gullnara_
21.10.2023 12:56
TOBA (Hekaýa)
Togsan dokuz adamyñ başyna ýeten rehimsiz bir adam bar eken. Bir gün ol eden işlerini ýatlap, gaýga çümüpdir we ylymly bir adamyñ ýanyna baryp, geçmişini gürrüň beripdir. Toba edip, dogry ýola gelmek isleýändigini, dürs ýaşamak isleýänini aýdypdyr. “Ýöne, munça adamyñ ganyna galamdan soñ, Tañry meniñ günämi geçermikä?” diýip, ganhor ylym okan kişiden özelenip sorapdyr. Alym adam her näçe kän okanam bolsa, okan ylymyny doly özleşdirereden ejiz ekeni. “Ýok, munça adam öldüren bolsañ, Tañry seniñ günäñi geçmez” diýip, ol toba etmäge, ters ýoldan dönmäge gelen ganhoryñ soragyna kesgin jogap beripdir. Ganhor bu söze dergazap bolupdyr: “Oñ ýaly bolsa, men senem aýap goýmaýyn” diýip, ol alym adamyñ hem kellesini kesipdir. Soñra ol başga bir alymy gözläp tapypdyr we ýüz adamy öldürerini gürrüñ beripdir. “Eger toba etsem, Hudaý meniñ günämi geçmezmikä?” diýip, ganhor alymdan sorapdyr. Alym akylly adam ekeni. Ol ganhoruñ gözleriniň içine garap şeýle diýen: “Elbetde, eger ak ýürekden toba etseñ, Hudaý seni hökman bagyşlar. Ýöne meniñ bir nesihatym bar, toba edeñsoñ, bozuk adamlardan gaça dur, gowulara goşul, bozuk adamlar seni ýene öňki ters ýoluña dolap elter.” Ýüz adam öldüren ganhor bu sözlere pagyş-para eräp, ýarym- ýaş halda eden ters işlerine toba edipdir we Hudaýdan özüni bagyşlamagyny sorapdyr. Şondan soñ ol özüniñ bet pygylly ýoldaşlaryndan ýüz öwrüp, päli- niýeti düzüw adamlaryñ ýaşaýan ýerine ýönelipdir. Ýöne ýolda toba eden ganhoryñ sanalgysy dolupdyr we ol dünýäden ötüpdir. Şol mütdetde hem dowzah we jennet perişdeleri merhumyñ janyna eýe çykmaga gelipdirler. Dowzah perişdleri merhumyñ dirilikde köp adamyň ganyna galandygyny aýdyp, onuñ janynyñ özlerine degişlidigini subut etmäge çalşypdyrlar. Ýöne jennet perişdeleri hem kem oturmandyr. - Merhum ölmezden öñ toba etdi we dürs ýaşamak kararyna geldi. Şu niýet bilenem ol gowy adamlaryñ ýaşaýan ýerine ugrady, ýöne ýolda kazasy doldy - diýip, jennet perişdeleri aýdypdyr. Turupdyr bir dawa-galmagal. Onsoñ bu dawany çözmek üçin Jebraýyl perişde iberilipdir. Ol iki tarapy hem diñläp, şeýle karara gelipdir: “Ýeri, aralygy ölçäñ. Eger merhumuñ ölen ýeri gowy adamlaryñ ýaşaýan ýerine golaý bolsa, ol jennet perişdlerine degişli bolar. Ýöne birden onuñ ölen ýeri bozuk adamlaryñ ýaşaýan ýerine golaý bolsa, onda ony dowzah perişdelerine bermeli bolar.” Bu karardan soñ ýeri ölçediler. Toba eden dürs adamlara tarap ýañy ýönelende jan berensoñ, ol heniz bozuk adamlara has golaý ekeni. Ýöne ol ak ýürekden toba edip, ýaman pälinden gaýdypdyr we Hudaý onuň ýatan ýerini süýşirip, gowy adamlaryñ ýaşaýan şäheriniñ alkymyna getiripdir. Şeýlelikde eden ýalñyş işlerine çyndan ökünen we ak ýürekden toba eden bende jennet perişdelerine berlipdir
29
292
gullnara_
20.10.2023 21:22
Nätanyş gyza ýazanyňda iň uly problema:
— Salam.
— Salam, kim sen?
— Gowmy ýagdaýlaň?
— Gowy, kim sen?
— Nirde?
— Öýde, kim sen?
— Näme edýäň?
— Hiç otyryn, kim sen?
***
Gyzlar söýgülsi bilen sögüşende
-Joea! Dukanlara  aýlanaýaly. Keýpim ýok Söýgülim ýene göwnüme  degdi.Gaýdyşynam kafe girip çaý içeris...
Oglanlar söýgülsi bilen sögüşende:
-Brat! O señkiñ ýany bilen geldä bir gezek.Saryja zadlaý how.Howwa şoñ nomerini tapalyla.Näýiljek zad onnaň şol?...
***
Bir gün obaly bir oglan şähere gelyär . Şäheriň dyknyşyk awtobuslaryna münýär weli bir ors babulýa arkasyndan ýaplanýar diýýä... Ol oglan görgülem eli bilen yzyna itýär 1 2 gezek. Ahyr ors babulýa "Ty ço tolkaýeş ???" diýse. Olam "A ty ço ýaplanýaýes??!! "
***
Aýaly öýündäki zanaweskalary çalyşýar. Äri agşamlyk içgili gelip derrew ýatýar. Irden sagat 4-de turup, gapdalyndaky aýalyna seretmän, daş töweregine seredip, ýatan ýerini tanaman, geýinip başlaýar. Aýaly:
- Gyyw, sen nirä??
Äri:
+ Gapyl , meni aýalym öldürer!!!
39
314
gullnara_
20.10.2023 15:15
Altyn güýz hakynda gyzykly maglumatlar

