gula
16.08.2024 02:28
Besdir indi birje galdyr başyňy
Birzatlar diý ahyr! Näme üçin dymýaň?!
Häzir seniň katra-katra gözýaşyň
Ezizim,köz bolup bagryma damýar...
Örtenýärin,özleneýän,ökünýän
Ýokmy indi,sözlerimiň haýry ýa?!
...Hiçbir bagta mynasyp däl ekeni
Bu durmuşda gözlelligi harlaýan.
Meniň bu bolşumy gövnüňe alma
Goýaý indi,diňşi dek ýaz ýagşynyň
Haýyş edýän meniň bilen deň bolma
Başarsaň bagyşla,meni bagyşla!
Sen günäkär dälsiň dargursaklygyma
Gül.ýüzüň soldurma,besdir aglama!
Ýaşa gözel bolup,has gözel bolup
A gözellik elmydama mamladyr...!
Annamuhammet Kirşenov
16
31
1
gula
14.08.2024 12:03
Halys ýekelige hövrügipdirin
Indi senli günler galypdyr daşda
Keseki birine övrülipdirin
Kän aýdym övrenip,adyňdan başga
Söýgüniň äýnegi gaçdy gözümden
Ýörär ýolum şonsuz has aýan eken
Diňe ikimiz däl ýeriň ýüzünde
başga adamlaram ýaşaýan eken
Tolkunlar getirip kenara zyňdy
Ellerim galgadyp galdym,ýyllara
Gözüň ýok äleme deňäre indi,
Ýüregiň ýok,mährim çoýup ýylanara
Birmahal döz gelip alovly yşka
Hasratyna gözlerimi ýumdumam
...Kän aýdym övretdiň adyňdan başga
Kabirini ýetişdim men undubam
Avtor:Mukam Muhamov
23
46
2
gula
13.08.2024 22:50
Sen menden kän zady gaty görmegin
Sen menden kän zady gaty görmegin
Asla ýokdur,giperbola,toslama
Saňa ýaramaýan teleke işi
eder öýdüp oslama...
ve şulary bil:
Ýetmezňe urnaň bolmasam
Bagtyňa gurban bolmasam
Toýuňda porhan bolmasam
Bolasym gelmeýändir öýtme
Sataşsaň tirkäp baldyzyň
Baş atyp diýeňde "-Barmysyň?"
Beren salamyň almasam
Alasym gelmeýändir öýtme
Çekip bildim "-ah" baryny
Teý,tapmadym ahmalyňy
Soramasam ahvalyňy
Bilesim gelmeýändir öýtme
Janym,dilim deý gijände
Yşk tene sygmaz gijämde
Rahatlyk jandan süýjände
Ölesim gelmeýändir öýtme
Deň bile gülüp bilmesem
Nädeýin ölüp bilmesem
Ölemsoň gelip bilmesem
Gelesim gelmeýändir öýtme...
Avtor:Seýitmyrat Geldiýew
15
32
0
gula
12.08.2024 16:56
Zenan edil o:t ýalydyr,ýakynlaşsaň ýanarsyň,uzaklaşsaňam üşarsiň,ünssiz galdyrsaň eger...ýa öçer üçügsäp,ýa-da ähli zady kül eder...!
18
72
7
gula
11.08.2024 22:37
Okalmaly iň uly kitap-"Adamdyr"...
18
140
15
gula
10.08.2024 14:59
Uludan alyp demimi
Köne derdi saradym'my
Soňra bolsa öz-özüme
diýýän, Çyndan agladym'my
Ýok men bagtly diýýän ýene
Şeýdip özüm aldadym'my
Ýa-da bagtlylyk nykabyn
Dert üstünden, dakyndym'my
Haysy birine köýmeli
Belki bir kem ýadadym'my
Köňlümde baryny ýazyp
Gussalamdan ýeňledim'mi...
Avtor:Enejan Babakulova
0
77
12
gula
09.08.2024 23:26
Kalbyň çekibersin ençe jepany
Ne bolsada kaýyl bolup geçersiň
Ykbalyňy baglap baran ýaryňa
Şonuň üçin bütün ömrüň dözersiň
Gözleň dökübersin üznüksiz ýaşy
Hiç zat bolmadyk deý, ýene gülersiň
Men bagtly diyersiň eger soralsa
Ýöne ýetmedigiňi gizlin söýersiň
Ýaşarsyň maşgalam, çagalam, diýip
Bir gezek däl, müň hyýala çümersiň
Oguldyr, gyzyňa dakyp adyny
Her pursatda armanyňa köýersiň
Ýyllar geçibersin alyp aryny
Söýmersiň diýjek däl, ýene söýersiň
Emma,anyk bilýän ýekeje zady
Ýürekdäkiň bilen bile ölersiň
Avtor:Enejan Babakulova
18
26
0
gula
02.08.2024 07:24
Sendir öýtdüm aşyklaryň merdemi
Çünki sözleň görkezerdi subudyn
Emma ýetmän heniz köňül gapyma
Menli ýoldan şeýle aňsat sovuldyň
Kynçylyklar synagydyr ykbalyň
Duýgularňy gaharyňa deň etme
Men saňa diňeje govulyk dilärin
Bagtly ýaşa hasratlarňy ýeňletd-e
Arkaýyn bol günlem manysyz geçmez
Sähetli gün bolsam bir ojaga ýar
Hemem şol günden soň bu näzli gyzy
Arman däl garaşan bagty gujaklar...
Avtor: Bagtygül Taganova
20
104
22
gula
31.07.2024 11:58
Sır gibi seversen eğer, muradın gerçekleşir. Çünkü tohum, toprağa gizlenirse yeşerir. - Hz. Mevlana
14
22
0
gula
29.07.2024 05:15
Näçe ýyl geçsede tanaryn seni
Tanaryn hasratly gözlerňe bakyp
Şonda şatlygymyň hiç bolmaz çeni
Begener asmanam depregin kakyp
Bilýän alabahar govşurar maňa
Sebäp seni ýaz alypdy elimden
Ykbalym ömürlik duşurar saňa
Gelenimsoň aýralygyň eminden
Soň ikimiz bagtly borus bigüman
Tukatlyk ýok bolar gözleriň taşlap
Gün dogar ykbaldan, sovulup duman
Arzuvam etmeris shol günden başlap
Bilýän alabahar duşurar saňa
Şonda ýagyş ýagar ýyldyrym çakyp
Näçe ýyl geçsede tanarsyň meni
Tanarsyň hasratly gözlerme bakyp
Avtor: Gülşirin Hanova
12
26
0
Yene yükle