guga00
02.03.2020 22:16
Mydama gorkýarys ýekelikden.
Ýöne unutmaň, ýalňyz bolsaňyz ýalançy dostlaryňyz, iki ýüzli ýoldaşlaryňyz we taşlap gitjek söýgüliňiz bolmaz.
12
812
guga00
01.03.2020 20:34
Üç maslahat
Hemme zadyň düzeljegine ynanyp doga et,
Hemme zady düzeldip biljegiňe ynanyp göreş,
We bir gün hemme zadyň gutarjagyna ynanyp sabyr et.
Unutma;
Bu üç zat mydama seni iň gowy netija elter.
14
795
guga00
29.02.2020 20:26
Herkim küýsär
Kimi Geçmişindäkini
Kimi Ýüregimdäkini
Kimi bolsa ýüreginde bolmagyny arzuw edýän kişini
15
885
guga00
28.02.2020 19:52
Ýa hudaýjan sen ýaratdyň barysyn,
Aň berdiň duýmana akyl arasyn,
Göresim gelmese ýumýan gözlerim,
Ýöne tapman, eşitmezlik çäresin.

Dünýäň ýüzi doly paýyş sözlerden,
Ajy söz sözläňde eşret barmyka,
Ýürekden çykmajak söz yzasyndan,
Beter bolup biljek hasrat barmyka.

Kişi göwnün harlap bagt tapan barmy,
Dünýäni kowalap heý tutan barmy,
Bu ajy sözlerden gutulmaz ýaly,
Ýa meň kysmatymda maňlaýym şormy.

Meň ýanmagym kime berer peýdany,
Ýa dowzahyň ody maňa zarmyka.
Menden akýan göz ýaşlaryň howdany,
Ýene meni ýakjak odun bormyka.
12
591
guga00
27.02.2020 00:39
Hiç wagt özüň üçin islemejek zadyňy başgalar üçin hem islemäň!
11
526
guga00
26.02.2020 16:39
BAGYŞLAMAK geçmişi üýtgetmez,
ýöne geljegiň öňüni açar.
13
755
guga00
25.02.2020 20:37
Gahar tupan ýalydyr. Az wagtdan dynar. Ýöne köp şahalar döwülendir eýýäm.
11
732
guga00
24.02.2020 08:15
Haýsy guşuň ýarasyna melhem bolsaň bol.
Gowylaşan wagty seni taşlap uçarda gider.
Bu mydama şeýle bolýar....
10
475
guga00
22.02.2020 15:48
Durmuşda ýaşap göz ýetirdim bir zada,
Mydamalyk zat ýok eken bu dünýäde.
8
632
guga00
19.02.2020 05:31
Gülşat Ataýewa doganym uzak yasha. Durmushda name arzuw edyan bolsan hemmesi hasyl bolup taze arzuwlara bashla. Oz yuregin yaly arassa pak adamlar senin durmush yolunda bile yoresinler. Hic wagt aglama diyjekdal. Agla! Yone begenjinden agla. Guler yuzun asla solmasyn. Gutlamak bilen doganyn GuGa....
10
401