Bize mälim bolan tyllaýy güýz pasly Ýer ýüzüniň ähli ýerinde ýok. Mysal üçin, Ekwatorda hiç wagt güýz bolanok.

Russiýada we Ýer ýüzüniň demirgazyk şarynda güýz pasly sentýabr aýynda başlaýar we noýabrda tamamlanýar. Tersine Günorta ýarym şarda mart aýynda başlanyp, maý aýynyň ahyryna çenli dowam edýär.

XVIII asyra çenli Russiýada güýz pasly düýbünden başgaça hasaba alyndy, ýagny ol 23-nji sentýabrda başlanyp, 23-nji dekabrda tamamlanypdyr.

Ýewropanyň ýurtlarynyň hemmesinde güýz aýlary sentýabr- noýabr aralygy hasaplanýar.

 Irlandiýada bolsa köp adamlar köne däbe eýerýär we güýz awgust aýynda başlanýar diýlip hasaplanýar.

Amerikaly alymlar geçiren synagynyň çäginde gyzykly statistika ýygnamagy başardylar. Netijede güýzde doglan adamlaryň ortaça beýleki aýlarda doglanlardan uzak ýaşaýandyklary öňe sürüldi.

Güýz depressiýasy düşünjesi ählimize tanyş bolsa gerek. Geçirilen gözleglere görä, ortaça her 100 adamdan 5-si güýz reňkinden ejir çekýär.

Meteorologiki sebäplere görä, atmosfera basyşynyň peselmegi ýylyň beýleki döwürlerine garanda güýzde has aýdyň ýüze çykýar, oňa esasan hem uly ýaşly adamlar duýgur bolýarlar.

Ýüze çykýan heläkçilikleriň köpüsi güýzde bolýar, ýagny bu ýagdaý ýagynyň güýçli ýagmagy, düşen ýapraklaryň köp ýygnanmagy we şemalyň täsirinde öwüsmegi bilen baglanyşykly. Şeýle ýagdaýlar pyýadalar, ýolagçylar üçin kynçylyklary döredýär.

“Güýz” sözi dürli dillerde “hasyl” diýmekligi aňladýar.

Ýapraklar diňe güýzde däl-de başga möwsümlerde hem düşýär, ekwatorial we tropiki zolaklardaky ösümlikleriň köpüsi ýapragyny dökýärler.

