gullnara_
09.08.2023 09:39
Palçy gelin (A.T)

Sözüň gudratyna baş egdiren ýene bir waka boldy. Geçen hepdäniň içinde Kakajan Açyl özi aýtmyşlaýyn, biziň başymyzy üýşürdi. Ogly Myradyň “Aşgabat” kinokonsert merkezindäki kafesinde Atamytat Atabaý, Atajan Tagan, Nurgeldi Aşyrmämmedow hemem meni çagyryp, agşamlyk zyýapadyny ýapdy.
Ikinji gatdaky aýlawly foýe-giň eýwanda güýzüň agşamara jana ýakymly howasynda hezil edip oturdyk, iýip-içdik, esasy gürrüň ýazyjy-şahyrlar, edebiýat hakda boldy, garaz, göwün solpusyndan çykdyk.
Bir garaşylmadyk geň waka boldy. Bir oglan pessaý heňde rus, käte iňlis, ispan dilinde aýdym aýdyp durdy. Şenbe gününiň agşamarasy bolansow, dynç almaga, iüp-içmäge gelen märeke ýetik. Keýpi gowy göterilen Atajan Tagan ker gulagy bilen sazam, aýdymam ýetik eşidip oturan bolmaly. Ara böwşeňlik düşende, ol Kakajan Açyla gatyrak ses bilen ýüzlendi:
-Atdaş, men goşgy okaýsam bolmazmyka?!
-Gatam bolar, oturanlar hezil ederler.
Şeýle diýip, Kakajan turup gitdi-de, mikrofony getirip Atajanyň eline tutdurdy. Oturyp okamagy uslyp görmedik Atajan ýerinden turdy-da, rus dilinde “Dostlarym, ömez diýiň, maňa!”, “Palçy gelin” goşgularyny, soňam soňky goşgyny türkmençe okady. Gözüňiz bilen görmeseňiz ynanmarsyňyz, oturanlar, hat-da göçgünliräk oturan ýaş-ýeleňlerem diňe gulaga öwrüläýdiler. Okap boldam weli, şeýle bir çapak çalyndy weli, aşakda geçip barýanlaram aýak çekäýdiler gerek. Gapdaldaky stolda oturan uzyndan deşli bir ýigit gelip, ony gujaklady:
-Agam, ýene-de okasana!
Eýýäm ýerine geçen Atajan ýarym degişmeli söz urdy:
-Ýaşgşy ýigit, az bolsa, hem süýji, hem gadyrly bolýandyr.
Edil gabatda iki sany naşyja gyz otyrdy näz-kereşme bolup. Şolaryň çepiksije biri ofisiant-hyzmat edýän oglanlaryň birini çagyryp, “Şol goşgy okan ýaşulynyň kimdigini anyklap gelsene, biz soraýar diýip aýdaýyň” diýipdir. Bu hereketi assyryn synlap oturan zaňňar Atajan ker ol ýigit gelip ýetäýmänkä, eýýäm wizitkasyny somlady:
-Me eltip ber, inim, hiç bolmanda trubkada näzijek seslerini eşidip bir ýaýnaýyn.
Biz gülüşdik. Hä-äý, ýaş segseni semeläp ýörkä-de, göwün garramaýan borly.

Gurbannazar Orazgulyýew

çeşme:

Göwündäki gündelik -6. kitapçydan nusgalandy
32
123
gullnara_
08.08.2023 13:36

Düýş.


Gadymy döwürlerde gündogaryň beýik şalarynyň biri erbet düýş görüpdir. Düýşünde yzly-yzyna onuň ähli dişleri gaçýarmyş.

Howsalaly ýagdaýda turup ýanyna haý diýmän düýş ýorujyny çagyrypdyr. Ol düýşini diňläp şeýle diýipdir:- Meniň hökümdarym, size bir erbet zady aýtmaly bolýaryn. Siz öz ýakynlaryňyzy yzly-yzyna ýitirersiňiz.Bu sözler patyşanyň gaty gaharyny getiripdir.Ol günäsiz düýş ýorujy pahyry zyndana saldyryp, başga düýş ýorujyny çagyrdyp getiripdir. Ol hem düýşi ünsli diňläp şeýle diýipdir:- Hökümdarym, size örän gowy täzelik aýdasym gelýär. Siz öz ýakynlaryňyzdan hem has uzak ýaşarsyňyz.Patyşa jogapdan kanagatlanyp, örän begenipdir we düýş ýorujyny uludan serpaýlapdyr. Bu bolýan zatlary daşyndan synlap duran köşk emeldarlary geň galyp:- Sen hem edil öňki düýş ýorujynyň aýdan zatlaryny aýtdyň-a. Ýöne näme üçin patyşamyz ol görgülini zyndana salyp, seni halatladyka? – diýişip düýş ýoruja sorag baryny ýagdyrypdyrlar.Düýş ýorujy bolsa ýylgyryp olara şeýle jogap beripdir:

