garlawac
11.08.2023 23:57
Sen «Söýgi» diýilse, nämä düşünýäň?!
Şeýle bir bilesim gelýär pikriňi.
Men üçin-ä söýgi — seniň gözleriň,
Söýgi — seniň şol gözleriň kirpigi.

Söýgi — seniň aýaklaryň ädimi.
Söýgi — seniň gol uzadyp durmagyň.
Men dünýäň gurluşyn geň görüp ýörkäm,
Gelip, öz kalbymda dünýä gurmagyň.

Söýgi — seniň oýa batyp oturşyň.
Söýgi — seniň aýdýan, aýtjak sözleňem.
Men «söýgi» diýdim-de, saňa düşündim,
Mümkin, muny geň görýändir özgeler.

Mümkin, olar öz ýanyndan «Söýgi has
beýik ahyr!» diýýändirler, ähtimal...
Ýöne, menem peseldemok söýgini,
Sen söýgi dek beýge galdyň, Mähriban!
25
241
garlawac
10.08.2023 11:37
Seni gynandyrmak ähtimallygyny nädip düşünip bilýäň? Men seniň göwnüňi ýyksam, ýykylan göwnüň bölekleri elime çümüp ganadar. Ýene iň hakyky duýgularymy saňa ýollaryn. Meň ýollarymyň hemmesi seň adyňdaky harplardan geçer. Senden gitsemem ýollarym saňa çykar. Menden saňa zyýan gelmez diýip biljek däl. Sebäbi, men seni biraz artyk söýüp bilerin. Belki, seni söýýärkäm ýa özümi ýa-da seni ýitirerin. Emma, ikimizden birini ýitirjegim belli. Seni ýitirme gorkusyndan kän ýene beýle içki duýgularyň edil ortasynda hiç kim üçin bogulmajagymyň gorkusy bar. Men sende bogularyn-da, sen meni halas edersiňmi… Ol ýeri näbelli.
Bile bagtly bolmak isleýän adamyma tarap ädim ätjek bolsam ýa oňa artykmaçlyk edýän ýa-da öz durmuşymda kemçilik…
Soňra gitjek ýerim bolmasa, duýgularym maňa ýalňyş saýlawlar etdirýär we men munuň jezasyny agyr çekýän. Durmuş ýadatýar….
Barlygynyň ysy bilen duýmak isleýäniňi, ýoklugy bilen synag edýär. Ýetmek üçin çykan her ýolum, elýetmez bolýar…
Sen meniň ysyň bilen barlygyňy duýmak isleýänim…
Ýoklugyň bilen synalýanym…
Ýetmek üçin çykan ýolumyň soňy…
Näçe elýeterli däl bolsaň-da, meniň ýolumyň ugry hemişe seniň adyňda…
Isleýşiňçe git, islemeýşiňçe gelerin saňa…
Elektrik togy öçen bir öýde ilki akla gelýän bir mum men. Diňe zerurlyk bolanda ulanylýan. Gijeler şöhle saçsyn diýip hemişe men ýakylýan. Ýüzüne seredemde iň halaýan goşgymy içimden okaýan ýaly duýýarkam, bizi ýaşaljak hemme zatdan mahrum edip içimdäki goşgularymy, portumy, gämimi, duýgularymy ýakdyň sen. Belki içinde senem ýanansyň. Emma şonda-da bize gynanmadyň. Ýakdyň…
Sen bir elipbiý, indi men saňa nähili sözlemler bilen içimdäki duýgulary beýan edeýin? Iki sany gapma-garşy magnit ýaly biri-birimizden uzaklaşdyran hökümlerimiz barka, haýsy duýgular çeker bizi bu yşga? Duýgularymam, janymam ýandy seniň ol döreden ýangynyňda.
Çykmadyk janda umyt bar diýýärler. Öldürmeýän Alla, däliler ýaly küýsedýär öňki günleri… Iň känem bizi…
Diňle! Bilýäňmi iň gowsy näme edeli? Feniks ýaly täzeden dogaly bu ýangynyň küllerinden. Bir araçäk belläli we ol araçäkden bir ädimem ýakynlaşmaly biri-birimize. Çünki biri-birimizi söýüp iň uly zyýany berýäs bize. Biz uzakdan söýeli. Iň bagtly günlerimizi görmän, özümizi nähili duýýanymyzy, näme pikir edýänimizi bilmän, oýaly-ukuly ses tonumyzy duýman…
Diňe we diňeje uzakdan söýeli.
Bize bolar bu bir tarap. Biziň ýolumyz bir tarap we sen hemişe garşy tarapdan gelýärsiň. Aslynda bu, bu ýagdaýyň mazmuny.
Men ikimize degişli bir taraply ýollarda hemişe ikiňize gabat geldim. Her gün sizi görüp ädimledim…
Sen muňa hijem düşünmersiň. Bize bolan ynanjymy ýitirdim. Maňa kalpsyz bolana mundan soňra duýgusyz men… hiç zatsyz, hiç zat men
23
298
garlawac
09.08.2023 08:38

