govher_
10.07.2023 16:20

"Sen hakynda

Ýazgar meni,şu zatlary söýmesem..."

Ýazgar meni,seni söýüp bilmesem,

Seniñ her gülüñe goýmasam hormat.

Tikieniñ batsada ah çekmerin men,

Tiken awusyna atmaryn haýbat.

Sen hakda,sendäki barlyk hakynda,

Hersine setirler goýýaryn aýry.

Ykbal aýrylygyñ sazyn çalsada,

Ýolumyzy hergiz etmesin aýry.

Bilýarmiñ goýnuñda inip jahana,

Perzentlerin dünýä ýaýýar waspyñy.

Men kan zady görüp bilýärin sende-

Enäniñ mãhrini,atañ pähmini.

Ene eli ýaly şemalyñ seniñ,

Başymy mylaýym sypalap dursa,

Bagtly ynsanlaryn biri men,Watan-

Ýazgar meni,galp sözlerim bar bolsa.....

15
60