- Biziň ikimizem düýşi meňzeş ýorduk. Ýöne esasy zat hem ony nädip aýdyşyňa baglydygyndadyr.

29
180
gullnara_
08.08.2023 08:25
Boluşy ýaly.

Il agzyna tutup bolanok elek,
Diýÿärler pylanyñ gyzy biderek.
Gyza çagalykdan terbiýe bermek,
Meger eje  bilen kakadan gerek.

Belli bir zat gürlemäge çakym ýok,
Kim günäli?!,goşulmaga hakym ýok.
Ykbalyna ýazan bolsa Biribar,
Bendesinde inkär etjek höküm ýok.

Geñ göremok,özümde-de çaga bar,
Bilmen heniz ykbalynda näme bar
Hiç kime dilämok,beýle külpeti,
Ar-namysdan düşürmesin Biribar.

Her bende öz etdigini çekermiş,
(P**)y buksañ ysy aýan edermiş.
Kabul et her zady boluşy ýaly,
Gara ak diý, garalygna gidermiş.

Merjen Jumaýewa.
24
104
gullnara_
07.08.2023 14:33
Sen bagtly bolarsyň.... Özüňe mynasyp, gyzy gelin edip törüňe geçirersiň. Bir günem gelniň men hakda sorar.
Şonda biygtyýar meni ýatlarsyn, sen ol gowy, akylly gyzdy diýip gürrüň berersiň. Gelniňem ol gowy bolsa, näme ucin sypdyrdyň diyip sorar. Senem:
- Ol ýadady diyersiň - meni bagyşlap yadady...
Senden meni sorasalar!!! "Söýmesemem şeýle bir söýýärdi diý! Howwa şeýle bir gabanyp, söýýärdi welin, gadyryny bilmedim diý!
Men onuň ýüreginde ömür boýy öçmejek ot ýakdym.
Entägem ýanýar diý!
Ol gaty gabanjañdy, onuñ özüçe owadan, sada dünýäsi bardy diý!
Menem ol dünýä ýalan söýgi bilen girip, ýüregini agyrdyp, gözlerini ýaşladyp, dünýäsini we söýgüsini  kül etdim diý!!!"
36
274
gullnara_
07.08.2023 11:49
Durmuş..hakykaty.

