gulia_maksatmyradowna
03.04.2024 17:27
Tümüň ýary penjirämiz kakyldy
- Salam!
- Salam. Kim borsuňyz, eý daýy?
Myhman jogap berdi örän akylly:
- Menmi? Ajal.
Has dogrusy - Ezraýyl.

- Gaty oňat.
Geliň, geçiň, oturyň.
Size haýsy gerek: kofemi ya çaý?
- Maňa, gowsy, boş çüýşejik getiriň.
ol seniň janyňy saklar örän jaý.

- Bagyşlaň:
Siz ýalňyşýan-a dälsiňiz.
Meniň keselim ýok. Özümem juwan.
Belki, jaý nomerim ýalňyşansyňyz,
Men-ä, walla, hiç düşünip bilmeýän.

- Yok, men jaý nomerin ýalňyşamok,
ýok,
Men geldimmi - boş gitmäni halamok.
- Bilýän, ýöne meň ölesim gelenok,
Janym sagat, durmuşymdan nalamok.

- Sen ilk-ä aglama, soňam aldama,
Aldawyň köp bolsa, jezaňam artýar.
Onsoňam bilip goý, her bir adama
Meniň saýlap-seçen bir perişdäm bar.

Ine, seniň diýen sözleň barada,
Seredip gör, şunça fakt gowuşdy.
- Niçik? - diýip sorajakdym,
şobada
Bir kitap gütüläp öňüme düşdi.

Kitaby agyz däl, göz bilen iýýän,
Düşünýän, arada bar ullakan syr:
Yokarsynda meniň adym, familiýam,
Iň aşakda bolsa «Ezraýylneşir».

Ýüregimde zat galmady hemleden,
Şo pursat ajalym ýakyn göründi.
Bu iş meniň bir kitaba jemlenen
Ölüm hakyndaky goşgularymdy.

- Ine, indi bildiň gerek, ýaş ýigit,
Neçün gelenimi tünüň ýarynda.
Seniň ahy-nalaň ýüregmi iýip,
Ýer tapmadym tünegimiň töründe.

Şatlykdan, begençden, ýaşlykdan ötüp,
Siz nämüçin beýle hala düşdüňiz?
Beýtmäň ahyr, işim özüme ýetik,
Meniň halys ýüregime düşdüňiz.

Juwan halyňyza gojadan beter
Çekýärsiňiz bu dünýäniň ahyny.
Her kimiň mütdedi wagtynda ýeter,
Siz bir entäk azar bermäň ahyry.

Wasp ediň ýaşaýşy, beýik şatlygy,
Gözelleriň elden yeňil öýmesin.
Ýat ediň ölümi - çyn berbatlygy,
Wasp ediň çagalaň säher deý sesin.

Eger, walla, erkim bolsa özümde,
Taşlap şu kärimi allaowarra,
Yaşardym şadyýan ýeriň ýüzünde,
Guwanyp ýaş ýigit, gözeldir garra.

Meň baran ýerimde ýatýar şagalaň,
Aýdym aýdylanok, çalnanok dutar.
Eger adam bolsa Allatagalla
Meni beýle jeza etmezdi duçar!

Birden onuň gözlerine ýaş gelip,
Bolşy meniň jigerimi daglady.
Hasratdan müzzerip,
Bir gysym bolup,
Titräpler ykbalyndan aglady.

Dözmedim men ol pahyryň halyna
Kärini unutdym bu şum apatyň.
Emaý bilen baryp onuň ýanyna,
Onuň bedibagt başyn sypadym.

Diýdim: - Besdir, bozulma sen ýaşuly
Men-ä asyl höwrügäýdim seň bilen!
Köne ülpetler deý, köne dostlar deý,
Onuň bilen hümürdeşdik daňa çen.

- Äý - diýdi - bolsa-da aralarmyz daş
lçimi bir dökeýin diýip gaýtdym.
- Bir gören tanyş bor, iki - garyndaş
Kyn günüňde geläýgin - diýp aýtdym.

- Yamanlyga duşmaweri ylaýym.
Derdim egsiläýdi diýen sözüňden,
Siz bir işli adam.
Zyýan bermäýin.
Işläň! – diýip,
Sumat boldy gözümden.


