gullnara_
30.07.2023 00:05
Ejemjan sen maña bir gelin âber. Gözelligi hemme gyza tay bolsun.
Edepli ekramly utanjañ sada.
Şularyñ barysy şonda bar bolsun.

Gözel bolsun çölde gezen jerenden
Ýalan söz çykmasyn saýrak dilinden
Nesibâm bar bolsun şeyle gelinden
Ady mañlayyma ýazylan bolsun.

Hemme zady meñ göwnüme yarasyn
Sâher bilen gara saçyn darasyn
Köçâ çyksa yere bakyp yöresin
Gara gözi dolup baryan ay bolsun.

Saçy kesik gaşy ütük bolmasyn
Ýüzin yaşmak edip dañsyn öymesin
Seredemde gara gözüm doýmasyn
Akyla payhasa ýugrulan bolsun.

Hassa bolsam baş ujumda otursyn
Nâzim çekip ayagynda yatyrsyn
Ýumuş buýrsam ylgap ylgap bitirsin
Aydan sözi yüregime jay bolsun.

Gözlerimden añsyn aytjak sözümi
Hic bir yerde gysga etmesin dilimi
Ölemde-de saklar yaly öyümi
Gujurli, gayratly, edermen bolsun.

Söwseñem, ursañam gaşyn çytmasyn
Uzin dilin dişi bilen saklasyn
Ömrümi kül edip oda atmasyn
Yagşy niyet yureginde kân bolsun.

Arassa pâk bolsun akar suw yaly
Haýran bolsun gelin gyzlaryñ bary
Islam dini bolsun yörejek yoly
Saçlaryn gizleyân utanjañ bolsun.

Beyle gyzy nirden gözlâp  tapaýyn
Eger tapsam bagra basyp öpeýin
Iñ yokumli zatlar bilen bakaýyn
Uzin boyly gyldan inçe bil bolsun.

Hany ýigitler şeýle gelin gerek bolsa like basyň!❤👍 😄
53
516
gullnara_
29.07.2023 09:54
Iň oňat ýanýoldaş boljak ýigit Maşa hakyndaky multfilmdäki aýy ... Hojalykçy, içenok, çilim çekenok,  mylaýym, akylly we iň esasy sabyrly ...😄😄😄
37
472
gullnara_
29.07.2023 00:21
Elime telefony alyp sagada seretdim 2:15,ÿatjak diÿip düşegime geçenime 3 sagat töweregi bolupdyr. Eÿläk-beÿläk öwrülip,hiç ÿatyp bilemok...
 endam-janym ot ÿaly ÿanyp barÿa, gyzgynymyñ galÿanyny bildim . Telefonuñ yşygyna dermanymy tapyp içdim. Adatça bir-iki aÿdym diñläp ,uklap galÿardym,yene şeÿdeÿin diyip nauşnigi gulagyma dakdym. Ilkinji açan aÿdymym haÿsydyr öÿdÿäñ ?! ( Tirkesh-Unudaryn)... gözümden ÿaş damdy. Wah,men indi aglajak däldim, seniñ üçin göz ÿaş dökjek däldim men...ejizledim!
Agladym. Seni göresim gelip aglamadym,ÿok. Duÿgularymyñ saña gerekmezligi üçin, saña olaryñ hiç hili ähmiÿetiniñ ÿoklugy üçin, söÿgim saña gerekmejek zat bolup galany üçin agladym. "Bu durmuş. Wagt geçmegi bilen unudarsyñ..."bu gürrüñler hiç hili peÿda edenok, etmejegini hem bilÿän.
4 ÿyl mundan ozal " Sen maña gerek däl. Seni söÿemok indi" diÿen sözleri eşidenimde dünÿäm lerzana gelipdi. Şondan soñ söÿgiñ barlygyna, kimdir birine ynanyp boljakdygyna hiç hili umydym ÿokdy. 4 ÿyllap hiç kime (bir oglana-da) ynanman geldim. Kimdir birine göwün bermek hakynda asla pikirem etmeÿädim. Emma sen, nirden peÿda bolduñ?! Näme üçin durmuşyma girdiñ?! Näme üçin maña umyt berdiñ ?! Sönen kalbymy ÿagtylandyrdyñ. Ÿüregimde şeÿle bir päk duÿgular oÿardyñ (söz bilen düşündirip bilemok) Her bir sözleriñ, bakyşlaryñ...hemme zat gözümiñ öñünde janlanÿar. Ÿeri,nädip meni bu ÿagdaÿa getirmäne dözdüñ?! Göwün ÿarasynyñ añsatlyk bilen bitmejegini, bitse-de yz galjagyny bilÿädiñä sen. Ilki başdan bir-birimize dogry gelmejegimizi bilen bolsañ, hiç wagt bile bolmajagymyza göz ÿetiren bolsañ,onda näme üçin maña umyt berdiñ?! "Gowy görÿän seni" diÿen sözleriñi näme sebäpden köp gaÿtaladyñ,aÿtsana?! Heÿ,ÿürek diÿen zat ÿokmudy sende????!!!! 2:57 ...ÿüregim agzymdan ot bolup çykjak bolÿar. Senden şeÿle bir göwnüm geçdi. Kalbymda saña bolan ÿigrenç duÿgusy oÿanÿar. Söÿgimden geçišiñ ÿaly, durmušymdanam git!!!
Adamyñ gerdenine göterip bilmejek ÿüki atylÿan däldir. Şu wagt nähili hasrat çekÿänem bolsam, özümi ÿeriñ ÿüzünde gezip ÿörän ,hiç kime gerek däl jansyz zat ÿaly duÿsam-da men çydaryn. Şunça wagtlap özümi elden bermän ÿaşadym,indäm ÿasaryn! Arman,ÿüregim ÿaraly galdy...
Asman ýagtylyp başlady. Sagat 3:33
Gürrüñimiñ yzyna köp nokat goÿup, ejem bilen kakamyñ suratyny bagryma basyp indi uklamakçy...
37
415
gullnara_
28.07.2023 18:07
Älemgoşar
Ýene gökde älemgoşar doguldy,-
Gagyldaşyp gazlar geçdi üstümden.
Ýene başym, başym aşak egildi,
Çykabilmän ýatlamalaň astyndan...

