Ýalňyşmy, ýazykmy ýa-da bir säwlik
Günäsiz kalbymy duşaklap goýýan.
Ädimim ýazgaryp gury söz bilen,
Öňýeten bir ýerik gyssanyp barýar.
Asmana atygsap ganaty gyrlan
çaga guşuň armany dek arzuwym.
Garaýşymy ýazgardylar göz bilen,
Agramy az özelenýän arzymyň.
...Ýürekdeş ýok göwün syryn açara,
Tapylmaz derdimi ýürekden diňlän.
Nirä bassam ýazyk boldy ädimim,
Ýokmuka günäni bagyşlap bilýän?!
Kaýyllygyň gülküsi
Ykbal, ýene gülýämiň meň üstümden
Ýa dikdiňmi erbetlige netiňi?
Pikirlerim bulaşyp dur sen hakda,
Ýalňyzlygam iýip barýar etimi.
Ýa çygryňdan çykdymy meň ýörelgäm,
Ýa-da bilmän öteräjik geçdimmi?
Ýalan bolýar gözüm bilen görenlem,
Çyn edäýýäň ýalan diýip eşdenmi.
Kaýyllygyň köprüsinden ötemsoň,
Gözüm ýumýan görkezenňe, görenme.
(Yhlasyma yhlas berseň ýetikdi,
Üýtgeşik zat hantama däl öwezne.)
Aklamana çalyşsamam özümi,
Seň gözüňde günälerim ulalýar.
...Aý, bolýa-da, näme bolsa şol bolsun
Barybir hem, näme bolsa şo bolýar.
Allanur ÇARYÝEW