gullnara_
15.07.2023 06:53
Gyzykly maglumatlar (kop okan,kop biler)

1.Hakykatdanam mynasypdygy üçin baýrak berilýän, hakykatdanam mynasyp däldigi üçin baýrak berilmeýän eser seýrek bolýar.
2.Onuň iň howply tarapy ýüregindäki ýamanlygy daşyna çykarman saklap bilmeginde.
3.Üstünde ýöreýäniň üçin ýeriň agramy ýokdur öýtmeli däl.
4.Gowy eseriň gowy baha almazlygy gowuluk bolmasa-da, erbetlik däl. Belkem, ol awtor üçin bähbitlidir. Ýöne erbet eseriň özüne mynasyp baha almazlygy, has beterem gowy baha almagy awtora duşmançylyk, okyja aldaw, edebiýata hyýanatdyr.
5.Şöhratdan gaçýan adamyny şöhrat beýgeldýär. Şöhraty özi kowalap tutjak bolýany şöhrat biabraý edýär.
6.Emeli ýol bilen gazanylýan şöhrat diňe ony gazanjak bolýana görünýär. Hakyky şöhrat bolsa şöhrat eýesine däl-de, ile görünýär.
Geniý öz geniligine akyl ýetirmäge ukypsyz bolsa-da, geniý däl adam özüniň geniý däldigine akyl ýetirjek bolmaly.
7.Türkmenler “Suw getirenem bir, küýze döwenem” diýýärler. Özbeklerde “Suw ketiren har, küýze döwgen zor” diýilýär. Meniň pikirimçe, özbekleriňki has täsirli ýaly. Gojuk obasynda ol nakyly “Suw getiren har, küýze döwen şir” diýip üýtgedýärler. Her kim her zat diýse-de, suw getiren bilen küýze döweniň hersine mynasyp baha berilmeýäni üçinem abat küýzeleri döwüşdirip ýörmeli däl.
8.Ýaň diýilýän zadyň öz sesi bolmaýar. Ol diňe başga sesi gaýtalap bilýär. Durmuşda-da tä ömri ötýänçä, başgalaryň pikirini gaýtalap ýörenler bar.
9.Iň güýçli hem weýran ediji ýaraglary akyldar adamlar oýlap tapýarlar. Ýöne ol ýaraglar akylly adamlar döredeni üçin howply däl-de, olary akmaklaryňam herekete getirip bllýändikleri üçin howply.
10.Gory gutaran şahyr goşgy ýazyp bilmän, poema ýazýar. Gory gutaran ýazyjy hekaýa ýazyp bilmän, roman ýazýar.
11.Watany satyp bolýar, emma satyn alyp bolmaýar.
12.Men öz eserlerimiň gowşakdygyny azap baryny çekip ýazyp gutaranymdan soň bilip galýaryn. Bu meniňem, okyjynyňam başyndan inen towky.
13.Talantly şahyryň özüniň poeziýa hem hasaplaman, gapdala taşlan setirlerini okasaňam, ony talantly adamyň ýazandygyny saýgarmak bolýar.
14.Iň belent hem hiç mahal gadry gaçmaýan söýgi ýetilmedik söýgüdir.
15.Eger men ol dili türkmen dilini bilşimiň 70-75 % möçberinde bilýän bolsam, eserlerimi rus dilinde ýazardym. Rus dili hakyky poeziýa hem proza ýazmak üçin ýörite döredilen ýaly.
16.Kitap okamaýan adamlar kitap okamagy pişesiz adamlaryň edere iş tapmansoňlar, güýmenje üçin öwrenen endigi hasap edýän bolsalar gerek.