Biri ýaşyl, biri sary, biri ak,-
Älemgoşar ýaşlygymyň ýoly sen!
Görüpdiň sen bizi munda ikiçäk,
Şol dilberiň toý lybasy ýaly sen.

Geçip barýar aýlar, ýyllar, gyş, ýazlar,
Ýene bahar sepeleýär çagbasyn...
Haýsy ýana alyp gitdi ak gazlar
Ganatynda şol dildaryň nagmasyn.

Bilmen, bu gün bu çal sepen başyma
Ak gazlaryň ak ýelegi gaçdymy?
Ýanyp köýen gursagyma-döşüme
Ýene köne söýgiň közi düşdümi?!

...Ýene gökde älemgoşar doguldy,
Doguldy-da eräp gitdi gözümde,
Ap-ak gazlaň hatarlary bozuldy,
Söýgi galdy bu dünýäniň ýüzünde!

Biri sary, biri ýaşyl, biri ak,
Älemgoşar, şol söýgimiň ýoly sen!
Ýürek bagta ýeke pursat uçanda
Şo ýürekde dogan aýdym dämi sen?!
(1982)
Annaberdi Agabaýew
19
42
gullnara_
28.07.2023 15:04
Bir gün gündüziň günortany bankda talaňçylyk bolupdyr.
Banka gelen talaňçylar:
- *Gymyldamaň! Pul döwletiňki, jan bolsa siziňki*"diýipdir.
Herkim sesini çykarman, ýuwaşlyk bilen aşak ýatypdyr.
Muňa "Pikir üýtgetme" diýilýär. Öwrenşilen düşünjäni üýtgetmek.
Soň zenan maşgalaň biri stoluň üstüne egilip, ýatypdyr.
Muny gören talaňçy:
- *Namalny bolup, ýerde ýat. Bu talaňçylyk, zorlama ýok* diýipdir.
Muňa "Profesionallyk" diýilýär. Işiň näme bolsa, ähli ünsiň şonda bolmak.
Soň talaňçylar pul baryny alyp, gaçýarlar. 
Barmaly ýerlerine baransoňlar, talaňçylaryň ýaş bolany beýlekisine:
- *Bol, indi alan pullarymyzy sanaly*diýýär. Ýaşulysy:
- *Haý, samsyjak. munça pulam bir sanalarmy. Agşam telewizordan näçe pul alyp gaýdanymyzy aýdarlar* diýýär.
Muňa "Tejribe" diýilýär. Okuwdan has gerekli we peýdaly.
Talaňçylar bankdan gaçyp gaýdansoň, şol şahamçaň müdiri kömekçisine:
- *Dessine, polisiýa jaň et* diýýär. Kömekçisi bolsa:
- *Başlyk, dur entek howlukma. Bizem 10 milýon ýaly özümize alyp, ogurlanan 70 milýon dollaryň üstine goşsak näder?!* diýýär.
Muňa "Tolkuny tutmak" diýilýär. Başyňa gelen bir işi öz peýdaňa öwürmek.
Müdir bolsa:
- *Wah, her aý bir talaňçylyk bolsa bolmajakmy.. hezil ederdigaý* diýýär.
Muňa "Dertlerden dynmak" diýilýär. Şahsy bähbidiňi işiňden öňde goýmak.
Agşam habarlarda bankdan 100 milýon dollar ogurlandy diýip, habar berýärler.
Ogurlan pullaryny aýdylan sandan az gören talaňçylar otyryp, birnäçe gezek alan pullaryny sanapdyrlar.
Bary ýogy 20 milýon çykýan eken. Gazaba giren ýaşuly talaňçy şeýle diýipdir:
- *Biz janymyzy howp astyna salyp 20 milýon alýas. Bankyň müdiri bir elini galgadyp 80 milýon alýar. Talaňçy bolanyňdan adam ýaly okuw okanyň gowy eken* diýýär.
Muňa "Güýçli birini, bilimli müňini ýykar" diýilýär.