Hemmäniň sizi makullamagyny,söýmegini isleýäňiz , ÜSTÜNLIK sebäbi olar ýaly zat ýok.Siz özüňizi söýüň we makullaň ýeter.

Sizden şuny soraýyn .

Siziň pikriňizçe Taňry ajaýyp we hiç kemçiliksiz birimi ?

  Birnäçe kişi bu soraga biragyzdan "hawa" diýer,  şolar ýaly bolsa-da ,Taňryny-da SÖÝMEÝÄNLER bar.Hatda Taňryny hem köpler makullamaýarka, size näme bolýarda hemmäniň sizi makullamagy,gowy görmegi hyýaly bilen ýaşaýaňyz ?


Aýkut Oğut

30
169
garlawac
07.08.2023 08:53

Bu gelen bagtymmy ýa-da baharmy?

Dolanmakmy geçip giden ýazlarma?

Ala gözlim, bakyp beýle gaharly,

Ýatlamalar üçin meni beýle ýazgarma.


Geçen hoş gün gaýtalanyp köňülde,

Alsa meni seniň söýgiň elinden,

Gyýylma biz bagty görmän geçsegem,

Geçmeris oň hesretiniň deňinden.


Bahar gaýtalanar, bagt gaýtalanmaz,

Gaýtalansa diňe düýşde görner ol.

Sebäp bagtam edil şowakör ýaly -

Öz gözleýär adamsyny görmez ol.


Özümi undamda ýatlama berlip,

Senem unudýaryn, meni bagyşla!

Bu dünýäde meniň bagtym barmy nä,

Ýatlamadan başga hem senden başga?!


Atamyrat Atabaýew

19
190
garlawac
06.08.2023 08:34

Men özümi aýamadym hiç ýerde,

Gaýgyda, hesretde, şatlykly günde.

Aglamda geň galdy terkidunýäler,

Bagtlylar geň galyp bakdy gülemde.


Söýemde şeýle bir ýürekden söýdum,

Onuň bir öýjügnem boş goýmadym men,

Adam söýsem, kimligine garaman,

Söýdüm üstünligi, ýetmezi bilen.


Maňa bolsa «beýdip ýörme» diýdiler,

«Seniň bu bolşuňa diýerler tentek.

Sen entek ýaş ahyr, saňa gor gerek,

Seniň bar geljegiň öňüňde entek».


Men özümi aýamadym hiç ýerde.

Gorum gutarar diýip etmedim müýni,

Kä söýenim üçin urdular meni,

Kä gazabym üçin söýdüler meni.


Haýyr işler üçin taýýarlyk boldum,

Şer işiň tersinde goýdum men şeri.

Soň görüp otursam, gutarýar eken.

Diňe berilmeýän zatlaryň gory.


Diňe söýmeýänleň, köýmeýänleriñ,

Özgäni beýgeltjek ajaýyp syry,

Bir gyzyl manat deý gizleýänleriñ,

Gutarýar ekeni ýürekde gory.


