flowers_
12.03.2025 15:55
OTUZ ÝAŞDAN SOŇ
Göwnüme bolmasa, zerur däl indi
Arzuwa beslenip, kaşaň geýinme.
Wagtyhoş bolsamam meýlis kölünde,
Alada bar şatlygymyň teýinde.
Hoşlaşygyň wagty golaýlap geldi,
Sag bol, ýaşlyk — ömrümiziň şatlygy.
Men garrap baramok,
şonda-da belli
Goja bolmagyňam niçik zatlygy.
Kaýyl indi şu ömürde tapanma,
A öň mydam gözlegdedim jahanda.
Ynjalyk tapýardym apy-tupanda,
Gök gürleýip, ýyldyrymlar çakanda.
– Harbylarça dik tutýaryn kaddymy,
Kän bir üýtgän zadam ýok-la keşbimde.
Gojalygam däldir bagtyň ýatdygy –
Şeý diýdim men, otuz ýaşdan geçdim-de.
Bu boluş kanundyr dünýäler döräp.
Göwün guşy telim gezek göç eder.
Şükür, häzir-ä men barýaryn ýöräp
Ýaşlyk atly iň ajaýyp köçeden.
Çary ÝEGENMYRADOW.
14
151
flowers_
02.02.2025 12:39
▪︎Hakyky dostlar el bilen göz ýalydyrlar. El agyranda göz aglaýar, göz aglanda, el ony süpürýär.
#Jelaleddin Rumy
▪︎Söz — geýim. Many şol geýimiñ astyna gizlenen syr.
#Jelaleddin Rumy
▪︎Küştde pyýada ýola çykyp, ahyrynda wezir bolýandyr.
#Jelaleddin Rumy
▪︎Yşk derdini datmadyk ýürek, ýä däliniñ, ýa-da jesediñ ýüregidir.
#Jelaleddin Rumy
▪︎Dünýä — alymyñ hümmetsiz oýunjagy, akmagyñ bolsa hümmetli sallancagydyr.
#Jelaleddin Rumy
▪︎Dost diýip ajy gürleýäne däl, ajyny süýji gürleýäne aýdylýar.
#Jelaleddin Rumy
▪︎Bagtly maşgala gurmagyñ iki sany şerti bar:
1. Gowy ömür ýoldaş saýlap bilmek,
2. Gowy ömür ýoldaş bolmak.
#Jelaleddin Rumy
▪︎Edep — biedebiñ her bir edepsizligine sabyr-takat etmekdir.
#Jelaleddin Rumy
▪︎Ýagşylyk — Ýamanlygy terk etmekdir.
#Jelaleddin Rumy
▪︎Kalp aýnasynyñ päkligi, betnyşandan owadany tapawutlandyryp bilmek üçin gerek.
#Jelaleddin Rumy
▪︎Diliñden öñ kalbyñy terbiýele, çünki söz kalpdan gelip, dilden çykýar.
#Jelaleddin Rumy
▪︎Durmuşda üstünlige ýetmek üçin üç zat gerek: Üns, tertip we hereket.
#Jelaleddin Rumy
▪︎Akyl — goýun, nebis böri, iman bolsa çopan. Eger iman güýçli bolmasa, nebis akyly iýýändir.
#Jelaleddin Rumy
▪︎Sabyr — adamy maksadyna iñ tiz alyp barýan ýol görkezijidir.
#Jelaleddin Rumy
▪︎Ejejan, ertekileriñizdäki aýdan gowy adamlaryñyz, bu dünýäde ýok eken...
#Terjime eden Şirnazar Taganow
▪︎Her bir zada gyýylma ýürek, ne bu dertler galar, ne-de bu ömür.
#Jelaleddin Rumy
Terjime eden: Şirnazar Taganow.
12
144
flowers_
21.12.2024 13:11
Saparmyrat göter iliň derdini,
Il depesine götermeýär her kimi!
Ömrüň berdiň, sen ýene-de bergili,
Bu dünýäde merdem ýaşa, merdem geç!
~~~~~~~~~~~~~~~~~~~
Maňa mydam bagtly kişi diýýärler,
Meň bagtyma gözi gidýänler kändir.
Ýöne olar meniň şu çaka çenli,
Niçik ýol geçenim bilýänem däldir.
