gulka
25.05.2023 17:43
Salam hemmä siz üçin gysgajyk sorag.

Prokaryotic we eukaryotic näme? Nirede duş gelýär? Näme tapawutlary bar?
4
163
gulka
23.05.2023 16:01
Salam hemmä. Gündüziňiz haýyrly.


Norwegiýaly ene atalar kiçijik bäbejiklerini donduryjy sowukda hem daşarda ýatyrýarlar.

Gök reňki görüp bilýän ýeketäk guş baýguşdyr.

Bir arynyň ýarym kilo bal öndürmegi üçin 2 mln sany güle gonmaly bolýar.

Her gün 12 sany täze doglan çaga ýalňyş maşgala berilýär.

Her asgyran wagtyňyzda beýni öýjükleriňiziň bir bölegi ölýär. Şol bir wagtyň özünde asgyran wagtyňyz agzynyzy we burnuňyzy bile ýapsaňyz gözleriňiz ýerinden çykyp biler.
18
203
gulka
07.05.2023 15:30
Anektod
Bir gün ýurtlarda gazuw agtaryş işleri geçirildi. Soňra hem ýygnak bolupdyr.Ýygnakda türkmen hem bar eken.
Şonda daşary ýurtlylaryň biri biz gazuw agtaryş işinde ýeriň aşagyndan telefon simlerini kabellerini tapdyk. Diýmek biziň gadymy ata-babalarymyzyň domaşnyý telefon ulanypdyrlar.
Gezek türkmene ýetipdir we Ependi biz gazuw agtaryş işlerini geçiremizde ýeriň aşagyndan hiç hili zat tapmadyk.
Diýmek biziň gadymy ata-babalarymyzyň mobil telefon ulanypdyrlar 🤣🤣🤣🤣
17
284
gulka
21.04.2023 09:05
Salam agzalar gündüziňiz haýyrly. Bugün özümde täsir galdyran gysgajyk sözleri paýlaşdym.

Aýallar şeýtan diýýän erkekler şol bir wagtyň özünde meniň ejem melekdir diýmesi nähili geň🤔

Hudaýa şükür heniz gök asman hiç kimiň gapjygyna syganok🌄

Siziň pikirňizçede geň dälmi?
Söýýän adamymyzyň her ýalanyndan bir dogry, halamaýan adamymyzyň her dogrusyndan bir ýalan gözleýäris 😞

Erkegi aýal, aýaly altyn, altyny ot bilen synamak gerekdir.🔥
24
245
gulka
20.04.2023 08:51
Salam agzalar gündüziňiz haýyrly, bugün hem sizlere birnäçe gyzykly sorag taýýarladym. Hemmämiz gatnaşalyň.

1. Eger ýeke özüň hiç kim ýok ada gitmeli bolsaň, ýanynada üç san zaat almaly bolsaň, : olar nämeler bolardy? We näme üçin?

2. Aýallary agladyp soňundan olar üçin ýanyp köýýän kimdir?

3. Adamlaryň öz ýaşaýyş durmuşynda adaty kabul etýän durmuş düşünjeleriden iň geň düşünje haýsy? We näme üçin geň?

4. Saýlamaga mümkinçiligiň bolsa haýsyny saýlardyň we näme üçin?
a) uçup bilmek
b) göze görünmezlik
ç) adamlarynyň pikirini okamak
10
156
gulka
19.04.2023 08:42
Salam agzalar ettiriniz hayyrly.
Bugün hem gyzykly soraglar paylasmakcy
1 Eger bir haýwan bilen gürleşip bilýän bolsaňyz haýsy haýwan bolardy we näme üçin?
2. Eger dünýäniň bir künjegine gitmäge mümkinçilik dörese we şol ýer hakda maglumat getirmeli bolsa haýsy ýer bolardy we näme üçin?
3. Eger oýunçylar peyan bolan bolsa haýsy oýny görmek has gyzykly bolardy?
a) futbol ⚽
b) woleýbol 🏐
ç) basketbol 🏀
d) welosiped ýaryşy 🚲
17
222
gulka
18.04.2023 08:20
Salam agzalar bu gün gysgajyk sorag bn dowam etmekçi.
1.
Feromon näme?
2. Garynjalar näme üçin bir linyadan ýöreýärler
3. Tihahodka nähili jandar nähili aýratynlygy bar
4. Düýn ertirbolan bolsa bugün şenbe bolardy bu gepi adam haýsy gün aýdýar
17
425
gulka
17.04.2023 07:39
Salam bu gün degişmejik hem-de bir joramyň doglan güni şony gutlamak isledim

Joram görjegiň diňe gowlyk bolsun durmuşda üstünlik hemra bolsun güler ýüzüň solmasyn.

Bir gün Ezraýyl Ependä saňa da wagt doldy gideli diýipdir. Soňra Ependiň hem ölesi gelmän hany dur Ezraýyl aga ilki bir gel iýipiçeli meseläni soň göribereris diýipdir. Ependi Ezraýyla gowy hyzmat edipdir. Soňra Ezraýyl kökläp ýatyp galypdyr. Soňra Ependi Ezraýylyň spisogynyň başynda duran öz adyny aýyrypdyr, we spisokdaki ady dolmasam biler diyip, 2 aý ýaşasamam zyýany ýok diýip öz adyny spisogyň iň soňuna ýazypdyr. Soňra Ezraýyl turupdyr we Ependä maňa gowy gün geçirtdiň diýip minnetdarlyk aýdypdyr. Şeýle hem sen ýaşamaga mynasyp şonuň üçin men jan almaga spisogyň soňundan başlaýan diýýärmişin. 🤣🤣🤣
11
454
gulka
16.04.2023 08:11
Salam agzalar bu gün size birnäçe sorag tayynladym.
1. Çetki obalaryň birinde bir ýetim oglan bolupdyr. Ol bir gün aw awlamak üçin tokaýa gidipdir. Köp wagt aw awlap bilmän awsyz yzyna dolanmaly bolupdyr. Ol ýöräp gelýärkä bir keýik görüpdir. Ony awlajak bolup duran wagty keýik "Eý ýigit! sen gowja pikirlen eger meni atsaň kakaň öler, eger atmasaň ejeňden jyda düşersiň" diýipdir. Bu ýagdaýda oglan näme etmeli?
a) atmaly
b) atmaly däl

2. 1 maşgaladan 1 adam 1 ada gezelenje gidýär. Maşgalada 3 çaga her çagada 1pişik bar. Her pişigiň 3 çagasy bar. Ada jemi näçe jandar bardy?

3. Russiýada birinji, Fransiýada ikinji, Türkmenistanda üçünji. Bu näme?
19
498
gulka
15.04.2023 07:05
Salam bugün oglanlara soragym bar.
Siziň pikiriňizçe ideal gyz nähili bolmaly?
Ýigitler söz sizden.
15
393