17.Meniň dünýäniň iň beýik ýazyjylarynyň biri bolsa gerek diýip sarpa goýýanym Stendal: “Diňe öz döredijiliginden çuň lezzet alyp bilýän adamyny geniý hasaplap bolar” diýip ýazýar. Ylalaşasym gelenok. Eýsem, öz ýazan dereksiz eserinden lezzet alýan talantsyza-da geniý diýmelimi? Men talantsyzyňam öz ýazýan zadyndan lezzet, onda-da çuň lezzet alýandygyna şübhesiz ynanýaryn. Çünki, ýazýan wagtyň lezzet bermeýän eseri ahyryna çenli ýazyp bolmaýar.
18.Iki eliň her haýsysy bilen aýratyn zat tutup bolýar. Emma iki gözüň her haýsysy bilen aýratyn nokada seredip bolmaýar.
19.Gazetleriň habar bermegine görä, Russiýada täze ensiklopediýa çykypdyr. Onda Puşkine “Beýik rus şahyry” diýilýän ozalky maglumatdan “beýik” diýen sözi aýrypdyrlar. By diňe Puşkine däl, “beýik” dýýilýänleriň hemmesine-de degişli. Dogry edilen iş. Beýkligi, pesligi ýazyp tekrarlamaly däl.
20.Köne nusga: “Baý halky ýaňra bor, käsip—käýinjeň”. Täze nusga: “Ýazyjy—käýinjeň, şahyr—öwünjeň”.
21.Bilbil saýrap ýadaýança, onuň owazyndan lezzet almaly serçe dymaýmaly ýaly welin, üns berseňiz, bagda bilbil saýraýan mahaly beýleräkden serçäniň jürküldisi hem eşidilip durandyr. Elbetde, adamlarda bolşy ýaly, guşlarda-da öz mümkinçiligine aşa baha bermek endigi bardyr-da.
22.Kän gaýtalanyberse, owadan sözler hem öz gözelligini ýitirýär eken.
23.Gowşak eseriň gowşakdygyny seljermäge biziň köpimizde başarnyk bar. Emma beýik eseriň beýýikligini duýmak hemme kişä başartmaýar.
24.Gün ýokary galdygyça, kölege peselýär, ýöne käbir adam ýokary galdygyça welin, köplenç, adamçylygy peselýär.
Awtory - Shahyr Atajan Tagan
#gyzyklymaglumatlar
22
143
gullnara_
14.07.2023 18:17
Gyssagly ýygnaga barýadym. Ýolda taksä mündüm. Sürüji gürrüňçil adam eken. Ol gürrüň berýär men diňleýän.
Şeýlelik bilen işleýän edaramyň öňüne geldik.
Ýolyň nyrhy 3.75 manat boldy. Men 4 manat uzatdym. Belki hemmämize tanyş ýagdaýdyr, taksist gaýtargyny gözlän bolýa bizem almak üçin bir aýagymyz daşarda özümiz maşynyň içinde garaşýarys. Edil şol sahna.
- Gaýtargy gerek däl - diýdim.
Maňa seredip:
- Wagtyň barmy agam? - diýdi.
- Hawa bar – diýdim (Bir aýagym intägem daşarda).
Taksi sürýän adam maşyndan düşdi. Golaýymyzda bir dükan bardy, şol ýere gidip bir zatlar gürleşip geldi we maňa 25 teňňe uzatdy. Hälki puly böldürmäne gidipdir.
- Agam, 3.75 manat dälde 4.25 manat bolan bolsady menden 50 teňňäni alarmydyň - diýdim.
- Nämesini alaýynaý onuň, özi bir 50 teňňe - diýdi.
- Onda näme üçin maňa 25 teňňe bermek üçin onça ylgadyň, men saňa gaýtargy gerek däl diýdimä - diýdim.
Maňa seredip (men intägem ulagyň arka tarapynda otyryn):
- Wagtyň barmy agam - diýdi.
- Bar - diýdim.
- Onda gapyny ýapyp goýber - diýdi.
5 minut gürleşdik. Näçe professorlar we beýleki adamlardan bilim aldym. Şol taksistiň 5 minutda öwredenini hiç bir professor hepdeläp okadan sapaklaryndada öwretmedi maňa.
