Ene-atalaryň çagalaryna berýän ýalňyş terbiýeleri
Belki iň wajyp temalaryň biri bolup biler. Bilşimiz ýaly ençeme kişi çagasyna dogry terbiýe berip bilenok ýada beren terbiýesine, etýän zadyna dogrudyr öýtýär. Geliň onda nähili gowy ene-ata bolmaly, biraz degip geçeliň. Belki ýazgyň size peýdasy deger, peýdasy degmesede iň azyndan görüşiňiz giňär we siz ene-ata bolaňyzda çagaňyza şeýle seredersiňiz. Ene-atalaryň käwagt "dogry" diýip eden zatlary çagada ruhy ýaralar goýup bilýär, şo sebäpli bu ýazgy bir "bilip galmak" ýazgysydyr we içindäki sözlere gaty üns berilmelidir.
1. Özüne ynamyny almak
Ene-atalaryň goýberen iň uly ýalňyşlaryndan biri, "sen edip bilmersiň", "senden adam bolmaz", "gepleme", "sen düzelmeýäň" we ş.m sözlerdir we ol çaganyň özüne ynamyny tekizleýär. Her adam üýtgär. Kyn wagtlardan geçer, ýaşlyk wagty bolar, soňra biraz kynçylykdan soň ýoluny sazlar. Çaga hiç zat edip bilenok soň, döredip bilenok. Käbir ene-atalarymyz öňki döwüriň terbiýesini merkezde hasaplaýany üçin çagasyna şony dogry görýär. Ýöne şol döwürde saňa berilen terbiýe şekli şol çaga üçin dogry däl. Siziň döwrüňiz başga çaganyň ýaşaýan döwri başga. Seniň özüňi ýetişdirilen mahaly belki internedem tanap ýetişen dälsiňiz, telewideniýalar täze gelip başlandyr. Umuman çagaňyzyň özüne ynamyny sözüňiz bilen almaň, sen alýaň ynamyny. Çagaň öňünden çekil sen bar öňünde böwet, kömek et, ýalňyş ýola gitse tut, ýöne öňünden çekil.
2. Deňeme
Bu gaty köp ýerde bar we köp ýerde gabat gelinýär. Çagany hiç kime deňeme. Goý bu çaga öz boluşy ýaly bolsun. Bir öýde üç çaga bolsada hemmesiniň zehini bir bolman biler. Biri okamakda ökdedir, biri sportda, biri sosial biridir. Dogany bir zat başarsa, meselem uniwersiteti tamamlasa, eýleki çagaňdanam şeýle zada garaşýan bolmagyň ahmal, ýöne hemme çaga bir bolmaly diýip zat ýok. Bu ýerde ene-atalaryň goýberýän ýalňyşy "ana doganyň ýaly bol, uýaň ýaly, dosdyň ýaly, pylan ýaly, onuň ýaly", ýöne hemme kişi üýtgeşik. Muny yzygiderli deňäp durýan bolsaň çaga bir ýerden soňra hiç zadam etmez, "nähilem bolsa olar ýaly bolup bilemok, bolman geçsinlaý" diýýär. Çagany doganyna ýa jigsine duşman etme. Ýada "edil ejeň ýaly, edil kakaň ýaly", ýa bolmasa halanmaýan bir tanyş bardyr meselem "daýyň ýaly, babaň ýaly" sözleri diýseň çagaňa zyýan edersiň. Käwagt är-aýal arasynda goh bolup biler, we şol wagt ejesi ýigrenýän tarapyny çaga deňäp biler ýada kaka deňäp biler. Bu sözlere üns berilse gowy, çaga üçin dogry sözler däl we oňa zyýan edersiňiz.
3. Habarçy etme
Är-aýal arasynda käwagt şeýle ýagdaýlar bolar, çagasyny edil bir habarçy ýaly ulanarlar. Meselem "Bar git ejeňe şeý diý, ejeňe aýt plan etmesin", ýada günäkärleýärler, meselem "kakaň ýanyna gitdiň derrew üýtgediň", "sen ejeňi has gowy görýäň". Bular ýaly günäkärlemeler, habarçy ýaly etmegiňiz çaga ynanylmaz bir agyr ýük berýär. Näme etjegini bilmän, gamgyn, depressiýaly bolup oturýar soň çaga. Gatnaşygy sen ýöretmeli çagaň däl. Çekeleşigi sen çözmeli, çagaň çekeleşigiň bir bölegi bolmaly däl.
4. Daş görnüşi bilen masgaralamak
Adamyň bedeni elmydama bir şekilde duranok, nahar köp iýse semräp biler, ýa horlanyp biler. Ýöne eger ene-ata çagasynyň fiziki görnüşi bilen oýun etýän bolsa, kem tapýan bolsa, meselem "Semiz sen, saglyksyz, burnyň şeýle, ol ýeriň beýle" diýip yzygiderli gaýtalanyp dursa çagaň özüne ynamyny ýykarsyň. Bu gaty wajyp zatlaryň biri, fiziki görnüşi, daşky görnüşi bilen masgaralamak, kem tapmak ýada artykmaç tankytlamak ruhy ýara döreder.
5. Bir zady tutmak
Çaganyň häsýeti ene ýada ata çekip biler, meňzäp biler. Meselem bir çaga duýgurçyl bolup biler, sözleri has üstüne alýan bolup biler, eger ene-ata şonda "gaty duýgurçyl sen, çydamsyz, ejiz" diýip dursa çaga pikir etýär "meniň kemçiliklerim bar öýtýän, men näme üçin muny beýle pikir etýän" diýip. Ene-ata diňe dürtüp durýar "adamlaryň içinde çykaňok, utanýan senden" diýip, çagaň umumy häsýeti belki içine öwrenişen bir häsýetdir. Ony bolmaýan adama öwürjek bolmak şuňa meňzeýär, çagaň ýüzmäni bilen ýöne deňize zyňýaň soň çagaň gark bolýar.
6. Düşündirmek
Maşgalada ene-atanyň goýan düzgünleri bardyr. Käbir çaga bolsa bilesigelijidir, diňe sorag berip durarlar. Olar sizden etjek zadyňyzyň manysyny sorarlar. Käbir çagada bu häsýet bolany üçin ene-atasynyň düzgünini sorar. "Muny näme üçin etmeli?", bu erbet zat däldir, şol ýerde diňe çaga manysyny düşündirmegiň ýeter. Ýöne käbiri aşa tankytlar, "sen kim, biz näme diýsek şol bolar" şeklinde. Bu garşyňdakynyň pikirlerini, barlygyny we häsýetlerini ýok hasaplamagyň iň aňsat görnüşidir. 30 ýaşlaryna gelende hiç bir pikiri bolmaýan, özüne ynamy ýok bir adam ýetişdirmek isleýän bolsaň şu usuly ulanyp bilersiň.
Dowamy kän....