Çeşme:internet
44
299
gullnara_
27.07.2023 11:28
Gelmesi kyn düşen ylham.

Galam aldym ele näme ýazsamkam.
Haýsy sözüm galsyn haýsyn
pozsamkam
Mantymy ýa näme hakda ýazsamkam
Näçe garaşsamda gelmediñ ylham

Hökman geler diyp garaşyp otyryn
Käte durup göryan käte men yatyyryn
Jañ etsemem boş kagyzly otyryn
Şunça garaşsamam gelmedin ylham

İne bu kagyzam suratdan doldy
Depder kagyzyndan musurkam doldy
Bulam bolmady diyip listini ýoldy
Depder gutaryp barya geläýda ylham

Sagymda melek bar çepimde şeýtan
Melek pyşyrdayar " gelerle hökman"
Ençe umyt bilen garaşdym irmän
Naçe garaşsamda gelmediñ ylham

Çepimdaki şeytan başlar pyşyrdap
"gelmez ol, arkyyn bol gitdi seni taşlap"
Garaşdym men saña şeytany daşlap
Näçe garaşsamda gelmediñ ylham

Boldy yadadym, indi men yatjak
Depder gutardy musurka atjak
Sen gelmeseñ gelme, garaş men barjak
Taparyn men  seni,  garaşgyn ylham
36
299
gullnara_
27.07.2023 08:29
Gyz bilen oglanyň arasyndaky duşuşyk hakda

Hytaý döwletiniň Çžesýan obasynda ýaşaýan 29 ýaşly Lýu atly oglanyň duşuşygy şowsuz tamamlandy. Ejesi oglunyň henizem özüne gyz dost tapyp bilmeýändigi üçin ogly bilen bir gyzyň arasynda duşuşyk gurnaýar. Ejesiniň teklipleri bilen razylaşan Lýu, näbelli bir gyz bilen restorana nahara gidýär we “jentelmenlik” hökmünde restoranyň tölegini öz üstüne alýar. Emma bu duşuşykda geň waka bolup geçýär.

Bu duşuşyga gyz ýeke özi gelmeýär. Ol hem tanyşmak isleýän oglanyň jomartlygyny, sahylygyny barlap görmek isleýär. Şol sebäpli bu duşuşyga  özüniň doganlary we dostlary bilen  23 adam bolup gelýär.

Gyzyň köp adamly gelmegi oglany geň galdyrýar. Gyz we onun ýakyn dost-ýarlary restoranyň tagamnamasyndan iň gymmat naharlary saýlap sargyt edýärler. Oglan göz öňünde bolup geçýän wakalardan derrew netije çykaryp, haýal etmän restorany gizlinçe terk etmegi ýüregine düwýär we şeýle hem edýär.

