gullnara_
20.07.2023 07:51
■ Frenk Abigneyl (1948)
Dünýäniñ in meşhur kezzaplarynyň biri Frenk Abigneýldir. Ol ýörite biliminin ýoklugyna garamazdan döwrünin in uly howa ýollary gullugynda birnäçe aýlap uçarmanlyk edipdir. Uçarmanlykdan bizar bolup uly hassahanalaryň birinde lukman bolup işläp başlapdyr. Lukmançylykdanam irip prokuratura edarasyna sümülipdir. Elbetde, onun ne-hä medisina ugrundan, ne-de hukuk ugrundan bilimi bardy. Abigneýl galphorlyk edip ýol almakda görlüp-eşdilmedik ukyba eýedi. Onun gallaplykdanam başy çykýan eken. Abigneýl millionlarça dollarlyk galp pul we çek yasabilipdir. Onun gallaplygyna hayran galmazlyk mümkin däl eken, çünki bank işgärleri boýunça ýörite hünärmenler onun yasan galp pullaryny hakyky puldan tapawutlandyryp bilmändir.
Abigneýl ele salnandan soñ FBR- niñ hasabyna işläp başlapdyr.
2002-nji ýylda dünýä belli kinorežissyor Stiwen Spilberg "Başarsan tut!" "Пoймaй меня, если сможешь"- "Catch Me If You Can") ady bilen Abigneýliñ kezzapçylykly durmuşyny ekranlaşdyrylypdy. Abigneýliñ roluny Leonardo Di Kaprio oýnapdy.
■ Wiktor Lýustig (1890-1947)
Asly çehiýaly Wiktor Lýustig ABŞ-da we Yewropada eden kezzapçylygy üçin tussag astyna alnyp, meşhur amerikan türmesi bolan "Alkatras" türmesine ugradylypdyr. Bir gezek ol Parižiñ "Eyfel" başnýasyny köne-küşül zatlary satyan jerçä "satypdyr". Lýustig hususanam pul yasaýan enjam satybam birgiden adamy aldawa salypdyr. OI eline alan enjamynyň pul çykarýandygyny aýdyp, adamlary aldamagy oñarýardy we ony 30 dollara satýardy. Elbetde satyn alynan enjam pul çykarmak küje, zat küje...
Wiktor Lýustig öz kezzaplygyndan diýseñ hoşal ýaşapdyr. Hatda ol "Dünýäde akmaklaryň şeýle kändigini. Yalan sözläp yaşamak nähili ajap!" diýip gaýtalamagy gowy görüpdir.
■ Ahmet Güney Zobu
"Raki" lakamly Ahmet Güney Zobu Türkiyänin taryhynda kezzaplyk bilen yaka tanadan tüýkesmelerin in meşhury bolsa gerek. Häzir Stambulyn Jahanhir rayonynda suw stansiýasyny yöredýän generallaryndan Hasan Ryza paşanyñ agtygy, Ikinji jahan ursy ýyllarynda Türkiyänin Moskwadaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Şemsetdin Zobunyn ogludyr.
Geçen asyryn 80-nji ýyllary onuñ ýyldyzynyň parlaýan wagtydy. Raki (Rokki) lakamly bu kezzap esasan bikanun işler bilen meşgullanýan adamlary aldawa düşürýän eken. Şonuň üçin onun "müşderileri" hukuk goraýjy edaralara arz etmäge çekinipdirler. Ol pul çalşygynyn gadagan edilen ýyllarynda pul çalysjak bolup ýüz tutýanlary toruna salypdyr. Şeýle-de, Raki iñlis dilini suwara bilipdir. Bir gezek ol amerikan ofiserinin eşigini geyip myhmanhanalaryñ birinde "müşderisine" garaşyp durka, myhmanhana şol wagtyn premýer-ministri Süleyman Demirel gelip girýär. Süleyman Demirel amerikan ofiseridir öýdüp, onun bilen esli salym gürründeş bolupdyr.
■ Gerd Haydeman (1931)
Asyl käri žurnalist bolan Gerd Haydeman kezzapçylygyn täsin tilsimini oylap tapypdyr. Ol hemşerileri bilen bile yazan gündeligini "Gitlerin hut özüniñ ýöreden gündeligi" diýip birgiden adamyn "gulagyna münipdir". Döwrüñ in meşhur Žurnaly "Stern" bolsa onun aýdýan gündeligini 6 million dollara satyn alypdyr. Gülkünç yeri, gündelikde göze dürtülip duran yalñyşlyklaryň barlygyna garamazdan taryhy eserler boýunça ýörite hünärmenlerin muny añşyrmanlygydy.