Men näçe hasraty başdan geçirdim,
Başymdan geçirdim näçe külpeti.
Meň başymda däli dünýä güwledi,
Depämden inderip ýowuz günleri.
Emma hergiz gözýaşymy sykmadym,
Gam-gussa gark boldum, emma akmadym.
Danalaň paýhasyn gaýtalap gezdim:
"Arslan bolýar balasyda arslanyň!"
~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~
Soltan bolup bu dünýäni tutan ýok,
Dünýä yşkdyr, yşkdan doýup öten ýok
Arşda Allaň paýhasyna ýeten ýok,
Adyň galar eden işiňe görä...
~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~
Dogan ýetişmese seniň dadyňa,
Dostuň ýetişmese seniň dadyňa.
Alla sygyn! Alla medetkär bolar,
Çünki kim bolsaňda, nirde bolsaňda,
Saňa pena ýokdur Alladan golaý.
~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~
Her kim ýagşy, men ýaman,
Her kim bugdaý, men saman.
Göwre sygar tabyda,
Göwün sygmaz Jahana.
Ýaşamana höwes ýok,
Ölmänede bahana...
~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~
Adam ömrüniň iň uly iki meselesini juwan çaglary çözmeli bolýar. Birinjisi ömrüniň manysyny açyp biljek kär, ikinjisi ömrüne şugla saçyp biljek ýar.
~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~
Batyr - urşda, dana - gaharda, dost - horlukda tanalýandyr.
~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~
Saparmyrat Niýazow.
Bu gün Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Ataýyewiç Niýazowyň aradan çykan güni.
Ýatan ýeri ýagty bolsun, ruhy şat bolsun. Ämin.
12
167
flowers_
05.12.2024 23:33
Her gün ýene adaty gün dogup dur,
Peýdamydyr jürküldisi guşlaryň?!
Ünjilerem nobatyna gelip dur,
Gatnawlary deýin awtobuslaryň
Güneş meni däl-de, gyzdyrýar ýeri
Gursagymda doňup galan parçalar
Oýa batdym.
Bu aýazly gyş güni
Meniň ýaly üşeýärmi arçalar?
Jogaby ýok soraglara kän gitdim,
(Ýalňyzlara ýetdirmedik yşk kimde?)
Rahatlygy kagyz ýüzde şa etdim,
Pikirleriň ynjalyksyz köşgünde
Göwünlik berdim-de, gaýtalap ýördim
Diňlenmedik ykbalymyň käkesin
Hiç kime bildirmän, gizlenip iýdim
Yşgyň sowgat beren gussa kökesin
Her ädimde şowsuzlygyň ýarydym,
Duşmasa-da pişikleriň garasy.
Diňe meniň üçin ýanýan ýalydy,
Köçeleriň her gijeki çyrasy.
Arzuwlam - eýläpdi bulutlaň törün,
Umytlarym ynanjaň hem sadady.
Emma, häzir şeýle ýagdaýda durun:
Ýalňyzlykdan ýadawlygym ýadady...
Ylham GURBANALYÝEW.
12
89
flowers_
09.11.2024 16:12
Seniň bilen hoşlaşybam bilmedim...
Seniň bilen hoşlaşybam bilmedim,
Söýdüň hem ýigrendiň.
Çekildim çete.
Ine doňup durun yzyňdan garap,
Ýer şaryndan zowwam geçýän köçede.
Gidip barýaň, çaşyp barýar akylym,
(Bu nähili ýowuz duýgy Hudaýym?!)
Erteki deý söýgüň ertesi ýokmy?
Üstümden ganatyn çekdi humaýym.
Gidip barýaň, umyt barýar inçelip,
Indi köçäňizden gatnap ýörmerin,
Zat ilmedik çolpym bilen gaýtadan,
Arzuw derýasynyň boýun dörmerin.
Unutmak elimden geljek işmi nä?
Diýmek kyn:" Kysmatdyr maňlaýa gelen".
Ýer şaryndan zowwam geçýän köçede
Öz-özüm hoşlaşýan arzuwlam bilen.
Pyşyrdymyz diňlän bagyň astynda,
Köp garaşdym, köp garaşdym...gelmediň.
Günäm ýok diýjekdim, gitme diýjekdim,
Seniň bilen hoşlaşybam bilmedim.
Seýitmyrat Geldiýew.
11
96