Gurbannazar Ezizow
33
144
gulia_maksatmyradowna
30.03.2024 22:33


Gymmat bolmak bilen GYMMATLY bolmagyň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut bar.
31
166
gulia_maksatmyradowna
26.03.2024 18:47
Erkinlik näme?
-Erkinligi düşündirmeli bolsam, diňe asmany görkezerin.
- sen "Arzuwlar" barada nähili pikirde ?
-Goý, arzuwlarymyz asman ýaly giň bolsun, hiç kim olary dolandyryp bilmesin. A men bolsa arzuwlarmyň içinde akja kepderiň ganat ýaýyşy ýaly uçaryn. Ýöne arzuwlarma bürgüt ýaly eýe çykaryn.
46
272
gulia_maksatmyradowna
26.03.2024 14:10
Çagaka dümewläp bokurdagy agyranda "Hana bokurdagyňa gurbaga giripdir" diýip aldanan hemem her gezek bir ýerlerde gurbaga görende, şol gurbagalara ünsli seredip " bäh bular bokurdaga nädip girip bilýärlerkä " diýip oýa batyp pikirlere çümüp oturýan çaga ýeke men boldummykam🤔🤦‍♀️😅
45
282
gulia_maksatmyradowna
25.03.2024 17:55
-Gül solmaýar. Sen köp ýerde, köp zady güle deňeýäň. Sen ähli ajaýyplyklara gül diýýäň. Çünki gül ýüregiňde açylyp dur.
Ine ýüregiňdäki hiç solmaýan gül bu ýazda-da täzeden tebigata dolanyp geldi.
-☺️
39
197
gulia_maksatmyradowna
24.03.2024 10:47
-Ýör uçaly,
-Çyndanam uçup bilerismi?! Sen ynanýaňmy?
-Hawa! eger seň özüň isleseň... ynansaň... saňa näme garşy bolup biler, aýtsana?!
-Bilemok. Ýöne şu içimdäki gorkajyk guşjagazy nädip ynandyrarkam...
-sen gursagyňdaky kapasaň gapysyny aç...
Gör onsaň nähili erkana guşjagaz besläp ýöreniňi bilersiň...
41
154
gulia_maksatmyradowna
22.03.2024 20:47






- Şemal dost, geleniň gowy bolaýdy. Yssydanmy, sowukdanmy, köplükdenmi, ýekelikden ýüregim gysyp otyrdym. Wagtyň bar gerek?

- Men wagt ölçegini bilmeýärin. Meniň üçin aralygam ýok. Şonuň üçin men gitmeýärinem, gelmeýärinem. Men bar.

- Asmanam bar, elim ýetenok. Daglaram bar aýagym ýetenok. Adamlaram bar kalbym gapysyny açanok.

- Seniň Asmana däl, asmanyň saňa eli ýetsin. Sen daglara däl, daglar saňa gurban bolsun. Adamlar kalbyňy açmasa, sen kalbyňy adamlara aç.

- Wah sen bolsadym!

- Men özüme sen bolsadym diýýän. Güleňde gülüşiň menden zyýada, aglaňda gözleriň ýaşy.

- Howada guşlaryň deňinde uçýaň. Ýa olar seni kesip geçýärlermi?

- Olar mende ýaşaýar.

- Sen olarsyz oňup bilersiňmi?

- Düşünmedim?

- Olar bolmasa saňa nähili bolar?

- Olar bar. Menem bar. Senem bar. Bar zat nädip ýok bolsun?

- Şonda-da ... birden?

- Seniň aňyňda tüweleý turjak bolýar. Tüweleý garma-garjaşyklyk. Tüweleýi men halamaýaryn.

- Bagyşla. Ýazda açylan güller solýar, şoňa gynanjyma senem gynandyrdym.

- Gül solmaýar. Sen gaty köp ýerde, gaty köp zady güle deňeýäň. Sen ähli ajaýyplyklara gül diýýärsiň. Çünki gül ýüregiňde açylyp dur.

- Sen ony görýärmiň?

- Men ony yrap geçdim.