Men özümi aýamadym hiç ýerde,

Özümi bagş etdim özgeler üçin,

Dogry, käte azar berýär ýüregim,

Olam başga zatdan bolmagy mümkin.


© Gurbannazar EZIZOW.

27
215
garlawac
05.08.2023 10:09

20 ýaşda sizde tebigatyň beren ýüzi bolýar.

30 ýaşda durmuşyň çeken ýüzi,

50 ýaşda bolsa özüňiziň hakykatdan mynasyp bolup bilen ýüzüňiz bolýar.



#Koko Şanel

33
306
garlawac
04.08.2023 14:52

Palçy gelin, gözleriňde jady bar,

Belki, gözleň bu dünýäni jadylar.

“Güller solmaz”—diýip ynandyr meni,

“Dostlaň ölmez”—diýip, ynandyr meni.

Gün howluksa: “Howlukma!”—diý, ynandyr.

“Görjegiňiz gowluk bor”—diý, ynandyr.

Çyna sygynyb-a tapmadym bagt

Belki, seniň nesýäň bolsun-da nagt.

Ýalan sözleseňem, garap ýüzüme,

Müňkür bolmaýyn seň gara gözüňe.

Diý, keýgim: “Gudrat bar, jady bar palda”

Hudaý-ha aldatmaz, meni bir alda.

Ömrüň pelsepesi bolsa-da belli,

Palçy gelin, ber kalbyma teselli.

Sözle, keýgim, gury gepde eçil sen,

Kerler eşdip, körleň gözi açylsyn.

Ýetimleň enesi gelsin, ynandyr,

Umytsyz hassalar galsyn, ynandyr.

“Güller solmaz!”— diýip, ynandyr meni,
“Dostlaň ölmez!”— diýip, ynandyr meni.


Atajan Tagan.

28
85
garlawac
03.08.2023 01:17

Böwürlerne sanjy bolup gijeleň,
Kä surnugyp, kä ýerliksiz tijenen,
Setirlere sygyp bilmän güÿjelen
Däli duýgularmyñ eýesi senmi?
ýykdym-ýykyldymyn söresi senmi?

Müñ gaýtalap gezer ÿaly adyňy
Ýa sen adyn özi maña jadymy?!
Bašga zatdan mahrum edip ÿadymy,
Göwnümiň in süÿji görgüsi senmi?
Hiç üzüp bolmayan bergisi senmi?

Adam tapman duygularmy añara,
Goşgularmy okap berdim daglara.
Sen bir indi gaydyp meni aldama!
Gör, seň näçe gezek gidesiň geldi!
Gitmediñ-ä.ýa señem gijelen menmi?

Sen derdimmiñ, wagt bejerip bilmeÿän?
Sen berdiňmi ol mukamy - diñmeÿän?
Hey, gördüñmi men deÿ takat bilmeÿän?!
Ÿa şol takatlarmyň ogrusy senmi?
Ömrümiň ÿalnyşy-dogrusy senmi?

Saña dušup: bilmen, näme - rahatlyk we!
Ýüzün tutup, aglap otyr sagatjyk!
Sagatlar nä! Ay-günleri aglatdyk!
Ömrümin ykbaldan algysy senmi?
Ymtylan sa:lgymnyñ salgysy senmi?

Çary Ataýew

24
258
garlawac
02.08.2023 01:14

Saňa juda meňzeşligmi ýaňzydyp,

Gözlerimize hal goýupdyr Ýaradan,

Deň gelse-de sözlerimiz pikirmiz,

Ykballarmyz deň däl eken gyradeň.


Käte-käte welwet kibi göwnümiz,

Büdür südür köçelere meňzeýär,

Bilýäs ýogsa, sap sanalgy bu ömür,

Jan ýakarňa, gamlananňa

degmeýär.


Umydymyz, ynamymyz bir biziň,

Aýry ýola ýoluksagam, gitsegem,

Ömrüň soňy elter ahyr bir ýere,

Didelermiz görüşse-de, ýitsegem.


Men henizem haýran galýan bir zada,

Sözlerem geň galýar sözleşdigimiz,

Duşmagmyza päsgel berýän ýeke zat,

Olam biziň juda meňzeşligimiz...