- Agam, biz 5 dogan. Kakam adaty bir işçidi. Günde iş gözlemäge giderdi. Tapan güni işläp gelerdi. Tapmadyk günem biz öýe gelşinden ýüzünden aňardyk. Ýagdaýymyz erbetdi. Agşamlary ýerde üýşüp nahar iýerdik. Nahar gutaran soň kakamyz "Duruň turmaň entäk" diýerdi. Başda omin ederdik, soň kakam bize saçagyň başynda durmuşdan gürrüň bererdi.
- Näme gürrüň berýädi kakaň ? Durmuşda nädip üstünlikli bolmagy gürrüň berýädimi?
Şol gün iş tapman öýe pul getirip bilmän, soň çagalara durmuşda üstünlik gazanmagyň usullaryny düşündirýär.
- Kakam işe gidende uly agam oňa öýkünerdi, ýyrtyk jorap geýip jalbaryň jübilerini daşaryk çykaryp, 4 dogany garşysyna alyp "Dogry we dürs adam boluň. Öýüňize haram aş sokmaň" diýip öýkünerdi bizem gülerdik üýşüp.
Ejem gaharlanardy "Kakaňyzyň üstünden gülmäň. Ol hem dürs hem işeňňir adam" diýerdi. Edil gapdal goňşymyzyň iki çagasy bar. Olaryň kakasy baý. Olaryň kakasy bir naharhana işledýärdi, ýöne beýleki gara işleri hem bardy. (ýagny humar oýnardy) Biziň täze hiç hili zadymyz bolmandy. Hemişe ol ikisiniň köne eşiklerini geýerdik.
Goňşymyzyň kakasy köçeden geçende biz 5 dogan aýaga galardyk, çünki bize pul bererdi. Kakam öýe gelende aýaga galmazdyk. Sebäbi pul, sowgat nirdeee. Soň kakam ýogaldy. 6 aý içinde goňşymyzyň kakasam ýogaldy.
Ol adam çagalaryna 5 gat öý, naharhana, pul we mellekler miras goýup gitdi. Biziň kakamyz näme goýup gitdi bilýäňizmi?
- Näme goýdy ?
- Dükana bolan karzlaryny we nesihatlaryny goýdy : "Çaglarym işiňizi dürs ediň, hakyňyz bolmadyk puly almaň." we ş.m... Agam, aradan 15 ýyl geçdi ... Goňşymyzyň iki ogly şuwagt tussagda. Ne öý galdy, ne-de naharhana. Maşgalasy dagady. Biz 5 dogan, herimizdede 1 maşyn bar. Hemmämiziň maşgalamyz, çagamyz, öýümiz bar. Öňräk uly doganymyz bizi toplap şeýle diýdi: "Asyl mirasy biziň kakamyz goýup gidipdir." Hemmämiz agladyk. 5 dogan taksiçilige başlanymyzdan bäri, taksimetriň ýazmadyk 10 teňňesini öýümize salmadyk. Allajana şükür hemme zadymyz bar."
Gaty tolgundym. Sag bollaşyp düşjek wagtym hem :
- Dur agam esasy zady indi aýtjak – diýim meni taksist saklady.
- Näme esasy zadyň ?
- Nirede ýaşaýas bilýäňmi ? Şol iki doganyň 5 gatly öýüni biz aldyk. 5 dogan bolup şol ýerde ýaşaýarys.
Çagaňyza ne maşyn goýup gitýäňiz, ne öý, ne-de başga bir miras. Çagaňyza diňe gymmatlyk düşünjesini goýýaňyz. Iki kakada çagalaryna gymmatlyk düşünjesini goýup gidipdir. Ýöne şol gymmatlyk düşünjesine her çaganyň aýratyn garaýşy bardyr. Hemme çaga birmeňzeş däldir. Durmuşda pul, baýlyk, zat esasy däldir, ýadyňyzdan çykarmaň! Esasy zat at-abraý, durmuşdaky, adamlaryň kalbyndaky eýeleýän ornuňdyr. Hiç mahalam zada kowalaşmaň, halal, arassa bolsaň rysgalyň özi seni gözläp tapar!