Gamly goşgy ýazmaýyn men diýsemem.
Bu gün ele ýene galamym aldym.
Şu wakany ýüregimden syzdyryp..
Naçar Bossan uýañ halyna ýazdym..
Ýedi ogul bir gyzly bagtyýar öýüñ.
Kakasy Şirmyrat ejesi Bagty..
Çagalam aýakda mäkäm dursunlar..
Diýip zähmet çekip sowurdy wagty..
Ýeke gyzy galdy öýüñ içinde..
Çagalar ýetişdi öýlendi barsy.
Üçüsi aýalnyñ yzyna düşdi..
Öý alyp göçdüler galanja ýarsy.
Garaz garran çagy enedir-ata.
Ýeke ýalñyz garry ojakda galdylar.
Nehä ogullary geldi hal sorap..
Ne-de mähribanlar baryp bildiler.
Ogullaryna bir-bir jañ etdi ata.
Bu gün eneñiziñ dogulan güni..
Gutlap gidiñ ýarym sagat sarp edip..
Şu gün bir duýmasyn ýekeligini.
Emma ýedi ogul ýedi gelinden.
Gutlamana hiç biri hem gelmedi.
Altmyş üç ýaşyna giren enäniñ.
Ak goýun toýunda ýüzi gülmedi
Günler geçdi salymyny bermedi.
Ýalñyzlyk garratdy ata-enäni
Ýene-de ogullar şeýle bir uly..
Durmuşynda göýberdiler hatany..
Garry mähribanlar begenip bu gün.
Tutdylar gyzynyñ durmuş toýuny.
Ogullardan goldaw görmedik ata.
Soýdy gapydaky ýeke goýnuny..
Has hem ýeke galdy indi garrylar.
Kişi maşgalasy bolýar gyz çaga.
Azaşyp-ýalnyşyp namart oguldan.
Atasyny sorap gelýäni ýoga..
"Giýew-ýedi nemis"-diýsede iller..
Ýene körekeni gelipdir sorap.
Garrylara kömek berip durupdyr.
Elmydam gezipdir daşlaryn gorap..
Ýetimlikde ösen köreken ýigit..
Göçüp gelmekligi karar edipdir..
Gybatkeşler köpdä adam içinde..
Habar ogullara durman ýetipdir.
Ýedi ogul üýşüp maslahat edip..
Gelmän jañ edipdir garryja ata..
"Jaý biziñki kaka"-diýipdir ogul.
"Ölseñ äkitjegiñ 5 metr mata"..
Namys edip ata içine salyp..
Şeýle bir nalalar çekipdir ýeke..
Gijeler ýatmandyr ýürek ezilip..
Gözler kör bolupdyr göz ýaşyn döke..
Düşeginden galman ýatypdyr ata.
Ah çekip şeýle bir agyrmyş haly..
Köreken özüniñ jaýyn satypdyr..
Gaýyn atasyny galdyrar ýaly.
Emma agyr ýüki üstün gelipdir..
Ata jan beripdir çydap bilmäni..
Ogullardan diñe dördi gelipdir..
Galany oñupdyr ýasa gelmäni..
Razylaşyp dogan gardaş jaýlapdyr.
Ogullar durmuşyn pile ýetmäni..
Hatda biri yzynada gaýdypdyr..
Atasyn jaýlaman öwlýä gitmäni.
Ömürlik ýoldaşy Bagty enemiz..
Aýyryp ýetişmän gara öýmäni..
Gussadan şeýle bir saralyp solup..
Panydan gidipdir kyrk gün yz ýany.
Topragy hem sowap ýetişmän enäñ.
Ogullar başlapdyr dawa jenjele..
Maşyn, öý, pullary barly ogullar..
Bir köne külbe diýp edýär zenzele.
Giýew bu ýagdaýa gynanyp örän..
Çykypdyr ol öýden aýalyn alyp..
Bossan şol günden soñ yza garaman..
Görmändir doganlañ ýüzüni gaýdyp.
Ýedi ogul baýlykda tozup gidipdir.
Agzy ala başlary hem jem bolman..
Eý adamlar, imanlylar sapak al.
Toba ediñ bu belany geñ görmän..
Döwran ogul perzent isleýär her kim..
Emma Alla bilýär haýsysy gowy..
Wah peýdasyz, namart ýedi ogulam.
Alla ýalkamasa janyña ýagy.

Dowran Muhammedow
20
80
gullnara_
06.08.2023 13:29
Kolhoz wagtlary her gün işden soň, ýari gija cenli ýygnak bolýarmyşyn. Ozalam işden ýadaw adamlara agyr degýämiş bu ýygnaklar. Ahyry bir ayal seslenyar:
-Ýoldaş başlyk. Menin yaş çagam bar, aglaýandyr. Men rugsat berseňiz gideýin! -diýýär. Başlyk rugsat berýär. Aýal gidyar. Yzy bilen yene bir gelin seslenyar:
-Yoldaş başlyk, menem goýberäýiň.
-Sen nirä? Seň näme çagaň barmy?   Yaş gelin bolsa:
-Günde-günde  ýary - gijä çenli şeyle ýygnak etseňiz, meniň hijem çagam bolmaz! -diýýämiş
56
708
gullnara_
06.08.2023 08:33
Gadamyña gurban, geldiñ öÿmüze,
Arzuwlarmyñ başy bolansyñ, gelin!
Oguljygmy hormatla hem söÿgüle,
Ony meñ elimden alansyñ, gelin!

Gadamyñ ÿaraşsyn, öÿmüz giñesin,
Daryşganlyk, garyp eken diÿme sen,
Gaÿanyñda bagt ÿolunyñ gaÿmasyn,
Göripler digirdäp elensin, gelin!