Netijede, gyzyň restoranda sargyt edilen tagamlaryň tölegini özi etmeli bolýar. Bu töleg 3 müň dollara barabar bolar. Bu bolan waka barada “Taizhou Evening News” ýerli metbugaty habar berýär. Oňa salgylanyp, bu habary “Daily Mail” neşiri hem okyjylaryna ýetirýär.
28
243
gullnara_
26.07.2023 13:22
Ejesi bäş ýaşly ogluna: -Meretjan, näme edýäň oglum? -Söýgülime hat ýazýan eje. -Wiý sen hat ýazyp bileňoga. -Eje, olam okap bilenoga.
***
Bir oba taze başlyk bellenipdir, onson bul şofyory bilen obany aylanmana cykyalar. Yolda gidip baryan wagtlary bir yaşuly adamyn eşegi yupunden cekip akidip baryanyny goryaler. Başlygyň hem bu yagdaya keypi gelip şofyoryna: yaşulyn yanynda dur, muny azajyk oynaly diyyar:
+ Eygilikmi yaşuly, bu çagany nirä äkidip baryaň? -ha ha ha
- Okuwa akidip baryan oglum.
+ Ha ha ha, hayy yaşuly ýaman guldurdiňay bizi , eşegem bir okuwa gidermi ?
- Ay men äkidip adyny yazdyraýyn, okasa-ha başlyk bolar - okamasa-da şofyor ha-ha
***
Myrat bilen Maýa toy edyarler. Onson Maýada  çaga galyar. Myrat muna gaty begenip oglum bolmaly, oglum bolmaly diýýämiş we Maýa dine ogul dogurmalysyñ diyip gaytalaýamyş. Çaga dogulmagyna 1 aý galanda Myrat iş teklibi gelip gyssagly daşary ýurda gitmeli bolyar we oglum bolanda gyssagly hat ýaz diýip sagbollaşýar. Bir aýdan soñ Maýa çaga doguryar, seretse çagajyk gyz: ,,Eý Allam işim gaťtdy men indi Myrada nadip aýdaýyn gyz doguranymy" diýip aglap başlapdyr we özüni dursap oña hat ýazyp başlayar:
Myratjan, söýgülim buşlyk, bir çagajygymyz boldy: elleri, aýaklary, gaşlary, gözleri, agzy, burny edil sen, galan ýeri men...
***
Bir Gai bn Doktor içip otyrmyş. Her gezek göterenlerinde Gai :
-saglyk bolsun! diyarmişin. Doktor :
-ey dost, men sana sen radaryn döwülsin  diýemoga...)))
***
Samalýoda sary saçly bir gyz bilen poliseý münýär. Ikisem ýanma ýan otyrýarlar. Onsoň gyz poliseýden biz näçe sagat uçmaly diýip soraýar. Poliseý:
-Dawaý bir birimize sorag berişeli şeýtsek wagtda çalt geçer, eger sen bilmeseň maňa 5 dol berýäň, men bilmesem saňa 500 dol berýän diýipdir. Ilki bilen polisiýa soraýar:
-Aý bilen ýeriň aralygy näçe?
Gyz ümsüm 5 dol çykaryp berýär. Onsoň gyz soraýar:
-Daga kim münende 3 aýakda münýär, düşende 4 aýakda düşýär? Poliseý pikirlenip pikirlenip, ondan mundan sorap hiç tapyp bilmän 500 dol berýär. Onsoň jogabyny ýaňky gyzdan soraýar. Gyz hem ýene 5 dol çykaryp berýärde aňarsyna bakyp oturyberýär.
***
Yaşulylarymyz cayy gowy göryär we kop içýärler ....pikirlenyän menem çayy söýüp başladym diýmek garraýan öýdyän)))))
***
Gyzlaryň logikasy: trubkany alanok, diýmek gyz bilen. Online däl ýanynda gyz bar. Online otyr, gyz bilen ýazyşýar.
***
Käwagt göwnüñize bütin dünýä size garşy ýalydyr. Hakykatda bolsa bolsa bolsa size üns berýänem ýok. Wapşe kime gerek siz.
***
Sen durmuşyñdan razymy? Pikiriñçe sen bagtly we depresiýa düşer ýaly hiç hili bahana ýokmy?!Onda "SÖÝGI" diýen zady barlap gör.
***
Aýal maşgala bilen jedel etmek, bu öýdäki pişigiňe kwantywyý fizikany düşündirmek ýalydyr.
***
Internetde pul gazanmagyň usulyny iki ädimde düşündirýän:1. Internedi öçürýäs.2. Işe gitýäs.
***
Aýtmaklaryna görä, gara pişik ýoluňy kesip geçse, işiň oňuna bolanokmyş. Mende bolsa tersine: Anyralkamtýa ärög, arag kişip yňuloý pisek esçeg, ňişi anuňo şymkonalob. Ednem aslob enisret.
***
Derýanyň kenarynda oglan dinozawr bilen gyz dinozawr gije otyrlar: Oglan: "Aha?" Gyz: "Ýok!" PS.
Ine şeýdibem olar ölüp gitdiler, dowamat bolmady.
***
Otyrsyň öýüňde, ejeň-kakaň bilen kino görýäň. Aktýorlar öpüşip başlaýar welin, ömrüňde tapyp bilmejek zadyňy poldan gözläp başlaberýäň. Kim bilýär, näme gözleýäň.
***
Üç aýynyň maşgalasynda:
Kakasy: Kim meniň tarelkamdaky nahary iýdi?! Ogly: Kim meniň tarelkamdaky nahary iýdi? Ejesi: Oturyň gyrandegenler, men entäk nahar guýamok.
***
Hytaýyň türmesinden bir jenaýatçy gaçypdyr. Surat fotorobotdan çen salyp, 140 sany obanyň adamlaryny tussag etdiler.
***
Bolgusyzrak degişme bar bolsa öňünden otünç soraýan. Gülmek-ömürden diýipdirler 👍😄
44
576
gullnara_
26.07.2023 07:59
freeintertv.com - bu ýerde dünýäniň islendik ýurdundan göni ýaýlymda tomaşa edip bilersiňiz.