çeşme:http://vk.com/hekaya
60
345
gullnara_
14.07.2023 12:43

Joram men-ä aýlygyma

Soňky çykan aýfon aljak.

Soňra galan pullaryma

Üýşürjekde bir jaý saljak.


Penjiräde gymmat perde

Dakjak owadan žalýuzy.

Banýada-da akja kafel,

Gyrasynda giň žakuzi


Öýüň içi nepis haly,

Mebeller ýokary hilli

Girelgede uly küýze

Keşdeleri gyzyl gülli.


Saňa-da doglan günüňe

Bolsa, ýüzük sowgat berjek.

-A sen nirde işleýärsiň?

-Iş tapamok, tapsam girjek.


Merjen Jumaýewa

65
861
gullnara_
13.07.2023 21:35
Biziň käbirimiz : ,,Men hiç kimi söýjek däl, men söýgä ynanamok.... aý, şonsuzam (söýgüsiz) aladam ýetik..." diýýäs, a göwnümiziň töründe bolsa, kimdir biriniň bizi söýmegini isleýäs, özümiziň birine gereklidigimizi duýasymyz gelýär...
Dogrumy?  :))
28
189
gullnara_
13.07.2023 15:31
Çyndanam göz degýärmi?
Türkmenlerde köneden bäri dowam edip gelýän “göz degmek” diýen bir yrym bar. Oňa ynanmaýanlardan ynanýanlar has köp bolsa gerek. Ýogsam biziň il arasyndaky “Pylanyň gözi deger bolmaly, nämä seretse alaýýar”, “Pylana göz degipdir”, “Gözüň degäýmesin, tüweleme diýeweri!” diýen ýaly sözleri häli-şindi eşidip durmazdyk.

“Göz degmä” diňe bizde däl-de, eýsem ABŞ-da, Kanadada, Afrikada, Türkiýede, Eýranda, Ýewropa ýurtlarynyň ählisinde diýen ýaly ynanylýar. Oňa Mongoliýada, Ýaponiýada, Hytaýda seýrek ynanylýar. Koreýada, Birmada, Tibetde, Tailandda beýle yrym düýbünden ýok diýen ýaly. Gadym wagtlarda bu ýurtda “Si gun” diýen energiýa bar diýip, onuň gowy täsirinden nahili goranmagy öwrenendikleri üçin “göz degmek” olara howpsuz bolup galypdyr.

Göz degmäge her ýurtda bir hili ynanylýan eken. Efiopiýada diňe aýry-aýry adamlaryň gözüniň degýändigine ynanylýar. Hindistanda islendik adamyň gözüniň degmegi mümkin diýlip hasaplanýar.

Russiýada gyşyk ýa-da içine çöküp duran gözler degýär diýlip ynanylsa, Italiýada gök gözli adamlaryň gözüniň degýän bolmagy mümkin diýlip çekinilýär. Munuň tersine, Günbatar Ýewropada gara gözli adamlardan howatyrlanylýar. Ispaniýada bolsa diňe ýat adamyň gözi degýär diýlip ynanylýar.

Köp halklarda gözi deggir diýlip hasaplanýan adamlara ýanyna düwünçege duz alyp gezmegi maslahat berýän ekenler. Göz degmeginiň esasy sebäbini, düýp çeşmesini ähli ýurtlarda, şol sanda bizde hem bahyllyk, gözügidijilik, açgözlük zerarly diýip bilýän ekenler.