■ Bernard Meýdoff (1938)
Bernard Meýdoff ABŞ-nyñ in meşhur we in uly maliýe edaralaryny "suwsuz äkidip suwsuz getirdi". Aslynda ol dünýänin in uly "NASDAQ" birža fondunyñ başlygydy. Meýdoff soñabaka dürli kezzapçylyk ýoly arkaly maliýe guramalarynyň pullaryny özünin dürli ýurtlaryn bankynda açan hasabyna geçiripdir.
Meýdoffyn kezzapdygy bilinenson tegelek 50 million dollar gürüm-jürüm bolýar. Meýdoff 150 ýyl azatlyk mahrum edilenem bolsa ýiten pullaryñ nirdedigini anyklamak başartmandyr.
2017-nji ýylda Meýdoffyn kezzapçylykly durmuşy hakynda Diana Enrikesiñ adybir eseri döräpdir.
37
282
gullnara_
19.07.2023 07:31
Ποωςα Αλγεωα
Ajy duýduryş (ýüregi ýukalara girmek gadagan)
Özi doktordy. Söyyan karidi.İşine ussatdy. Gün dogmanka işe gider,gije hem öyune gelerdi. İki sany owadanja nur yuzli ogullary bardy.Ogullarynyň beyle nur yuzluligi esasan hem ejelerine çekipdi. Howa, doktoryň ayaly hem owadan,hem akylly,hem edep-ekramlydy.
Bar işi ogullaryny in gowy gornuşde durmuşa tayyarlamakdy.Hat-da ähli planlaryny hem şol ogullarynyň üstune gurnapdylar.
Ahli girdeyji we çykdayjylaryny belli bir plana düzüpdiler.
Şonuň uçin hem hiç horluk çekmeyardiler. Şeyle düzgun-tertipli,kanunçyl maşgalada bir guün uytgeşiklik boldy.
Bu uytgeşiklik düybünden planlaryny bulaşdyryady.
Sebabi ayaly yene-de gowreli bolupdy.
Bu waka şeyle seretseň şatlykly waka bolmalydy,emma bu maşgala uçin bolsa duybunden gorkuly, gussaly waka boldy.
Hem-de bu döwür kyn döwur hem däl ahyry, ondada işleýan adam üçin.
Ahli zady maşgalada 4 adam başy uçin planlaşdyrylgydy.
Ar-ayal uzak gije maslahat edip,iň soňunda çagany aýyrtmagyň küyune düşdüler. Hat-da hassahanadan tanayan ökde doktor bilen hem gurleşip goydular.
Säher bilen çagalaryny öyde taşlap, hassahana gitdiler.
Uluja ogullaryna ähli zady sargap tabşyrypdylar.
Kiçi ogullary bolsa entek duşunerden irrakdi.
Şeylelikde giñ otagda halyň üsti oyunjakdan doludy.
Penjireden guniň şöhlesi perdani paralap oyunjaklara dürli öwüşgenlik beryardi.
Ene-atalarynyň bolsa niyetleri derrewjik ayyrdyp gaytmakdy.
Ene-atadan köpden bäri ayry galmadyk çagalar dürli oyunjaklar bilen isleglerine göra oyun oynayardylar
Ulyja ogullarynyň bolsa köpden bäri oynamak isleyan bir oyny bardy "doktorçylyk".
Telewizorda operasiya degişli bir zat bolsa sypdyrman görerdi.
Bu gün bolsa beyleki otagda kakasynyň operasiya gurallary hem bardy.
Ylgap olary getirdi. İndi bolsa birini operasiya etmelidi.
Aslynda ol hem tayyardy,jan yalyjak jigisi bardy ahyryn.
Bir mañlay derini supurmane adam yokdy.
Ony hem jigisi supurip bererdi.Ähli zady tayyarladylar.Jigsini "sen hassa" diyip operasiya bolmaga yrdy.
Hassahanada bolsa doktor ar-ayaly kabul etdi. Hayal etman hem operasiya başladylar.
Aslynda iki tarapda hem birden başlapdy operasiya.
Biri öylerinde,birisi hassahanada.
Yöne aralarynda yekeje tapawut bardy.
Birinde hassa sagaljakdy,birinde bolsa entek dunyaniň garasyny görmedik bir çagajygyň sonuňa çykyljakdy.