© Baýram BEJIDOW

24
118
garlawac
01.08.2023 14:44

-Ah, Söýgi! Men şeýle bir sen ýaly bolmagy arzuw edýän!-diýip, buýsanç bilen Aşyklyk gaýtalaýardy. -Sen menden has güýçli.


-Sen meniñ güýjümiñ nämededigni bilýärmiñ?-diýip, Söýgi sorady.


-Sebäbi sen adamlar üçin wajyp bolanlygyñ üçin bolaýmasa.


-Ýok, asla beýle däl-diýip Söýgi uludan demini aldyda Aşyklygyñ başyny sypady- Men bagyşlap bilýärin, ine şolam meni şeýle güýçli edip bilýär.


-Sen Dönükligi bagyşlap bilýäñmi?


-Hawa, bagyşlap bilýän, sebäbi Dönüklik köplenç erbet niýet bilen däl-de bilmezlikden gelýär.


-Sen Biwepalygam bagyşlap bilýäñmi?


-Hawa, Biwepalygam bagyşlap bilýän, sebäbi adam biwepalyk edip dolanýar, ol deñeşdirmäge mümkinçiligi bolup, gowyny saýlaýar.


Sen Ýalany bagyşlap bilýäñmi?


-Ýalan-bu erbetlikleñ kiçisi. Ol köplenç halatda çykalgasyzlykdan, hem-de özüniñ günälidigne akly ýetýänlerde ýa-da birine agyryly etmejek bolýanlarda ýüze çykýar. Bu bolsa gowy alamatlary añlatýar.


-Men-ä beýle pikir edemok, käwagt şeýle bir ýalançy adamlar bolýar.


-Elbetde, olar ýaly adamlaram bar, ýöne olaryñ men bilen hiç-hili baglanşygy ýok, sebäbi olar söýmegi başaranoklar.


-Sen ýene nämeleri bagyşlap bilýäñ?


-Men ýene Gaharjañlygy bagyşlap bilýän, ol tiz geçiji. Gödekligi bagyşlap bilýän, ol Gynanmak bilen bile gelýär. Gynanjyñ bolsa haçan geljegni hiç kim bilenok, ony gözegçilikl hem edip bolanok. Her kim özüçe gynanýar.


-Hmm, ýene?


-Ýene Öýkäni bagyşlap bilýän. Ol Gynanjyñ uly dogany, olar biri-birinden emele gelýärler. Lapykeçligi bagyşlap bilýän, sebäbi ondan soñ ejir gelýär. Ejir çekmek bolsa arassalaýar.


-Ah, Söýgi! Sen hakykatdanam üýtgeşik. Sen hemme zady bagyşlap bilýäñ, men bolsa ilkinji synagda kükürt çöp ýaly bolup öçüp galýan. Men sen ýaly bolup bilmeýänime gynanýan.


-Sen bu ýerde-de ýalñyşýañ. Söýgi hem ähli zady bagyşlap bilenok.


-Ýöne sen edil şu wagtjyk aýtdyñ-ä, ähli zady bagyşlap bilýäniñi.


-Ýok, edil beýle däl. Ähli aýdan zatlarymy men dogrudanam bagyşlap bilýän, bagyşlaýanam. Ýöne durmuşda Söýgiñem bagyşlap bilmejek zady bar. Sebäbi ol duýgulary öldürýär. Gama batyrýar. We ahyrynda Döwülmäge sebäp bolýar. Ol şeýle bir agyry getirýär, hat-da beýik Gudratam ony bejerip bilenok.


Ol daş-töweregiñdäki adamlaryñ durmuşyny zäherleýär we öz içki dünýäñden çykman galmagyña sebäp bolýar. Ol Biwepalykdan, Dönüklikden beter ýaralaýar, Ýalandan hem Öýkeden beter degýär. Sen oña özüñ duşan wagtyñ düşünersiñ.


Aşyklyk, unutma duýgularyñ iñ ganym duşmany- Parhsyzlykdyr. Oña garşy dermanam ýok.

23
142