- Aýtsana, ol... adam ukudaka owadanmy ýa oýaka? Adam dirikä gowumy ýa ýogalandan soň?

- Dirilige taý geljek zat ýok. Ölümem deňsiz-taýsyzdyr. Ýöne onuň gözelligini açyk gözler görmeýär.

- Aýtsana, gyzgynlyk näme, sowuklyk näme?

- Olar bir-birine duşmandyr. Edil dirilik bilen ölüm ýaly. Olar ýaraşanlarynda salkynlyk döreýär.

- Begeneňde nädip gülýäň, gynanaňda aglaýyşyň nähili?

- Begenemde ýagyş getirip aglaýan, gynanamda epgek ösdürip gülýän.

- O nähili?

- Çünki, begenjimiň geçip gitjekdigine, geçip gitjek zada-da begenmeli bolýandygyma aglaýan. Gynanjymyň peýdasyzdygyna, peýdasyz zada-da gynanýandygyma bolsa gülýän.

- Şemal dost, aýtsana, sen kimlerden hoşal?

- Hakyň ýolunda başyny goýanlardan.

- Seni ojaklarymyzyň tüssesi hapalaýandyr, nädip ýuwunýaň?

- Ojaklaryň tüssesine. Çünki öý-ojaklar arassaja çagalaryň aýasyny ýylydyp, arlyjaklaryny guradýar.

- Nähili häsiýetdäki ynsanlary halamaýarsyň?

- Patyşanyň gujagyna düşselerem kanagatlanman, şasynyň täjine göz dikýänleri.

- Ondan beterlerem barmy?

- Bu nygmatlary, rehmetleri görübem ynançsyz ýaşaýanlardan beteri ýokdur.

- Adama yzyndan gelen duşman howplumydyr ýa-da öňünden gelen?

- Adamyň iň howply duşmany öz içinden gelýän nebsidir.

- Gybat, töhmet senem köýdürýärmi?

- Arman olar maňa söndürtmeýär.

- Gyş gowumy ýaz?

- Gyşyna garlary eretmek, ýazyna pyntyklaryň agzyny açmak gowy.

- Şemalym, bu günler nirelerden geçip, nämeler görüp geldiň? Bir ýerlerde ýer yranýar, bir ýerlerde tokaýlara ot düşýär. Ýerleriň özi yranyp özi durýar, tokaýlaryň özi ýanyp özi öçýär...

- Ýüreklere gezek gelende-de şeýle...

- Käteler gazaply gelýäniň, şondanmydyr?

- Gelişim ýalam älem giňişliginde ýitip gidýärin. Muny görenler bir gudratdan başga güýjüň hiçdigine düşünmeklerini isleýän.

- Sen menden näme isleýärsiň?

- Öz kölegäň bilen kowalaşma. Onuň yzyndan ýetip bilmersiň. Ýöne ýagtylyga tarap ýüzüňi öwürseň kölegäň arkada galar. Goý, kölegäň aladasy seniň yzyňdan ýetmek bolsun. Çünki, şeýtmek kölgelere gelişýär...

Men aýdylan zada aýdylşy ýaly düşünýän jahyl kimin kölegämi gözläp, öňüme, yzyma seretdim. Öňüme-yzyma garanjaklap durkam, şemal elini egnimden aýyrdy, ýa-da syrylyp boýnumdan düşdi. Çalaran başym çala sypalanan ýaly boldy. Açyk penjirämiň tutusam galgap gitdi. Ol gitdi... Gitmeýänem bolsa gitdi, diýmek, gelmeýänem bolsa geler...


Awtor Ylýas Amangeldiýew
43
345
gulia_maksatmyradowna
20.03.2024 13:30
Ýagyş ýagýar,
Uçmah ysly damjalar
Ýere dälde ýagýan ýaly ýüregme.
Bilmen, hyýallarym barýar hanjaga,
"Köne ýazgylary" goýup deregne.

Ýag, gussaň melhemi, yşgyň hemdemi,
Poslan göwünleri päklige ýetir.
Senden-umyt,
Razy, galsa mendenem,
Ýaşaýşy beýgeltjek ýekeje setir.

