guga00
17.01.2020 09:16
Ölmek üçin sebäp köp..??
Ýaşamak üçin ýekeje sebäp bar..✔
Ol hem maşgalam..??
16
488
guga00
16.01.2020 08:38
Küýsemekden has erbet bir zat bar bolsa ol hem indi gelmejek birini küýsemekdir.
17
444
guga00
15.01.2020 04:56
Goý hudaý bizi söýmeýän adamlardan däl-de, bizi söýmän söýýänsireýänlerden gorasyn...
AMIN!
15
426
guga00
14.01.2020 07:17
Ýa HUDAÝJAN sen ýaratdyň barysyn,
Aň berdiň duýmana akyl arasyn,
Göresim gelmese ýumýan gözlerim,
Ýöne tapman, eşitmezlik çäresin.

Dünýäň ýüzi doly paýyş sözlerden,
Ajy söz sözläňde eşret barmyka?!
Ýürekden çykmajak söz yzasyndan,
Beter bolup biljek hasrat barmyka?!

Kişi göwnün harlap bagt tapan barmy?!
Dünýäni kowalap heý tutan barmy?!
Bu ajy sözlerden gutulmaz ýaly,
Ýa meň kysmatymda maňlaýym şormy?!

Meň ýammagym kime berer peýdany,
Ýa dowzahyň ody maňa zarmyka?!
Menden akýam göz ýaşlaryň howdany,
Ýene meni ýakjak odun bormyka?!

HEMRA MUSSAÝEW
18
516
guga00
13.01.2020 09:08
Wagt - bu üýtgeşik gural. Howlukýan mahalyň ol az, ýetenok, garaşýan mahalyň ol köp, geçenok.....
13
618
guga00
12.01.2020 06:10
Eger bir adama çyndan ynansaň iki sany zady özüne edinip bilersiň.
Birinjisi özüňe ömürlik dost,
Ikinjisi ýatdan çykmajak sapak.
12
686
guga00
11.01.2020 06:20
Bir gün agşam ejem ýadadyjy iş gününden soň nahar taýynlady. Kakamyň öňüne bal bilen aşa gyzaran çörek goýupdy. Men kakamyň ýanan çöregi bilip bilmedigine seredýärdim. Ýöne ol diňe iýdi we maňa günümiň nähili geçenini sorady. Öz jogabym ýadyma düşenok, ýöne ejem şo wagt ýanan çörek üçin ötünç sorapdy. Kakamyň jogabyny bolsa hiç haçan unutmaryn: "Men ýanan çöregi has gowy görýän!". Söňra ýatjak bolamda, kakamdan çyndanam ýanan çöregi gowy görüp görmeýändigini soradym. Kakam meni gujaklady we pyşyrdap şeýle diýdi:"Ejeň uzyn we kyn gün geçiripdi we örän yadawdy. Ýanan çörek hiç kimi gynandyrmaz, emma sözlerimiz bolsa gynandyrar".
G.Ý.
22
961
guga00
10.01.2020 06:22
Bu dünýä synagdyr, edil bäş günlik,
Bir gün agladyk, bir gün güldik biz.
Hiç bir zat saklanmaz bärde ömürlik,
Soňunda aglap gitmek üçin geldik biz.
18
709
guga00
09.01.2020 08:35
Şu wagtky aklym bolsa geçmişdäki ýalňyşlyklarymyň hiçisini etmezdim.
Ýöne geçmişdäki ýalňyşlyklarym bolmasady şu wagtky aklym bolmazdy!
14
601
guga00
08.01.2020 03:01
Baga girip bilmejek bolsaň,
Gyradan bakyp seýran eýleme.
Bina gurup bilmejek bolsaň,
Ýerini ýykyp weýran eýleme.
Gyzy söýüp almajak bolsaň,
Adyny ile ýaýran eyleme.
22
546