Operasiyalar goya diyersiň birlikde başlan yalydy.Doktor başlady.Öyde hem oglanjyk eyyäm jigsiniň sag damarynda operasiya pyçagyny gezdiryardi.Hassahanada operasiýa hakykatdanam çalt dyndy,emma öyde hem beyle uzak eglenmedi oglanjyk.
Jigsiniň titräp yatyşyna näme etjegini bilmän,akyp duran ganyň üstüne mata baryny yapdy.Kesilen yere bolsa pamyk goydy. Goya jigsi narkoz berilen yaly sessiz yatyrdy eyyam.
Oglanjyk bolsa pikirinde "sonurak ozune geler,gözuni açar..." diyip jigsiniň üstüne odeal yapdyda daşaryk çykdy.
Emma karary tutmady.Nameden bolsa bir ayylganç yalnyş hereket edendigini bilyardi.
Emma onuň kakasy doktordy ahyryn.
Basymjak geler we jigsini täzeden operasiya eder,oglanjygyň yalnyşan yeri bar bolsa duzeder diýip öz özine göwünlik berdi.
Şonda-da gorkujyna howlynyň daşynda duran gonşularynyň äpet yük maşynynyň aşagyna girdi-de oturyberdi.
Ol yere birinji gezek girişi däldi.Käte girip kölege ya-da gaçybatalga hökmünde ulanyardy.
Edil sähel wagtdan hem yük maşynyň eyesi bir yerlere gitmek uçin maşyna mündi.
Är-ayal öyüne yetip gelyarka, öyleriniň öňündäki adamlary görüp bir zadyň üstünden barandyklaryny añdylar.
Baryp görseler,goňşusy maşynyň aşagynda tekere yaplanyp uka giden uluja ogullaryny bilmän basypdy.
Doktor näme ederini bilmän öye tarap ylgady.
Öylerinde kiçijek ogullaryny bagryna basmak uçin ylgapdy aslynda.
Alla gorasyn emma beyle yagday başyna gelen bar bolsa bilyandir bir ogly yogalanda beyleki ogluny bagryna basmagyň namedigini,nähili duygudygyny...Emma gapydan giren badyna kiçijek jansyz bedene gözi duşen doktoryň öyüne kyyamat duşen yaly bolupdy.
Gözi garankylap başlady.
Hat-da penjireden giryan güniň şöhlesi hem indi hiç hili yagtylyk berenokdy.
Durmuş,yaşayyş gutarypdy indi onun uçin.
Ayalyny uly oglunyň ölumine çaşandygy sebäpli hassahana akidilipdi.
Kiçi oglunyň ölümunden entek habary hem yokdy.Özäm ýaňy göwredäki çagasyny aýyrdyp gelen, gowşak organizm bu urga çydam edip bilmedi......
Howa, Allajan bir jana dözendikleri uçin, olaryň iki ogullaryny hem alypdy.
Olar uçin bu uly bir DUÝDURYŞDY. Emma ajy bir duyduryş boldy...Şeyle ajy duýduryş.......
Allajan hiç kimiň başyna salmasyn...
Nowça
29
265
gullnara_
18.07.2023 20:22
Gyzyň "husyt" aşygyna aýdanlary.
Maňa hüýr-melegim, peýkerim diýdiň,
Diýdiň maňa hemmelerden üýtgeşik.
Men hiç zat diýmedim, sen bolsa birden
Men diýip duşumdan gidipsiň geçip.
Zülpümi on gulaç uzaldyp söýdüň,
Boýumy bir derek ulaldyp söýdüň.
Seniň kem zadyň ýok, emma men diýip
«Aklyňy ýitirdiň, ýanyplar köýdüň».
Sen men diýip ýyldyzlardan ýol sökdüň,
Perhatdanam ötüräýdiň meň üçin,
Ýöne men bir kiçi boýly sada gyz,
Seniň ol aýdýanyň başgadyr mümkin!
«Dünýe malyňy-da» bagş edip maňa,
Meň üçin «ýylatdyň» gyşlaryň sowgun.
Ýöne bir gün ýeri gelende weli,
Bir gül bermäge-de ysmady bognuň.
Dessanlardan «sahylygy» öwrenip,
Söýgiňe eçildiň «baýlygyň» elin,
Diýmek, men-ä seniň söýen gyzyň däl,
Seňem başgaň biri bolmagyň mümkin.
Şöhrat Agalyýew
26
90
gullnara_
18.07.2023 17:22
1. Arapça "sifr" näme diýmek?
2. . 6-7 aýlyk çaga haýsy 2 hereketi bilelikde edip bilýär?