Saña bagly öÿümiziñ geljegi,
Tozanlymy ÿa bulutly boljagy,
Göz astyndan garan bolup senjagaz,
Ÿigdiñ gülün saÿlap bilensiñ, gelin!

 Diÿemok bu işi elimden alsañ,
Etmeli işiñi özüñden bil, sen,
Güleñde ÿaz bolup ÿürekden gülseñ,
Öÿmüz gül-pürçüge çolansyn, gelin!

Her bir işiñ tapan ýagşy çemini,
Ÿedi ölçäp biçgin, goÿma kemini,
Agzybirlik- hemme zadyñ emini,
Bilip goÿgun, ele alarsyñ gelin!

Durmuşdyr bu,käte datdyr şarpygyn,
Saÿlamaly çäji bilen harpygyn,
Bilÿänsiñ-le gerekdigini agtygyñ,
Nesiller aÿlansyn-dolansyn, gelin!

Awtory: Bahargül Kerimowa.
21
78
gullnara_
05.08.2023 14:23
Birentek gyz köçede,
Namysy ýok, ary ýok.
Indi moda boldumy,
Köp gelinleñ äri ýok.
Ýüz gözleri kraska,
Hic biriniñ nury yok.
Bu zatlara günäkär,
Döwürmi ya özümiz.

Gözellik salonynda,
Häzirki gyzlaň ünsi.
Şol sebapli boşayar,
Nebir oglanlañ jubsi.
Nebir turkmen gyzlarnyñ,
Indi aýakda jinsi.
Bu zatlara günäkär,
Döwürmi ya özümiz.

Gaşlaryny jürtkeläp,
Saçlaryny kesýärler.
Ökjeli köwüş geýip,
Ýerden biraz ösyärler.
Toý tomukda bildimän,
50 gram süsÿärler.
Bu zatlara günäkär,
Döwürmi ya özümiz.

Köýnekleri dar biçüw,
Ýakalary giñ açyk.
Häzirki gyzlar ucin,
Alçy gopdy ak ašyk
Gelinler äri bilen,
Indi otyr sanašyp.
Bu zatlara günäkar,
Döwürmi ya özümiz

Köp gelinler daksa-da,
Eline nika ýüzigni.
Ynam barmy olara,
Olañ päli düzüwmi.
Suwulgan dek sorýarlar,
Ýat erkekleñ ýiligni.
Bu zatlara günäkär,
Döwürmi ya özümiz.

Indi biler yaly däl,
Haýsy gyza öýlenjek.
Bir gyz bagt getirse,
100 gyz hasrat getirjek.
Gelinler hyzmat etmän,
Içki jaýda otyrjak.
Bu zatlara günäkär,
Döwürmi ya özümiz.

Indi adat bolupdyr,
Telefonda tanyşmak.
1 hepde geçip geçmän,
Gyzy ogurlap gaçmak.
100% gelniñ 90-yndan
Asla görmersiň ýaşmak.
Bu zatlara günäkär,
Döwürmi ya özümiz.

Soňlayyn bu goşgyny,
Öz janymy gynaman.
Durmus gülüp bakmaz hic,
Bizi biraz synaman.
Gyz gelinlar yaşayar,
Erkekleri sylaman.
Bu zatlara günäkär,
Döwürmi ya özümiz.

Kerim Hally
30
335
gullnara_
05.08.2023 10:08
Bir dul adam bir dul aýaly gowy goryär diyyar. Ol adamyňam 5 çagasy bar eken. Gowy gören ayalynyňam 5 çagasy bar eken. Soň olar öýlenyärler. Indi obşiy 10 çaga bar bir maşgalada. Öýleneninden soň ýene 5 çagalary bolýar. Indi obşiy 15 çaga bar bir maşgalada. Bir gün öýde otyrkalar daşardan goh galmagal gelyär. Onsoň adamsy aýalyna :
-Bar gorup gaýt näme bolyarka daşarda?-diyyär. Aýaly çykýar göryär we adamsyna:
-Seňkiler bilen meňkiler biziňkileri urýalar- diyýpdir.))))
59
974
gullnara_
04.08.2023 14:52
Öz çagasyny özi öldüren kaka.

