guli_
guli_
05.04.2021 17:37
Bulary bilýärmisiňiz? Tebigatda görmegimize mümkinçilik berýän energiýanyň bir görnüşine ýagtylyk diýilýär. Şöhläniň tizligi sekuntda 300 müň kilometre ýetip, tolkun görnüşinde öňe gidýär. Ýagtylyk
guli_
04.04.2021 22:32
CHAT BOLUM
0
606
guli_
04.04.2021 15:28
Goşgy....🌷


Ýygramyş diýseler ýalandan gülüp
Öz ýanymdan alçaksyran bolupdym
Şolaň ýygra sözün ýazgarjak bolup
Köp gezekler ümsümligi bozupdym

Ana şeýdip iliň gepine uýup
Özümi emelsiz kemli duýýardym
Ýöne şimdem arzuwlaryma ýer goýup
Gursakdaky umytlarymy oýardym.

Döwrüň depginine eýerjek bolup
Ene-ataň göwünlerin ýykardyk
Moda diýlen zady,eýgerjek bolup
Utanjy hem halys ýatdan çykardyk.

Döwür bilen deň depginde gitsegem
Entek juda yzda barýar gylygmyz
Ylym bilen beýiklige ýetsegem
Peselipdir öňki adamçylygymyz....🌷
5
82
guli_
04.04.2021 14:56
Watançy perzent



Söweş gidip durdy, ýagýardy oklar,

Snarýad atylýar, güwleşýär toplar.



Meýdan göýä, otly ojaga dönüp,

Ahyrzaman gopýar, tüssä bürenip.



Merdana esgerler, watançy şirler,

Ýeke ädim süýşmän, garpyşyp durlar.



Görogly gardaşy, şir ýürek diri,

Golunda ýaragy, goşarda zory.



Urýardy ýan bermän ganym duşmany,

Gara bulut örtdiaçyk asmany.



Birden duşman sary batly topuldy,

Çigninden ok degdi, gapdal ýykyldy.



Al gana boýaldy, ysgyny gaçdy,

Şonda mährem ene ýadyna düşdi.



«Käbäm, aglamagyn ýakaň çäk edip,

Hasrat çekme, örtenmegin ýat edip.



Watan goragynda eziz perzendiň,

Şehit boldy gaýduwsyz jigerbendiň.



Armansyzdyr Watan üçin baş goýan,

Namartdyr söweşde janyny aýan.»



diýdi-de, merdana gözüni ýumdy,

Şeýdip, il-ýurt üçin janyny berdi.



Uzak ýyllar ogla garaşdy ene,

Merdana perzendi gelmedi ýöne.



Gözi ýaşly ene dertläp ýykyldy,

Nälet siňen urşa gargyş okaldy.



Ajy aýralykdan egildi başlar,

Muny ýazmak agyr düşdi gardaşlar.



Asmanymyz bolsun açyk, arassa,

Ýazmaly bolmasyn şeýle kyn kyssa.



Babarowşen Owlýakulyýew.
10
78
guli_
04.04.2021 11:55
Söýşüp däliräp,Jeýhun bolup söýen gyzyna öýlenip,bagtyýar bolýan adamlar durmuşyňam,Allanyňam ýalkan adamlarydyr......🌷



,,Maşgala aýaldan başlanýar-Ruhnamadan"🌷
11
70
guli_
guli_
04.04.2021 09:38
Şokolad ysly gül Şokolad ysly güle ylmy dilde kosmeýa (Cosmos atrosanguineus) diýilýär. Bu gül gadym döwürlerden bäri Mekada ösýär. Onuň ajaýyp ysy elmydama adamlary özüne çekipdir we öýleri bezemek
guli_
03.04.2021 19:04
CHAT BOLUM
4
84
guli_
guli_
03.04.2021 17:33
Ýekesiremek...🌷 Bu gün göwün,berşip söýşüp ýöreniň, Ertir salamyňy almasa nätjek?! Damarynda ýaşan mährem ýüregiň, Bir gün gapysyndan salmasa nätjek?! Bir oý:njagy oýnap,bir nany döwüp, Bir oýa ýaş
guli_
03.04.2021 13:26
Gurbannazar Ezizow ýene-de sada bir dil bilen uly meseläni düşündirýär....

Men -menlik öz eden her bir hereketiňi dogry hasaplamagyň ýalňyşdygyny we iliň beýle adamy halamaýandygyny iki setirde ýazypdyr.....


,,Siz näme pikir etýäňiz bu setirler hakda"


Men özümden näçe närazy bolsam
Il menden şonçada razydyr -razy


GURBANNAZAR EZIZOW....🌷
8
93
guli_
guli_
03.04.2021 12:22
Reňkleri şöhle saçýan derýa Siz haçanam bolsa, bir wagt reňkli derýany görüpdiňizmi?! Görmedik bolsaňyz, şeýle täsin ýeri görmegiňiz gerek. Ol derýa Kolumbiýanyň dag sepgitlerinde ýerleşýär we Kano