3. Bu söz italiýan dilinden gelip çykyp, "gurçuklar" diýen manyny berýär. Italiýany ýatlanymyzda bu "gurçuklar" şüphesiz hyýalymyza gelýär. Bu nähili söz?
4. Bir ýylyň dowamynda näçe sany doly hepde bar?
5. 4 sifr 1-den 50-ä çenli näçe gezek gaýtalanýar?
6 Alnanda gara reňkli, ulanylanda gyzyl, ulanylyp bolandan soň çal reňkli. Bu zat näme?
7. Ý, .., M, A, M, I, I, A, S, O, N, D. Galdyrylan harp haýsy?
8. 4 sany itde 3 sany guşda jemi näçe jübüt aýagy bar?
9. Eger çopanyň 17 sany goýny bar bolsa, olaryň 6 sanysy agyr kesellän bolsa we galanlary ölen bolsa, çopanda näçe sany diri goýun galdy?
10. Köçede birinden ýaşyň näçe diýip soralanda: "Ýene 13 ýyldan, 2 ýyl mundan öňki ýaşymyň 4 essesini ýaşaýan" diýip jogap berdi. Ol häzir näçe ýaşynda?
Suratda 3 sany adam ýüzüniň şekilini tapyň.
Jogaplary:
1. ("Nol" diýmek)
2. . (Hem dem alyp, hem ýuwdunyp)
3. (Wermişel) Şpagetta
4. (52 hepde)
5. (15 gezek)
6 (Kömür)
7. (F harpy. Harplar aýlaryň baş harpyny aňladýar)
8. (11 jübüt)
9. (6 sany)
10. (7 ýaşynda)
31
630
gullnara_
17.07.2023 18:48
Nowça dek günasiz gül yaly gyzyñ, gül ömrin kül edip, na gezip bilyañ?!
Adaty gün öýde smenimden gelip dynç alayyn diýip, oz otagyma girdim. Aý taze gelen gazet jurnallary okap taze yyla taze tema janly oboylar int zkajat edip,pisigim yanyma alyp otyrdym, Intek yerime geçsemde yatamokdym
Gapy kakyldy dayzam gyzy Aýtàç bardy oyde, bizden gatnap tehnikumda okayardy,ol gelip isigi kakdy.
-A gyz yatmadyk bolsañ işigi açay diýip, menem yerimden turdum, isigi açdym , yanynda bir owadanja gyz bar, -hä, gel gir keypinemi diýip oye saldym
-Aýtàç tanyş bol Ogulgurban bu meniñ krusdasym goñsusy diýip bu çepiksije gyz bilen tanysdyrdy
Men ukola zada gelendir oytdip pikir etdim, yok olar ukola gelmändir olañ basga meselesi barlygy yüzunden añyp bolyady
Menem hany aydyp otyryn name boldy, diýip soradym .Aytaje daş çyk diýip ümledim
Ogulgurban aglamjyrap senden maslahat kömek sorap geldim diýip aydyp baslady
--Men gelnejem jigsiniñ toyuna joram bilen barden gije taksili gitdik, gaydysyn sol taksimiz gelmelidi, biz yuwasjadan yoredik, yol garañkydy duydansyz yerden iki sany oglan çykyp bize topuldy, biz olary tanamyzok, biz sypjak bolyp gygyrdyk, emma köçede adam yokdy, o barmana joramyñ men gyz degmayda Allañ haky üçin diýip yalbaryan sesini eşityadim yone, oña nadip kömek edeyin ozumede biri yapysyp yatyra. Name etmeli, gyz üçin iñ elhenç zat eken, namysyñ depeletmek, duydansyz yagdayda bir mumkinçilik boldy we elime ilen agac tayagy bn urdum, soñam ylgadym tayagym bilen jorama azar berip yapysyp yatan bu içgili oglany urdum, ol oglan yedi yolyñ ustunde yapyşyp yatyr uly ilim bilen gygyryan .gaçyp gaydan oglanym hem yrañ atyp eñsamden gujaklanyn hem duymadym, o barmana köçede çyra görundi, dat kömek edayda diýip oña gygyrdym, ol masyndan düşüp bize kömek etdi. Indam senden kömek gerekda joram aglap otyr gyzmy ya däl barlap beraysina diýip, bir hili zeper yeten yalyda. Barlap beray ikimizi hem diýip aglap duydansyz wagşylarça beydip gaçan yigitler barada bar zady aytdy, gyz üçin utanç hem bolsa doly yagdaýyn aytdyrdym we kömek etmek üçin söz berdim
Ogulgurban jorasy bilen bir sagada galman geldi, ilki men Ogulgurbany basladym, onat şo sütem görsede edil degip bilmandir, soñ jorasy Dünyäni başladym wah, bu gyzda name günä bar bu gyza zeper yeten özem doly däl, yuzum üýtgandirda Dunya aglap baslady doly we dogry aýday diýip menem gorkma wagtyň gecmegi bilen zeperlenen yer gowlaşar yone azajyk powrejdeniya barda diýip aytdym we kömek ederin diýip dusundirdim, ol otyryp aglady ejem bilayse meniñ damagym çalar, kömek et diýip hayyş etdi menem bolya diýip köşeşdirip olary ugratdym.
