guga00
21.03.2020 17:43
Durmuş gaty geň dälmi?! Hiç zat gutarmajak ýaly dowam edip durka birden gutaryberýär ähli zat.
23
401
guga00
18.03.2020 08:07
Käwagt diýýärin özüme
Kän gadyr beripdirin gadyrsyzlara.
22
428
guga00
16.03.2020 23:56
Erkeklerde duýgy ýok diýýärler. Ýöne näme üçin dünýäde zenan şahyr ýok diýip biljek derejede azka??
16
528
guga00
15.03.2020 09:23
Kitaphanada işleýän bir gyz, söýgülisiniň gelenini gördi.
Bu wagt gyzyň kakasam ýanynda durdy.

Gyz söýgülisine, "German ýazyjy Yorg Danieliň "kakaň öýdemi?" Kitabyny almana geldiňiz öýdýän?

Söýgülisi, "ýok men inlis ýazyjy Tomar Munisiň "seni nirede görüp bilerin?" Kitabyny almana gelipdim."

Gyz, "ol kitap ýok ýöne ABŞ-ly ýazyjy Patrike Olferiň "Alma agajynyň aşagynda" kitabyny hödürläp bilerin."

Söýgülisi, "Diýseň gowy! Belçikaly ýazyjy Jean Barneriň "5 minut soň jaň ederin" kitabyny ertir getirip bilersiňizmi?

Gyz, "Uly höwes bilen! Ýenede Fransuz ýazyjy Mishel Danieliň "Hiç wagt ýeke goýmaryn" kitabyny hem maslahat berýän"

Bu gürleşikden soň kakasy, "Munça kitap köp dälmi? Bularyň hemmesini okaýarmy?"

Gyz "hawa kaka, ol diýsen akylly oglan hemmesini okaýar."

"Bu gowy gyzym, onda oňa Hollandly ýazyjy Frank Martinisiň "Men samsyk däl" kitabyny hem maslahat ber. Ony hem okasyn, we senem hökmän oka..."
30
1 204
guga00
14.03.2020 21:19
Eger seni biri gowy görýän bolsa diýmek sen oňa peýda berýänsin.
Eger sen peýda bermäňi bes etsen, oda seni gowy görmesini pes eder.
17
996
guga00
08.03.2020 08:49
Eje ýylgyranynda ýazdyr,
Ähli ýowuz gyş hem.
Gulaga hoş owazdyr,
Ejaniň ajap sesi hem.

Gülkinden tapýan jennedim,
Siz meniň ýeke ganadym,
Size soňsuz ýaş sanadym.
Baýramyň bilen perişdam.

Ejeler biziň üçin dünýä inen perişdelerdir. Goý ömri soňsuz bolsun. Hiç garramasynlar. Güler ýüzleri hiç wagt solmasyn. Mähriban enelerimiziň ejelerimiziň we geljekde eje, ene boljak ähli gyzlarymyzyň baýramy bilen gutlaýaryn.
->Gurbangeldi Ýazgeldiýew<-
16
387
guga00
07.03.2020 19:53
Biz hiç wagt adamy ýarty ýolda taşlap gitmeýäris. Dine özleri düşmeli duralgasynda düşüp galýarlar.
15
388
guga00
05.03.2020 08:37
Eden ähli ýagşylygym ýekeje ýamanlygym bilen unudylýan bolsa ýagşylyk etmämi bes etjek....
17
646
guga00
04.03.2020 00:18
Aglamak kyn däl. Ýöne hiç kim bilmesin diýip demiňi tutup aglarsyňa, ine bu gaty kyn?
23
1 045
guga00
03.03.2020 18:46
Näme üçin söýeni söýmezler, söýmeýäni bolsa başlaryna täç ederler????
12
793