Göz degmekden goranmak üçin, halk dürli döwürlerde her hili tärleri oýlap tapypdyrlar. Şol tärleriň iň peýdalysy hökmünde, “Tüweleme, tüweleme, tüweleme, tüf, tüf’ diýip, üç gezek tüýkürmek hasaplanypdyr. Ýer ýüzündäki ähli halklar adamyň tüýküliginde uly gudrat bar diýip aýdýarlar. Türkmenlerde “Ýylanyň agzyna tüýkürseň ölýärmiş” diýen gürrüň bar, ýöne munuň çyndygyny ýa ýalandygyny barlap gören bardyr öýdemzok. Häzirki zaman lukmançylygynda her adamyň tüýküligi boýunça keselini anyklap bolýandygy barada nygtalýar. Aslynda, Gadymy Gresiýada adamyň hiç zat iýmänkä, ir bilen tüýküren tüýküligi bilen gijilewük kesellerini bejerýän ekenler. Piliniý “Tebigy taryh” diýen kitabynda bu emiň adama örän gowy täsir edýändigini aýdyp geçýär. Ýöne bu ýönekeý, göräýmäge zyýansyz usuly synap görüp, biziň günlerlmizdäki keselli adamlaryň saplanany-ha ýok bolsa gerek. Belki-de munuň şeýledigini adamlar bilýän däldirler. Her niçigem bolsa, tüýküligiň agzalyp geçilen kesele em bolýanynyň sebäbi-de şol derdiň adama göz degmegi arkaly sataşýandygy bilen düşündirip bolar. Türkmenlerde göz degmekden goranmak üçin, dürli tärler oýlanylyp tapylypdyr. Halk, köplenç, çagalara ýa-da göz deger diýip gorkýan zadyna doga, tumar, alaja ýüp, düýe ýüňünden edilen bag, dagdan agajynyň bölejigini dakýan eken.Ylmy esasda barlaglar geçirip görmän, bu zatlaryň nädip adamy göz degmekden gorap bilýändigini aýtmak kyn. Eýsem, şu agzalan zatlaryň köpüsiniň adam synasyna oňaýly täsir edýändigi mümkin. Belki-de halk tejribe edip görüp, şuňa meňzeş zatlary il gözüne görkezibermekden saklanypdyr.

Göz degmeginden goranmagyň iň gowy ýoly ýaman gözden daşrakda bolmak diýip düşünipdirler. Şonuň üçin ýaş çagany, ýaş gelni, dokmadaky halyny, pile saraýan gurçugy, sygyrdan saglyp alyan süýdi we şuňa meňzeş zatlary il gözüne görkezmekden gaça durupdyrlar. Şeýle edilmese, ynsanyň kesellemegi, gurçugyň gyrylmagy, sygryň süýdüniň çekilmegi we şuňa meňzeş ýagdaýlaryň ýüze çykmagy mümkin diýip düşünipdirler.

Dürli döwürlerde gözi deggir diýlip hasaplanan adamlaryň bu gürrüňlere çyny bilen ynanýanlaryň gazabyň pidasy bolandyklary hakda maglumat bar.

