freaky
01.09.2024 03:08
1 Gyz agzamyzyñ durmuş oýlanmalyryndan:
1nji bölüm
Men käwagt özümi ýalňyz duýýaryn. Şeýle pursatlar hasam men agşamlaryna ýeke galan wagtym duýulýar. Meniň joralarymyň maşgalalary we çagalary bar, meniň pikirimçe maňada çagaly bolmak wagty geldi, şonda men bagtly bolaryn. Yöne soň, meniň çagaly tanyşlarymyň aglabasy eýýäm aýrylyşan, käbirleri özbaşdak pul gazanyp bilmeýärler, käbirleri bolsa otuz ýaşdan soň eýýäm iki ýa üç çagasy bar bolan durmuşa çykmadyk we öýlenmedik adamlar bilen sosializirleşmäge başlaýar diýip pikir edýärin. Soň bolsa men hemme zady dogry edendigime düşünýärin.
Men 20 ýaşymdakam maňa durmuşa çykmak barada birnäçe teklipleri hödürlendi. Yöne men okamak isledim we daşary ýurda gitdim. Men Günorta-Gündogar Aziýada okadym, olaryň medeniyetinde bolsa maşgala gaty giç gurulýar, şonuň üçin menem hiç hili basyş duýmadym. Öýe gaýdyp baranymda, men eýýäm 30 ýaşymdadym, gyzykly işim, köne we täze dostlarym bardy, gezelenje gitmäge we täze güýmenjeler bilen meşgullanmaga wagtym köpdi. Şeýdip, durmuşdan täzeden lezzet alyp başladym.
8
152
freaky
31.08.2024 12:35
Gyşyk gapyrgadan döränmiş ozal,
Hudaý dogry ýasap bilmänmiş ilki:
Çalaja gaňyrsaň döwüler belki.
Ellemeseň has-da egreljegi hak
Ýöne döwäýmegin bol özüňe sak!
Hudaýyň berdigi perişdedir ol!👸
5
34