Sentýabr-noýabr aýlarynda doglan bäbejikleriň beýleki möwsümlerde doglanlara garanda 100 ýaşa çenli ýaşamak ähtimallygy ýokarydyr.

Alymlar global ýylylygyň güýz reňkine täsir edip biljekdigini öňe sürýärler.Ýer şary gyzdygyça ýapraklar reňkiniň üýtgemegini yza süýşürip başlaýar. Mundan başga-da ýapraklar düzümindäki glýukozany gyzyl pigmentiň emele gelmegi üçin däl-de, täze şahalaryň ösmegi üçin harçlaýarlar.
19
26
gullnara_
20.10.2023 07:26
Dostlar awtobusda otyrlar, öňünde bir kel adam otyr Olar  20 manada  ol kel adamyň  kellesine şarpyk çalmak hakda jedel edýärler. Olaryň biri  keliň kellesine ýelmeýär-de "Ýaşka, saglyk-mow!" diýýär. -Men Ýaşka däl how! diýip ýaňky kel  başga oturgyja geçip oturýar. Soň ýene-de ýaňky oglan  50 manada ol keliň kellesine ýene bir gezek kakjakdygy barada jedel edýär. Ol gelýär-de, keliň kellesine kakýar-da gygyrýar: -Ýaşka , gör sen nirde ekeniň, men şu wagtjyk seni başga biri bilen çalşypdyryn!!! 😂😂😂
33
266
gullnara_
19.10.2023 21:46
Içi adamdan doly awtobusda otyryn. Awtobus dykynşyk. Gulagymda nauşnik bardy. Bir daýza düşjek bolanda gulagymdaky nauşnigiň biriniň gaçanyny duýdum. Şnuryny tapyp, ozüme çekýän, hiç çekilenok, zor bilen diýen ýaly şnury çekip gulagyma dakdym welin, her gulagymda başga hili aýdym ýaňlanýar. Haýran galyp nauşnigi aýryp töweregime seretsem, gapdalymda  bir oglanyň gulagy ýeke nauşnikli  maňa  geň galyp hem gaharly  seredip oturanyny gördüm...
😂😂😂

Men dükana girip koýnek saýlamaga başladym. Bir  seretsem  owadanja, stilje geýnen, uzyn boýlyja, figuralyja ýigit dur. Men pikir edýän: "Hawwa, bu şol, meniň ykbalym hem bagtym bolmaly ýigidim hokman şu bolmaly!"  Saçymy oňarýan, üst-başymy düzedişdirip ol ajaýyp ýigide ýakynlaşýan...
Aýýýýýý ...MANIKEN!!!  😂😂😂
25
368
gullnara_
19.10.2023 16:51
Diňe biz gyzlar ünsümizi sowmazlyk üçin  telefonymyzy sessiz režimde  goýup  we her 5 minutdan bir SMS-iň gelendigini ýa-da gelmändigini barlap bilýäris... 😂😂😂
34
277
gullnara_
19.10.2023 07:09

Jorap bolmak gowy ýaly. Zyňlan ýeriňde ýatýaň, adamlar seni mydama gözleýärler, hiç kim sensiz hiç ýere gidenok. Mundan başga-da, ikinji taýyňam bar.

Ine bagt nirede eken! 😆😆😆

37
258
gullnara_
18.10.2023 16:38
Keýpiňiz ýokmy?
Başgalaryňam keýpini ýok ediň!  Näme üçin olaryň-a keýpi bar bolmaly, a sende welin, ýok bolmalymyşyn? 😆😆😆
30
210
gullnara_
18.10.2023 12:42
Bir gün penjirä bardym welin birä  asfalta: "Aýkam, men seni söýýän" diýen ýazgy ýazypdyr. Men şeýle bir begendim welin, özümiň Aýka däldigimem ýadyma düşmändir.😄😄😄
33
312
gullnara_
18.10.2023 06:36
Kiçijik bolasym gelýär ...
Men oýanýan, iýip-içýän, multik görýän, ýene-de iýýän, ylgaýan, oýunjaklarymy dargatýan,aglaýan, hemmeleriň nerwisini oýnaýan we  ýatýan ...😊😊😊
33
151