Uly ýola garp dymyp otyryn,
çykyp gyradaky çila klasdaş.
Müñ bir gaýgy gama çümüp otyryn,
öwürlip müñ ham hyýala klasdaş.
Bir mahallar şadyýandym alçakdym,
wah bolmady şo bolşyma galjakdym,
söýginiñ yzynda ylgap daljykdym
tas dönipdim sañsar mala klasdaş.
Mekdebe datnardyñ bezäp bu ýoly,
bu görniş gözimden gidenok häli
eliñ partyfelli çykaýjak ýaly,
şindi-şindem bakýan ýola klasdaş.
Daşyndan paklygy bildirmez hozyñ,
tamşanyp galardym ýagjarmaz agzyñ,
içinden 16 klasdaş gyzyñ
seni söýdim ala böle klasdaş.
Dinden çykman ilden çykman gezendiñ,
üýtgeşik däl iller ýaly bezendiñ
sen ýönekeý köýnekdede gözeldiñ
girmeseñde ýüpek şala klasdaş.
Saýlap seçip obañ gözel gyzyny,
saýlap seçip Baýramalyñ uzyny
gülkem bolsa deñärdim men özimi
Görogla hem Rüstem Zala klasdaş.
Öýñiz ýerleşerdi boýunda köliñ,
kenary doýrardy obanyñ malyn
bizde mal ýoklygy bolsada mälim
günde on gatnardym köle klasdaş.
Golaýñyzdan geçenimde her gezek,
klasdaş gurgunmyñ diýmäne derek
utanyp gyzardym ýadyñda gerek
öwrülerdim güñe lala klasdaş.
Nädeýindä elden aldyñ erkimi,
söýgi şeýle güne salýar her kimi
elim bilen galam bilen görkiñi
saldym şygyr atly göle klasdaş.
Señ adyñ ornyna başga at goýup
biläýseñ bi gelşik boljagyn duýup
goşgymy görkezdim barlap ber diýip
mugallymym Aýjemala klasdaş.
Syr bildirmän ýanyñdaky geline
şol goşgyny tutdurypdym eliñe
ýüz göziñi çirkizip ot ýalyna
gaýnadyp otyrkañ pile klasdaş.
Tomus howa tutanynda bekine
suw alýarkak suwsap giden ekine
arma berdim men çekine çekine
agramymy atyp pile klasdaş.
Bar bol oglan diýdiñ ýylgyryp çala
bu uly bagtdy biz ýaly gula
seni meñzederdim açylan güle
geýineñde gyzyl ala klasdaş.
Atym çaýly haltañ bagyny işip
durkañ çal soradym oýn edip degşip
men öziñe teşne öziñe aşyk
mätäç däldim çaýa çala klasdaş.
Çal bolmasa çaýa tapylar hökman
ýañjajyk demledim içäý howlukman
diýip meniñ garşylygmada bakman
çaý uzatdyñ bir piýala klasdaş.
Yssydy egniñde ýuka eşikdi
ýygnanan suw böwetjigi deşdi
beklemäge egileñde düşipdi
gözim göwsiñdäki hala klasdaş.
Añlasamda seniñ añmaýanyñy
bildirmejek boldym synlaýanymy
soran boldym ỳeriñ gekdar sanyny
bakyp uzakdaky käre klasdş.
Kärden añardada kanal akardy
nan oklasañ balyjaklar bökerdi
sil geläýse hanasyny ýykardy
bäsdeşdi Jeýhuna Nile klasdaş.
Joralaryñ bilen aýdardyñ aýdyn
söỳip synlap diñläp ber başagaýdym
men söýgi kanaly diýip at goýdum
Gelşip dur ol kanala klasdaş.
On adamyñ güýji bardek öziñde
barymyzy gepe goýup yzyñda
kän pagta ýygardyñ ýylyñ güýzinde
partygyñy dañyp bile klasdaş.
Seniñ goýnyñdady bagtymyñ bary
Ýygan pagtamyzyñ ölçenýän çagy
ýylgyryp ýüzime bakaýsañ dagy
Men şol gün sygmazdym gola klasdaş
Häzir bolsa keýpim bolsada berbat
ýadyma düşende aýdaýyn bir zat
meñ ýygan pagtamy çekende byrgat
orsçalap diýerdi" Mala" klasdaş
Gamly garap saýlanardyñ ol ýerden
bu bolşyñy görip beter söýerdim
hem göwniñi tapjak bolup diýerdim
Ünis berýän sana däl hile klasdaş.
Ýagman ýagman birden ýagşy deý bulduñ
ýagman ýagman birden garyma galdym
namys ede ede ýygymçy boldym
senden yza gala gala klasdaş.
Yşgym söýgim haýdamaga yrardy
üsti başym pagta bolup durardy
meni saña hasda ysnyşdyrardy
partyklarym dola dola klasdaş.
Halaşsa ýaş gyzlar jahyl diýdiler
dugşar bir birine ahyr diýdiler
ikimize Zöhre-Tahyr diýdiler
gürrüñ boldyk ulys ile klasdaş
Nobatçylyk edýän güniñi bilip
hemmeden öñirti klasa gelip
düýnki gizläp giden hekimi alyp
adyñy ýazardym pola klasdaş.
Indi gorkýan şonda nädip başardym
tutup el degmedik ap ak goşardan
günortan dugşmagy wadalaşardyk
gelmelidiñ sportzala klasdaş.
Söýgä düşinerden entekler ýaşdyk
söýginiñ elinde bendidi ýaşlyk
ikilik alardyk alardyk bäşlik
yşk sebäpli beýle hala klasdaş.
Maryda pal atdyrdym bir sygana
onuñ aýdanlary ot saldy jana
"Baş söýgide gowuşma ýok ynsana"
şondan bäri uýýan pala klasdaş........
DOWAMY BAR