Agsam smenim aý oz Işlerim bir gumra bolyp yordim, bir çaga getirdiler yolda doglupdyr, roddoma yetman yagdayy hem agyr renimasiya gecirmeli, sony renimasiya eltdimde bir 20-21 yasly gyz uksus içip getirdiler menem üns hem bermedim, iş yerime geldim smenim asuda gecdi, irden oye geldim çöregim iyip gazet jurnallara guymenip otyrdym Jigim Tawus isigi kakdy, açdym aglapdyr, name boldy diydim weli düýnki Dünya uksus icipdir, janyna kast edipdir diýip aglady menem wah name uçin beytdika diýip gynandym
Yaşajyk gyz maşgala, bar söýüsyani bolsa etjegin et diýip baryp bolar yada jenayat işin gozgap bolar, indi aytdyn bu name etsin ol öz ornyny bu dunyade däl o dunyani saylar yaly, toy gunakarmi, yada o içjeklerni içip ejizje gyzlara el galdyran ol deýýuslar.
Bir gyzyñ ömri nähak gitdi, gul yaljak gyzdy.
Erkekler siz erkek diyip seyle bir arkayyn gezyaris weli, aranyzda zenança yoguñyz hem barda, bizi siz goramasañyz kim gorasyn, siz zenan masgalanyñ yerdaki Hudayy hasaplanyañyza, azajyk borjunyzy berjay etjek boluñ bolmasa uzagyndan hiç bir zenan gyz babegin bolmagyn islemez,erte şol gyzyñ yerine öz gyzyñyz ya gyz jigiñiz bolmagy mümkin!
Nowça Alyýewa
29
253
gullnara_
16.07.2023 09:55
Goşa Çynar, Bedew Ýyldyzy, Bold, ýa Ýiti ýaly içgileri içmese oňmaýan, diňe süýjüli içgileri içip, uzak gün naharlanmaýan adama gabat geldiňmi? Ýa-da ol senmi?
Energiýa içgileri näme üçin zyýanly?
Kanadanyň azyk gollanmasyna (Canada’s Food Guide) görä, bu içgileriň düzümindäki kofeiniň mukdary çagalaryň we ýetginjekleriň sarp etmeli mukdaryndan has ýokarydyr. Muňa düşünmek üçin, Goşa Çynaryň düzümindäki himikatlara we olaryň ýan täsirlerine seredip geçeliň:
↪ E-331 – natriýniň sitraty – damar çekme, terpenme, ýellenme, ýüregiň tiz urmagy, tiz-tizden emma ýüzleý dem alyş, aşa semizlik, şähdiň üýtgäp durmagy, ysgynsyzlyk, güýçli içgeçme, ynjalyksyzlyk ýaly ýan täsirleri bar;
↪ E-211 – natriý benzoaty – rak keseliniň dürli görnüşlerine, demgysma, kellagyra, deri düwürtiklerine, aşa köp hereketlilige we aşgazan kesellerine sebäp bolýar;
↪ E-290 – kömürturşy gazy – kellagyry, baş aýlanma, demgysma, damar çekme (sudoroga), ýürek bulanma, tahikardiýa (ýürek urgusynyň ýygjamlaşmagy), gan basyşynyň ýokarlanmagy, görüşiň bulaşmagy, ruhyçökgünlik, koma ýaly ýan täsirleri bar;
↪ E-951 – aspartam – emeli süýjediji bolup, rak kesellerine, damar çekme (sudoroga), ruhyçökgünlige (depressiýa), semizlige, düwünçekde dogabitdi kemçiliklere getirýär;
↪ E-300 – askorbin kislotasy – içgeçmä, ýürek bulanma, gaýtarma, garyn agyrylaryna, sary gaýnama, bogun agyrylaryna, peşewde ganyň görünmegine, ýygy peşew çykarma, gyzdyryp-üşütmä sebäp bolup bilýär;
↪ E-330 – limon turşusy – düzüminde doly süzülmedik (filtrlenmedik) kükürt saklaýandygy üçin, adam saglygyna zyýanlydyr, esasan hem allergiýadan we demgysmadan ejir çekýänlere howp salýar;
↪ E150d – sulfit-ammiak karameli – iýmit siňdiriş, aşgazan-içege ýollarynyň keselleri; rak keselleriniň ýüze çykmagyna goşandy bar; düwünçegiň ösüşine zäherleýji ýaramaz täsiri.
