geldiyev99
25.09.2023 19:50

Bir gün gök asmanda parlaýan güneş

Señ üçinem dogmasyny bes eder

Ýakyn ýadyñ ýedi günläp aglasa

Ene ýurek tä durynça ses eder

38
202
geldiyev99
24.09.2023 16:39

Sebäpsiz zat bar ekeni durmuşda,

Oña, seniñ menden gidişin şaýat.

Bilýän, bu hasratym galar geçmişde,

Wah ýöne öña çen, galarmy gaýrat.


Ýörän ýollaryñda açylsyn güller,

Ynan, saña yürekde ýamanlyk ýokdyr.

Seni saklamaga ýetmedi sözler,

Ahmal, bile bolmak ýazgytda ýokdyr.


Bu gün sensizligiñ ereýär doñy,

Yzyña garaman gitseñem ýöne...

Ýer şaram aýlowdyr ýokmuşyn soñy,

Aýlanyp öñümden çykarsyñ ýene...

33
123
geldiyev99
22.09.2023 14:02

Toýuña çagyrsañ bararyn hokman

Ellerim şarparyn köplükden çykman

Toýuñam gutlaryn hiç kişä bakman

Çalaja gülerin göwnüñi ýykman


Hasasyz kör bolup iliñ içinde

Lal kimin dymaryn her bir ädimde

Dillerim dymsada gürlär ýüregim

Hazirem söýýän söýerin hökmän


Men barmy ýa ýokmy parhy ýok bilyän

Şondada özümçe umytly gezýän

Belki galarn men sensiz ýekelikde

Şonda düşünern söýgüñ güýjine


Meñ ücin yas bolar señ toýlan toýuñ

Baran men oña señ hatyrañ üçin

Men şonda düşünern öz bagtym dip

Alyp boljak eken bagtyny kişiñ

29
112
geldiyev99
11.09.2023 08:30

Senden soñ ýüz öwürdüm

ýalanlaryñ hemmesinden🤮

Ýadadym ynsanlaryñ

bir gidip bir gelmesinden👥

24
111
geldiyev99
02.09.2023 21:01

Söýgüniñ taryny çekdiren günüñ,

Panyny jennete öwürerin men.

Dyrnagyñ zaryny çekdiren günüñ,

Düşün, gam-hasyrata gömülerin men.


Gadryñy bilaýsem biten ýeriñde,

Belki, señ ýanyñda öwülerin men.

Sähel şek ýetirsem söýen ýürege,

Bölek-bölek bolup döwülern men.


Syrly bakyşlaryñdan müñ many gözläp

Bir gülüp bir aglan oglandyryn men.

Meger, dogulansyñ diñe men ücin,

Bilgin seniñ üçin dogulandyryn men.


Ýeke-täkdir hak aşygyñ söýgüsi,

Ynan, bir sözümde ga:lyandyryn men.

Wysala ýetmese köñül yhlasym,

Tüweleý deý göge galýandyryn men.

25
85
geldiyev99
30.08.2023 19:51

Ah, näme üçin, seni söýüp bilmedim,

Senden söýülmegem uly bagtdy.

Bagtly bolmagymy arzuw etseñem,

Göwnümemi, seniñ yhlasyñ tutdy.


Ah, näme üçin, seni söýüp bilmedim,

Belki söýen bolsam bolardym bagtly.

"Söýmedigi söýüp, söýeni söýmän,

Bagtly boljagyñ bir özi anykmy?"


Diýipdiñ, şu sözi göze ýaş aýlap,

Hamala, bar zada özüñ ýazykly.

Sözleriñ indi añda aýlaýan,

Wah sendeý akylly gyzlar azlykdy.


Indi düşünýärin köp köp zatlara,

Ýyllary kerpiç deý üste üste örüp.

Señki deý mähri, señki deý akly,

Gündizler çyraly zol gözläp ýörüp.


Ah, näme üçin, seni söýüp bilmedim,

Söýgüñ gözi hakykatdan körmikä?

"Söýmedigi söýüp, söýeni söýmän,

Aslynda bir bagtly bolan barmyka?"

35
95
geldiyev99
29.08.2023 21:46

Ýagşyny görmegem jennet diýýärler

Diýmek menem ýaşaýaryn jennetde

Bu dünýäde iki ýagşy bar bolsa

Ynan şolañ birisi sen, elbetde


Jennede düşüren hüýr-melek gyzyñ

Ady inni möhürlenen beýnimde

Dowzahyñ odundan halas edeni

Nädip wasp etmäýin hany aýdyñda


Onuñ söýgüsi ýaz güniñ ýagşy deý

Ýagýar dynýar älemgoşar görünýär

Onuñ bilen goja dünýä owadan

Ähli gowluklaram goşa görünýär


Mañlaýyma ýazylan ady daş bilen

Alnymda Gün bolp şugla saçyp dur

Ýöne meniñ görýän günüm-aýymam

Onuñ şöhlesin görüp öçüp dur


Günüñ-aýyñ ýeke bolşy dek asmanda

Meniñ üçin dörän ýeketäk paýdyr

Ony maña berlen ýalñyz ykbalda

Alnymdan çykaran beýik Hudaýdyr

36
149
geldiyev99
24.08.2023 09:08

Söýgi hakda zat goýmagym mümkin👫

Ýöne ne söýgülim bar ne de söýýänim😎

40
377
geldiyev99
22.08.2023 08:52

Eliñizden gelse mähir berin🤗

Galan zada garnym dok🍷

44
113
geldiyev99
21.08.2023 08:42

Unutmaryn uzaklarda bolsañam 🌌

Sebäp sen meñ ýüregimde ýaşaýañ👫

37
126