Tahyr Aýjemal bilen toý tutanyna eýýäm 8-9 ýyl geçipdi.
Wagtyň çalt geçäýşini.Özi bilen deň toý edenleriň eýäm iki üç çagasy bardy
Bularyň bolsa ýekeje ogly bardy. Şatlykjan dünýa inende agramy uly bolup keserewo kesimi bilen bolupdy.
Ozal hem tutyş göwrellik döwründe berk gözegçilikde duransoň, çagasy bolanda-da howp abanypdy.
Tahyr bilen Aýjemalyň gan topary we ganyň resus faktory otrisatel gelip çaga howp salypdy. Lukmanlaryň tutyş göwrelik döwründe ünsden düşürmänjik berk gözegçiliginiň astynda Şatlyk dunýa inipdi
Ondan bäri 4-5 ýyl geçdi. Aýjemalyň göwresinde soň çaga galmady.
Her ýerde ýatymlaýyn bejergi alyp çykdy, ýöne peýda bermedi.
Halys ukoldan bejergiden ýadan Aýjemal ýekeje ogly Şatlyjygyň jany sag ulalmagynyň aladasynda boluberdi.
Şatlyjak gaty garagoljady, enaýyja, şadyýanjady.
Kiçiligine garamazdan şeýle bir tansa ökdedi .
Çagalar bagynda onyň gatnaşan her bir çykyşlary hemmeleriň göwnünden turardy.
Küşt depdi, lezginka tanslary gaty gowy ýerine ýetirerdi
Tahyr Aýjemal bilen maslahatlaşyp Şatlyjygyň zehini köýmesin diýip şaherdaki tans gurnagyna ýazdyrdy we şol taýda ol durli çärelere gatnaşyp başlady
Adaty gündi.Dynç güni bolansoň köçäň çagalar bagyna gatnaýan çagalarynyň bary öýdedi we bular üýşüp gizlenpeçek oýnuny oýnaýardylar.
Tahyryň uly maşyn ulagy ýolyň gyrasynda durdy. Çagalar maşynyň daş töwereginde gizlenip, onuň yzky uly tigirini bolsa, pellihana edipdiler. Birinji çykan çaga şo taýda durup ýüzini tigre ýaplap, beýlekiler gizlenip bolýanja garaşmaly ýeridi
Bu gezek bolsa Şatlyjyk utulypdy we ýüzjagazyn tigre ýaplap sanap başlady
Dynç alyp öýden çykan Tahyr çagalaryň oýnyna üns bermän, göni maşyny otlady we yza sürende waaaaaaý diýen sözi eştmän, göni ýola maşynyny öwürdi.
Ol barmana beýleki çagalar gygyryşdylar:
— Tahyr kakaaaaa Şatlyk maşynyň aşagynda galdy: - diýip
Çagalaryň gohuna Tahyr maşyndan böküp düşdi, görse ýeke dikrary Şatlykjan gana bulaşyp ýatyr
-Wah Allajan diýip çagajygyn alyp Aýjemalada gygyrman göni maşyna ýükläp hassahana sürdi...
Aňyrdan çagalaryň
- Aýja gelneje Şatlygy maşyn basdy, Tahyr kakam dutora äkitdi diýip aýdanda Aýjemal sesini çykarman özüni ýere berdi.
Bularyň gohuna goňşy gelin ylgap geldi. Tahyryň telefonyna jaň etseler, oda öýden jyrlady, telefony öýde goýup gidipdir
Goňşy gelin adamsyna aýdyp maşynyny otlap Aýjemaly hem alyp hassahana tarap ugrany hem şoldy welin Tahyr ses edip Şatlyjygy bagryna basyp öýe getirdi.
Tötänlikde bolan bu elhenç waka özini günäkärlap, akly huşy serden uçdy. Tahyry köşeşdirmek uly ile iş boldy.
Aýjemal bolsa bir gysym bolup bagryny ýere berdi. Ondan bolsa ne ses çykdy ne-de seda
Çagajyk elden gitdi.Öý boşap galdy. Şatlyjak bilen öýiň şatlygy ,bagty hem giden ýaly boldy ...
Adam ömründe her hili garaşylmadyk ýagdaýlar durmuşda gabat gelýar.
Her bir kynçylygy ýeňip geçmek biziň özünize bagly we adam başy daşdan gaty diýleni dogry eken...

Nowça Alyýewa
34
275