Bulardan başga-da, energiýa içgileriniň ählisinde hoşboý ys beriji zirk, ženşen we gingko biloba ýaly otlar ýa-da yslandyryjy himiki maddalar saklanýar. Bu "otlaryň" hem akyl we beden taýdan oýaryjy aýratynlyklarynyň bardygy aýdylýar. Emma, bu ylmy taýdan subut edilmedik.
Ylmy-barlaglara görä, bir baklažka energeýa içgisinde 17 çaý çemçe şeker bolýar. Sagdyn bolmak üçin bolsa, günüň dowamynda hemme şekerli iýýän, içýän zatlaryňy goşaňda, erkekler jemi 9 çaý çemçe, zenanlar jemi 6 çaý çemçeden köp şeker kabul etmeli däl. Kadadan artykmaç şeker kabul etmek, öz gezeginde, aşa semizlige, 2-nji görnüşli süýji keseline, kelle agyra, ýürek-damar ulgamynyň, aşgazan-içege ýollarynyň mikroflorasynyň ýaramazlaşmagyna, immunitetiň weýran bolmagyna getirýär.
Energiýa içgileri süýjüdigi üçin köp içilýär, şeýdip, alýan kofeinimiz hem hünärmenleriň maslahat berýän gündelik 200-300 mg ölçeginden aşyp gidýär. Köp mukdarda kofein kabul etmek, öz gezeginde, aňymyzyň durulygynyň bozulmagyna, nerw we ýürek-damar ulgamymyzda näsazlyklara, ukusyzlyga, galyberse-de, gün tertibimiziň bozulmagyna getirýär. Munuň netijesinde, tutuş ýaşaýşymyz ýaramazlaşyp bilýär.
Gynansak-da, öndürijileriň bu içgileriň düzümine ýene nämeler goşýandygyny anyklar ýaly takyk barlaglar geçirilmeýär.
Näme etmeli?
Gynansakda, Türkmenistanly ene-atalar we mugallymlar hem bu içgileriň zyýanlaryndan habarsyz bolup durýarlar we özleri hem bu içgileri köp içýärler. Şonuň üçin, ilki bilen uly ýaşly adamlar bularyň ýaramaz täsirleri barada öwrenmeli. Çagalaryň we ýetginjekleriň hem energiýa içgileriniň zyýanlary barada habardarlygyny baýlaşdyrmagyň birnäçe ýoly bar:
↪ Mekdepler ýaly çagalara, ýetginjeklere degişli guramalarda işleýän bolsak, okuwçylara ýörite eksperimentler arkaly, beýle içgileriň zyýanlary barada düşündirip bileris: Bagyr, et ýa-da ýumurtga bölejigini bir gaba salyp, üstünden hem energiýa içgileriniň haýsydyr biriniň bir baklažka ýa-da bir banka möçberini guýup (et bölegi suwa doly çümmeli), agzyny berk ýapyp goýup, birnäçe wagtdan soňra onuň bagry ýa-da et bölegini eredendigini, agramyny peseldendigini synlap bileris. Bu barlagy gopan dişiň üstünde-de geçirýärler. YouTube-da bu wideolary özüňiz anyk görüp bilersiňiz.
↪ Iň bolmanda, adam saglygyna zyýanlydygy üçin, energiýa içgilerini içmegi sergidir reklama bilen wagyz etmegi çäklendirip bileris.
↪ Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, mekdeplerde, okuw merkezlerinde we ş.m. ýerlerde ýokarda sanalan himiki goşundylary goşulmadyk, öýde taýýarlap biljek içgilerimizi içmegi, sagdyn-durmuş ýörelgesini wagyz ediş görnüşde çäreler geçirsek gowy bolardy.
Ýazgyda beýan edilýän pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli bolup, redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.
çeşme: saglyk.org
48
1 345