýlanypdyr. Emma soň kän bir üýtgeşiklik
bolmansoň, ol garaşmaly diýen karara gelipdir. “Şu çaka çenli-hä hemme zat ugruna bolupdy” diýen sözler bilen ol öz-özüne göwünlik beripdir. Ýöne bu ýagdaý uzak dowam etmändir, ada tutuşlygyna suwuň astyna gidipdir, şonuň bilen birlikde adadaky ýalňyz adam hem gark bolupdyr. Heläk bolmagynyň öň ýanynda onuň soňky sözi: “Men nämedir bir zatlar etmegiň ugruna çykmaly ekenim” bolupdyr... ( şeýle bir söz bar " ömrüñ ahyrlanda eden zatlaryñ üçin däl-de etmedik zatlañ üçin ökünersiñ..." )
A.Hakmaýer 📚