gggh
11.11.2023 11:56

On bir ýyl gazanan ähli abraýymy

Syndyryp birnäçe gysgajyk nama

Ýürekden ýüregiň bärsinden gaýdan

Sözler kän ýazyldy ýaşyl lentama



kimler üstünligi arzuw edipdir

ýene kimler baýlyk howly maşyny

şo ýaşda nirde bilsinler olar

ýokarkylaň bezemeýşin kişini



jübimde unudup zerur çagynda

çykan ownuk pul deý gyzyla döndip

çykaýjak deý dörýän,,lentany,,gaýta

gözledikçe gitdi umudum sönip



öl ýekeje sözdi emma dünýäde

ulanan sözlerimiň baryndan süýji

Amyderýan suwy,dutaryň tary,

Gözel sumbarynyň naryndan jüýji



ýazyjy: Kerim Hallyýew

26
50
gggh
10.11.2023 22:10

Ilki söýgim el berende kesekä

wadalaryn ýuwdup gelende girdap,

Dyza çöküp " Dolan" diýmek isledim,

saklady bir zat ...




Gullukdan ejem geldi yzymdan,

gaýdanda "äkidäý"diýjekdim dyzap

emma bogup damagymdan dyzymdan,

Saklady bir zat...



Kakam bir gün nähak ýere käýedi

bilmedim şo mahal özimi dürsäp

Gaýtargysyn hyýalyma düwemde

Saklady bir zat...



neti bozuk peri aýlap başymy,

Päkize pälimi eýlände berbat

tabagyndan yzlanymda aşymy,

saklady bir zat...



Gyz bolup dogulsam meniň adyma,

Goýjak bolanmyşlar Keýik ýa bir at

Munda meni Kerim edip ýaşadýan,

Meger şo BIR ZAT ...




Ýazyjy: Kerim Hallyýew.





sizlerden like garaşýan!♥️

25
55
gggh
07.11.2023 14:10

şu ýyl okuwy gutarýanyňyz bamy?🧐

kim bar bolsa ♥️ basaýyň

we kim näçinji ýyl ýazyň

22
449