1879-njy ýylda Tihwan uýezdiniň Wroçewo obasynda şeýle waka bolup geçipdir. Şol obada ýaşaýan Agraflna Ignatýewa atly birine gözi deggir diýip ynanýan ekenler. Bir gün Kuzmin diýen obadaşynyň öýüne baryp gaýdansoň, şol öýüň gyzynyň içinden duýdansyz agyry tutup, burup başlapdyr. Şeýle ýagdaý Agrafina başga bir öýe baryp gaýdansoň hem gaýtalanypdyr. Obadaşlary muny Agrafinadan görüp, ony daşaryk çykarman, öýünde gabap heläkläpdirler.
18
201
gullnara_
12.07.2023 17:39
Biz köplenç "aýdara gep ýok" diýýäs... aslynda gep köp, köp zat aýdasymyz gelýär...ýöne biziň aýtjak zatlarymyza dogry düşünmezler öýdüp gorkýas, ine, bar bolany şu!
27
99
gullnara_
12.07.2023 13:11
Hawa men sana zar, sen bolsa... Sonky wagt biz uzaklaşyas.
Ençe yyllar geçdik bileje, yyllar aralagy bir gunem senzis bolmadym, bir yerde sen yalnyşdyň bir yerde men, bizi aýra saljak boldylar, yone bolmady. Başgalardan seni aýap sakladym, gabandym. yadyna düşse sowuk guni ilkinji gezek duşuşupdyk 5 yyl mundan ozal, şondan soň biz aýra düşmedik. Sen yok wagtyň küýsedim dert cekdim saňa garaşýardym haçan gelersiň diyip , senden kop zat bildim, durmuşa indi gowy düşünýän. Men sana bir zat aydaýyn, kä wagtlar sen menden gaçyaň. Indi sen mana ayt, name üçin beyle hereket edyäň, menin günäm barmy, ya sana erbet seredyänmi, ya men sana nädogry hereket etdimmi?
Men sana düşünemok... Biz uzakdan bari bir birimizi tanaýasa.
Hawa menem öýe gic gelyän, yadow gelyän, ýöne men özüm üçin sen üçin işleyana. Sen bolsa meni kä wagtlar birden yeke goyyp gidyäň.
Mahribanym, meni şeydýan bolsan, men bolsa seni asla hic haçan taşlamaryn. Men sana zar, düşünýäňmi zar, sen bolsa şol dymyp dursun. Şol dymyşyň hiç zat düşündiresin gelenok, ya sen şu edyan hereketlerin bilen menden gitjek bolyarmyn?
Sen berdin menin kalbyma rahatlyk, sen barkan men ozumi yalnyz duýamok, sen gitme menden, men sensiz nahili bolaryn, asla goz öňüme getirip bilemok. Gaýrat et bilýän modem gowy işlanok wagt geler pulum bolar son men täze modem alaryn internetjan, soň hic bir birimizden daşlaşmarys, şu gün bir gowy işle, sen menin manlaymda yazyk, nira gitsemem dine sen islegimde.Mende senden başga hiç kimim ýok...internedim ❤😊
25
292
gullnara_
11.07.2023 14:57
Huşy gidişen bir garry daýzaň gürrüňi:
-Arada Annajemallara diýip gitdim welin, Oguljemallara baraýypdyryn. Barsam Bibijemal ýok eken…
🐺🐰🐺
2 rus dilini bilmeyan oglanlar Rossiya gityamisin diyyän olar.  Tokaya barypdyrlar yone tokayda mojek bardyr diyen gorkuda baryp bir rusdan sorayarmysynlar. "Zdes nu pagadi yes da?
⛲⛲⛲
Bir kapitan dunyade iň neudachnik adam eken, hemme eden zady tersine bolyar eken. Ahyry bir gun muna bir garry mamany salgy beryaler, şol kop zat bilyar, şol sana komek eder diyyaler. Yanky kapitan işden son mamanyň yanyna gidyar. Mama: ,,Oglum Hindistanda bir Ruhany bar, şol sana komek eder" diyyar. Kapitan samalyoda bilet alyp uçyar, okeanyn ustunden geçip baryarkalar samalyot dowulip aşaklap başlayar. Styuardessa :Hormatly adamlar hazir suwa gaçyas, olmeyas, panika girmaň. Yone ol suwda krokodiller bar, men size tüydük paylap çykjak, krokodil yanynyza gelerem welin tuýydükden sygyryň, olar gorkar hemem biri-birimizi aňsat taparys. Kapitan yzda pikir edyär: :baa häzir maňa tüydük yetmeyär, yetse-de döwük tüydük düşer ya-da meň yanyma gelen krokadil ker bolup cykar....
🌎🌏🌍
Kiçi wagtym saçymy syrdyrypdym. Mugallym pursatdan peýdalanyp, kelläme halka geýdirip okuwçylara saturn planetasyny görkezdi.
🐥🐐🐥
Bir gün bir guzujuk aglap barýarmyş. Önünden jüýje çykyp:
- Guzy dost, sen nämçün aglaýaň?
+ Meň kakama baran diýýäler, menem ulalsam inni baran bolmalyyyyyy....
- Aý onyňa gowylaý. Men ulalsam petuh bolmaly.
💪🙍
Gysga we ajaýyp erteki.
Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanda şazada ýaşapdyr. Ol şa gyzynyň elini sorapdyr. Şa gyzyda oňa "ýok" diýip jogap beripdir. Ondan soň şazada uzak we bagtly ýaşapdyr. Islän wagty awa gidipdir, piwo kän içip, gijelerine futbol görüpdir. Joraplaryny otagyň islän ýerine zyňypdyr, unitazyň gapagyny ýapmandyr. Gaýyn eneli dostlarynyň üstünden prikol tutupdyr. Soňy.
👔👔👔
Iki sany başlyk duşuşýar:-Sen özüňkilere aýlyk töleýäňmi?
-Ýok.
-Menem tölämok. Olar işe gatnaýarlarmy?
-Howa.
-Meniňkilerem gatnaýar. Gel ofise girelgesini hem tölegli edeli.
🍰🍰🍰
-Ezizim, Merjenim, men öýe geldim. Iýere bir zatlar bersene.
-Holodilnikde näme tapsaň iýiber.
-Meniň ýürejigim, morozilnikdäki buzy özüň taýýarladyňmy?!
27
663
gullnara_
11.07.2023 09:47
"Goşa soraglar".
Awtory-Kerim Gurbannepesow. #goshgular #