centennialbulb.org -100 ýyl bäri ýakylýan lampany görüp boljak sahypa.

spreadthesign.com/ru.ru/search/ - lallaryň  diline onlaýn terjimeçisi.

geacron.com - surat söýüjiler üçin saýt: bu ýerde adamzadyň tutuş taryhy kartalarda şekillendirilýär.

varik.ru/crash - şäherdäki awtoulag hadysalarynyň haýsy ýerlerinde ýygy-ýygydan we näme sebäpli ýüze çykýandygyny görkezýär.

submarinecablemap.com- materikleri birleşdirýän internet kabelleriniň kartasydyr.

geofon.gfz-potsdam.de - häzirki wagtda bir ýerde bolup geçýän ýer titremeleriň kartasy.

teddyfood.com/en/ - pişikleriň durmuşyny göni tomaşa edip boljak sahypa.

tdcj.texas.gov - bu ýerde bäş ýüz Tehasly tussagyň jezalandyrylmazyndan ozal aýdylan sözleri okap bilersiňiz.

you.regettingold.com - bu ýerde möhüm bir sene barada maslahatlaşyp bilersiňiz - ömrüňiziň 10,000-nji güni.

affinelayer.com/pixsrv/ - sahypa islendik çekilen pişigi "janlandyryp" bilýär.

uahirise.org/catalog/ - saýtda NASA tarapyndan alnan Marsyň üstündäki 64,000 surat bar.

neal.fun/auction-game/ - bu sahypada auksionda satylan iň gymmat zatlaryň bahasyny çaklamaga synanyşyp bilersiňiz.

camopedia.org, - dünýäniň dürli ýurtlarynyň goşunynyň haýsy formany geýýändigini görüp boljak sahypa.

livestream.com/accounts/4931571/events/5369913 - 1930-njy ýyllarda başlanan damja meýdançasynyň synagynyň göni ýaýlymy.

artsandculture.google.com - bu sahypada Eýfel diňine wirtual gezelenç edip bilersiňiz.

abw.blue/index_en.php?e=1 - bu ýerde adamzat taryhynyň gidişini düzedip bilersiňiz we Ikinji jahan urşy bolmadyk bolsa ýa-da telefon oýlanyp tapylmadyk bolsa dünýäniň nähili boljagyny görüp bilersiňiz. Bellik: hemme zady düşnükli etmek üçin syçanyň sag düwmesini basyň we "sahypany rus diline terjime" düwmesine basyň.

frequency2156.com — apokalypse ýer ýüzünde bolan bolsa, radionyň nähili ses çykjakdygyny eşidip bilersiňiz.

findagrave.com/claim-to-fame - Bu sahypa meşhur adamlaryň mazarlarynyň suratlaryny ýygnaýar.

Çeşme: Pikabu.ru
24
96
gullnara_
25.07.2023 11:00
Kim günäli?

Kowalady Arzygül,
Böküp gitdi pişijek.
Jamda duran gatygy.
Döküp gitdi pişijek.

Elin çarpdy Arzygül:
"Ejem gelse görersiň.
Munuň üçin,garagol,
Indi burçda durarsyň".

Gelip görse ejsi,
Halyň üsti zaýady.
Ony pişik dökse-de
Arzygüle käýedi.

Näme üçin beýtdikä,
Bilýäňizmi, siz ony?
Pişikmi ýa Arzygül
Haýsy etdi günäni?

Awtory-Mämmet Seýidow.
25
150