gurbanspr
06.02.2024 16:39
G. Saparniýazow
37
124
12
gurbanspr
05.02.2024 08:38
Gideniň yzyndan gidip bolmaýar,
Öleniň yzyndan ölüp bolmaýar.
Bir-birege hormat goýup ýaşalyň,
Haçan öljegmizi bilip bolmaýar,
Ömür ölçegmizi bilip bolmaýar.
Saparniýazow G
43
106
18
gurbanspr
27.01.2024 11:09
Bu gün 27-nji ýanwar "Türkmenistanyň Milli Goşunynyň " döredilen güni. Men hem bu baýramçylyk bilen Watan goragçylaryny, Harby işgärleri, gerçek ýigitlerimizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.
🇹🇲🇹🇲👨✈️👨🚒👮♂️🇹🇲🇹🇲
35
58
1
gurbanspr
11.01.2024 10:20
Söýgi sözlerin gözläp
Dördüm kitap gatyny.
Ýaramaz hatym düzläp
Ýazdym söýgi hatyny.
Sen meni kän gynaman
Alaý söýgi hatymy.
Seni söýen ýüregim
Sende gördi bagtymy.
Gurbangeldi Saparniýazow
29
52
1
gurbanspr
04.01.2024 11:51
Pederlerimiň ýaşan ýeri
Dogduk mekanym Türkmenistan.
Ýaýrap otyr gaýra ileri
Dogduk mekanym Türkmenistan
Halk-ilaty bar tire-tire
Hormat goýýalar molla-pire.
Nesilleriň dowam ertire
Dogduk mekanym Türkmenistan.
Saparniýazow Gurbangeldi
37
105
17
gurbanspr
01.01.2024 08:45
Salam öwrenmeli portalynyň agzalary! Men ýetip gelen 2024-nji Täze ýyl bilen siziň ähliňizi gutlaýaryn. Size jan-saglyk, maşgala agzybirlik, işleriňizde uly üstünlik arzuw edýärin. Ýetip gelen 2024-nji ýylda hemmämiziň arzuwlarymyz hasyl bolsun.
☃️❄️ Täze ýylyňyz gutly bolsun!❄️☃️
30
41
0
gurbanspr
16.12.2023 15:13
Seni özüňdenem gowy tanaýan
Ol seniň syrdaşyň eziz dostuňdyr.
Ýamanlyk etseň-de ýagşa ýanaýan
Ol seniň syrdaşyň eziz dostuňdyr.
Seni ýamanlardan goraglap gezjek,
Seniň üçin ähli baýlygyn dözjek,
Gerek bolsa saňa janyny berjek,
Ol seniň syrdaşyň eziz dostuňdyr.
Ýumuş buýrsaň kemin goýman bitirjek,
Gama batsaň gamly göwnüň göterjek,
Yza galyp, seni öňe iterjek,
Ol seniň syrdaşyň eziz dostuňdyr.
37
135
20
gurbanspr
09.12.2023 11:13
Mähriban agzalar size şeýle sorag.
Türkmen şahyrlarynyň arasynda haýsy şahyr ilkinji bolup sonetler çemenini ýazdy?
33
92
4
gurbanspr
02.12.2023 16:41
Gowy diýip öwseler
Diriň-diriň bökmegin.
Ýaman diýip döwseler
Göz ýaşyňy dökmegin.
..........................................
Baýlar bu dünýäň
Görer lezzetin.
Garyplar bu dünýäň
Çeker ezýetin.
...........................................
31
100
4
gurbanspr
29.11.2023 23:14
Kiçijek çaganyň ýüregi deýin
Mydam ýüreklermiz arassa bolsun.
Dogany dogandan aýyryp bilýän
Uruş ýalny bizden alysda bolsun.
Ýakyndaky-alysdaky doganlaň
Başy aman, jany salamat bolsun.
Enäniň gözünden akan gözýaşlar
Begençdir şatlykdan alamat bolsun.
39
96
4
Yene yükle