Tebigat asylky keşbine girse,
Duýgular düýpgöter barýar özgerip.
Adam ýaşamaly giçde ýa irde
Erkini olaryň eline berip.


Gurbanjemal Annakowa.
45
516
gulia_maksatmyradowna
16.03.2024 23:31
Hoşniýetlilik, beýleki adamlara kömek etmek isleginde ýüze çykýan hil. Bu kiçi kömekden başlap, beýleki adamlaryň durmuşyny gowulaşdyrmaga gönükdirilen has möhüm hereketlere çenli bolup biler. Hoşniýetlilik, kynçylyklary çözmäge kömek etmekden kyn günlerde goldaw we düşünişmek ýaly köp görnüşde bolup biler.

Hoşniýetlilik durmuşyň dürli ugurlarynda görkezilip bilner: işde, dostlaryňyz we ýakynlaryňyz bilen gatnaşykda, jemgyýetçilik durmuşynda. Adamlaryň arasynda has sazlaşykly gatnaşyklary döretmäge, gapma-garşylyklary azaltmaga we durmuş derejesini ýokarlandyrmaga kömek edip biler.

Hoşniýetliligi görkezmegiň köp usuly bar. Mysal üçin, mätäçlere kömek edip, haýyr-sahawata pul bagyşlap, kyn günlerde adama goldaw berip ýa-da haýwanlara ideg edip bilersiňiz. Şeýle hem başgalara üns bermek we olaryň pikirlerine we duýgularyna hormat goýmak möhümdir.

Umuman aýdanyňda, hoşniýetlilik bize has gowy adam bolmaga kömek edýän we dünýäni has ýakymly, bagtly ýere öwürýän gymmatly hil.
40
377
gulia_maksatmyradowna
15.03.2024 07:19
Albinizm deridäki melanositleriň melanin pigmentini öndürmegi üçin zerur bolan tirozinaz fermentiniň ýetmezçiligi netijesinde ýüze çykýan dogabitdi keseldir . Bu kesele albinizm , hassalara albino diýilýär (köplenç abraşlyk diýilýär).

Albinizm, adamlara we haýwanlara täsir edýän genetiki näsazlyk , reňk berýän melanin pigmentiniň ýoklugy ýa-da ýetmezçiligi bilen ýüze çykýar . Gözlere , derä , saçlara we bedeniň beýleki ýerlerine täsir edip biler . Şeýle hem akwarium balyklarynda ýygy-ýygydan bolýar.

Deriniň we gözüň täsir edýän albinizminiň görnüşine " okulokutan albinizm " diýilýär. Janly zatlaryň derisi, gözleri, terezisi, saçlary, sütükleri we ş.m. bar. Reňk berýän pigmentleriň dogabitdi ýetmezçiligi üçin edilen kesgitleme. Albinolarda (adamlar we haýwanlar) deri gaty inçe we ak (ýa-da birneme gülgüne), saçlary (ýa-da ýelekleri) ak bolýar. Deride melanin pigmentiniň ýoklugy gün şöhlesine (güne ýanýan) duýgurlygy ýokarlandyrýar we deriniň düwnük keseline sebäp bolýar. Gözüň görejiniň gülgüne-gyzyl bolmagynyň sebäbi , retinadaky damarlarda ganyň şöhlelenmegi. Melanin bolmadyk gözler ýagtylyga duýgur; Fotofobiýa (ýagtylygyň täsirinde), nistagmus we görüş bozulmalary näsaglarda kesgitlenýär . Albinizm, seýrek bolsa-da, akyl taýdan yza galmak ýa-da fiziki taýdan yza galmak bilen bolup biler .

Albinizmiň 2 görnüşi bar. Şeýle-de bolsa, albinizm agzalanda umumy görnüşli albinizm düşünilýär:

1.Umumylaşdyrylan albinizmde deride, irisde we saçda melanin ýok ( okulokutan albinizm ).
2.Localerli (lokallaşdyrylan) albinizm witiligo diýlip atlandyrylýan ýagdaýdyr . Adamlarda deride ak tegmiller ýüze çykýar. Pigmentli däl deriniň ýanýan yzlary we heýwere keselleri iň oňat mysaldyr.
39
145