g_nva06
27.08.2024 15:44
Etjegini edip kä kişiñ,
Ýalan ökünjinden irdim.
Gynanjymy saklap içgin,
"Zyýany ýok, hiç-laý" diýdim.

Egnimde kän ýük bolsa-da,
Her gymyldym gep bolsa-da,
Agyran ýer "çep" bolsa-da,
"Zyýany ýok, hiç-laý" diýdim.

Paýlasam dostlara bagty,
Ýerne soramadym nagty,
Gelmeseler gerek wagty,
"Zyýany ýok, hiç-laý" diýdim.

Wadalarda durmasalar,
Ýa-da hile gurnasalar,
Gaty görmän durmasamam,
"Zyýany ýok hiç-laý" diýdim.

Awtor✍️: Şanazar Hydyrow
9
35
g_nva06
21.08.2024 20:38

Söýmeýän ýigdime durmuşa çykdym,

Köşeşmedim asla, hasraty çekdim.

Ýöne bildirmedim, göz ýaşym dökdüm,

Ýazgyt meni derde dözjek ekeni.


Soňra çagam boldy, geçip bir ýyldan,

Sowaşaryn öýtdüm şol pursat senden.

Beter zaryň çekdim, soradym ýelden,

Hasrat, meni gowrup iýjek ekeni.


Sanardan geçendir, aýlar arada

Gyzyklanýan men heniz, sen barada.

Sen uzak şäherde, a men obada,

Ýollarymyz aýra galjak ekeni.


Ýoldaşymyň gözünde şeýle bagtly men,

Hakykaty gizlär, ýüzde perdelem.

Dünýäde iñ ökde AKTRISA men,

Ömrüm kino ýaly geçjek ekeni.


Eger-de şu sözlem ýetse gulagňa,

Duýgun ajy bereniňi ýüregme.

Ýok men garaşamok indi geleriňe,

Göz ýaşym topraga siňjek ekeni.


Herimiz bir ýerde aýry maşgala,

Indi biz duşmarys, bolup masgara.

Söýgä ýananlar kän, bizden başga-da,

Ýöne duýgy munda galjak ekeni.


✍️Näbelli

13
41