 Örän köp ýazýarys Söýgi aýdymyn.
Söýgiň ezýetini çeken-de ýazýar,
Çekmedik-de ýazýar, ine şeýdibem
Müňlerçe setirler gazete çozýar,

Radio çozýar,ekrana çozýar.
Posadan öl-myžžyk mawy ekranlar.
Mawy ekranlaryň zolaklaryndan
Posalar şeýle bir süýnüp akýarlar.

Gojalar utanyp, öýden çykýarlar.
Gelinler gyzaryp, ýere bakýarlar.
Gyzlar uýaljyrap, ýüzün bukýarlar.
Eneler gulagyna pagta dykýarlar.

Eý, Söýgi! Ýollaryň kyndy-la seniň.
Onsuzam lezzetiň kändi-le seniň.
Maňlaýyň, gabagyň, ýaňagyň, agzyň
Batgalyk tokaýa döndi-le seniň...

Söýginiň ugrunda käkelemek bar,
Ah çekmek bar, elin owkalamak bar.

Saçyny, çokulny sypalamak bar.
Görküni, akylny apalamak bar.

Kino, teatra, parka gitmek bar.
Ýagyşda taýmak bar, jorka gitmek bar.

Ýene-de turmak bar, jak-jaklamak bar.
Bilinden ýuwaşja gujaklamak bar.

Eý, Söýgi! Ýollaryň köpdi-le seniň.
Birdenkä ýüregiň gopdy-la seniň.

Şeýle aýdymlary diňlän juwanlar,
Bagda nädip otyr gyzar-öýlänler!

Dodaklaryn goýup birek-birege,
Meňzeşip otyrlar goşa soraga.

Barýar gapdalyndan çal saçly aýal,
Emma dikelenok, ol goşa sowal.

Barýar gapdalyndan çagaly ene.
Soraglar has beter gyslyşýar ýene.

Barýar gapdalyndan ak sakgal ata.
Şapbyldyň owazy güýjeýär gaýta.

Bir elinde kitap, birinde goşgy,
Şahyr geçip barýar wasp edip yşgy.

Ýene bir şapbyldy... Gyňralýar şahyr.
Olar diýýär: «Özüň öwredýäň ahyr!..»

Posadan öl-myžžyk mawy ekranlar.
Ekranlara sygman, baga çykýarlar.

Gije däl, ýagtyda geçýär synaglar.
Bükülişip otyr
Goşa soraglar...
18
68
gullnara_
10.07.2023 08:46
Birini söýmegiñ 12 alamaty

On iki.
Bir gyz ýa-da oglan  bilen gije (telefonda) gepleşýän bolsaň, we yatjak wagtyňam ol hakda pikir edýän bolsaň...
On bir.
Bile wagtyň hakykatdan hem
yuwaş yöreýän bolsaň...
On
Ol senden daşdaka, özüňi gowy
duýmayan bolsaň...
Dokuz
Sesini eşiden wagtyň, ýylgyryan
bolsaň...
Sekiz
Oña seredeňde hiç kimi görmeýän bolsaň, diňe şony görýän bolsaň...
Alty
Ol pikir etmek isleýän hemme
zadyň bolsa...
Bäş
Oña her gezek seredeniňde, ýylgyrýanyny bilyän bolsaň...
Dört
Ony görmek üçin hemme zady
etyän bolsaň...
Üç
Şu  ýazylanlary okaýan wagtyň
bir kişi hakda pikir etyädiň...
Iki
Belki hem gaty erbet pikir edyädiň, sebäbi 7-njinin  ýokdygyny görmediň...
Bir
Indem hakykatdan hem ýokmy,
barmy diýip 7-njini barlamak ucin
yokaryk sereden bolsaň we
içinden yuwaşja gülyan bolsaň...
Bir zady arzuw et, nämäni arzuw
etmelisini bilyansiñ,elbetde toý...😄😄😄
48
530